23:31 Soltangözel gelneje / hekaýa | |
SOLTANGÖZEL GELNEJE
Hekaýalar
Soltangözel gelneje adamsynyň ýylyny belläp, aşyny bereninden soň, iki aý geçirip, körpe ogly Agamyrady öýlendirdi. Agamyrat gelni bilen “äbe-de-jüýje” boluşyp, bir-birlerine tiz ysnyşanlaryna, olaryň goňşy otagdan häli-şindi eşidilýän şatlykly gülkülerine begenip: “Wah, atalary bolsa bolmaýarmy...” diýip, biygtyýar gelen gözýaşyny süpürerdi. Soltangözel düýnki ýygan mekgelerini daň atmanka uly gazanda ataryp, palaçlaryny çapyşdyryp, sygyrynyň nowasyna dökende, şapak gyzaryp, Günüň dogmagyna sähel wagt galypdy. “Indi bişendir-dä” diýip, gazany düşürip, suwuny dökdi-de, bugaryp duran mekgeleri seçişdirdi: süýtlijelerini bir okara, gatyjalaryny başga okara; ululy-kiçisini bolsa bir ýaňa saýhallap, ýylysy gitmez ýaly mekgeli gaplaryň daşyny mäkäm dolap, ullakan ýantorba saldy-da, ogly bilen gelni daş çykýança, çaý oturtdy. Ol gelin edineli bäri hezil etdi: öýüň bar aladsyny gelin özüne geçirdi—asyl, yrym üçinem gaýynyna ýekeje iş goýaýsa nädersiň! Irginsiz, galjaň gelnini synlap durşuna: “Bu bikärligime men sust bolup giderin-le. Içimi hümledip oturmaýyn-la. Bir ýyllap Öwezgeldi janymyň hatyrasyny saklap, toýa-tomga gatnaşman, öýden çykman oturdym. Göwnüm açylar ýaly bir güýmenje tapaýyn” diýip, geçen hepdeden bäri şähere mekge äkitmägä başlady. Ogly maşynyny hereketlendirýänçä ertirligini edinip, taýyn bolupjyk oturýardy. Agamyrat ilkiba-da: “Eje, men-ä utanýan-ow. “Ejesine mekge satdyryp ýör” diýip gürrüň edäýjekler ýaly bolup dur” diýende, eejsi: “Etseler, edibersinler., bolmanda-da il agzyny ýygyp bolmaz. Halalja zähmedim bilen, mellejigimden öndürenje hasylymy satýan, onuň üçin ýüzüň gyzarmasyn oglum!” diýip, ogluny rahatlandyrdy. “Oglum-a gulak asar welin, gelin sen näderkäň?” diýip gelnine soragly nazaryny dikende, ol gaýnyna raýdaşlyk bildirýän ýaly, mähirli ýylgyrdy-da, agyr ýantorbany ýeke özi göterip maşynyň yzky oturgyjynyň öňünde ýerleşdirip: —Sag-aman baryň! —diýip, işe gidip barýan adamsyna bir zatlar sargady. Agamyrat gelni bilen ylalaşýandygyny bildirip, ýylgyryp, başyny atdy-da: —Günortan nahara garaşmaň, işim köp, barlagçy geldi, sypyp bilmen—diýdi. Agamyrat gök bazaryň gabadynda maşynyny saklap, mekgeli ýantorbany mekge satýan daýzalaň ýanyna eltip goýansoň, ejesine soragly nazaryny öwürdi. Soltangözel: —Taňryýalkasyn! Öýe özüm bararyn, oglum. Işiňden ünsüňi bölme—diýip ogluny ugratdy. Soltangözel hatara oturan aýallar bilen saglyk-amanlyk soraşyp, oglunyň sowgadyny—eplenýän, brezentden ýasalan çaklaňja oturgyçjygyny ýaýyp, üstüne ornaşansoň, ýantorbasyny açdy. Bu gezek onuň mekge satmaga ikinji sapar gelişidi. Edil ilkinji günki ýaly, mekge satýançylaryň biri gelip: —Daýza, tutuş berýäňmi? —diýip, mekgäň üstüne abandy. —Ýok-la, dogan, men-ä şundan peýda görmek niýeti bilenem