13:44 Sogap / hekaýa | |
SOGAP
Hekaýalar
Beýik Watançylyk urşunyň gutaranyna iki ýyl töweregi geçipdi. Adamlar uzaga çeken aýralykdan, açlykdan saplanyp, aýňalyp ugradylar. Azyk-owkat edil bol-elinlik bolmasa-da, indi açlyk çekýän we mätäçlikden kemsinýän ýokdy. Un ýaly zerur iýmiti henizem jan-sanyna görä paýlaýardylar. Ogulgerek gelneje düýnki alan un paýynyň ujundan öňkilerine görä birneme köpräk—bir goşawuç artykmaç ýugurdy. Alan hamyryny ýyllar boýy ram edip giden elleri bilen deň ýedi togalaga—bir tamdyrlyk üçin bölüşdirdi-de, elleri bilen tekizläp-tegeläp, bir-birine ýelmeşmez ýaly aralaryna saçak goýup, hamyr eýlän syrçaly çanagyna saldy. Galanja hamyryny bolsa ikä böldi: kiçirägini maýalyk üçin niýetläp, akja mata dolap, kendirigiň bir burçuna süýşürdi; ulurak bölegini bolsa deň üç bölege bölüp, hasyr-husur oklawyny alyp ýaýmaga başlady. Çapadydan inçeräk, çelpekden galyňrak ýaýan hamyryny çalasynlyk aş pyçagy bilen inçejik kesen unaşyny kendirigiň üstüne serdi-de, tamdyryň howry peselmänkä nanyny ýapmaga howlugdy... Ogulgerek gelneje ýap-ýaňy tamdyrdan çykaran çöreklerini serişdirdi-de, ýene daşaryk ylgady. Ojakdaky gyzyp duran çaklaňja gazanyň içine iki barmak ak ýagy oklap goýberdi-de, entek ýag eremänkä tüňçedäki gaýnag suwy üstüne gapgardy, soň bolsa dört-bäş bölek kakadylan pomidory hem gaýnap duran gazana oklady-da, daşarda ýoldaşlary bilen oýnap ýören, on-on iki ýaşly ogly Hajymyrady çagyrdy: —Hajymyratjan, bärik gel oglum, soň oýnarsyň!—diýdi-de, ýene öýe, kesen aşyny almaga girip gitdi. Hajymyrat oglanlaryň ekabyrragy bolansoň, serkerde hökmünde, öz “goşunynyň nökerlerini igdeden bökdürip durdy. Igdäň adam boýy şahasyndan kim böküp bilse, sag tarapa—“atly goşunyň” düzümine alynýardy, böküp bilmedikler bolsa çep tarapa—“pyýada goşunda” galýardy. Hajymyradyň kellesi oýna gyzygyp, ejesiniň sözlerini iki gaýtalatmaly boldy: —Hajymyratjan, bar ballym, şu unaşy dökäýmänjik, gyzgynjygy bilen Toýly kakaňa eltip gaýt! Hassaň halyny sorasaň sogap gazanarsyň oglum—diýip, Ogulgerek gelneje Hajymyradyň eline syrçaly pitini tutdyrdy. Goltugyndan akja mata dolanan gyzgynjak çöregiň bir bölegini pitiniň gapagynyň üstüne goýdy-da, sargydyny dowam etdirdi: —Näsag soraňda ”Sag-aman gutulyň! Edilen emler şypaly bolsun! Ahyry gelsin!” diýmelidir oglum, ýadyňdan çykaraýma! —Bolýar eje—diýip, Hajymyrat öňüne seresap bolup, kirşenli ýoldan aýakýalaňaç ilerligine, Toýly agalara tarap ugrady. Onuň “nökerleri” ýerli-ýerden: —Hajy, nirä barýaň? —Hajy, nirä? Menem gidäýeýin seň bilen! —Sogap gazanmaga—diýip, Hajymyrat ýoldan ýüzüni sowman gysgajyk jogap berdi. Oglanlar ýene ýerli-ýerden galmagallaşyp: —Menem sogaba äkidäý-dä! —Bizem gidäýeli... Hajymyrat sesini çykarman ýoluny dowam etdirdi, onuň “goşunynyň” nökerleri tuduň çybygyndan ýasalan “bedwlerini, gylyçlaryny” ýabyň gyrasynda goýuşdyrdylar-da, kiçiräk tozan galdyryp, “serkerdeleriniň” yzyna düşdiler. Toýly aga Hajymyradyň kakasynyň we onuň inileriniň iň uly agalarydy. Toýly aganyň inileriniň hemmesi fronta gidip geldiler, ýaşy elliden geçeni sebäpli ony uruşa ibermediler. Uruşdan ilki bilen Hajymyradyň kakasy gelipdi. Hajymyrat “Salawmaleýkim!” diýip, içeri girende, Toýly aganyň aýaly—Aýnäzik gelneje adamsynyň eline kündükden suw akydyp duran ýerinden Hajymyradyň kişenli aýaklaryny görmediksirän bolup: —Aleýiksalam! Hajymyratjan, geçäý töre!—diýdi-de, adamsynyň eline süpürgiji tutdyrdy. Toýly aga hem ýuwaşja sesi bilen: —Waleýkimessalam! —diýp, ysgynsyz jogap gaýtardy-da, ýassygyna gyşardy-da ýorganyny üstüne çekdi. Onuň ýarawsyz ýatanyna bir aýdan gowrak wagt geçendir. Garahassa keseli ony bir aýyň içinde iňňä sapaýmaly edipdir, hat-da onuň mäşbürünç gür sakgaly hem birhili gysylyp, inçelen ýalydy. “Adam agyr kesellese tanalmaz derejä ýetýän ekenow... “ diýip, Hajymyrat oý-pikire batyp durşuna golaýyna gelen Aýnäzik gelnejesini hem birbada duýmady: —Wiý, ynha ejem iberdi. Gyzgynjak unaş...—diýip, Hajymyrat gözlerini Toýly agadan aýyryp bilmän durka, Aýnäzik gelnejesi Hajymyradyň elinden emaý bilen pitini alyp, boşadyp bermekçi bolup öýüň burçuna ýönelende, daşarda duran çagalaryň hümür-sümürini eşidip, boýnuny gapydan uzadyp: —Balalar, daşarda durmaň, giriň içerik! —diýdi. Hajymyradyň ýoldaşlary gapydan giren badyna ýorgan-düşekli ýatan Toýly aga gözleri düşüp, bir-birlerini iteleşip kürtdürip durdylar. Olar bir Hajymyradyň ýüzüne seretdiler, bir hem näsaga seredip näme etjeklerini bilmän birsalym çekinip, seslerini çykarman durdylar. Hajymyradam indiden beýläk näme etjegini bilmän, birden çykyp gidibermegi uslyp gördi-de, sesini çykarman duran ýerinden aşak çöküp, aýbogdaşyny gurap oturdy. Onuň “nökerlerem” “serkerdeleriniň” göreldesine eýerdiler—bir hatar bolup, ýaý berip oturdylar, tä Aýnäzik gelneje pitini boşadyp, ýuwup gelýänçä hiç kimden ses-seda çykmady. Birden Hajymyradyň Toýly kakasy bilen görüşmedigi ýadyna düşüp, ýerinden turup, hassa tarap ýöneldi, ol iki elini uzadyp: —Toýly kaka, salawmaleýkim! — diýdi. Toýly aga: —Waleýkim, aman-sagmy Hajymyratjan? —diýip, pessaý seslendi-de, ýorganyň aşagyndan guran ellerini Hajymyrada uzatdy. Toýly kakasynyň birwagtlar kätmen ýaly kerpiç guýýan elleri we ýeke özüniň daýaw öküzleri ýykan göwresi gurap gidipdir... Hajymyradyň hassaň ýanyndan aýrylanyna mähetdel, ýuwaş oturan çagalaryň bary birden ýerinden galyp, Toýly agaň daşyna hümer boldular. Olar “Toýly kaka, salawmaleýkim!” —diýişip, Toýly aga bilen biri-birinden öň görüşjek boluşyp, itenekleşip durdylar, Toýly aga bolsa ýatan ýerinden çagalaryň göwnünini ýykmajak bolup, bar güýjüni jemläp, nobatyň iň soňunda durana çenli bilen deň görüşdi. Hajymyrat görüşip bolansoň ýerine geçip oturdy, beýleki çagalaram onuň gapdalyna geçip, ýene ýaý berip oturdylar. Ýene hiç kimden ses çykanok, käwagt gözleriniň gytagy bilen Hajymyrada nazar aýlaýarlar, ol bolsa öz pikiri-oýy bilen gümra bolup, Toýly kakasynyň horlananyna gynanyp otyrdy. Biraz dymyşlykdan soň, Hajymyrat: —Toýly kaka! Ejem aýdyp goýberdi: edilen emler şypaly bolsun diýdi, sag-aman gutulyň diýdi...Hajymyrat soň näme diýjegini bilmän sägindi—ejesiniň soňky sözleri ýadyndan çykypdyr, ol ýadyna düşürjek bolup çalt-çalt pikirlenip başlady “Ýok. Yzy ýarasynam däl. Ahyry gelsin diýdimi ýa razy bol diýdimi?” —Hajymyrat Toýly kakasy bilen hoşlaşanda näme diýjegini bilmän kösenip oturyşyna, atasy edil şunuň ýorgan-düşekli ýatyrka obaň adamlary soramaga gelende, olaryň käbiriniň atasyna “Razy bol!” diýýänleri ýadyna düşdi, “menem şeý diýip turaýaýyn-la” —diýip belli bir karara geldi-de ýerinden turup: — Toýly kaka, sag bol! Razy bol! —diýip, gapa tarap ýöneldi. Hajymyradyň turaryna sabyrsyzlyk bilen garaşyp oturan çagalaň hemmesi birden ör turup, Toýly agaň ýakynyna baryp, hersi “Sag boluň, razy boluň!” —diýişip, daş çykyp başladylar. Toýly aga bu sözleri eşitmejek bolup, ýorganyny başyna çekip, bürendi, çagalaryň käbiriniň Toýly aga ýorganyň astyndan eşitmeýän bolaýmasyn pikir bilen sesine bat berip gygyrýany hem bardy... Aýnäzik gelneje gapynyň agzynda duran ýerinden bu hadysany synlap durdy. Ol sag eliniň aýasy bilen agzyny tutup durşuna, çep elindäki pitini sessiz-üýnsüz Hajymyradyň eline tutdyrdy... Çagalar uly şöweleň turuzyp, kirşenli köçäň tozanyny galdyryp, öýlerine dolandylar; gelýärkkäler, Aýnäzik gelnejän pitä salyp goýberen kakan eriklerini deň-derman paýlaşyp iýdiler. Aradan üç hepde geçensoň, Hajymyrat bir sebäp bilen Toýly kakalaryna baranda, Toýly aganyň çäkmenini egnine atyp, aýakýoluna barýanyny yzyndan görüp galdy. Kakajan Balkanow. awgust 2016 ý. | |
|
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |