22:05 Setirlere siñe seretseñ... | |
2. Setirlere siňe seretseň...
Edebi makalalar
Käte-käte haýsydyr bir şahyryň ýeke şygrynyň üstünde uzakdan-uzak kelle döwýän, hatda galama ýapyşýan halatlaryň bolýar. Bu häli-şindi gabat gelýän ýagdaý. Bir mysal. Leningradly alym M.P.Alekseýew Puşkiniň bary-ýogy ýigrimi setirliik «Ýadygärlik» atly şygryny köp wagtlap içgin öwrenip tutumly bir monografiýa döredipdi. Dogrusyny aýtsak, biziň şu ýazgymyzyň döremegine hem orta asyr türkmen poeziýasynyň görnükli wekili Baýram hanyň «Huramanginäm» diýen şygry sebäp boldy. Sözümiziň anyk hem düşnükli bolmagy üçin ilki bilen şahyryň 1970-nji ýylda Aşgabatda çykan «Saýlanan eserleriniň» 39-njy sahypasynda ýerleşdirilen şol şygryň başky üç bendini getirýäris. Eý çemeni-jan era, serwi huramanginäm! Ömür gülüstanyda gunçaýy-handanginäm Gözge meni ilmegen, bir nazary kylmagan, Köňlüm alyp bilmegen dilberi nadanginäm. Hem özi ýagşygine, hem gözi ýagşygine, Hem sözi ýagşygine ýary-suhandanginäm. Göräýmäge üýtgeşik zat ýok. Suw ýaly akyp duran gazal setirleri. Aslynda bu şygyr şahyryň türki dilde ýazan diwanyndan alnyp «Gazallar» diýen bölümde hem ýerleşdirilipdir. Geliň, häzirlikçe bu gazaly goýup, şahyryň özüne ýüzleneliň. Baýram han uly şahyr. Eserleriniň tapylanyna onçakly köp wagt geçmedik bolsa-da, ol hakda ýörite monografiýa, bir topar makala ýazyldy. Şol işlerde şahyryň eserlerini öz ene didiňde hem pars dilinde ýazandygy bellenip, onuň şygyrlarynyň hemmesiniň arap-pars poeziýasynyň däpleri esasynda döredilendigi öwran-öwran nygtaldy. Dogrudan hem şahyr şygyrlarynyň esasy bölegini arap-pars poeziýasynda ýüze çykyp, şol halklaryň edebiýatynda ýörgünli bolan gazal formasynda ýazypdyr. Şahyryň ulanan rubagydyr kytgalary hem arap-pars poeziýasynda ýüze çykan formalar. Aýdaly şeýle bolsa, Baýram han hakykatdan hem diňe arap-pars poeziýasynyň däpleri bilen oňňut etdimikä? Onuň žanr, çeper forma gözlegleri diňe gazal, rubagy, kytga bilen çäklendimikä? Gadymy türkmen poeziýasynda ýüze çykyp, tas müň ýyllap poeziýamyzyň ýüzümiň tuwagy bolan goşuk formasyndan şahyr bihabar boldumyka? Habarly bolsa-da, öz halkynyň poeziýasynyň öňden gelýän däplerinden ýüz öwürdimikä? Bir göräýmäge bu soraglara jogap bermek aňsat. Sebäbi Baýram han eserleriniň esli bölegini öz ene dilinde döreden bolsa-da, tutuş ömrüni hindi topragynda geçirensoň, şol döwürde bu ýerde ýörgünli bolan arap-pars poeziýasynyň däplerine ýakyn durandyr, öz halkynyň poeziýasynyň däplerini bolsa bilenem däldir, bilse-de oňa beýle bir intipis edip duran däldir. Sebäbi şahyryň goşuk formasynda ýazan ýekeje-de şygry ýok. Dogrudan hem ýokmuka? Setirlere siňe seretseň welin bar. Geliň, şahyryň ýokarda getirilen gazal setirlerinden başlalyň. Biz şol gazal setirleriňi aňsatlyk bilen aşakdaky ýaly görnüşe getirip bilýäris. Eý çemeni-jan era, Serwi-huramanginäm. Ömür gülüstanyda Gunçaýy-handanginäm. Gözge meni ilmegen, Bir nazary kylmagan, Köňlüm alyp bilmegen, Dilberi-nadanginäm. Hem özi ýagşygine, Hem gözi ýagşygine, Hem sözi ýagşygine, Ýary-suhandanginäm. Ine, saňa goşuk. Şol «gazalyň» galan üç bendiniň ikisini şeýle forma salyp bolýar. Emma onuň jemleýji beýdi bu kada gulak asanok. Biziň pikirimizçe, bu beýt göçürijiler tarapyndan üýtgedilen bolsa gerek. Ähdi beýtleriň ýokarky formada bolup, diňe jemleýji beýdiň şeýle bolmaga haky ýok. Şahyryň «Saýlanan eserleriniň» 76-njy sahypasynda gazal hökmünde ýerleşdirilen «Bikarar hem» diýen şygry hem goşuk formasynda ýazylypdyr. Bu şygryň hem bir beýdini goşuk formasynda öwrüp bolanok. Meger ol hem göçürijiler tarapyndan üýtgedilendir. Şol şygryň jemleýji beýdini welin aşakdaky ýaly görnüşde okap bolýar. Her kişi yşykbazdyr, Häki rehi-nyýazdyr. Yşk ile serferazdyr, Baýramy hakisar hem. Belki, beýle diýsek okyjylaryň «Tekstologik nätakyklyga ýol berilendir-dä. Gazal boldy näme, goşuk boldy näme, matematikleriň dili bilen aýtsaň, orun çalyşany bilen jem üýtgänok ahyryn» diýmekleri-de ähtimal. Ýok, beýle däl. Jem üýtgeýär. Biz şu fakta esaslanyp aşakdaky ýaly netijeleri çykaryp bilýäris. Birinjiden, Baýram han edebiýatçylaryň tassyklaýşy ýaly diňe arap-pars poeziýasynyň däplerine daýanmandyr. Dogry, häzir biziň elimizde şahyryň bary-ýogy iki goşugy bar. Belki ol bu forma has köp ýüzlenendir. Sebäbi heniz şahyryň eserleri doly toplanylanok. Şeýle bolsa-da, şunuň özünden hem şahyr alys ülkelerde ýaşandygyna garamazdan öz halkynyň edebiýatyna has ýetik bolupdyr, ondan nusga almaga çalşypdyr diýen netijä gelmek mümkin. Ikinjiden, bu fakt şahyryň žanr, çeper forma agtaryşlaryny ýene belli derejede baýlaşdyrýar. Üçünjiden, gazal formasynyň türkmen diliniň kadalaryna onçakly laýyk gelmeýändigine görä, ol halkymyzyň aýlym-saz sungatyna aralaşyp bilmändir. Türkmen halk aýdymlarynyň hemmesi diýen ýaly goşuk formagynda. Professor Ýe.E.Bertelsiň ýazmagyna görä geçmişde ýaşan wekilleri – aşyklar, ozan-şahyrlar türki halklaryň aşyklar poeziýasy diýen akymynyň diňe goşuk formasynda goşgy ýazyp, oňa özleri saz düzüp, şol goşgulary özleri dutar ýanynda aýdypdyr. Belki, Baýram han şu öňdäki goşuklarynda däbe eýerendir. Muny geljekki gözlegler, tapyndylar görkezer. Belki, bu ugurdan täze maglumatlar ele salnar. Ine, şonda biz şahyryň döredijiliginde türkmen poeziýasynyň irki däpleriniň nähili derejede şöhlelenendigi baradaky bu kiçijik söhbetimiziň tutumyny has uludan tutarys. 1982 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |