SOLTAN SANJAR DÖWRÜNIÑ MERW KITAPHANALARY
Taryhy çeşmelerde Türkmenistanyň çäklerinde orta asyrlarda Beýik Seljuk döwletiniň soltanlarynyň ylym-bilimi, medeniýeti ösdürmäge uly goşant goşandyklary beýan edilýär. Seljuk soltanlarynyň ählisi ylma, alym-ulamalara, ylym öwrenýänlere hormat goýupdyrlar. Olardan Soltan Sanjar Merw şäherini paýtagt diýip yglan edip, bu ýerde ylym-bilimi ösdürmekde has hem tapawutlanypdyr. Soltan Sanjar alymlara aýratyn sarpa goýup, olaryň Merwde ylym öwrenmekleri, açyş etmekleri we dürli ugurlarda kitaplary ýazmaklary üçin ähli şertleri döredipdir.
Soltan Sanjaryň döwründe Merwiň «Nyzamiýe» medreseleriniň hersinde kitaphanalar bolupdyr. Medreseleriň gurluşyk taslamasy düzülen wagtynda kitaphana üçin ýörite ýer kesgitlenip, onuň üpjünçiligine aýratyn üns berlipdir. Sebäbi medreseleriň abraýy diňe bir ondaky alymlaryň tanymallygyna bagly bolman, eýsem kitaphanalaryndaky kitaplaryň köplügi we gymmatlygy bilen hem kesgitlenipdir. Medresäniň kitaphanasy diňe onda ylym öwrenýänlere däl-de, daşyndan isleg bildirýänler üçin hem elýeterli bolupdyr.
Merwiň kitaphanalary baradaky maglumatlar esasan hem Merwde 3 ýyl ylym öwrenip, kitap ýazan Ýakut al-Hamawynyň «Ýurtlar hakyndaky sözlük» atly eserinde köp duş gelýär. Ol Merwde Beýik Seljuk döwletiniň tanymal wezirleri Nyzam al-Mülküň we Mejid al-Mülküň atlaryny göterýän iki uly kitaphananyň, «Kitap al-ansab» atly 8 tomluk ensiklopedik kitabyň ýazary Abu Sahyt as-Samany al-Merweziniň gurduran iki kitaphanasynyň, Soltan Sanjaryň köşk emeldary Azizetdin Abu Bekiriň gurduran «Aziziýe» atly kitaphanasynyň, şeýle-de «Hatynyýa», «Kemalyýa», «Amydiýa», «Zamiryýa» kitaphanalaryň bardygyny we olardan hiç hili girew goýman kitap alyp bolýandygyny belläp geçipdir. Hamawy atlaryny agzan kitaphanalarynyň ähmiýetine ünsi çekip, bütin dünýäde şular ýaly baý hem ajaýyp kitaphanalary öň görmändigini, özüniň hem esasy eserlerini şol kitaphanalarda ýazandygyny nygtapdyr.
Bulardan başga-da, Ibn Esiriň «Kämil taryh» atly eserine görä, Mälik şanyň maliýe işlerine jogapkär weziri Abu Sad Şerifalmülkiň gurduran kitaphanasy hem alymlaryň köp gelim-gidimli ýerleriniň biri bolupdyr. Orta asyr taryhçysy Ibn Funduk Beýhakynyň «Musulman akyldarlarynyň taryhy» atly eserinde, alym Abul Fath Kuşegiň durmuşy hakyndaky hekaýasynda «Onuň (Abul Fath Kuşegiň) kitaplaryny Soltan Sanjaryň şahsy kitaphanasynda gördüm. Soltan Abul Fathyň kitaplaryny uly höwes bilen okardy...» diýip belläpdir. Bu maglumat Soltan Sanjaryň hem Merwde örän gymmatly kitaplardan düzülen şahsy kitaphanasynyň bardygyny we onuň ylym öwrenmäge höwesek bolandygyny subut edýär.
Ýakut Hamawynyň berýän maglumatlaryna görä, şol döwürde seljuk kitaphanalarynda oňa jogapkär edip bellenen «hazyn» (hazyna eýesi) diýlip atlandyrylan ýolbaşçysy bolupdyr. Ol ylymly-bilimli, hatda birnäçe kitabyň eýesi bolan meşhur adamlardan saýlanypdyr. Käbir uly kitaphanalarda olaryň işlerini ýeňleder ýaly kömekçileri hem bolupdyr. Ýakut döwrüniň tanymal dil we edebiýat alymy Ýahýa ibn Alynyň bir kitaphana hazyny (ýolbaşçysy) bolandygyny belläp, bu maglumatyny takyklapdyr. Şeýle-de kitaphanalarda kitaplary asyl nusgasyndan golýazma arkaly göçürip, köpeldýän «mustansyh» (ýazyp köpeldýän) atly işgärler bolupdyr. Olaryň golýazmalarynyň owadan hem-de düşnükli bolmagy bilen bir hatarda çalt ýazmaklary esasy talap bolupdyr. «Munawyl» (hödürleýän) atly kitaphana işgärleri okyjylara gerekli kitaplaryny tapyp bermek işlerini ýerine ýetiripdirler. Bulardan başga-da, kitaplaryň ogurlanmazlygyna gözegçilik etmek, kitaplary tikmek we kitaphananyň içini arassalamak işlerini amala aşyrýan ýörite işgärler hem bolupdyr.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň birinji kitabyndaky arap alymy hem-de syýahatçysy Ýakut Hamawynyň: «Men Merwden çykyp gaýdanymda bu ýerde uly kitaphanalaryň 10 sanysy bardy. Men bütin dünýäni aýlanyp, şular ýaly baý hem ajaýyp kitaphanalary görmedim... Meniň ol kitaplara bolan söýgim ähli şäherleri ýatdan çykarmaga mejbur etdi. Olar meniň ünsümi, hatda maşgalamdan we çagalarymdan hem kesä sowýardy» diýip aýdanlary Merwiň dünýä belli kitaphanalarynyň bolandygyny subut edýär.
Aýşa KADYROWA,
Dänew etrabyndaky 42-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.
Taryhy makalalar