21:00 Soltan Alp Arslanyñ dogasy | |
SOLTAN ALP ARSLANYÑ DOGASY
● Gynansak-da... Soltan Alparslan Türkmeniñ Malazgirtde Wizantiýa goşunyna garşy giren ýeñişli söweşiniñ öñüsyrasynda jumga namazyna duran metjidi häzirem ýarym ýykyk haraba halda... Şu gün 26-njy awgust güni 1071-nji ýylda seljuk türkmenleriñ wizantiýalylaryñ garşysynda gazanan şanly Malazgirt söweşine tegelek 948 ýyl bolýar. Söweşde Alla üçin, Watan üçin, halk üçin gahrymanlarça wepat bolan türkmen şehitlerine Alladan rahmet dileýäris. Goý, şehitlerimiziñ we gazylarymyzyñ ýatan ýerleri ýagty bolsun, jaýlary jennet bolsun! Ýokarda-da gynanç bilen belleýşimiz ýaly, 1970-nji ýyla çenli ulanyşda bolan we 1064-nji ýylda seljuk serkerdesi Manuçehr tarapyndan Any-Şähristanda gurdurylan Manuçehr metjidi häzirem ýarym ýykyk haraba halda dur. Bu taryhy metjit Kiçi Aziýada gurulan ilkinji türkmen metjidi bolmagy bilen möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle-de, bu metjit Beýik Seljuk imperiýasynyñ patyşasy Soltan Alparslan wizantiýalylara garşy ýeñiş gazanmak üçin merdana türkmen ýigitlerini daşyna üýşürip jumga namazynda doga-dileg eden metjididir. Seljukly we Osmanly türkmenleriñ bu günki mirasdüşerleri bolan doganlyk türk döwletiniñ ýa bolmasa bir bitewi we şan-şöhratly türkmen taryhynyñ hakyky mirasdüşerleri hökmünde türkmen döwletiniñ degişli ýerleri bu metjidi gaýtadan abatlamak we ony ulanyşa açmak barada aladalansalar, gör, nähili ajap we sogaply iş bolardy! Ynha, şeýle ýagşy arzuw-umytlar bilen Malazgirtde wepat bolan türkmen gerçekleriniñ ruhuny ýat edip, www.kitapcy.ga edebi-çeper we taryh saýty professor Ahmet Kalanyñ makalasyny okyjylaryñ dykgatyna ýetirýär. * * * Üns beriñ: Türkmenleriñ Anadola girişi 1071-nji ýylda däl-de, 1064-nji ýylda Alparslanyñ Any-Şähristany eýelemegi bilen başlady. 1061-nji ýylyñ ýaz aýynda Soltan Alparslan Siriýada şaýylara garşy göreşde gutarnykly ýeniş gazandy we şaýylaryñ Fatymy döwletini dolulygyna ýok etmek üçin Siriýanyñ üstünden Müsüre ýöriş etmäge taýýarlyk görýärdi. Seljuk goşunynyñ özünden daşdalygyndan peýdalanmak islän Wizantiýanyñ imperatory Diogen Alparslanyñ 1064-nji ýylda eýelän Any-Kars-Pasinler-Wan sebitlerini yzyna alyp, seljuklary Anadolydan kowup çykarmak maksady bulen 200 müñ adamlyk goşuny bilen ýola çykdy. Soltan Alparslan goşunyñ bir bölegini şaýy çapawulçylyklaryna garşy goranmak üçin galdyryp, Müsür ýörişini goýbolsun etdi we gyssagly Anadola dolanyp geldi. Ol wagtynyñ çäkliligi we şaýylara garşy hem uruşmaly bolandygy sebäpli bary-ýogy 40 müñ adamlyk goşun bilen gelmeli bolupdy. Soltan Alparslan jany-teni bilen hyzmat edýän dinine gulluk etmek üçin yslam halyfyndan Wizantiýa garşy girjek aýgytlaýjy söweşinde türkmen gerçekleriniñ hormatyna doga-dileg etmegini isläp hat ugradypdyr. Gelen ilçilerden haty alan halyf bu söweşde yslam goşunynyñ serkerdesi Soltan Alparslanyñ ýeñiş gazanmagy üçin hut ýazan doga-dileginiñ ýazgysyny jumga namazynyñ hutbasynda okalmak üçin ähli yslam ýurtlarynyñ metjitlerine ugradypdyr. Bir jana, bir tene, bir ruha öwrülip, dünýäniñ ähli metjitlerinde 1071-nji ýylyñ 26-njy awgustynda Juma güni okalan we halyfyñ hut özüniñ taýýarlan Ýeñiş dogasy, ynha, şeýle: "ALLAHYM, yslam baýdagyny beýgelt we yslama ýardam et. Soltan Alparslanyñ Senden dilän ýardamyny ondan gysganma. Onuñ goşunyna perişdeleriñi kömekçi eýle. Onuñ niýetini we azmyny haýyr we üstünlik bilen netijelendir. Çünki ol diñe Seniñ razylygyñy almak üçin öz rahatlygyny terk etdi. Maly we jany bilen buýruklaryña eýermek maksady bilen Seniñ ýoluña düşdi. Çünki Sen: "Eý, iman edenler, size ýandyryjy azapdan halas bolmagyñ ýoluny görkezeýinmi? Hudaýa we Onuñ Pygamberine ynanýan bolsañyz, Onuñ ýolunda janyñyz we malyñyz bilen bile söweşiñ" diýipdiñ. Seniñ sözüñ hakykatdyr. Allahym, ol nädip Seniñ sözüñe uýup, şerigatyñ goralmagynda gowşaklyk görkezmän buýrugyña eýeren we duşmanlaryña garşy durup dinine hyzmat etmek üçin gijesini gündize öwren bolsa, Senem oña ýeñiş nesip eýle! Onuñ dogalaryny kabul et. Onuñ kaza we takdyryny özi üçin gowy we haýyrly görnüşde amala aşyr. Onuñ daşyny şeýle bir goragçylar bilen gurşap aldyr welin, olar duşmanlaryñ her dürli hilelerini dep etsin. Lutfyñ bilen, gözel sypatlaryñ üçin ony iñ ynamdar we iñ berk eller bilen gorasyn. Omyn". (Ahbâru’d-Dewlet-i Seljukiýýe, s. 47-49). Anadolydaky ilkinji seljuk metjidi bolan Manuçehr metjidinde bolşy ýaly, yslam dünýäsiniñ ähli metjidinde Jumga namazynyñ yzyndan okalýan hutbada bu doga-dileg okalypdyr. Soltan Alpaslan bolsa şol wagt Malazgirtde jumga namazyna durupdyr we özüne eýerip kepen hökmünde ak eşige bürenen goşuny daşyna jemleýär. Soltan ilki seždä egilip, şeýle doga edipdir: "Ýa Rebbim, Seni özüme wekil hasap edýärin, beýikligiñ garşysynda ýüzümi ýere sürtýärin we Seniñ üçin söweşýärin. Eý Allahym, niýetim halys ýürekdir, maña ýardam et. Sözlerimde nädürslük bar bolsa, meni gazabyña duş et". Soltan iman çogup duran bu dogasyny okandan soñ, ýerinden turdy we esgerlerine şeýle ýüzlendi: "Bärde Allatagaladan başga Soltan ýok, emir we takdyr Onuñ elindedir. Şonuñ üçin meniñ bilen bile söweşip söweşmezlik siziñ özüñize bagly". Ol sözüni tamamlan badyna köpçüligiñ bir adama, bir sese öwrülen sesi asmana galdy: "Seniñ emriñden hiç haçanam çykmarys we Allanyñ ýolunda hemmämiz bile söweşeris!" Soltan, begler, serkerdeler we esgerler gözleri ýaşly halda biri-birlerini gujaklap, razylaşdylar. Soñra Soltan Alp Arslan atyna atlandy we esgerlerine iñ soñky gezek ýüzlenip: "Eý meniñ esgerlerim! Eger men şehit bolsam egnimdäki şu ak eşigim kepenim bolsun. Belkäm, şol wagt ruhum arşa göteriler. Mälikşany ýerime tagta çykaryñ we oña boýun sunuñ. Ýeñiş gazansak, onda bize öñümizde juda haýyrly günler garaşýar" diýdi. (Ahbâru’d-Dewlet-i Seljukiýýe, sah. 49. Ibnül Esir, jilt 10, sah 23). Bu sözleri aýdansoñ soltan wizantiýalylaryñ üstüne atly okdurylyp, ilkinji hüjümiñ başyny başlady. Soltan Alparslan söweşiñ öñki gijesi Juma gününiñ ir säherine çenli tekbirdir dowul, goh-galmagal, ok atyşlary bilen wizantiýaly esgerlere ynjalyk bermändi, ukusyzlyk we ýadawlyk wizantiýalylary halys ysgyn-mejaldan gaçyrypdy. Emma soltanyñ iñ uly hüjümi jumga namazynyñ hutbasynda okaljak Ýeñiş dogasy bilen beren ruhy goldawy we esgerleriniñ imanyny mizemez belentlige çykarmaga beren maddy hem-de ruhy taktikasy goşuny görlüp-eşdilmedik derejede galkyndyrypdy. Yslam dünýäsiniñ bir göwrä, bir ruha jemlenip eden ýeñiş dogalary Allanyñ dergähinde kabul boldy we Soltan Alp Arslan iki sagada ýetirmän wizantiýalylary derbi-dagyn etdi we taryhda hiç haçan şöhraty könelmejek ýeñiş gazandy. Mundan öñ halyf tarapyndan Wizantiýadan 1064-nji ýylda Anyny we onuñ töwereklerini basyp alandygy üçin Soltan Alp Arslana berilen "Ebul-Feth" ("Ýeñijileriñ atasy") derejesi berlipdi. Şanly Malazgirt ýeñşinden soñ bolsa “Melik-ud Dünýä” ("Dünýäniñ soltany") derejesi berildi. Gynansak-da, Soltan Alp Arslan bu ýeñişiñ üstünden bir ýyl geçensoñ, 1072-nji ýylda aradan çykdy. Malazgirt ýeñşinden soñ 1072-nji ýylda Anadolyny eýelemegini dowam etdirýän soltan Türküstanda şaýy-batyny toparlaryñ çykaran bulagaýlyklaryny ýatyrmak üçin Mawerannahr ýörişine çykmaga mejbur boldy. Ol öz huzuryna getirilen etmişli batyny ýesiri tarapyndan pyçaklanyp şehit edildi. Agyr ýaraly halda üç gün ýaşan soltan iñ soñky demini sanap ýatyrka: "Bir depäniñ üstünde durkam goşunymyñ aýak sesinden we esgerlerimiñ köplüginden ýeriñ sarsýanyny duýdum. Şonda öz ýanymdan: "Men Dünýäniñ Soltany ("Melik-ud Dünýä"). Maña hiç kimiñ güýji ýetmez. Men bu goşun bilen Hytaýy-da basyp alaryn" diýip oýlanypdym. Men hut şu men-menlik sebäpli şeýle ejiz hala düşdüm. Çünki men her ýörişe çykamda Alladan ýardam dilärdim. Alla meniñ günämi geçsin" diýip, ölüm ýassygynda ýatyrka-da añlajaga sapak bolarlyk sözlerini aýdypdyr. (Ibnül Esir, jilt 10, sah 25. Ahbâru’d-Dewlet-i Seljukiýýe, sah 54). Biz ondan razydyrys, Allatagala hem ondan razy bolsun! Jaýy jennet bolsun! Hut şeýle ýagşy doga-dilegler bilen erenlerini yzyna salyp Horasandan Anadola yslam nuruny ýaýmak üçin gelen, Karsyñ we Gündogar Anadolynyñ ruhy fatyhy, Anadolynyñ ilkinji şehitlerinden Hasan Harakany hezretlerine (şahadaty 1034 ý), Hezreti Harakanynyñ yzysüre Anadola gelip Anyny eýelände (1064), ol ýerde ilkinji yslam-türkmen şäherini guran Şehit Ebulfeth Soltan Alp Arslana (şahadaty 1072 ý), şanly ýörişleriniñ mynasyp dowam etdirijisi Şehit Soltan Mälikşaha (şahadaty 1098 ý), her iki soltanyñ baş wezirligini eden şehit Nyzamul Mülke (şahadaty 1097 ý), galyberse-de Anadolyny türkmen ýurduna öwürmekde we gorap saklamakda geçmişde bolşy deý bu günlerde-de mallaryny, janlaryny pida eden ähli şehitlerimize we gazylarymyza Allatagaladan rahmet dileýärin. Jaýlary jennet, ruhlary şat bolsun! # Alynan çeşme: Prof. Dr. Ahmet KALA (2015-2017) "Anadolunun İlk Selçuklu İpekyolu İslâm Şehri Anı-Şehristan". | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||