21:59 Şeýtan / hekaýa | |
ŞEÝTAN
Hekaýalar
Ol haýyr iş bolsun ýa-da ýaman, her bir zadyň başynda bir başlangyç bolýar. Eger Şalardan ak ýürek bilen: «Seniň bu nejisligiň başlangyjy nämeden?» diýip sorasadylar, ol hökman Eýebereni görkezerdi. Hut şol, şol boldy bar ýaramazlygyň başlangyjy. Eger Eýeberen Şalar bilen erjeşmedik bolsady, oňa kast etmedik bolsady, ol obada ýaşar ýörerdi. Obada ýaşasa bolsa, obadakylar ýaly bolardy, bu zatlara düşünjegem bolmazdy, akylam ýetirmezdi. «— Sen göçmeli. Sebäbi sen obanyň halal rysgalyny zaýalaýaň, oňa şäherden mekrä zat getirip goşýaň. Nirede gazanýaňmy, gazanjyňy şol ýerde oturyp iý. Men öz obama keseden haram rysgal goşdurjak däl, şony bil. Seň ýalyny etmelisi obadan daşlap kowmaly, men entegem saňa «göç» diýýän». Ine, şol höküm Şalaryň ýüregini was-wasa salan höküm boldy. Şonda Şeýtan ara düşdi. Ýok, diňe bir ara düşmedi, ol iki ynsanyň kalbyna girdi. Gorkudan boldumy ýa ýeňilmek masgaraçylygyndan gaçdymy — Şalaryň ýüregine giren Şeýtan örän uly hem güýçli bolup çykdy. Şalar Eýebereni ýeňenden soňra, Şeýtany kalbyndan çykaryp kowmakçydy. Ýüregini arassalap, kalbyny päkläp, örän halallyk bilen ömür sürmekçidi. Emma Şeýtan oňa ýol bermedi. Sebäbi Şalaryň ýüregi Şeýtan üçin örän ýakymlydy. Ol güýçlüdi hem erklidi. Ol Şalara bir zady ynandyryp bilse, Şalaryň ol işiň hötdesinden aňryýany bilen geljegini bilýärdi. Şalaryň başarnygy ýokarydy. Beýle ukyp bu töwerekde başga bir adamda ýokdy. Kä halatda Şalar şeýle bir ileri gidýärdi welin, onuň ediberşine hatda Şeýtanyňam gözi gidýärdi. Ine, Eýeberen meselesi, ol Eýebereni beren eýesine ýygnatdyrdy. Ol, hamana, bu dünýä gelmedik ýaly boldy. Iň ýeser ýeri-de, ol kimdir birinden däl, öz-özünden, öz edýän işinden tapyp gitdi. Başga biriniň eli bilen giden bolsa, ýene bir adam günäli bolmaly bolardy, obada ýaman atly bolup galardy. Emma Şalar oňa ýol bermedi. Onuň diňe öz-özünden tapmagyny isledi. Bu usul Şalar bilen Şeýtanyň tapan iň amatly hem başarnykly işidi. Muny diňe Şeýtan bilen Şalaryň bir özi bilip galdy. Şundan soň Şalar Eýeberenden elini üzüp oturybermedi, onuň galan diregine: at-abraýyna hem namysyna el urdy. Onuň düşegini basgylady. Namysyny, guwanjyny, mertebesini ýok etdi. Şeýtan beýle edermen kişini nädip sylaglajagyny bilmedi. Şalar bolsa ol sylagy özi gazandy oturyberdi. Hiç kime beýle agyr dowamly işi buýrup bilmejek Şeýtan onuň ynsanperwerligine geň galdy. Beýle nökeri Şeýtanyň hiç wagt, hiç bir ýagdaýda elinden gideresi gelmeýärdi. Munuň üçin ol Şalara diňe ýaramaz tabşyryklar däl, eýsem sahawatly, oňat tabşyryklaram berip biljekdi. Şalar Sadabyň namysyny ýumrujy bolsa-da, ojagyny dikeldiji boldy. Şalaryň gadamy degen öý özgerip, gurplanyp başlady. Bu bolsa Sadabyň Şalara bolan mährini artdyrdy. Sadabyň gapysynda ekiz owlakly geçi peýda boldy. Ol iller ýaly geýindi, iýip-içdi. Şol gowy günleriň birinde-de ol hasrata duçar boldy. Onuň göwresinde oýanyş peýda bolupdy. Bu gutulgysyz masgaraçylykdy. Belki, Sadabyň Şalar bilen ýatyp-turýanyny birnäçeler bilýändirler. Bu dünýäde, heý, bilinmejek zat barmy? Ýylanyň ýer astynda gäwüşeýänini duýýan adamlaram barmyş ahyryn. Ýöne başga-da bir kanun bar, seni biri eli bilen tutmasa ýa ýatyrkaň üstüňden gelmese, her näme diýlende-de, ol gybat bolýar. Sadabyň öý-içerisiniň özgerýänini, özüniň özgerýänini adamlar görse, goý, görübersinler, ýöne hiç kim onuň ýüzüne gelip, «Sen — loly» diýip bilmez. Emma bir çagany dogrup eliňe alsaň welin, hemmeler saňa ala göz bilen garar. «Ynha, pylanydan bolan» diýerler. Ony bu çaganyň özüne-de aýdarlar. Masgaraçylyk bir ýa iki ýyla ýa on-ýigrimi ýyla däl, tutuş ynsan ömrüne gider. Şol ynsan diri wagtynda ol gürrüň ýaýrar. Birden Sadap öläýse, «Onuň yzynda nämesi galdy?» diýenlerinde, «Pylanydan bolan bir nikasyz çagasy bar» diýerler. Bu nähili aýylganç. Obada diňe Sadap ýa onuň nikasyz bolan çagasy däl, Şalaryň masgalasy hem gezmeli ahyryn, onda-da at-abraýly, mertebeli, derejeli bolup. Ine, şu ýerde giň obada daryşganlyk başlanjak. Giňlik üçin bolsa birini gysyp çykarmaly. — Sadap, Sadap jan, seniň boýuňa döneýin. Ikimizem masgara bolmankak, sen bu ýerden göç. Eger maňa masgaraçylyk gelse, saňa geldigi. Birimiz masgara bolsak, onsoň ikimize-de gün ýok. Eger biz şu masgaraçylykdan aman gutulsak welin, köp zady halas ederis. — Men nirä göçeýin? — diýip, Sadap elewredi. — Bilmedim. Gel, bir maslahatlaşaly. Aslynda, nirä göçeniňde bolmaýar? Nirä göçseňem, men seni ýeke goýman. Seni islän obaňa, islän şäheriňe bir depik gumuň bilen elterin. Ynanaý maňa, seni hiç wagt, hiç haçan hor ýa zar etmerin. Men barar duraryn yzyňdan. Sadapdan jogap bolmady. Ol uzak dymyp oturdy. Şalar oňa ýene ýalbaryp başlady. — Belki, gumdan aşarsyň-a?.. Belki, aýakuçlara bir ýerlere gidersiň? Ýat ýerde kim seni tanap dur?! Ýat ýerde kim seniň aslyň bilen gyzyklanjak? Öý-jaý edinersiň, arzyly biri bolup ile goşulyp gidersiň. Men bolsam barar duraryn yzyňdan. — Eýeberdi gelse men näme ederin. — Ine, gepem şonda-da. Sen obadan göçüp giden adam bolarsyň. Ol eger göwnese, seni tapyp, yzlap barar. Eger göwnemese, onda seni yzlamaz. Ýöne bu ýagdaýyňda üstüňden gelse weliň, näme boljagy belli däl... Sadap uzak ýaýdançlykdan soň, kes-kelläm göçmäge razylyk bermedi. Dünýä şu obadan çykan ýeriňde gutarýan ýalydy. Ol şu obadan başga ýerde ýaşaýyş bardygyna şübhelenýärdi. Şalaryň ýok ýerinde başga adamyň bardygyna-da şübhelendi. Ol öläýmese, şu obadan, Şalardan aýryljak däldi. Ýaýdandy, ýaýdandy-da, ahyrynda «ýok» diýdi oturdy. Şalaryň adamkärçilikli teklibi başa barmady. Şeýtan — Şalaryň kalbyndaky dosty ara goşuldy. Ol ýaman pygyllary üçin Sadapdan gorkýan ýaly, «Sen bir daş çyk, soň özbaşdak oýlanyşarys» diýip çawuş çakdy. Ederini bilmän ýaýdanyp duran Şalar Şeýtanyň akylyna eýerip, «Ýeri, bolýa-da» diýip, daşary çykdy. Ol kalbyndaky Şeýtany gürletmek üçin, obadan saýlanmaly boldy. — Sen ondan dynjakmy? — diýip, Şeýtan kesgin sowal berdi. — Hawa, dynmakçy, eger başaryp bilsem. — Başarmak aňsat, gep göwni bire baglamakda. — Göwnümi bire bagladym. Maňa indi Sadap gerek däl. Ondan aljagymy aldym, görjegimi gördüm. Ol indi artykmaç alada, biabraýlyk, adyňy garalamak. Masgaralyk. — Onda dyn! — Nädip? — Eliňe halta al ýa-da ýüp. Elini-aýagyny bagla-da, eňter gara derýanyň läbigine. Bu derýa diňe suwy däl, köp zady öz girdabyna alyp barýandyr. Kim onuň yzyny yzlajak? Kim onuň hununy sorajak? Gözleýän ýene özüň bolarsyň. Tapmadyňmy — tapmajagyňam hak — üçüni, ýedisini ber. Ýyl aşyny sow. Şeýdibem iliň ýigrenjini däl, eýsem taňryýalkasyny bilen ýagşy dilegini al. Şonuň bilen wessalam-iş tamam. Hem biabraýlyk, hem artykmaç alada, hem görjek görgüleriň — barysy gara derýanyň düýbüne gidýär. Indi Şalary ýaýdanjaňlyk basmarlady. Bir adamdan dynaýmak aňsat iş däldi. Ýeri, ondan dynybam bolar, emma nädip özüňden dynarsyň. Öz içiň, öz ýüregiň bar ahyryn. Nädip wyždanyňdan dynarsyň. Sen iki adamyň ganyna galýaň ahyryn. — «Masgaraçylykdan ölen ýok» diýilse nähili bolar? — Onda ony özüňe ikinji aýal edip aldygyň bolar. Ol bar garamatyny, ähli aladasyny seniň üstüňe atar. Bu eliňde barja zadyň — wezipe gider, gazanç çeşmäň gömler. Iliň ýigrenjinde bolarsyň. Ol nähilem bolsa Sadapdan dynmaly, sebäbi ol eşretden dynanyňdan, Sadapdan dynmak haýyrly diýen karara geldi. Şol niýet bilenem şähere gitdi. Ilki göwni oňa nähilidir bir bolar ýalyrak jaý görmekçidi. Jaýy nireden görjek?! Ol aýlanyp öz ýaşan ýerine baranda, birden Roza daýza ýadyna düşdi. Eýsem, doktor-tebipler bir emel edip bilmezmi bu işe? Öň zamanlarda-da bir çäre tapypdyrlar ahyryn. Roza daýza onuň ýarym sözüne düşündi. — Siz çaga aýyrtjak dälmi?! Onuň gürrüňi bolmaz. Getiriň. Ol bary-ýogy bir sagatlyk iş. Şalar oba tarap uçup gaýtdy. Ol hiç haçan, hiç wagt beýle begenji görmändi. Özünde beýle ýeňilligi duýmandy. Şol şatlygy bilen Sadabyň haý-waýyna seretmän, ony şähere äkitdi-de, Roza daýzanyň eline tabşyrdy. Ol Roza daýzalarda oturyp, bir çäýnek çaý içip bolanda, Roza daýza aljyraňňy halda geldi. «Bolanok» diýýärler, wagty ötüşipdir. «On hepdeden geçipdir» diýip, elewräp dur. — Ýa, Roza daýza — diýip, Şalar boýnuny burdy. — Bu dünýäde bolmaýan zat ýok ahyryn. Bolduryň. Hökman bolduryň. Kynrak bolsa-da, gaýrat etsin. Men oba gidip, bir mal öldürip geleýin. Ýylyň şu günlerinde täzeje goýun etini iýmek, adam üçin ýakymly. Bar, aýt doktoryňa. «Maly nirä eltmeli?» diýip soraýar» diý. Senem boş goýman, Roza apa. Roza daýzanyň ökjesi ýeňledi. Ol gün ýaşyp, garaňky düşende, Sadaby alyp ýola çykdy. Sadabyň haly perişandy. Ýüzünde gan-kok ýokdy. Arasynda maý tapyp, Roza daýza: «Indi gaýdyp şu alada bilen gelmez ýaly etdim» diýdi doktor. Indi bir ýüzli bolan bolsa biçem däl» diýdi. Şalar makullap başyny atdy. Içinden bolsa: «Tüýs bolaýypdyr-da» diýip begendi. Bu ýagdaýy görüp-bilip duran Şeýtanyň Şalardan göwni bitdi. Ile sapak öwredip ýören Şeýtanyň adamdan sapak öwrenesi gelenokdy. Ýöne Şeýtan ýene paýhasa çümdi. «Sen öň akylly bolup näme gördüň? Ähli perişdäniň ymamydyň. Jennetde oturardyň. Ine, kowuldyň. Ýerde, gör, nähili samsyk-mahluklar bilen iş salşyp ýörsüň. Bu tapan ýüregiňi, Şalaryň güýçli hem gaýratly kalbyny terk etme. Munuň bilen tirkeş, gör, soňy nähili bolýarka?..» Osman ÖDÄÝEW. | |
|
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |