16:50 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Ýewropalylaryň Askalana ýörişi | |
ÝEWROPALYLARYŇ ASKALANA ÝÖRIŞI
Taryhy makalalar
Şol mahallar haýsydyr bir haçly hüjümine garşy ätiýaç üçin, Askalandan we Darumdan galan, günorta kenarlardaky ähli galalar boşadylypdy. Haçlylaryň asyl maksady Kudusy yzyna almak bolandygyna görä, Akkadan soňra hereketleri bu tarapa bolmalydy. Ýöne ýewropalylar 1191-nji ýylyň 21-nji awgustynda, sişenbe güni, karargählerinden çykyp, Akkanyň günortasyna geçdiler. Soltan käbir tejribeli serkerdelerini haçlylaryň geçäýjek ýerlere aňtawa iberensoň, haçlylar bilen söweşmeli meýdan belli edildi. Ýewropalylaryň 24-nji awgust gijesi flotlaryň kömegi bilen günorta kenarýakasy boýunça hereket etjekdikleri äşgär boldy. Soltan goşunyny tertibe saldy. Goşun bazarynyň we beýleki ätiýaçlyklarynyň goşunyň yzyndan gitmegine görkezme berdi. Goşunyň bazary örän uludy. Ýedi müň bölümden ybaratdy. Esgerleriň ýanynda birnäçe aýlyk azyk bardy. Ýükleri çekjek ulagyň ýetmezçiligi sebäpli, bu hereket mahalynda esgerleriň we täjirleriň mallary köp möçberde zyýan çekdi. Goşunda bahalar aşa ýokary galdy. Ertesi irden haçlylar flotlary bilen deňziň gyrasy bilen günorta tarap hereket etdiler. Olar köp möçberdäki jelepleri Akkada goýup, diňe hyzmatçylary, tämizçileri we haç etmek isleýän aýallary ýanlaryna aldylar. Gapdaldan bolup biläýjek musulmanlaryň haýsydyr bir hüjümine derrew gaýtawul berer ýaly, haçly goşunynyň merkezi ortada, çep ganaty yzda, sag ganaty öňde gidýärdi. Musulmanlar hem haçlylaryň yzyna düşüp gelýärdiler. Biraz wagtdan soňra, musulmanlaryň öň hatarky bölümleri duşmanyň yzdaky hatarlaryna hüjüm etdiler. Bu bölümi derbi-dagyn etdiler. Muny öňürti Žak d'Awesnes, Hugo de Tibeliade, Guillaum de Barra serkerdeligindäki rysarlar, soň bolsa Riçard gelip, yzky hatarlardakylary heläkçilikden halas etdiler. Haçlylaryň ýükleri deňizden gämiler bilen, musulmanlaryň ýüki bolsa gury ýerden ulaglar bilen çekilýärdi. Duşman 25-nji awgustda, düýnki hüjümiň täsirini aýyrmak üçin Haýfada düşledi. Soltan duşman bilen söweşer ýaly amatly ýer gözleýärdi. Netijede, Kaýsaryýanyň duşman bilen söweşmäge amatlydygyna üns berildi. Çawuşa esgerleriň söweş nyzamyny almaklary üçin jar çekmegi tabşy-ryldy. Soltan ýagdaýy emirleri bilen maslahatlaşansoň, 27-nji awgustda irden Kaýsaryýa derýasynyň kenarynda düşledi. Şol wagt ýesir alnan duşman bendileri Soltanyň ýanyna getirildi. Soltan Akkada ýesir düşen musulmanlaryň gynanjy üçin bu ýesirleriň öldürilmegine buýruk berdi. Bu ýesirleriň arasynda bir rysar hem bardy. Soltan haçly goşunlarynyň ýagdaýy we Akka ýesirleriniň öldürilmegi meselesinde ony soraga çekdi. Ol hem goşunlary barada maglumat berensoň, 24-nji awgust güni ýagdaýlarynyň gowşandygyny, haçlylaryň Akkadan goşmaça güýje garaşýandyklaryny, Akka ýesirleriniň bolsa Riçardyň buýrugy bilen öldürilendiklerini aýtdy. Bu ýesir hem öldürildi. 29-njy awgustda duşman täze güýçler alyp, Haýfadan Kaýsaryýa tarap ýöriş etdi. Şol wagt ýesirleriň hemmesi öldürildi. 31-nji awgustda duşmanyň herekete geçendiginiň habary gelip ýetdi. Haçlylar bu gezek has seresaply hereket edýärdiler. Öňde, ýagny sag ganatda korol Guiniň serkerdeligindäki ýerli haçlylar, ortada Riçard we Burgugiýa gersogy Hugonyň serkerdeliginde iňlisler we fransuzlar, yzda, ýagny çep ganatda Hugo de Tiberiade we beýleki ýewropalylar bardy. Ganatlaryň üçüsi hem atlylaryny orta alyp, pyýada goşunlaryny daşyna gala mysaly aýlapdy. Pyýadalaryň üstlerinde sowutlar, keçeden gursakçalar bardy. Merkeziň ortasynda bir arabanyň üstünde haçly baýdagy bardy. Musulmanlaryň öň hatarky goşunlary duşmana zeper ýetirýärdi. Duşmanyň pyýadalary bolsa olaryň üstüne zemberekde (pružinadan) ok atýardylar. Pyýadalaryň käbiri deňziň gyrasyna golaý ýerden gidip, dynç alýardy we beýleki pyýadalar ýadansoň, olar bilen ýerini çalyşýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |