00:34 Saz we jeñ / hekaýa | |
SAZ WE JEÑ
Hekaýalar
(Hekaýa) Parzdepäm, pynhan depäm, Geldik ýene gaşyňa biz. Müň bir syry gorap saklan, Togap edýäs daşyňa biz. Niçe ýyllar gozganmadyň, Lal açdyň-la, Parzdepe. Gepleşeli, dymma beýle, Menem sen dek ýalňyz-ýeke. Hany seniň goçaklaryň, Aýdaýsana nirä gitdi. Garry derwüş, Oguz ogly, Seni görmän diri ýitdi. «Geçmişimi çöşlemäge, Ejiz gelse seň galamyň, Entek gaty gyssanmawer, Birden telek bolaýmagyn...» Parzdepäniň gaýra başynda ýalňyz bir tümmek bar. Oňa oguzlar «Haýzaçar» tümmek diýýär. Indi öňräkden bäri bi tümmegiň üstünde uzynly-kelteli naýzalar görünýär. Bi şertli tümmek. Mertleri saýlaýar. Kim duşman bilen gije söweşe çykasy gelse, bimaslahat şo tümmege ýatagyny sanjyp gaýdýar. Soňam, Ülker asmana galanda, duşman üstüne gidýär. Duşman bolsa indi gör, nijeme aýdan bäri Parzdepäni gabap ýatyr. Oglanjyk şu gün bet hyýala mündi. Özüniň ýaramazja ýangezligini «Naýzaçar» tümmege sançdy. Bi oguz ilinde geň görülmeýär. Sen Parzdepäniň zürýadymy, ýaş-u-garry bi külpetli topragy goraýmaly. Onsoňam ol hemme oguz ogullary ýaly, hakyky ady – il-ulsunyň dakjak adyny alasy gelýär. Şeýle etse ol, Parzdepäniň öňünde öz parzyny berjaý etdigi bolar. Heniz Ülker asmana galyp ýetişmänkä, tümmegiň daşyna dört adam ýygnandy. Olaryň ikisi birneme ýaşan, giň agyzly elleri agyr adamdy. Argyn sypaty bilen gllaryndaky agyr naýzalar olary gaharjaň edip görkezýärdi. Şonuň üçin oglanjyk olara gorky gatyşykly hormat bilen seredýärdi. Beýlekisi gözleri çaganyňky ýaly aýdyň, mylaýym ýüzli ýaş oguzdy. Olar hiç zat gürlemän, ýola düşdüler. Hatda, ýaş ogzuň arkasynda gizlenip duran saz guralyny görübem, hiç zat geplemediler. Bu boluş oglanjygyň ýüregini gysdyrdy. Onda-da ol, toýa barmaýandyklaryny bilensoň dymmaly boldy. Gijäniň garaňkylygy öňküsindenem has garaldy. Garaňkylyk ses – saz aýdym bolup ýürege guýulýar. Arka aýlanan çigrekli şemal, oglanjygyň ýagyrnysyny birsyhly üşedýärdi. Gije awuna çykan äpet guş, ümsümligi bozup geçip gitdi. Şeýle mert haýwanyňam iýjek höregini kösenip tapmaly bolýanyna oglanjygyň nebsi agyrdy. Esli ýöränlerinden soň, ýol ikä bölündi. Oglanjygy arkasy saz gurally ýaş oguz bilen galdyryp, beýleki ikisi çepe öwrüm edilýän ýol bilen gitdiler. Bi gürrüň açylmagyna sebäp boldy. – Adyň näme? Oglanjyk adyny aýtdy. – Näçe ýaşyňda? Oglanjyk Parzdepelileriň sözüni gaýtalady. – Ýanbaşyndan hanjar asan ogzuň ýaşy soralmaýar... Oglanjygyň jogaby ýaş ogzy kanagatlandyran borly. Ol sesini çykarmady. Gije edil ertekilerdäki ýaly... Töwerek-daş dym-dyrslyk. Uzakda galan Parzdepeden itiň göwünsiz üýrmegi ümsümligi bozman, gaýtam berkidýän ýaly edýär. Horazlar wagtyndan ir ikinji ýola gaçýardy. Asmanyň ýüzi açylyşmadygam bolsa, selçeňleşen bulutlaryň arasyndan ýyldyzlar köreksi ýylpyldady. Soň şemal bulutlary dagydansoň, depede altyn göreçler peýda boldy. Ýaş oguz öz-özi bilen derdinişýän ýaly çalaja hümürdedi. – Oguz ili rahatlygy, il bolup ýaşamagy halaýar. Ol dawa-jenjelden daşdaky halk. Olar bolsa gowy ýaşamak üçin üstümize sürünýär, bizem gowy ýaşaýşymyzy goramak üçin göreşmelidiris... Bi boýunsunujykly gamgyn pikir oglanjygy içine urlan ýaly etdi. Gije ýene öz heňini çaldy... Esli ýöränlerinden soň, olaryň gulagyna ýakymly, ýöne düşnüksiz owaz gelen ýaly boldy. Soň ol ses mylaýym gamgynlyga öwrüldi. Şeýle owazy oglanjyk, bir-ä ejesi jigisini üwrände, birem Parzdepäniň üstünden durnalar geçende eşidýärdi. Arkasy saz gurally ýaş oguz gulaklaryny üşerdip diňşirgendi. Soň ol durky bilen gulaga öwrüldi. Şonda onuň agzyny açyp öwelşine oglanjygyň gülküsi tutdy. Soňam ol söweşe barýanyny unudan ýaly, omzady. Dünýeden sazyň sesi gelýär... Ho-ol aňyrda oduň başynda iki sany çagyrylmadyk myhman otyr. Olaryň biri oguzlaryň saz guralyna çalymdaş, ýöne ujy birneme çowly guraly aýagaldygyna tiňňildedýär. Beýlekisi oňa şüweleň berýän ýaly, elini çarpyp oduň daşyndan aýlanýar. Ýüzüni asmana tutup, öz dilinde, nähilidir bir gamly aýdyma hiňlenýär. Saz çalýan elindäki guralyny şeýle bir şowhunly çalýar, hamana ol kesekiniň topragynda däldigine sähelçe-de şübhelenmeýän ýaly. Ýöne saz düşnüksiz bolsa-da, ol kesekiniň aýalynyň posasy ýaly şirin. Oglanjykdyr ýaş oguz emedekläp atyma geldiler. Ýaş oguz sagdagyndan okuny çykaryp sary ýaýa ildirdi. Ýöne ol okuny atman, ilkinji ýola eşidýän mukamyna barha içgin diňşirgendi. Oglanjyk çalaja pyşyrdady: – Atjak dälmi?.. Bi sözi oglanjyk aýdanam bolsa, sazyň kesilmegini onuň özem islemeýärdi. Onuň kiçijik göwnüne, bi äpet dünýe öňküsindenem ulalyp, has owadanlaşan ýalydy. Häzir oňa, dünýeden näme gerek zadyň bar diýseler, ýene şu owadan dünýäni sorajakdygy ikuçsyzdy. Ýöne saz şirinem bolsa, ol duşmanyňkydy. Ertir ol, şirinlik bilen ýeňiş sazyny çalar... Oglanjygyň gaşy ünjüli birikdi, ol öňküsinden has batlyrak pyşyrdady. – Atjak bolsaň, at-da... Ýaş ogzuň ýüzünden hälki gamgynlyk aýrylypdy. Ol şatlykly pyşyrdady, hatda oglanjyga gözünem gypdy. – Dur, jijim, ol çalyp duran sazyny gutarsyn... Onsoň.. Häzir atsak namartlyk bor... Ol ýatan ýerinden tirsegine galyp, oglanjygyň ýüzüne çynlakaý seretdi. – Şuny bilip goý... Henize çenli oguz sungata okuny çenän däldir. Oglanjyk uly günäde tutulan ýaly, müýnli pyşyrdady. – Siz näme, olaň sazyna düşünýäňizmi?.. – Kalbym düşünýä... Kalbym... Ýaş oglan näme işläp ýöreninem, dünýänem unutdy. Ol golundaky ýaýyny hol beýläk oklap süýji gerindi. Haýsydyr bir sazy burny bilen hiňlendi. Ine, şu ýere-de, kitaplarda juda seýrek ýazylýan, ýazylaýanda-da juda inçelik bilen beýan edilýän gudrat ýüze çykdy. Ýaş ogzuň ýap-ýaňy sagdagyndan ok çykarýan barmaklary, arkasyndaky saz guralyna uzady. Indi oglanjyk bir-ä, aram-aram üzülip eşidilýän ýogyn kirişleriň sesini, birem özüne kiçijikliginden tanyş oguz sazynyň owazyny eşidýärdi. Olar goşalaşyp günäsiz gijäniň ümsümliginde sözsüz aýdym bolup ýürege dökülýärdi. Oglanjygy uruşsyz-sögüşsiz ýere – sazyň dörän ýerine iteleýärdi. Takdyr adamy hoşamaýlyk bilen örän seýrek bakýan borly. Indi sazam, daňyň gaşlaryndaky aşagyndaky oýtumda ýylpyldaşýan damjalar göründi. Indi ol saz bilen bile aglaýar. Oglanjygyň çopan ýüregi ýene mynçgalanyp başlady. Süýji agyrydan sypmak üçin kimdir birine, ömürler boýy ýalbaryp gezesi geldi. Garşydan şuwlap gaýdýan ok bilen bile, oglanjygyň kalbyndaky süýji agyry gijäniň duýgur ümsümligine siňdi. Ol bir-ä ýoldaşynyň tisginip gidenini, birem ýene bir şuwwuldyny eşitdi. Soňky bolýan zatlara, akyly çatardan oglanjygyň başy ejiz geldi. Duşman diýilýän adam aňyrdan ylgap gelşine, serlip ýatan ýaş ogzuň başyny galdyrdy. Oguz sazandasy özüne zor salyp, çalaja ýylgyrdy. Üstüne abanyp duran gaýry sazandanyň kiriş kakýan barmaklaryny sowap barýan eli bilen gysdy. Soňam üstüne döküljek-döküljek bolup duran ýyldyzlara uzak wagtlap seretdi. Soň ýene seretdi. Petireşip duran asman şuglasynyň biri öçügsilenip süýnende, oguz sazandasynyň gözleri ony görenokdy. Gaýry sazanda oguz sazandasynyň başyna başyny goýdy, hälki oglanjygyň aglap bilmedik agysyny uly ili bilen ses edip aglady. Oduň başynda büdürän ýaly bolup, ýykylyp ýatan ýoldaşyna tarap tüýkürip, öz dilinde bir zatlar diýişdirdi. Bir eli bilen oguzlaryň saz guralyny, bir eli bilenem öz saz guralyny tutup, hamraklyk bilen bagryna basdy. Oglanjyk şeýle düşündi. Ol özlerini öňürti görüpdir, lalyň diline lal düşünipdir... Soň ol hiç zat geplemän, oguz sazandasyny arkasyna alyp, Parzdepä tarap ýöneldi. Onuň çep aýagyna öň ok degen borly, çalaja ýempeýärdi. Oglanjygyň göwnüne häzir ony ýempedýän aýagynyň agyrsy däl-de, oguz sazandasynyň ajy hasraty ýalydy. Bu zatlaryň bary oglanjygyň gözüniň alnynda bolup geçýärdi. Şonuň üçin owadan däl zenany hem mylakatly görkezýän ajaýyp ýylgyryşynyň bolşy ýaly, ol, oglanjygyň ýüreginde nebsiagyrma diýlen ýaly bir zady oýarýardy. Säher gijäniň elinden sypmanka olar Parzdepä ýetdiler. Oguz sazandasyny arkasyna hopba edip gelýän duşmanlaryny gören Parzdepelileriň haýýaty uçdy. Olar: «Bi nämäniň hekaýaty» diýýän ýaly, biri-biriniň ýüzüne seredişdiler. Hemmäniň nazary gaýry sazanda gönükdi. Hiç kim hiç zat geplemän, täsin syra garaşýardy. Bi uruşdy. Adamlar her gün bir täsir ediji wakany başdan geçirýärdi. Ýöne bi has geňdi. Şonuň üçin olar oýnuň nähili gutarjagyna howlugýardylar. Parzdepede indi öňräkden bäri ýesir saklanýan çalgyrt dilli beýleki gaýry sazandanyň dilinde bir zatlar diýdi. Gaýry sazanda ullakan gözlerini oglanjyga tarap aýlap hümürdedi. Oglanjyk onuň öçügsi gözlerinde henizem saklanyp galan damjalary gördi. Gaýry sazanda duluklary içine çöküp duran mor adamdy. Giň agzydyr agyr elleri onuň mysalasyny edrenç edip görkezýärdi. Şol gödeňsi eller saz çalman odun ýygsa gelşäýjek ýalydy. Ýöne onuň gözleriniň gyrasynda saklanyp galan çaganyňky ýaly mysapyrlyk, onuň ähli günäsini ýuwýan ýaly edip görkezýärdi. Oglanjyk häzir şol duýgyny başdan geçirýärdi. Şonuň üçin ol ähli gören zatlaryny – gaýry sazandanyň ýoldaşynyň üstüne tüýkürişini, özlerini öňürti görenem bolsa atmaýşyny, oguz sazandasynyň başyny tutup aglaýşyna çenli, birin-birin gürrüň berdi. Parzdepeliler gulaga öwrülip oglanjygy diňleýärdi. Agyr dymyşlykdan soň, guýlan kenek ýaly ykjam adamyň – oguz beginiň aýdan sözi, dymyşlygyň hakyndan çykjak bolýan ýaly wagyrda öwrüldi. – Sungata ýaý çeken, ýaýdan gitmelidir... Şu söz ýeterlikdi. – Ruhuny nyşana mündürmek... – Sungaty harlany sungat bilen... Gylyçlaşma sungaty göz öňüne tutulan borly, eýýäm gany gyzgan ogzuň biri ýalaňaç gylyçly orta çykypdyr. Gaýry sazandany südenekledip çykardylar. Kimdir biriniň salan daşy onuň maňlaýyny ýaryp ýetişipdir. Merhumyň doganyna öjüni almaly etdiler. Bykyny kelte jortmak pyýada, jigisiniň aryny almak üçin sary ýaýyny gezedi. Edil şol pursat, nämedir bir zatdan tebil tapan söweş at, eýesiniň elinden sypyp, iki-baka säpjedi-de, häzir şeýle oýnuň gerek däldigine düşünýän ýaly, gaýry sazandanyň golaýjagynda saklandy. Söweş atyň sagrysyndan gan gatyşykly deriň ysy gelýärdi. Ömür at üstnde gezip ýören oguzlar üçin ol ys tanyşdy. Hemişe öz ojaklarynyň ysyny ýatladýanlygy üçin ol olara ezizdi. Şonuň üçin olar seslerini çykarman bi ysy mähremlik bilen temeklerine dartýardylar. Şol ys gaýry sazandanyňam burnuna kaklyşan borly. Olam ony boýnuny süýndürip temeginde dartýardy. Şonda onuň ýylgyrmak diýlen zat ýat bolan ýüzünde, çalaja ýagtylyk görünýärdi. Gör, ol nirelerde galan ojagynyň ysyny aldyka... Bu zatlaryň bary adamlaryň gözüniň alnynda bolup geçýärdi. Şonuň üçin duranlar nyşana alnan duşmanam bolsa, lal açan dünýe bilen ylalaşyp hasratly dymýardy. Ümsümlik bilen ylalaşmaýan bir zat – Parzdepäniň çüňkünden eşidilýän kör gyjakçynyň owazydy. Parzdepeliler onuň bilen öwrenişipdi. Dünýeden sazyň sesi gelýärmi – diýmek, durmuş dowam edýär. Sary ýaý ýene öňe gezeldi... Oglanjyk mundan artyk saklanyp bilmedi. – Onuň günäsi ýok!!! Oglanjygyň agzyna kimdir biriniň agyr eli degdi. Adalatsyz urlan urgy, ýürege ilki ýetýär eken. Urlan ýeri agzam bolsa, geň zat, onuň ýüregi agyrdy. Özüňki ursa hasam erbet bolýar... Bi oglanjygyň durmuşdan awunan ilkinji yzasydy. Oglanjyk ikinji ýola gygyryp ýetişmänkä, kimdir biriniň azymly sesi gulagyny gapdy. – Sem bol, bitli güjük... Dünýeden ýene sazyň sesi geldi. Bi sesi hemmeler bilen bile gaýry sazanda-da eşiden borly. Ol howadan bir zat ysyrganan ýaly, esli salym diňşirgenip durdy. Soňam märekäniň içinden gözleri bilen oglanjygy tapyp, hoşlaşýan ýaly çalaja ýylgyryp başyny atdy. Oglanjyk möňňürip goýbermekden zordan saklandy. Saz entegem dowam edýärdi. Gaýry sazandanyň ýüregi düşüşip, azajyk dünýäsi giňän borly. Ol çalgyrt dilli bendä, şeýle sözleri aýtdy. – Saz gutaransoň... Onsoň... Soň nemedäýsinler... Ol şeý diýip ýylgyrdy. Şonda oglanjyk onuň ullakan agzyndaky seýrek dişlerini gördi. «Onuň ýüregi gowy bolmaly...» Bir wagt ejesi oňa, seýrek dişli adamlaryň ýüreginiň gowy bolýandygyny aýdypdy. Ömür bir tutum saza diredi. Ine, häzirjek saz gutarar... Onsoň... Adamyň dünýeden gitmesiniň aňsatdygyny... Dünýäniň gyrasyndan girmek üçin gör, ol näçe hupbat ýuwudýar.... Gitmek üçin, barmagyňy büküp ýetişseň zor boldugyň... Gaýry sazanda hamana ömrüni dek şu günki gün üçin taýýarlan ýaly, merdemsi durdy. Ol o dünýä däl-de, toýa şaýlanýana meňzeýärdi. Gyjagyň owazyny tirýän kysmy, gasyn baglan gözlerini süzýärdi. Soň ol burnuna salyp hiňlenmäge durdy. Ýöne ol aýdymyň hiňňildisine däl-de, dişi agyrýanyň iňňildisine çalym edýärdi. Ses bet labyzam bolsa, garaz aýdymdy. Oglanjyk okuň şuwwuldysyny eşitmejek bolup, gulagyna barmagyny sokdy. Ýöne ol gaýyp gelýän peýkamyň okuna derek, basyk ses eşitdi. – Saklanyň! Bi ýaşy ýüzdenem aňryk eýlän oguz gojasynyň sesidi. Onuň agzyndan çykýan söz duranlar üçin, Parzdepäniň özi ýaly parzdy. Şonuň üçin duranlar oňa sypaýyçylykly seredýärdiler. Oglanjygam oňa şeýle garaýyş bilen garaýardy. Uly dünýede görjegini görüp, eşitjegini eşiden goja, töweregine gözüni aýlap, agyr nazaryny gaýry sazanda dikdi. – Hemişe imi-salalygyň tarapdary bolan, owal-ahyr abadançylygyň patasyny alan, agzybirligi depesine täç edinýän geçirimli oguz ili, goý, ýene geçirimlik etsin... Çaýkanyp duran uly dünýede, şeýle iliň – oguz iliniň bardygyny, ýesir, gören-eşidenine habar bersin... Bendilikden boşanam bolsa, gaýry sazanda üç günläp Parzdepede boldy. Dünýä dahylsyz ýaly bolup, ýene bir gün ýaşady. Soňam ol, oguz sazandasynyň saz guralyny bagryna basyp, öz saz guralyny mazaryň başujynda goýdy. Düňderilip ýatan gara gamzany ýatladyp duran tümmegiň ýüzi könelşenem bolsa, ol soň-soňlaram ýitmedi. Ýöne näme üçindir Parzdepä gelýän ötegçiler, oňa düşnüksiz nazar bilen garap, çaltyrak duşundan ötmek bilen bolýardylar. Ötegçileri geň galdyrýan, tümmegiň ýalňyzlygy däldi-de, başujundaky geň guralyň ösýän şemal bilen entegem öz mähriban dilinde gepleşýänligidi... Öwezmyrat ÝERBENDI. | |
|
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |