23:01 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Akkanyň elden giderilmegi netijesinde ýüze çykan wakalar | |
AKKANYŇ ELDEN GIDERILMEGI NETIJESINDE ÝÜZE ÇYKAN WAKALAR
Taryhy makalalar
Şeýlelikde, iki ýyllap dowam eden Akka goragy netijesiz tamamlandy. Akka berk şäher bolup, içinde köp möçberde ýarag we esbaplar bardy. Bu ýer gorag ýeri hökmündedi. Ýöne şäher deňziň gyrasynda ýerleşendigi üçin, ýewropalylar ägirt flotlary bilen şäheriň kömek almak ýoluna böwet bolupdylar. Özlerini bolsa deňiz tarapydan islendik kömegini alyp bilýärdiler. Akkanyň elden gidirilmeginde iň uly roly deňiz oýnapdy. Eger deňizden kömek almasalardy, Akkanyň gabawyndaky haçlylaryň şeýle uzak wagtlap, aýakda durmaklary mümkin bolmazdy. Şeýle hem bu deňiz güýji haçlylalara täze güýçleriň yzygiderli getirilmegini-de üpjün etdi. Eger german haçlylary ýaly, bular hem gury ýerden gelsediler, Akka ýetýänçäler uly zeper görüp, köp zat ýitirerdiler. Deňiz güýjüniň özleri üçin uly ähmiýetiniň bardygyna gözleri ýeten haçlylar, mundan soňky hereketlerini flotuň goldawy bilen kenar ýakasynda alyp bardylar. Haçlylaryň esasy maksatlary Kudusyň halas edilmegi we Kudus haçly korollygynyň täzeden janlanmagydy. Haçlylar flotuň goldawyndan mahrum bolsalar, onda gury ýerde işleriniň oňmajakdyklaryny bilýärdiler. Şonuň üçin olar kenarýakasynda diňe kiçi toprak parçasynyň yzyna alynmagy bilen çäklendiler, ýagny olara korollygyň paýtagty Kudus däl-de, Akka boldy. Iki ýyla çeken Akka goranyşynda musulmanlaryň ýitgisi köp bolmady. Akkada ýesir alnan goragçylaryň sany 3.000 töwegindedir. Ýewropalylaryň ýitgisi bolsa açlykdan we syrkawlykdan ölenlerden, deňiz betbagtçylygynda heläk bolanlardan başgada, 50.000 bilen 60.000 sany aralygyndadyr. Bu gabaw Ýakyn Gündogaryň iň gazaply gabawlarynyň biri bolup, iki tarap hem özleriniň harby tälimlerini we edermenliklerini görkezdi. Akka elden gidirilendensoň, Soltan tarapyndan daş-töwerege iberilen hatlarda goragçylaryň gahrymançylyklary wasp edilip, duşmanyň çeken zyýany sanlar bilen görkezilipdir. Ýeňlişiň sebäpleriniň arasynda ýokarda ady agzalan ýagdaýlar agzalýar. Bu hatlardan käbirinde şeýle diýlipdir: «Belli bolşy ýaly, duşman Akka şäherini gabady. Duşmanyň goşunlary tolkun-tolkun mysaly bolup, ol ýere geldiler. Deňiz ol ýere özüniň tolkunlarynyň sany ýaly duşman esgerini getirdi. Şäheriň öňünde ýerleşip, çadyrlaryny gurdular. Söweş oduny tutaşdyrdylar. Gabaw iki ýyla çekdi. Deňiz her ýyl, özüniň tolkunlary bilen duşman gämisini getirdi. Dag ýaly gämiler dolup-dolup geldiler. Duş-manyň erbet hökümdarlary, azgyn şeýtanlary janlary we mallary bilen gelmekde ýaryşdylar. Kiliseleriň gözel zatlaryny we hazynalaryny getirdiler. Adamlarynyň we gahrymanlarynyň iň meşhurlaryny getirdiler. Özleriniň ýasan minaralary we manjanyklary bilen şäheriň diwarlaryny we galalaryny ýykdylar. Olardan müňlerçe kişi ölýärdi, müňlerçe kişi bolsa ölmek üçin taýýardy. Açlyk we kesel sebäpli ölenlerden başga, söweşde ölenleriň sany 50 000-den hem geçipdi. Biz ulaldyp aýtmaýarys, gören zatlarymyzy ýazýarys. German, fransuz, iňlis korollary we beýleki hökümdarlar geldiler. Söweş we ýük gämileri bilen atly we pyýada goşun getirdiler. Gelen her bir gämi göýä bir şäher ýalydy. Şäheri deňizden we gury ýerden gurşadylar. Girmäge we çykmaga böwet bolup, azyk-we ýarag getirýänleriň ýollaryna böwet boldular. Depe ýaly minaralar, uly manjanyklar, Dabbetil-arz ýaly debbabalary bilen şähere hüjüm etdiler. Şeýle hem duşman bize garşy garym gazdy. Daşyny diwar bilen ördi. Galkanlary we germewleri bilen gorandylar. Söweş üçin ol ýerden çykmaýardylar. Ol ýere dardygy üçin girip bolmaýardy. Ýagdaý şeýle görnüşde dowam edýärdi. Şäherdäki söweşijiler janlary bilen, başlaryny goýup söweşýärdiler. Kim ýaralanýardy, kim bolsa ölýärdi. Goragçylaryň sany azalýardy. Şol wagt olardan bihabar käbir meşhur serkerdeler şäherden gaçdylar. Bu ýagdaý galan goragçylaryň ruhubelentligini gaçyrdy. Emma onda-da olar sabyr edip, duşmanyň hüjümlerini serpikdirdiler. Duşman kötel gazyp galanyň bir bölegini ýykdy. Açylan gädikden girmek isledi. Ýöne berk gaýtawul alansoňlar yza gaçdylar. Goragçylarymyz bedenleri bilen açylan gädikleri ýapdylar. Duşmanyň gazy-jylary üznüksiz galanyň düýbüni gazýardylar, gädikleri giňeldýärdiler. Ahyry gala-nyň käbir bölümleri ýykylyp, weýran boldy. Goragçylary bu zatlar gorkuzmaýardy, ýykylan galalar hiç hili täsir etmeýärdi. Ellerine gylyç alyp söweşýärdiler, çaknyşyga ylgaýardylar. Gahrymançylyk bilen gala çykanlary kowýardylar, sowutly duşmanlary dograýardylar. Duşmany derbi-dagyn edýärdiler. Duşmanyň jesetlerinden diwar gurdular, söweş meýdanlarynda jesetlerden depe ýasadylar. Hem öldürýärdiler, hem-de öldürilýärdiler. Gylyçlaryny duşman gany bilen suwlaýardylar. Ölüleri bilen myhmany ýola salýan ýaly hoşlaşýardylar. Ýaragyň zarbala-ryny hoş garşylaýardylar. Ahyrsoňy söweş galanyň gyrasyndaky öýlere baryp ýetdi. Emma onda-da açylan gädikleri ýapmak we duşmany dep etmek bilen meşgul boldular. Duşman goragçylarymyzyň ölümi hoş garşylaýandyklaryny, olary dyza çökerdip bilmejekdigine, diri bolsalar, şäheri terk etmejekdiklerini görüp, aman berdi. Goragçylarymyz sarp eden gaýratlary bilen abraý gazandylar, peselmediler. Allatagala-nyň ýolunda başlaryna bela gelýänçä gow-şamadylar. Allatagalanyň ýazgydynyň öňüne hiç zat böwet bolup bilmez. Bir şäher elden gitdi, ýöne din we abraý elden gitmedi». Muzafereddin Gökbörä ýazylan hatdan käbir böleklerde bolsa şeýle diýilipdir: «Akkanyň başyna düşen zatlardan habarlysyňyz. Duşman ähli adamlary bilen deňizden geldi. Maksady yslamyň möhüm merkezlerini eýelemekdi. Duşmanyň ähli pirimlerini puja çykardyk. Olaryň ähli manjanyklaryny we minaralaryny ýakyp-ýandyryp, weýran etdik. Olaryň hileleri netije bermedi. Söweşlerde ýewropalylardan 50.000 töweregi atly we pyýada öldürildi. Biz olary derbi-dagyn etdik diýip hasaplaýardyk. Emma görsek, olaryň yzy üzülmeýär, ýerlerine täzeleri gelýär. Bu hijri senesiniň başynda (1191-nji ýylyň 29-njy ýanwary) Akkadaky goragçylarymyza ýüregimiz awady. Olar jyhat ýolunda ellerinden gelen gaýraty görkezdiler. Şonuň üçin şäherdäki bölümleri çalşyr-mak isledik. Şäherde 10 000-den-de köpräk gahryman bardy. Bular şäherden çykdylar, ýerlerine az adam girdi. Girenler hil taýdan öňküler ýaly däldi. Sebäbi çalşyrmak işlerimiz heniz tamamlanmanka, duşmanyň gämileri gelip deňizi ýapdylar. Beýleki ýyllaryň tersine, haçly hökümdarlary bu gezek uly güýç bilen gämilerini dolduryp geldiler, ülkelerini boş goýdular. Fransiýanyň we Angliýanyň korollary atlylaryny we pyýadalaryny getirdiler. Ähli gaýratlary we gazaplary bilen gala hüjüm etdiler. Birnäçe minaralar, uly manjanyklar, gorkunç gurallar we bela ýükli debbabalary gurdular. Diňe bir ýere on üç sany manjanyk dikdiler. Galany atylan daşlar bilen ýykdylar, gorag diwarlaryny ýykdylar. Garymy gömmäge, galada gädik açmaga başladylar. Şäherden dinden dönen we duşman gazyjylaryna kömek eden käbir gazyjylar gaç-dylar. Munuň netijesi galanyň diwarlary we diňleri ýykyldy. Açylan gädige kapyrlaryň rysarlary we güýçleri hüjüm etdiler. Muňa garamazdan goragçylarymyz mert durup, duşmany perişan etdiler. Açylan gädigi bedenleri bilen ýapdylar, duşmanyň atan daşlaryna galkan bolup durdylar. Atylan oklara garşy ýüzlerini germew etdiler. Her hüjümde duşmany derbi-dagyn etdiler. Abraý bilen söweşdiler. Ölümiň öýünde mertlerçe durdular. Ýöne käbir emirler olara hyýanat etdiler. Utanjy taşlap, ýaşaýyşy saýlap aldylar. Kiçi gaýyklar bilen gaçdylar. Ar-namys ýarasyny gylyç ýarasy bilen çalyşdylar. Küprüň ýylan-laryna abraýly kişileri sokmak tamasyna düşürdiler. Emma onda-da goragçylarymyz boýun bolmadylar. Zarbalara zarbalar bilen jogap berdiler. Dynç alman, ýaraglaryny ulanýardylar, howpuň öňünde boýun egmeýärdiler. Ahyrsoňy, söweş galanyň içindäki köçelere geçdi. Duşman şähere aman berip girdi (musulmanlaryň Kudusy yzyna alşy ýaly). Allanyň takdyry bir tarapdan, gowşadyjy sebäpler ýüze çykmadyk bolsady şäher duşmana boýun egmezdi. Bir şäher elden gitse-de, din we döwlet elden gitmedi ahyry! Allatagala bu betbagtçylyk zerarly ukuda ýatanlary oýarsyn! Biz henizem duşmanyň garymlaryny gabawda saklaýarys we bokurdagyndan gysyp durus. Mazarlary syrtlanlaryň garny boljaklar ýerlerinden çykýarlar. Biz olar nirä gitseler, öňlerinden çykýarys». Ýewropalylar ylalaşygyň gazanylan 1191-nji ýylyň 12-nji iýulynda, juma güni, şähere girdiler. Ylalaşygyň ýerine ýetirilmegine garaşmak üçin, Akkadaky goragçylary girewde sakladylar. Şäheri taladylar. Metjitleri kiliselere öwürdiler. Soltan muňa örän gynanypdy. Ol şol gije emirleri bilen maslahat geçirip, indi duşmana hüjümiň peýdasynyň ýokdugyny görüp, karargähini Şefriamma göçürmeli diýen karara geldi. Soltan 14-nji iýulda karargähine gaýdyp geldi. Şol gün hem Garaguşyň Hajyby Akguş bilen üç sany haçly ilçisi Akkadan çykyp, Soltanyň karargähine geldiler. Şertnamanyň bir nusgasyny oňa berdiler. Akguş: «Bir aýyň içinde fidýäniň ýarysyny (100.000 dinar), ähli yzyna berilmeli ýesirleri (1.600 kişi), hakyky hajy bize iberiň. Bu zatlar gijä galsa, biz ýesir düşýäris. Fidýäniň galan bölegi üçin bir aý garaşýarlar» diýdi. Soltan emirlerini we maslahatçylaryny ýygnap, meseläni ara alyp maslahatlaşansoň, ilçilere talaplarynyň ýerine ýetiriljekdigini habar berdi. Ilçiler ertesi gün berilmeli ýesirleri görkezmek üçin Damaska gitdiler. 24-nji iýulda ýewropalylar karargählerinden söweşmek üçin çykdylar. Iki tarapyň arasynda aýylganç çaknyşyklar boldy. Musulmanlar duşmany karargählerine çenli kowaladylar. Akkanyň arynyň bir bölegini ýere saldylar. Şol gün Damaska giden haçly ilçileri dört sany meşhur haçly ýesiri bilen yzyna gitdiler. Ýene bir haçly ilçisi gelip, Akkadaky musulmanlaryň ýagdaýyny maslahatlaşdy. Ýewropalylaryň arasynda düşünişmezlik bardy. Riçard german serkerdesi we Awstriýa gersogy Leopold won Orderihiň baýdagynyň özüniň baýdagynyň ýanynda goýulandygyna gaharlanypdyr we onuň baýdagyny Akkanyň galasynyň garymyna zyňdyrypdyr. Muňa gahary gelen Leopold bilen german haçlylarynyň käbiri ülkelerine gitmek islegindediler. Gui bilen Konradyň arasynda hem korollyk üçin tagt göreşi bardy. Ýewropadan gelen haçlylar gündogarly haçlylary söýmeýärdiler. Ýerli ýewropalylar bilen fransuzlar we germaniýalylar Konrady goldaýardylar. Iňlisler we italýanlar bolsa Guiniň tarapyny tutýardylar. Şeýle hem Akkanyň öňki ýaşaýjylary, öýleriniň özlerine berilmegini talap edýärdiler. Netijede, 27-28-nji iýulda haçly ýolbaşçylary ýygnak geçirip, Guiniň tä wepat bolýança korol bolmagy, onuň ölüminden soň hem Konradyň korol bellenilmegi barada karar kabul etdiler. Mundan birnäçe gün soňra Riçard bilen arasynda uly düşünişmezligiň çykmagyn-dan alada galan Fransiýanyň koroly Filipp esgerlerini taşlap ülkesine gitdi. Haçlylar hem şol wagt yzly-yzyna ilçi iberýärdiler, täze-täze şertleri öňe sürýärdiler. Soltan fidýäniň ilkinji bölümini 100 000 dinar bilen 600 haçly ýesirini we hakyky hajy karargähine getiripdi. Bular haçly ilçilerine görkezildi. Ýewropalylar musulmanlary aldap, fidýäniň bir bölegini almak isleýärdiler. Soltan bolsa girewlerden başga haýsydyr bir kepil berilmezden ýa-da Akkadaky musulmanlar yzyna berilmezden, ilkinji bölümde görkezilen fidýäni, haçly ýesirlerini we hakyky hajy bermek islemeýärdi. Dogry hem edýärdi. Iňlis koroly Riçard özüniň arzuw-islegleriniň hiç hili şertsiz ýerine ýetirilmegini talap edýärdi. Ýewropalylar 13-nji awgustda karargähleriniň daşyna çykdylar. Ýöne 20-nji awgusta çenli hiç hili hereket bolmady. 20-nji awgustda ikindin wagty uly fidýe alynjak ýesirlerden we ökde ussalardan galanlar biri-birlerine ýüp bilen daňylyp, Akkanyň daşyna çykaryldy. Atlylar bularyň üstüne birden hüjüm edip, hemmesini gylyçdan geçirdiler. Musulmanlar hem bularyň üstüne hüjüm etdiler. Netijede, iki tarapyň arasynda ýene-de aýylganç söweş başlandy. Duşman agşamara öz karargähine çekildi. Ibn Şetdadyň aýtmagyna görä, öldürilen musulman ýesirleriniň sany 3000, Ambroisiň aýtmagyna görä bolsa 2700 adamdy. Akkanyň tabşyrylyş şertleri bilen Kudusyň tabşyrylyş şertleri birmeňzeşdi. Ýöne musulmanlar Kudusda ýesir düşen haçlylara ynsanperwer gatnaşyk edipdiler, hatda haçly taryhçylarynyň öwgüsini hem gazanypdylar. Haçlylar bolsa muňa dört ýyldan soňra zulum bilen jogap berdiler. Günbatarlylaryň aglabasy şu günlerde hem ynsan hukuklaryny öz bähbitlerine laýyk görnüşde düşünýärler we düşündirýärler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |