ŞÖHRATLY ÝOLLARYÑ ÇATRYGY
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň Köpetdagyň etegindäki gadymy Oguz ýaýlasynyň merkezinde tutulmagy taryhy we medeni taýdan örän wajyp ähmiýete eýedir. Eziz Diýarymyzyň hut şu künjeginde diňe bir biziň Watanymyzyň taryhy üçin däl-de, tutuş adamzadyň şöhratly geçmişini täze belentliklere göteren medeni ösüşler amala aşdy. Bagtyýarlyga beslenen günlerimizde bu taryhy künjekde täze başlangyçlara, tutumly işlere badalga berilmegi ulus ilimizi buýsandyrýar. Bu gadymy toprakda adamzadyň ýaşaýyş medeniýetini özgerden täze daş — neolit eýýamynyň ilkinji Jeýtun, Änew, Paryzdepe medeniýetlerine degişli oturymly obalar döräp, ekerançylygyň, maldarçylygyň we seýisçiligiň ilkinji tejribeleri kemala geldi. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynda: «Hawa, ýollar bazarlary gyzyp, durmuşyň ähli ugurlarynda rowaçlanan, ösen şäherlere, ylmyň we medeniýetiň ojagyna öwrülen kuwwatly döwletleriň paýtagtlaryna, tebigatyň täsinliklere beslenen künjeklerine, ahyrynda bolsa, uly dünýä çykarýar. Dünýäni söküp, yklymlary birikdirýän ýollar nowjuwan Türkmenistanyň üstünden geçýär. Ýollary gadymy Oguz ýurdy birleşdirýär. Ýollar Türkmenistandan dünýäniň çar künjüne sary rowan bolýar. Bu taryhy hakykatyň üçünji müňýyllygyň başky çärýeginde täze röwşe eýe bolandygy dünýä äşgär» diýip, ýazýar. Taryha ser salanyňda, şol ýollardan Oguz paýhasy dünýä ýaýyldy. Dünýä medeniýetiniň gazananlary biziň ruhy baýlyklarymyz bilen ulaşdy. Ynsan aňyýetini özgerden ösüşleriň çatrygynda bolsa gadymy Oguz ýaýlasy dur. Taryhy jähetden alanyňda, Ahal welaýatynyň düýbi tutuljak täze dolandyryş merkezi gadymy ýollaryň çatrygynda ýerleşendigi bilen aýratyn tapawutlanýar. Örän seýrek duş gelýän bu täsin ýagdaý biziň ruhy dünýämizdäki döwletlilige, rowaçlyga, bagtyýarlyga bolan ynam-ygtykatlarymyzy ganatlandyrýar. Mälim bolşy ýaly, tebigy taýdan örän täsin jülge-derelere beslenen Köpetdag bilen asty hem üsti egsilmez hazyna hasaplanylýan bereketli Garagumuň arasyndaky ýaşyl zolak taryhymyzyň ähli döwürlerinde durmuşyň pajarlap ösen künjegi hökmünde mertebelenýär. Sebäbi bu künjekde Yzgantdan, Nusaýdan, Paryzdepeden, Şähryslamdan, Merwden, Hywadan hem Eýrandan gelen söwda ýollary dag eteklerini yzarlap, orta asyrlaryň ösen medeniýetli şäherlerine elten Damana ýoluna birigipdir. Bu taryhy hakykat milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynda ylmy taýdan anyk maglumatlar bilen beýan edilýär: «Heniz ýaş oglankak Babarabyň günortasyndaky dag eteklerine bahar aýlary düşelen ýaşyl parçanyň üstüni büreýän gülälekli, çigildemdir bägülli meýdanlara barardyk. Bu günlerde ýaňy «tikinen» ýaşyl donuny atynan belent baglary, ak garly ýaglygyny başyna bürän Köpetdagy synlamagyň, sähra gülleriniň şemala yranýan başlarynyň döredýän mukamyny diňlemegiň, säher çygynyň ýuwan otlarynyň tämizligine tomaşa etmegiň, ýagyşdan soň terlenen maýsalaryň arasyndan sogrulyp, ak çägeleriň üstünden öwsüp-öwsüp gelýän mylaýym şemalyň ýakymyny, Günüň nurly tyglarynyň bu jelegaýlary ýyladyşyny duýmagyň lezzeti başga. Köpetdagyň merkezindäki Märkew, Tagta, Herek, Garly dag derelerinden gaýdýan ençeme ýodalaryň dag etegindäki Damana ýoluna birigýändigini, ol ýoluňam bir ujunyň gadymy Nusaý galasyna, beýlekisiniň bolsa gadymy Yzganda — Oguzkende getirýändigini synlanymda, şol döwürlerde ýaşulularyň täsin-täsin mazmunly wakalar bilen utgaşdyryp gürrüň beren Beýik Ýüpek ýolunyň yklymlary birleşdiriji güýji hem-de onuň merkezinde duran Türkmenistanyň gadymy döwürlerden bäri dabaralanyp gelýän şöhrat-şany meni özüne maýyl edýärdi. Asyl, meni çagalykdan çalbaş taryhyň jümmüşine aralaşdyrýan şol köne Damana ýolunyň dünýäni özgerden Beýik Ýüpek ýolunyň esasy şahasyna dahyllydygyna soň has magat göz ýetirdim. Mekdep ýyllarynda ygtybarly ylmy maglumatlary okap, bu ýollaryň halkara ähmiýetli, umumadamzat bähbidi bilen ymykly gyzyklanyp başladym hem-de keremli topragymyzdan gözbaş alýan kerwen ýollarynyň dünýäniň gujagyna, edil agajyň kökleri ýaly ýaýrap gidýändigine, biziň eziz Watanymyzyň şol damarlara gürsüldäp urýan ýürek kimin jan we kuwwat berýändigine aň ýetirdim». Gahryman Arkadagymyzyň juda jaýdar belleýşi ýaly, hut Damana ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy-medeni ýadygärlikler bu gün biziň halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan milli gymmatlyklaryny öwrenmekde örän gymmatly maglumatlary berýär. Sebäbi bu gadymy toprakda dünýä belli ak bugdaý ösdürilip ýetişdirilipdir. Şu toprakda kemal tapan deňsiz-taýsyz ahalteke bedewini ýetişdiren milli seýisçilik sungatymyz Arkadag Prezidentimiziň tagallasy netijesinde täze ykbala gowuşdy. Göreni haýran galdyrýan nepis türkmen halylaryny sünnäläp dokan çeper elli gyz-gelinlerimiz, milli aýdym-saz medeniýetimiziň sütünleri bolan meşhur bagşy-sazandalarymyz hem şu toprakda jahany jadylaýan sungatlaryny döretdiler. Şöhratly ýoluň çatrygynda ýerleşen Damana ýoly arkaly milli baýlyklarymyz dünýäniň goýnuna aralaşdy. Asyrlaryň jümmüşinde kämilleşip, jöwher deýin nurana paýhasa öwrülen ruhy dünýämizde bu toprak beýik başlangyçlaryň badalgasy bolar. Şeýle mukaddes ruhy dessurlara beslenen gadymy toprakda düýbi tutuljak täze şäheriň rysgal-bereketliligiň, rowaçlygyň, il-ýurt bähbitli, tutuş adamzat ähmiýetli döwletli işleriň badalgasyna öwrüljekdigi ikuçsuzdyr.
Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri.
Publisistika