gelemok-la, köpüň içnde otursam göwnüm açylýar diýip, wagtymy geçirmek üçin geläýýän—diýdi. Onýanaça, mekge satýan aýallar howsala düşüşip: “Anha, gelýär-de, gelýär” boluşdylar—kim sumkasyny, kim çanagyny göterip hatardan saýlanyp, bir gyra çekildiler. Soltangözel gelneje nämäň-nämeligini aňşyryp ýetişmänkä, ýaşyl eşikli, boýnundan şahadatnama asylgy deşli ýigit: —Salawmaleýkim daýza! —diýip, Soltangözele salam berdi. —Aleýik salam! —Daýza, köçede haryt satmaklygyň gadagandygyny bileňokmy? —Bu näme, köçemi? Gök bazaryň işig-ä bu—diýip, hiç zatdan habarsyz, Soltangözel, ýaňky ýigidiň özini ýazyklaýan ýaly äheňde jogap berdi. —Hakykatdanam, bu daýza düzgüni bilenok—diýip, ýaşyl eşikli gözegçi ýigit ýoldaşyna öwrülip ýüzlendi. Soň Soltangözel gelnejä: —Daýza, harydyňy bazaryň içinde satmaly, daşarda satmak gadagan. Indiki gezek duşsaň jerime tölemeli bolarsyň, bu ilkinji gezek bolansoň duýduraýaly. —Wah, hanym, meň o düzgüniňizden habarym ýok. Iller satyp otyr, menem şolaň ýanyna çökäýdim-dä. Ýör, satylmaly ýerini görkez, şo taýda sataýmaly bor-da!—diýip, daşyna çykaran mekgelerini çanagyň içine salyp, daşyny dolady-da, oturgyjyny ýygnady. Onuň bolşuna gözegçi we onuň ýanyndaky ýoldaşy biygtyýar ýylgyrdylar. Gözegçiň ýoldaşy: —Bazaryň içinde satjak bolsaň söwda nokatjygyň bolmaly, Siziň ýeriňiz barmy? —Yok, ýerim-ä ýok hanym. Biz bir, günde-günde söwda edip ýörenem däl-le, ýer ediner ýaly. Bu bir güýmenje-dä, oglum. Öýde otursaňam içiň gysýar—diýip, “Geçen gezeg-ä adymyzy tutan ýok. Wah, ýaňy tutuş berip, gidibermeli eken” oýlanyp durşuna, gözegçilere: —Jigilem, getiren zadymy yzyma äkitmäýin-le! Öýe eltemde-de munçany iýjek ýok. Gidäýeýin disemem, ulagymam ýok. Men ho-ol gyrajykda oturyp, derrewjik deger-degmezine satyşdyryp gidäýeýin-le?! —diýip, haýyş etdi. —Bolanok daýza, gadagan. Soltangözel ýalbarmagyň peýdasyzdygyna düşünip, agramlyja mekgelerini göterip, gök bazaryň çäginden saýlandy. Özi ýaly mekge satýan aýallaryň deňinden geçip barýarka olaryň biri: —Daýza, entek howlukma, olar häzir beýleki bazarlara aýlanmaga gidýäler. Gidensoňlar ýene ýerimize bararys—diýip, dogumly seslendi. Soltangözel sesini çykarman, ýoluny dowam etdirdi. Başyny sallap ýöräp barşyna: “ Munça mekgäni näme etsemkäm? Goňşylara paýlaýsammykam? Olaň öz mekgelerem-ä küde bolup ýatyr. Ýok-la, yzyma bir äkitmäýin-le” diýip, oýlanyp barşyna,gapdaldan bir ýerden çagalaryň şadyýan sesleri eşidildi. Ol ses çykan ýere öwrülende, çagalar bagynyň deňinden geçip barýan ekeni. “Gowy bolaýdy” diýip, ol bakja sowuldy. Oýnap ýörenje çagalaryň golaýyna baryp, ýantorbasyny açyp, ýumşajyk, süýtlüje mekgleri saýlap, bir-birden çagalara paýlap başlady. O barmana, ak ýektaýly terbiýeçileriň biri tüweleý ýaly atylyp gelip, çagalaň elindaki mekgeleri ýygnaşdyryp, Soltangözel gelnejäň çanagyna oklady-da, demi-demine ýetmän, sojap durşuna: —Bolşuňyz nähili? Kim Size bakjaň içine girmäge rugsat berdi? Näme çagalary zäherlejek bolýaňyzmy? —diýip, azgyryldy. Soltangözel gelnejäň ilkibada dili tutulyp, näme diýjegini bilmän, ýakasyny tutdy, özüni dürsänsoň, ellerini bykynyna urup, üstüne abanyp duran bakjaň işgärine: —Toba, toba! Aýdýanyň näme? Hiý, gül ýaly, bigünä çagalara kim hyýanat edip biler!? Öz ýetişdirenje mekgäm, bazarda satmaga rugsat bermediler. Öýe, yzyma alyp gitmäýin, çagalara paýlaýaýyn diýdim... —Çagalarymyzy wagtly-wagtyna naharlaýas, olaryň öz iýýän iýmitleri bar. —Onda , size goýup gidäýeýin-le, özüňiz iýiň! Isrip bolmasyn-da... —Hany, kän gürleme-de, paty-putyňy ýygna-da, çaltrak saýlan şu ýerden, bolmasa derrew polisiýany çagyraryn—diýip, terbiýeçi hemleli sesi bilen onuň sözüni böldi. Soltangözel ýüzüne urlan ýaly, lapykeç bolup, ýoluny saýgarman gidip barşyna, gat-gat ýaşaýyş jaýly mikroraýonyň1) bir toplumynyň içine girenini hem duýmandyr. “Birazajyk dynjymy alaýyn” diýip, otugyçjygyny ýaýyp, ýantorbasyny öňünde goýup oturanyna mähetdel ýaly, çagasynyň elinden tutup, geçip barýan ýaş gelin säginip: —Daýza näme satýaňyz? —diýip sorady. —Mekge. —Näçeden? —Ballym, näçeden geçse-de berjek, ir bilen gelişim, tizräk öýüme aşsam bolýar. —Maňa iki sanjagyny saýlap berseňizläň! —Me, özüňjik saýlaý keýigim!—diýip, okaralaryny daşyna çykaryp hatarlap goýdy—Ynha munda gatyjasy bar, munda süýtlüjesi bar, haýsyny halasaň alaý! Ýaşajyk gelin özüne gatyjasyny saýlap, gyzjagazyna ýumşajygyny-süýtlijesini berip, puluny uzatdy: —Şu ýetýämi, daýza? —diýip, bir manat uzatdy. —Artykmajy bilenem bolýar, ýöne gaýtargy berere şaýlygym ýok, özüňde bar bolsa beräý! Gelin ýyljajyk mekgäni bir gezek dişläp, çeýnäp durşuna: —Munuň süýjüdigini, bal ýaly! —Indiki gezek gelemde ýatladaýarsyň-da! —Ýok-la, daýza, bahasyna degýär, razy. Sag boluň! —diýip, çagaly gelin ýoluny dowam etdirdi. Mekge satylýan ýere howluda oýnap ýören çagalaryň hemmesi üýşdi: “Maňa-da ber-de, maňa-da ber!” boluşyp, basga düşdiler. Jübüsinde puly bary şobada hasaplaşdy, Soltangözel öýlerinden şaýlyk almaga giden çagalara-da garaşdy. Çagalaryň käbirine bolsa “Zeleli ýok, ballym. Indiki gezek gelemde hasaplaşaýarsyň” diýip, nesýesine-de berip goýberdi. “Mekge paýyndan” gijä galanlary bolsa: “Öňümizdäki ýekşenbe köp getirjek, şonda maňa ýatlatgyn! Ilki bilen saňa bererin” diýip, köşeşdirýärdi. Ýekşenbe güni Soltangözel çagalara beren wadasynda tapyldy. Ol ir salkyn, gün gyzmanka iki sany syrçaly bedräni mekgäň her hili görnüşinden dolduryp, öňki ýerine gelip, çagalara garaşdy. “Mekge satýan daýza gelipdir” diýen habar howlyň içine tiz ýaýrady. Ýumşajyk, arzanjak, elinje bişen mekgäni almaga ulylaram gelip başlady. Bu gezek düýnki mekgesiz galan çagalara-da ýetdi. Ol melleginiň mekgesi sowulýança şähere ýene iki-üç gezek gatnady. Iň soňkyja hasylyny ýerläp, ogluna garaşyp otyrka, onuň ýanyna garnyny gäberdip, ak şlýapaly, ýedi-sekiz ýaşlyja oglanjygyň elinden tutup, deşli adam geldi. Ol “salam-heliksiz”, ýokardan aşaklygyna seredip durşuna, ýanyndaky çaga barmagyny çommaldyp: —Şu meň agtygym. Siz şu çagany ät goýupsyňyz. Näme, iki sany mekgäňizi gysgandyňyzmy? Meň çagamyň beýleki çagalardan näme kemi bar? —diýip, süründi. Ol güýçli tolgunmasyny basjak bolup, öňe-yza ýöräp, äýnegini düzedişdirdi-de: — Her sapar geleňizde howlymyzy hapalap gidýäňiz. Sizden soň howlyny arassalamak iş bolýar— nirä baksaň mekgäň çöňürsegi dagap ýatyr, Ýogsa-da, Siziň iýmit satmak üçin rugsatnamaňyz bir barmy? Soltangözel, duýdansyz hüjüme nähili garşylyk görkezjegini bilmän aljyrady. Ol müýnli ýaly gabat garşysyndaky duranyň galyň aýnaly äýneginden çykaýjak bolýan gözlerine seredip: —Aý, dogan şu ýaşyma çenli entek adamyň göwnüne degen ýerim ýokdur, çagaňka-ha asla-da. Ulu- kiçi diýmän gelen gerejegini alyp gidip dur—diýip, bir zat ýadyna düşen ýaly sägindi-de: —Wiý... —Ýogsa-da, birki sanjagy galypdy öýdýän, kiçiräk görmeseňiz—diýip, bedräň gapagyny galdyrdy. Şlýapaly adam äýnegini eli bilen saklap, aşak egildi. Ol bedräň düýbünde galan horaşaja, kelje mekgeleri gözi şowa bolsa-da aýdyň saýgardy we şobada dikeldi. Onuň jozzuk ýüzi çym-gyzyl boldy: —Men çagalaryma galyndy iýdiremok—diýip, hemleli gürledi we gyzmalyk bilen duran ýerinde hyrra yzyna öwrülip, agtygynyň elinden tutup, agtygyna ýüzlendi: —Ýör oglum, gideli! Men saňa bazardan iň süýji we iň arassa mekge satyn alyp bereýin—diýip, hüňürdäp barşyna: —Biz saňa bu ýerde erkin söwda etdirmeris. Rugsatnamasyny hökman barlamaly—diýip, yzyna seretmän gitdi. Giç güýz ýapraklar saralyp, meýdanyň otlary gurap başlanda, Agamyrat mellegine bol ders berip, ony agdaryp, ýaz ekişine taýynlap goýdy. Soltangözel: “Gelinem aş saýlap başlady. Men indi onuň ýanyragynda bolmaly bolaryn, sag-aman ýeňlänsoň-a—asla-da. Indiki ýyl şähere gatnap bilmen” diýip, oýlanyp oturşyna bir netijä geldi: —Oglum, mellege bu ýyl ýorunja sepäýeli-le! Hem mallarymyza iým bolar, hem ýerimiz arryklamaz. Iki-üç ýyldan ýorunjany söküp, mekgäni şondan soň eksek ekibereris-dä... —Bolýar, eje! —diýip, Agamyrat ejesiniň beren maslahatyny makullady. Soltangözel ýene iki ýyldanam, üç ýyl geçensoňam mellegine mekge ekmedi. Onuň ilki gyz agtygy boldy, soň—ogul agtygy. Ol gije-gündiz agtyklary bilen gümra ýörşüne ýaşlygy ýadyna düşüp, ýigdelen ýaly boldy. Gelniniň üçünjisini göwresinde göterip ýörenine begenip, uzakly gün wagtyny aýak üstünde geçirse-de ýadawlygyny duýmady. Soltangözel gelnejäň mekge satan mikroraýonyna kämahal garpyz-gawun aýlaýmasalar,soň mekge satýan gelmedi. mikroraýon1) —ýaşayş jaýlar toplumy Kakajan BALKANOW. 2019 | |
|
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |