09:38 Seniñ dünýäñ / hekaýa | |
SENIŇ DÜNÝÄŇ
Hekaýalar
Duşenbe Oraz aga kabinete ýeňil gopup girdi. Iki ýana zowzuldaýan Annamyň ýüzüne ýylgyryp bakyp: – Annam jan, näme üçin gijä galyp gelendigimi bilýäňmi? – diýdi. – Men size sagat dokuzdan bäri garaşyp durun, Oraz aga – diýip, Annam gaşlaryny çytdy. – «Žiguli» aljak bolýan. Raýispolkoma gidip, nähili dokument doldurmalydygyny bilip gaýtjakdym. Sizem wagty bilen gelmediňiz. Başlyklar hiç zat diýmez ýaly, kabinetde ikimizden birimiz otursak gowy boljak. – Bu gürrüňleriňi soňa goýsana, inim, Annam jan. Sen ilki Oraz agaňy diňle. «Näme boldy?» diý! – Meni ýene saklajak bolýaňyzmy? Ýok, ýok! Öňem gijä galdym – diýip, Annam gapa tarap gönükdi. – O ýere barsaň, mydama uzyn nobat. – Gürrüňimi diňlemän gitseň, gaty görenin, inim. – Oraz aganyň giň maňlaýy gasyndan doldy. Ol ýerine geçip oturdy-da, ikijahan owarrasy bolup duran Annama ýüzlendi: – Bir minut dyz epäý, inim. Aýdýan ýeriňe haçan barsaňam bolar, gaçyp gitjek zat ýokdur. – Ýaşulynyň ýüzi ýene ýagtyldy. – Biler bolsaň, Annam jan, men dul aýallaryň spisogyna düşüpdirin. «O nähili spisok?» diýip sora ahyryn! Dullarda, inim, Annam jan, sallah kişileriň kartotekasy barmyş. Onda näme sebäpden sallah galandygyň, gylyk-häsiýetiň nähilidigi ýazylanmyş. Dullary ökde görmeli-how! Olaryň meni ýatlaýyşlaryny görýäňmi?! «Ýaşy ötüşen» diýip adymy pozaýmandyrlar. Diýmek, inim, Annam jan, men entek bir derde ýarajak adam bolmaly. Şol kartotekada meniň aýalymyň nähili ýogalandygy, onuň maňa nähili uly urgy bolandygy ýazylanmyş. Aýalymyň ýogalanyna ýetmiş üç gün bolan eken. Men-ä bilemogam. Spisokda adymyň bardygyny maňa, ýaňy işe gelýärkäm, daşgynrak garyndaşym aýtdy. Ol aýtdy: «Oraz kakanyň aýalynyň ýogalanyna ýetmiş üç gün boldy. Ol haçana çenli sallah ýaşajakka? Onuň gyz-a durmuşa çykar gider. Soň onuň kim kirini ýuwup, çägini çatar?» diýip, dullar siziň gürrüňiňizi edýärler. Meniň daşgynrak garyndaşym diýýänim aýtdy: «Maşynyňy münseň, hiç kimi tanaňok. Dullaryň deňinden seretmän geçýäň. Bu bolşuňdan ähli dullar öýkeli». Meniň pekgeligim bar-da, inim, Annam jan. Ynanaý-how, pikirem etmändirin täzeden öýlenmek barada. Aýdýanlary dogry-how olaryň: gyzym öýe myhman. Ony bir nesibeli alar gider. Soň men nätmeli? «Bäh» diýlen ýaly bir zat boldy bu. Men-ä nätjegimi bilemok. Ýa bagtymy synap göräýsemmikäm, inim, Annam jan?! Hany, aýt-da bir zatlar? – Men-ä bilmedim, Oraz aga. Howlugýan. Nirä barsaň uzyn nobat. Wah, ähli ýerde tanşyň bolaýsa... Sişenbe – Oraz aga, işler-ä bitäýjek ýaly. «Işleýän ýeriňden sprawka getir» diýdiler. Doktordanam sprawka almaly eken. Bu zatlary derrew düzetse boljak-laý – diýip, Annam uzyn gije çirim etmän çykansoň gözleri gyzaryp duran Oraz agany ýylgyrjaklap garşylady. – Saglyk bolsa, ýene bir hepdeden almaly. Indi garaž aladasyny etmeli boljak... Oraz aga Annamyň sözüni soňlaryna garaşyp bilmedi: – Inim, Annam jan, meni diňle, üns berip diňle. Içime tüweleý düşdi. Ony seniň bilen paýlaşaýmasam bolar ýaly däl. Meniň bu bolup ýörşüm saňa geň görünse-de görünýändir. «Oraz aga ýaşynyň soňunda akylyndan azaşyp ýör» diýmegiňem mümkin. Ýöne, inim, sen maňa dogry düşün. Adam bu dünýä ýekeje gezek gelýär. Ana, şonam başaryp bildigiňden gowy, juda gowy geçirjek bolmaly. Gaýgy bilen iş bitenok. Öleniň yzynda ölüp bolanok. Men aýalymy gowy görýärdim, hormatlaýardym. Men ony şindem hormat bilen ýatlaýaryn. Aşynyň-suwunyň kemini goýman berdim. Muny özüňem bilýänsiň. Mundan beýläk örtenip ýörmän, durmuşymy üýtgedäýsem kem däl ýaly. Wagt diýeniň geçip dur. Kimiň näçe ýaşajagy belli däl. Men, inim, Annam jan, saňa dogrymy aýdaýyn. Gije uklaman çykdym. Hemme zady ölçerip-dökdüm. Düýnki daşkynrak garyndaşymyň aýdanyny makul gördüm. Ýekelik Hudaýa ýagşy! Adama mydama ýoldaş gerek. Sen meniň durmuşymy göz öňüne getirip gör. Nebsiň agyrar. Mydama ýeke özüm. Giň öýe, giň howla sygamok. Içimi hümledip ýatyryn. Gyzyma, adamlara muny duýdurmajak bolýaryn. Dogrymy aýtsam, öýe barasym gelenok. Gyzymyň biynjalyk bolmagyndan çekinip, ýaşap ýörün. Onuň içiniň gysmazlygy üçin, ondan-mundan gürrüň beren bolýaryn. Ýaşy birçene baranda erkege aýal has zerur gerek eken... – Oraz aga, sözüňizi bölýän welin, aýyplaşmaweriň, bir zat soraýyn-la sizden. – Iki zat sora, inim! – Maşynyň ýagyna pul köp gidýärmi? – O nähili «ýag»? – Maşynyň ýagyna? Benzine? Bir aýda näçe manatlyk benzin gerek? – Hä, benzinemi? «Näçe pul?» diýýäňmi? Aý, ol näçe ýol geçjegiňe bagly. – Oraz aga oýkanjyrady. – Inim, Annam jan, ir bilen düýnki maňa duşan garyndaşymyzyňka bardym. Olam dul aýal. Onuň bilen açyk gürleşdim. Özüm hakda gürrüň berdim. Aýdan sözi hakda oýlanandygymy aýtdym. Ol haýsy dula öýlenmekçidigimi sorady. Dul aýallary sanap berdi. Ynansaň, inim, başym aýlanyp gitdi. Uruş ýyllary dul aýal kändi. Häzirki dullar şol ýyllaryň dullaryndanam kän-how! «Daşgynrak garyndaş» diýýänim dullaryň ählisini diýen ýaly tanaýar eken. Ogulla diýip bir owadan zenan barmyş. Ol aýal: «Rahatja öý tapsam, durmuşa çykjak» diýýärmiş. Ýöne onuň yzynda üç sany çagasy barmyş. Meni, ana, şol oýlandyrýar. Onuň çagalaryna hossar boljak bolup, dynç başymy depirjek äre berermikäm öýdýän. Meniň ýaşaýan ýerime ýakyn ýerde-de dul bar eken. Ony maňa ýaňy «daşgynrak garyndaşym» diýýänim görkezdi. Onuň geýnişine pisindim oturmady. Köýneginiň bilini dar geýipdir. Saçyny depesine sopbaç edinipdir. Agzy durşuna tylla diş. Özem, gözüňe söweýin, owadan! Onuň çagasy ýok. Ýaşam kyrka ýeteňkirlän. Tüýs bolan pillesi-dä. Aý, ol maňa boljak däl. Sowremenni ol. Maňa sada, hojalykçy aýal gerek. Goş birikdiren günümiziň ertesi: «Kino gideli!» diýip dursa, hiç oňarjak däl-how. Gelnejeň pahyr bilenem kinoteatryň gapysyndan garamandyk. Hany, inim, Annam jan, aýt ýüregiňdäkini. Näme maslahat berýäň? «Düýe garrasa köşegine eýerer» diýipdirler. Siz sowremenni adamlar. Ýa indi: «Maňlaýyma ýazylany ýekelikdir-dä» diýip gezibereýinmi? – Sizem bir zadyň kül-külüne düşüpsiňiz-ow, Oraz aga. Aý, her kimiň bir aladasy bar. Görüň-dä. – Annam ýerinden turdy. – Oraz aga, siz bu gün oturarsyňyz-la? – Hä? – «Ýaşaýan ýeriňden sprawka gerek» diýdiler. Sprawkany hem dokuzdan on ikä çenli berýärler. Men sprawka alyp geleýin. – Maňa pikiriňi aýtmadyň-la, Annam jan? Annam gapyny daşyndan ýapypdy. Çarşenbe – Işler-ä oýun-oýun bilen çyna ýazyp barýar, inim, Annam jan. Özem, birhili, öz-özünden ugruna bolup barýar. – Oraz aga joşgun bilen gürledi. – Çüwjek bolsa, çüwer eken! Bir gaýtgynyna bolsa-da, hiç zadyň paşanok. Düýn, Oraz aga, sähel wagtyň içinde iki dokumentimi düzetdim. Düýnki ähli eden işlerim ugruna boldy. – Men o barada aýdamok. Nesibe çekse, bir asylly gelin bilen goş birikdiräýmegim mümkin, inim, Annam jan. Ýaşy kyrk bäşden geçen aýal. Ýöne ýüzüne seretseň, ýaş görünýär. Iki çagasy bar, olaram öýli-işiklimiş. Hersi bir ýerde ýaşaýarmyş. Sada, salykatly aýal bolmaly ol. «Ýekelik Hudaýa ýagşy! Ýigrimi bäş ýaşymdan bäri ýanýoldaşsyz ýaşaýan. Ilki-hä: «Çagalarymy hor-homsy etmäýin» diýip, kimdir biri bilen goş birikdirmäge meýil etmedim. Indem gugaryp galdym. Içim gysýar. Içmeýän, çekmeýän, ýuwaşrak adam tapsam goş birikdiräýjek. Bilmedim-dä. Belkem, şeýdip ýekelikde geçer giderin» diýipdir. «Daşgynrak garyndaşym» diýýänim oňa men barada gürrüň berse: «Tüýs meniň diýýän adamym eken» diýipdir. Ana, inim, Annam jan, biler bolsaň, şol zenan bilen şu gün sagat on ikide gaýraky bagda duşuşygymyz bar. – Duşuşyk? Gaýraky bagda? – Geň görme, inim, Annam jan, geň görme. Hala «duşuşyk» diý, hala-da «gürleşik». Sagat on ikide gaýraky baga barmalydygym-a çyn. Bir bendäni garaşdyryp bolmaz. – Bä-ä! – Inim, Annam jan, sen sowremenni oglan. Aýt, munuň soňy näme bolarka? Ýa men akylymdan azaşyp ýören bolaýmaýyn? Ikimiz bileje işleýäris. Çekinip durma-da, eger halamaýan bolsň, edýän işim telek bolsa, göni aýt: «Ýaşuly, beýdip ýörmäň bolanok. Pensiýa ýaşyna ýetdiň, beýdip ýörmäň geň, gelşiksiz» diý. Ikimiz düşünişeli. – Eger menden maslahat soraýan bolsaňyz, bir günem sallah gezmäň, Oraz aga! Öýleniň! Her günüňizi mes geçirjek boluň. Şatlykly geçirjek boluň. Men-ä maşyn aldygym, dünýäni gaýgy etjek däl. Dünýäni sürüp gezjek. Islän zenanymy maşynyma mündürip, «garagolluk» etjek. Aýallar maşynly erkekleri görseler, süňňüni saklap bilenoklar. Ýöne garaž meselesi kynrak boljak. Nätsemkäm, Oraz aga? Siz köpi gören adam. Bir çykalga taparsyňyz. – Nämäniň gürrüňini edýäň-aý? – Oraz aganyň gaşlary çytyldy. Ýöne uzaga çekmedi. – Inim, Annam jan, men-ä onuň ýanyna baryp, näme diýjegimi, näçe kelle döwsemem, bilýän däldirin. Bu ýaşdan soň ilki gören zenanyňa: «Söýýän-köýýän-ä» diýip bolmaz. O sözi men-men diýen ýigit wagtymam aýdyp görmändim. Çekinjeňdim. Kakam öýermedik bolsa, müjerret geçäýmeli boljak eken. Hany, aýt, inim, Annam jan, men baryp, o zenana näme diýeýin? Sesiňi-üýnüňi çykarman: «Özüň gepläýmeseň, men-ä söz tapýan däldirin» diýip oturybermegem gelşiksiz. Sowremenni bolansoň, bilýänsiň, inim, näme diýmelidigini. – «Salam, keýigim!» diýiň. – Ony oňararyn. Sen maňa salamdan soňky diýmeli sözleri öwret. – «Goş birikdirsek nähili bolar?» diýip soraň. – Birhili, gelşiksiz dälmi? Halys kelebiň ujuny ýitirdim. Bolýa, ony aýdaryn, soňundan sesimi çykarman oturybereýinmi? – Oturmaň, ot ýaly boluň. Pert-pert gürläberiň. Ruhuňyz basylmasyn. – «Pert-pert gürläberiň» diýýärsiň. Sen maňa nähili gürlemelidigini däl-de, näme diýmelidigini öwret. – «Maşynym ba» diýiň, «Giň howlym ba» diýiň. Sowgatjagaz gowşuryň. Aýallar sowgat almagy gowy görýärler. – Nähili sowgat bereýin? – Ol aýal näçe ýaşlarynda? – Aýtdym-a ýaňy «Kyrk bäş ýaşlarynda» diýip. Ýa aýdanymy diňlemediňmi? Elli ýaşanam bolmagy mümkin... – Oraz aga, siz elli ýaşly garryny alyp nätjek? Alanyňyza görä, on sekiz ýaşly garagözelegi alyň. – Ine, munyň bolanok, inim! Meni oýnajak bolýaňmy? Utanaňokmy? – Men çynymy aýdýan, Oraz aga! Howlyňyz ba, maşynyňyz ba. Siz köp gyzlaryň ýetip bilmän ýören aldamy. Gyzlara şu iki zat bolsa – bolany. – On sekiz ýaşlyny alyp, men onuň bilen dogan okaşaýynmy? Sen maňa boljak zadyň gürrüňini et. Maňa kirimi ýuwup, naharymy bişirip berjek, hümmüldeşjek ýassykdaş gerek. Mundan soň perzende garaşma niýetim ýok meniň. – Özüm-ä maşyn alsam, zenanlary pitikläp, saýlap mündürjek! Ýogsa-da, Oraz aga, maşynyňyzy näçinji ýylda alypdyňyz? – Näme? «Näçinji ýylda?» diýýäňmi? Bu iki arada maşynyň gürrüňi nireden kelläňe geldi? – Maşyn alsam, näçe ýyl sürüp biljegimi hasaplajak bolýan. Azarsyzja münerin. Soňam sataryn. Oraz aga ýerinden turdy-da, üst-başyny tertibe salyşdyrdy: – Bu gün täzeje eşiklerimi geýip gaýtdym. Inim, Annam jan, sen maňa üns bermediň. «Gutly bolsun!» diýäýerler-how! Hany, inim, Annam jan, meni synla. Üst-başymda kem ýerim barmy? – Kem zadyňyz ýok, agam, gül ýalak. – Sen howlukma, ünslüje synla. Soň ol zenanyň ýanynda göz-gülban bolup durmaýyn. – Ol aýal siz ýaly adam tapsa, gözüne sürme eder! – Telpegimi geýeýinmi ýa başgapsyz gidibereýinmi? Annam sagadyna seretdi-de, zöwwe ýerinden galdy: – Oh-o, sakyrdaşyp oturypdyrys. Wagtyň geçeninem duýmandyryn. Meniň barmaly ýerlerim kändi. Oraz aga, men gitdim. Başlyklar sorasa: «Uçastoga gitdi!» diýersiňiz. – Menem gitjek. «On ikä barmaly» diýdim-ä men saňa. – Siz nirä gitjek? – Duşuşyga. Penşenbe – Inim, Annam jan, bu gün gijä galdyň-la! Häliden bäri garaşyp otyryn saňa. Annam aljyraňňy gürledi: – Başlyklar agtardymy? – Başlyklar näme üçin agtarsyn? – Onda näme üçin garaşdyňyz? – Saňa düýnki duşuşygyň nähili geçenini gürrüň beräýjekdim. – O nähili duşuşyg-aý? – Nätdiň-aý muny? Ho, «Kyrk bäş ýaşly bir aýal bilen gaýraky bagda sagat on ikide duşuşjak» diýmedimmi? – diýip, Oraz aga gürrüň bermäge howlukdy. – Inim, Annam jan, biler bolsaň, ýaýdana-ýaýdana bardym. Barsam, ol aýal maňa garaşyp otyr eken. «Salam, Ogulkeýik, amanlykmy?» diýdim. – Kim ol Ogulkeýik? – Şo «Kyrk bäş ýaşlaryndaky aýal» diýenim. Düşüneriň ýaly, bolan gürrüňiň gylyny gyşartman aýdaýyn. Oturdym birsalym. Olam geplemedi, menem. Soň Ogulkeýik: «Özüňiz barada gürrüň beriň» diýdi. Menem gürrüň berdim. Bütin ömrüme şu ylmy-barlag institutynda ylmy işgär bolup işleýändigimi aýtdym. «Aýalym öň keselbentdi, inçekesellidi» diýdim. «Ýöne hojalyga çulum maşgalady» diýdim. «Şol keseli bilenem gitdi» diýdim. Gürleýän, iki gözüm bolsa, inim, Annam jan, Ogulkeýikde. Ol üýtgeşik görk-görmekli däl. Şeýle bir sada aýal eken. Elinde iki sany tylla ýüzügi bar eken. – Elinden tutduňyzmy? – Aý, goý-a?! Biz, näme, ýaş-ýuşmy? Soň ol öz başdan geçirenlerini gürrüň berdi. Adamsy ýogalandan soň, näçe hyrydar gelse-de, razylyk bermändir. – Size razylyk berdimi? – «Berdi» diýsegem boljak. Ýöne onuň birki şerti bar. «Käte-käte ogullarymyň öýüne gidip gelerin, oňa garşy bolup durmarsyňyz» diýýär. «Agtyklarymam gezmäge geler. Şol wagt gaşyňyzy çytsaňyz, maňa agyr deger» diýýär. «Maňa gymmat baha eşik gerek däl, süýji-süýji iýdiriňem diýmerin» diýdi. – «Süýji-süýji iýdirerin!» diýip söz berer ýaly däl. Sebäbi gerek zadyň magazinde ýok. «Et köp boljak» diýdiler. Şu günler-ä haýsy magazine barsaň taňkyrap ýatyr. Wah, maşynyň bolsa! Aýlanyp çyk ähli magazini! Saglyk bolsa, siz ýaly, menem işe maşynlyja gatnaryn. Iň gowy görülýän reňk haýsy, Oraz aga? – O nähili «reňk»? – «Žiguliniň» haýsy reňki moda häzir? – Ak... – Menem-ä ak reňklisini aljak bolýan. Halaýanymam şol reňk. Biraz emlemelem bolsa, ýaýdanjak däl. – Inim, Annam jan, onuň bilen dünýäniň gürrüňini etdik. Köpi gören, akylly aýal eken. Men diýdim: «Çilim çekemok, içip pýan bolup ýöremok». Ogulkeýik meniň biderek keýplerden daşdygyma begendi. Aýlyk-günlügimi sorady. Garaz, meniň bilen goş birikdirmäge göwnedi. – Bolupdyr-da onda, şart-şurt toý ediň! – Pikir etmän, bir sözi aýdyp goýberýäň. Toýdan ir entek. – Ol aýal razy bolsa, toýy gijikdirmäň, Oraz aga. – Nädip gijikdirjek däl? Bu meselede gyssanmaly däl, inim, Annam jan. Pugtaja oýlanmaly. Ýedi däl, müň ölçäp, bir kesmeli. Meniň böwrüme sanjy bolup duran zatlar bar. Ilki bilen-ä, aýalymyň ýylyny bermän toý etsem, il-gün halamaz. Onsoňam gyzym näme diýjek? «Öýlenäý, kaka! Düşünýän, saňa ýanýoldaş gerek» diýs-ä akylly gyz boldugy, maňa dogry düşündigi boljak. Ýok, «Öýe hiç kimi getirme!» diýip ýer depip dursa-da, hiç iş edip bolmaz. Onsoňam, ýene bir zady göz öňüne getirip gör. Gyzym durmuşa çykdy diýeli. Öýde diňe Ogulkeýik ikimiz. Onuňam ogly bar. Maňa bir zat bolsa, ähli zadyma, giň howlyma Ogulkeýigiň ogullary hojaýyn bolup galaýmalymy? Oglum bolsa sadarak meniň. Ol hiç zada kellesini agyrtmaz. Ogulkeýigiň ogullarynyň oňa hiç zat ýetdirmezliklerem mümkin. Garaz, inim, Annam jan, men bolan özüň bolma. Häzir kellede müň pikir bar. Hijisindenem baş çykaryp bilemok. Ýöne bir zad-a ýüregime düwdüm. Şu gün agşam oglumam-gyzymam gaşymda oturdyp, şu mesele barada aýdaýsam diýýän. Hany, göreli, näme diýýärler? Inim, Annam jan, nädip aýtsamkam? Annam hyýalynda ak «Žigulisin-» sürüp, nirädir bir ýere barýardy. Anna – Oraz aga, başlyklar meni gözledimi? – diýip, Annam içeri girdi. Agyr pikire gark bolup oturan Oraz aga işdeş ýoldaşyny boýdan-başa synlap, öýkeli dillendi: – Başlyklara gerekdiňmi? Başlyklar sensiz işläp bilmezler öýdýäňmi? – Gijä galyp gelemsoň soraýdym. Men-ä şo maşynyň dokumentleriniň aladasy bilendirin, Oraz aga. Bir tanyş tapdym. «Ak reňklisini almaga kömek edeýin» diýdi. – Nämäniň ak reňklisini? – Maşyn aljak bolýan. Şonuň dokumentlerini düzedip ýörün. Baý, dokument doldurmak kyn eken. «Hiç wagt adama işim düşmesin» diýdirýär. Ýene gitmeli boljak. Bu gün işe gelip bilmerin. – Gyssaglymy? – Aý, näçe tiz düzedip bilseň, özüň üçin gowy. – On-on bäş minut dyzyňy ep. Öten agşam gyzym bilen ogluma maslahat saldym. Oglum başga ýerde ýaşansoň, ol gijräk geldi. Otur, otur, men saňa olar bilen eden gürrüňimi aýdyp bereýin. – Nähili gürrüň? Gürrüňden peýda ýok-laý. Şonsuzam bütin wagtymyzy gürrüň edip geçirýäs. Men öz bähbidimden galmaýyn. Başlyklar sorasa: «Maşynyň ugrunda ylgap ýör» diýäýiň. Özlerine-de aýdypdym. Habarlydyrlar. – Diňläýsene, Annam jan – Oraz aganyň sesi naýynjar çykdy. – Bähbidimden galmaýyn-la, Oraz aga. Menem siz ýaly maşynly bolaýyn, ana, şonda bileje maşynyň gürrüňini ederis. Men gitdim, Oraz aga! Oraz aga dommarylyp oturdy: – Git, inim, git... Diýse-de diýdi welin, Annamyň gürrüň diňlemän gidendigi üçin, Oraz aga ondan öýkeledi. «Gürrüň diňlemän gider ýaly, näme gyssanmaç işi barka?» diýip oýlandy. ...Iş güni gutardy. Duşenbe ......................................................................................... ......................................................................................... 1987 ý. Osman Öde | |
|
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||