15:35 «Seni göresim gelýär...» | |
«SENI GÖRESIM GELÝÄR...»
Oýlanmalar
(«Göwündäki gündelik» ýatlamalar kitabyndan) Bu sözbaşyny azajyk üýtgedip, «Dostlar bolup seni göresimiz gelýär, Rejepgeldi!» diýesiň gelýär. Onuň bolsa dostlary juda kändi. Ilki bilenem poeziýanyň çyn muşdaklary bu şahyryň tüýs dostlarydy. Ýaz ýaly gylykly, göwni jomart, «tapany saçagynda» diýdiren ýigidiň köňüldeş dostlaram kändi. Ol kyrk çilläniň gerşinde dünýä inensoň, kalbam ak gar ýaly päkdi. Şu ýerde şahyryň «Terjimehal» goşgular toplumyndan şujagaz bölegi getirsek, onuň keşbi meger, göz öňüne gelse gerek. 1958-nji ýyl. 30-njy ýanwar. Şol gün asman gaýgyrmandyr garyny, Ilkagşamdan tä ertesi guşluga. Şol gün tutan towşanlarynyň baryny, Beren eken kakam ýeke buşluga. Öýkelejik uýam aýry ýatypdyr. Hamsygyp, Kine edip şol gün ejemden. Eýýäm haçan goňşymyzyň aýaly, Gyzjagazyn gabanypdyr içinden. Şatlyk paýlanypdyr gapyma-gapy, Görsene bu däbiň gowulykdygyn. Buşluga öwrülip gyşyň şol güni, Dogulypdyryn. Onuň bilen bir okuw jaýyna — Magtymgyly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine bile giripdik. Soňra žurnalistika hünärine bolan höwes üç ýyldan soň herimizi bir ýerden çykardy. Rejepgeldi Mejikow Sankt-Peterburgyň döwlet uniwersitetini, biz bolsa häzirki belli žurnalistler Juma Ataýew, Ýazmyrat Şadurdyýew, Keýik Umarowa dagy bolup Ýekaterinburg şäherindäki Ural döwlet uniwersitetini (häzirki B.Ýelsin adyndaky Ural Federal uniwersiteti) tamamladyk. Soňam tas bir müçe wagtyrak Rejepgeldi bilen bir gapydan girip-çykyp işlemek nesip etdi. Häzir ýurdumyzda iň baýry — 106 ýaşy arka atyp barýan adam — «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» diýen hormatly ada mynasyp bolan Baba Garaýewiň «azysynyň» astyna düşdük. Beýle diýdigimiz, şol wagtky «Kommunizm ýoly» oblast gazetiniň (häzirki «Daşoguz habarlary» welaýat gazeti) baş redaktory bolup işleýän bu adam diýseň talapkär halypady. Işiňde çig-çarsylyk boldygy gyr jynydy. «Söz bilen oýun etmek, ot bilen oýun eden ýalydyr. Bek biliň, kagyza ýazylan zady soň gylyç bilen kesip ýa palta bilen çapyp aýryp bolýan däldir. Her setiriňize ýürek yhlasyňyz siňip, gara başyňyz bilen jogap bermelisiňiz. Şony oňarmasaňyzam saçyňyz wagtyndan ir agaryp, abraýdan yrak düşersiňiz» diýip zynharlardy. Rejepgeldi bolsa özüne juda bek ýigitdi. Il içinde aýdylyşy ýaly, kärine-de, süňňüne-de kir ýokdurmazdy. Sebäbi onuň şahyr ýüregi bardy, ähli zada hoşbagtlyk, ähli kişä hoşwagtlyk bilen serederdi. Ol öz sada häsiýetine görä obany gowy görerdi. Şonuň üçinem dogduk depesinde — üç ýüz altmyş pirleriň ýatan ýeriniň golaýyndaky göbek gany daman ýerde jaý salyndy. Beýdişini geň görüp, oňa sowal berenimiz ýadymda: — Mejik (dostlary onuň adyny şeýle tutardylar), seň deň-duşlaryň-a şäher diýip eňek atyp ýatyrlar. Sen bolsa oba diýip ýapyşyp otyrsyň. Şahyr adam üçin, döredijilik adamlarynyň içine, gazet-žurnallaryň köpräk ýerine golaý bolsaň ýagşy dälmi?! O myssa ýylgyrypdy: — Indi siz maňa aýdyň, Kakabaý Ylýas Boldumsazda, Atajan Annaberdi Murgapda, Mämetnazar Babanazar Akdepede, Allanazar Begnazar Türkmenbaşyda, Öwülýaguly Möwlam Türkmenabatda. Amannazar Aşyr Maryda ýaşap, gunt ýaly goşgulary, agramy köşek ýaly hekaýalary, powestleri, romanlary bilen okyjylaryny yzyna düşürip ýör, dogrumy?! Iň bärkisi, Wasiliý Şukşin özüniň iň gowy hekaýalaryny Sibiriň künjegindäki çet obalarda ýazypdyr. Okasaň agzyňy açdyrýar özem. Obanyň gadyryny oňa öwrenişip giden adamlardan soraň. Şolaryň ýüreginden çykýan setirlerden yzarlap görüň. Soňam ol özüne muwapyk nazym bilen şu setirlerini okap beripdi: Boluberşim boz oglana kybapdaş, Gaşynda çökmegim sežde-togapdyr. Awçy üçin, belki, ýetmez sogapdyr, Jeren gözlerini öpmek bar eken. Kyn günümde söýenenim, arkamsyň, Durmuş bolup boýna ilen halkamsyň. Bagtym, sag bol, meni juda ýalkapsyň, Dünýäden hoş bolup ötmek bar eken. Şondan soň ol elini gür baglyga bürenip oturan obanyň günbataryndaky ýaşylzarlyga uzatdy: — Ýör dost, balyk tutmaga gideli. Hol şalyly atyzlaryň suwuny gaçyrypdyrlar, içi ululy-kiçili balykdan doly. Ejeme eltip bereris weli, bal ýaly edip gowurar. Hawa, onuň ejesi Gülnabat daýza juda mährem, gürrüňçil enedi. Agalary Dädebaýdyr Gölli dymmarak bolsa-da, Rejepgeldi olaryň tersine, şahandaz, ýok ýerden gülki ýasap bilýän ýigitdi. Rejepgeldi Mejikowyň ömri gysga eken. «Watan» radioýaýlymynyň Daşoguz welaýaty boýunça habarçysy bolup ylgap ýören wagty birden ýapyşan kesel ony düşege baglady. Şeýdibem ýaňy 53 ýaşan ýigit pany bilen hoşlaşdy. Agtyga gözi düşmese-de, hernä ogul öýerip, gyz çykaryp ýetişdi. Onuň goşgular ýygyndysy «Seni göresim gelýär» diýlip atlandyrylypdy. Bu ykbaly gör-ä! Ýaz ýaly ýigidiň, pespäl şahyryň inçe lirizme ýugrulan, duýgulardan pürepür, pikir ýüki ýetik, şol birwagtda-da juda düşnükli goşgulary okujylaryň köňül sandygynda orun tutdy. Biziň seni juda göresimiz gelýär, dost! Herhal seniň nurana keşbiň döredip giden setirleriň arasyndan bize seredip dur. Munuň şeýledigini setirlerindenem aňar durarsyňyz. Gurbannazar ORAZGULYÝEW, ýazyjy, «Biznes reklama». Çeşmesi: https://br.com.tm/sections/5/76. 26.10.2022ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |