12:42 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Mälik Adylyň ýeňşi we Genrih de Şampagnäniň gelişi | |
MÄLIK ADYLYŇ ÝEŇŞI WE GENRIH DE ŞAMPAGNE II GELIŞI
Taryhy makalalar
Ýokarda hem aýdylyşy ýaly, Soltan German haçlylaryna degişli habarlar bilen yzygiderli gyzyklanyp durdy. Olaryň Kilikiýa (Çukuroba) gelendiklerini eşidensoň, olaryň ýollarynyň geçen ýerlerinden gelen esgerleri olara zeper ýetirmekleri üçin ülkelerine iberdi. Bularyň arasynda sag ganatyň baş serkerdesi Takyýeddin hem bardy. Mundan soňra Soltan dogany Adyly bu ganatyň ujunda ýerleşdirdi. Bu ganatyň gowşakdygyny pikir eden duşman, 1190-njy ýylyň 25-nji iýulynda, çarşenbe güni garymlarynyň daşyna çykyp, söweşe girişdi. Musulmanlarda ýewropalylar hüjüme geçer diýen pikir ýokdy. Soltan olaryň söweş nyzamyna geçendiklerini görüp çawuşa: «Yslamyň dadyna ýetişiň!» diýip gygyrmagyny aýtdy. Surnaýlary çalyp başladylar. Serkerdeler hem surnaýlary bilen jogap berdiler we derrew söweş nyzamyna girdiler. Ýewropalylar sag ganat gowşakdyr öýdensoňlar ähli hüjümlerini şol ýere gönükdirdiler. Sag ganatda Adyldan başga Gaýmaz Nejmi, Yzzeddin Jurdik, Omar bin Laçyn, Banýasyň häkimi Husameddin Beşara ýaly emirler hem bardy. Adyl duşmanyň hüjüminiň güýçlidigini görensoň, karargähinden çykyp, bir gapdala çekildi. Duşman onuň karargähine girip olja almaga başlady. Haçlylaryň hatarlarynyň nyzamynyň bozulandygyny gören Adylyň uly ogly Mewdut hüjüme geçdi. Onuň yzyndan bolsa Adyl ähli ganaty hüjüme geçirdi. Soltan duşmanyň sag ganata güýçli hüjüm edýändigini görüp, memluklaryndan bir bölümi bilen öň hatarky goşunlarynyň bir bölegini sag ganata kömege iberdi. Beýleki tarapdan Sungur Halabynyň serkerdeligindäki Azyzylar bilen Hurrem şanyň serker-deligindäki Mosul esgerleri duşmanyň öňe giden böleginiň arkalaryndan hüjüm edip başladylar. Soltan merkezi gowşatmazlyk üçin ýerinden üýtgemedi. Sungur Halaby bilen Hurremşanyň duşmanyň arkasyndan hüjüm etmegi netijesinde duşman güýçeri Adyl tarapyndan gylyçdan geçirildi. Musulmanlar gaçan duşmany çadyrlaryna çenli kowaladylar. Söweş ikindi wagtynda gutardy we Adylyň karargähi bilen duşman karargähiniň arasydaky meýdança dokuz sap bolan duşmanyň jesetleri bilen dolupdy. Soltan ýeňşini buşluknamalar bilen daş töwerege habar berdi. Beýleki tarapdan duşmanyň hüjümine sezewar bolmadyk sag ganatdaky Ymadeddin Zeňňiniň, Gökböriniň we Zeýneddin Ýusubyň serkerdeligindäki güýçler duşmanyň karargähine hüjüm etmek üçin öňe gidipdi. Soltan olary haýsydyr bir hüjüme sezewar bolaýmasynlar diýip yzyna çagyrdy, olaryň gaýratlaryna minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem Akka goşuny-da şäheriň daşyna çykyp, duşman karargähindäki käbir aýallary we zatlary olja aldylar. Çeşmelere görä duşmanyň ýitgisi 7 000 bilen 10 000 aralygyndady. Ymadeddin şeýle diýýär: «Esgerleriň elleri oljadan doldy. Uly möçberde ýarag we esbaplar ele salyndy. Gymmatbaha sowutlar arzan bahadan satyldy. Goşun bazarynyň gazançlary köpeldi» . Ertesi gün demirgazykdaky esgerleriň we türkmenleriň german haçlylaryndan üstün çykandyklarynyň habary gelip ýetdi. Ymadeddin sözüni dowam edip şeýle diýýär: «Iň gowusy duşmanyň üstüne hüjüm edip, olaryň köküni gyrmakdy. Ýöne Soltan türkmenleriň we demirgazykly esgerleriň germanlardan üstün çykmagynyň habary bilen meşgul boldy. Ýewropalylara bolsa deňizden ýitgileriniň deregine uly kömek geldi. Göýä başlaryna hiç hili bela gelmedik ýalydy». Söweşiň ertesi güni duşman bu zarbalaryň täsiri bilen Soltana habar ýollap, ýaraşyk üçin gepleşiklere taýýardygyny habar berdi. Soltan razylaşdy. Duşmanyň ölüleriniň jaýlanmagyna rugsat berdi. 27-nji iýulda Akkanyň indiki koroly boljak graf Genrih de Şampagne II deňiz ýoly bilen ýanyna birnäçe graflary, rysarlary, uly möçberde ýarag we esbaplary alyp, Akkadaky haçly karargähine geldi. Bu graf iňlis we fransuz korollarynyň ýegenidi. Ol ýewro-palylara duran ýerlerini terk etmezlik-lerini aýtdy we Fransiýa bilen Angliýanyň korollarynyň gelýändiklerini habar berdi. Onuň ýanyndaky esgerleriň sany 10.000 töweregidi. Netijede, haçlylar ýene-de öňki güýçlerine eýe boldular, ruhubelentliklerini artdyrdylar. Soltan bolsa goşunyndaky atlylaryň 1000 kişilik toparlar görnüşinde duşmana gözegçilik etmeklerini ka-rarlaşdyransoň, 1190-njy ýylyň 1-nji awgustynda, çarşenbe güni özüniň karargähini Tell Harrubä göçürdi. Akka şäheri italýan flotlarynyň gabawynda bolandygy üçin şäher bilen habarlaşmak ýüzüjileriň we çapar kepderileriniň üsti bilen üpjün edilýärdi. Musulmanlar gazanan bu ýeňişlerine garamazdan ýadawdylar. Gury ýer bilen şäheriň arasyny baglanyşdyrýan meýdança ýeri ýokdy. Ýewropalylaryň üstüne aýgytly hüjüm edip bilmeýärdiler. Haçlylar mundan we Soltanyň syrkaw ýatandygyndan peýdalanyp, gabawy has-da güýçlendirdiler. Genrih II getiren esbaplary bilen hüjüm minaralary we manjanyklary gurup, awgustyň başynda şäheri gysyp başlady. Goragçylar daşary çykyp duşmanyň bu niýetlerini hem netijesiz ýagdaýa saldylar. Goragçylar nebit we beýleki ýaraglar bilen duşmanyň gabaw gurallaryny ýakdylar, şeýle hem birnäçe duşman esgerlerini ýesir aldylar. Ýesirleriň arasynda dört rysar hem bardy. Ýöne duşman dek durmady. Ýewropalylar gumdan depe ýasap, diwarlara golaýlaşdylar. Bu depäniň yzyndan hem iki sany manjanyk gurup, täzeden diwarlary ýykmaga başladylar. Ýöne goragçylar gije daşary çykyp, bulary hem nebit bilen ýakdylar. Duşman Akkany deňizden gabasa-da, porta hiç zat edip bilmeýärdi. Sebäbi port girişe eýe bolan bir nokatda ýerleşen örän gowy berkidilen Burç Zebban atly minara bilen goralýardy. Ýewropalylar nebit we beýleki ýanýan maddalar bilen dolduran iki gäminiň biri bilen minara, beýlekisi bilen hem musulman gämileriniň duran ýeri bolan porta hüjüm edip, minarany we portdaky gämileri ýakmak islediler. Bu işleri hem netije bermedi. Akkadaky goragçylar daşary bilen aralary kesik bolansoň, azyk we esbap kynçylygyny çekýärdiler. Soltan Müsürde bolan Kazy Fadyla hat ýazyp, Akkadaky goragçylara azyk kömegini ibermek isläpdi. Ol bu kömek gijä galansoň, Beýrut häkimi Yzzeddin Usama şähere kömek iberilmegini buýruk berdi. Usama haçly baýdagy bolan we içindäkilere hem haçly eşikleri geýdirilen azyk gämisini Akka iberdi. Bu gämi şäheri gabawa alan duşman gämilerini aldap, şähere kömek ýetirmegi başardy. Ýöne bu kömek goragçylara ýeterlik däldi. 12-nji sentýabrda şäheriň häkimi Bahaweddin Garaguş bilen goşunbaşy Abul Heýja Semini hat ýazyp şäherde diňe 17-nji sentýara çenli ýeterlik azyk galandygyny habar berdiler. Ýagdaý örän agyrdy. Şol wagt 16-njy sentýabrda Müsürden garaşylan 3 sany kömek gämisi geldi we duşmanyň gabawyny böwsüp Akka portuna girdi. Gorag-çylaryň ruhlary göterildi. Emma onda-da Akkanyň daşyndaky gabaw aýrylmasa, şäher uzak saklanyp biljek däldi we daşardan kömek almak bolsa mümkin däldi. Munuň üçin bolsa güýçli harby flot gerekdi. Şonuň üçinem Soltan muwahhydylaryň hökümdary Ýakup bin Ýusup bin Abdylmöminden flot kömegini almagyň ýollaryny gözledi we onuň kömege gelýän haçly flotuna böwet bolmagyny isledi. Şu maksat bilen sentýabr aýynyň içinde Şemseddöwle Abdyrahman bin Munkyzy Marakeşe iberdi. 1191-nji ýylyň başla-rynda Marakeşe baran Şemseddöwle Soltan Ýakup tarapyndan kabul edildi. Ýöne muwahhydylar Andulus we Afrika kenarlaryndaky haçlylar bilen söweşip ýördiler. Hatda Sisiliýadaky musulmanlaryň iň soňky garşylyklaryna hem kömek edip bilmeýärdiler. Üstesine-de, olaryň golastyndaky flot Ortaýer deňzindäki we Günbatar Ýewropa kenarlaryndaky haçly flotlarynyň ýanynda örän kiçidi we güýçsüzdi. Şonuň üçin Şemseddöwle eli boş geldi. Käbir esassyz gürrüňleriň tersine, muwahhydylar hiç hili kömek etmediler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |