15:23 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Täze çaknyşyklar we müsür flotunyň täze ýeňşi | |
TÄZE ÇAKNYŞYKLAR WE MÜSÜR FLOTUNYŇ TÄZE ÝEŇŞI
Taryhy makalalar
Gyş möwsümi bolsa-da, iki tarap arasynda käwagtlar kiçi çaknyşyklar bolup geçýärdi. Bularyň biri hem 1190-njy ýylyň 8-nji fewralynda ýüze çykan Gumly wakadyr. Müsür flotunyň gelmegi bilen deňiz taýdan artykmaçlyk gazanylandan soňra haçly floty täze güýç alyp, mart aýynyň başlarynda Konradyň serkerdeliginde Akkanyň etegine geldi. Bu ýerde iki tarapyň flotunyň arasynda ýüze çykan söweşde musulman floty uly haçly flotunyň öňünde durup bilmän, Akka portuna gaçyp girdi. Ýene-de deňiz tarapdan haçly gabawy dikeldildi. Musulman goşuny gury ýerdäki haçly goşunynyň daşary bilen baglanyşygyny kesipdi. Ýöne flot tarapyndan ýewropalylara herdürli kömekler gelýärdi we gury ýerdäki gabaw täsirsiz galýardy. Şonuň üçinem, musulman karargähi bilen Akkadaky goragçylaryň arasyndaky habarlaşma poçta kepderileriniň we ýüzüjileriň araçyly-gynda üpjün edilýärdi. Gyş möwsümi geçensoň, musulman esgerleri hem täze goşmaça güýç alyp geldiler. Halypa hem ilçisi bilen 20 000 dinar, nebit we ok iberipdi. Soltan 1190-njy ýylyň 25-nji aprelinde, çarşenbe güni duşmana golaýlaşyp, karargähini Tell Keýsana göçürdi. Goşun söweş nyzamyna girdi. Merkezde Soltan, sag ganatda Takyýeddin, çep ganatda Mälik Adyl serkerdelik edýärdi. Şol wagt haçlylar Akkany gury ýerden oka tutmak üçin uzak wagtlyk taýýarlyklaryndan soňra, hereket edýän uly minaralary gurdurdylar. Bu minaralaryň ýanmazlygy üçin hem daşyna deri geýdirdiler, deriniň daşyny hem palçyk bilen suwadylar. 25-nji aprelde bu minaralary we beý-leki gabaw gurallaryny diwarlara golaýlaşdyryp, güýçli ok ýagyşyna tutdular. Şäherdäki goragçylar deň derejede gaýtawul berýärdiler. Duşmanyň güýçli oka tutmagyndan soňra, diwaryň käbir ýerlerine zeper ýetdi. Goragçylar Soltana habar ýollap, şäheriň howply ýagdaýdadygyny habar berdiler. Soltan 26-njy aprelde duşmany gysyp başlady. 4-nji maýda Halap esgerleriniň başynda Mälik Zahyr, 5-nji maýda bolsa Gökböri dagylar esgerleri bilen karargähe geldiler. Soltanyň gysyşlaryna garamazdan, duşmana uly täsir ýetmeýärdi. Akkadaky goragçylar hem duşmanyň minaralarynyň öňünde ejiz gelýärdiler. Ahyrsoňy Ibn Aryf atly damaskly bir nebit atyjy esger Garaguşyň rugsady bilen manjynyk bilen mis nebit çeleklerini atyp, minaralary ýakdy. Netijede, duşmanyň şähere gysyşy netijesiz galdy. Soltan bu wakany töwerege buşluknamalar iberip habar berdi. Şundan soňra haçlylardan birnäçe wagtlap ses üýn çykmady. 1190-njy ýylyň 19-njy maýynda Sinjaryň häkimi Ymadeddin Zeňňi, 12-nji iýunda bolsa Jizre häkimi Sanjar şa geldiler we çep ganatda ýerleşdiler. 14-nji iýunda Mosul atabegi Yzzeddin Mesgudyň ogly Hurrem şa Mosul esgerleri bilen geldi. Ol sag ganatda Mälik Afdal bilen Mälik Zahyryň arasynda ýerleşdi. 27-nji iýunda bolsa Erbiliň häkimi Zeýneddin Ýusup geldi. Ol hem çep ganatda, agasy Gökböriniň ýanynda ýerleşdi. Soltan öň Müsürden täze flotuň iberilmegini sorady. Azyk gämilerini hem ýanyna alan bu flot 1190-njy ýylyň 13-nji iýunynda, penşenbe güni Akka gelip ýetdi. Mundan soňra Soltan ýewropalylary güýmemek üçin ähli goşuny bilen olaryň üstüne çozdy. Aýratyn hem flotuň gelen tarapyn-daky hüjümi has-da güýçlüdi. Beýleki tarapdan Akkadaky goragçylar şäheriň daşyna çykyp, duşmana hüjüm etdiler. Ýewropalylar Müsürden gelen flota garşy gämileri bilen hüjüm etdiler. Şol wagt porta giren Husameddin Lulunyň serkerdeligindäki birinji flot hem çykyp, duşman gämileri-niň arasyndan zarba urdy. Duşmanyň gämileri dargady. Müsürden gelýän azyk we ýaragly flot porta gelip girdi. Netijede, şäherde azyk we ýarag ýetmezçiligine çäre tapyldy. Goragçylaryň ruhubelentligi öňki ýerine geldi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |