23:39 Sonar daýy / hekaýa | |
SONAR DAÝY
Hekaýalar
Sonar Ýylky ýyly, Nowruzyň öňüsyrasy, ýazlagda doglupdyr. Sonaryň käbesi ilkinji perzendini ýeke gezek hem emdirip bilmän dünýeden ötüpdir. Onuň doglanda dakylandaky ady ýatdan çykyp, nirelerden bir ýerlerden gelen “Sonar” ady oňa mäkäm ornaşypdyr. Ol a:t entek, henize-bu güne çenli ne oglana, ne-de gyza dakylan, ýöne ýagşy bir zadyň manysyny aňladansoň, ilki geň görenlerem soň-soňlar bu ada öwrenişip gidipdirler. Wah, mähriban käbesi diri gezip ýören bolsa, onuň ýörgünli ady “Şagylyç jan” bolardy-la. Sonar entek birinji müçesini doldurmanka, kakasyny, ir döwürde Eziz hanyň goşunynyň nökeri bolany üçin, “halk duşmanynyň” tagmasyny basyp, Sibire sürgün edipdirler. Şondan soň enesi bu hasrata uzak çydaman, amanadyny tabşyrýar. Şeýdip, Sonar ýeke hossarsyz galýar. Ejesiniň garyndaşlary barada asla hiç maglumat bilenok. Enesiniň sanap beren ýedi arkasynyň kowumlarynyň atlaryny çagaka hakydasyndan çykarypdyr. Il-gün bir gowy—Sonary ýeke goýmadylar. Edil törden orun berilmese-de, Sonary saýry saýman, aç-ýalaňaç goýmadylar. “Ylgamaga oglan ýagşy” diýileni-dä, onuň-munuň ýeňil-ýelpaý işlerine çagalykdan gaýym, il ogly Sonaryň, kemala gelensoňam, buýrulan ýumşy dannan ýeri ýokdy. Güýziň ahyrky aýlarynda, gaza başlanlarynda, ýer-suw paýy bolmasa-da, haşarçylara güýjüniň ýetdiginden ýardam berer: bir görseň, ýabyň gamyşyny ýygyp ýörendir; bir görseň, raýyşa üýşen tümmek gumlary tekizleýändir; ýa haşarçylara çaý gaýnadyp berer—garaz onuň bikär oturanyna duşmarsyň. Beýik Watançylyk uruşy başlansoň obada sanaýmaly erkek göbekli galdy. On iki ýaşly Sonary hem galanja erkekleriň sanawyna goşdylar. Ol mekdepden gelip, howul-hala öýe berlen ýumuşlaryny ýerine ýetirip, kolhoz meýdanyna ylgar we öýlänine okaýan özi ýaly ýetginjegi çalşar. Ol hem hasyr-husur çöregini iýer-de, mekdebe howlugar. Bölünip berlen ýer sürlip dynylmasa, gijesine sürmeli welin, dynmalydy. Gijesine-de işlmeli bolupdy... Bir gün adatdakysy ýaly, öküzlerini idip, sürüm meýdanyna getirende, olar peliň gyrasynda ösüp oturan, ömür iýmeýän höregine—syrkyna topuldylar. Hersi bir ýana dyzap samaçawlaryny gowşadyp, boýuntyrygy gaçyrypdylar. Asyl, Sonar bugalarynyň düýnden bäri birje gezegem gäwüş gaýtaranyny görmese nätjek! Tapdan düşen mallar ýataklaryna dolanyp geldiler. Omar padyman: “Bu janawerlere ne arpa ýetýär, ne-de ýorunja. Ýöne gury gatnap durlar. Adamlar açlygyna çydaman ýorunja iýip başladylar. Entegem, bularyň agtalygyna şükür et, ýogsa ýa seni süýrärdiler, ýa-da allowarradan çykardylar” diýipdi. Şol gün sürüme gidilmedi. Ertesi uzakly gün, Gün ýaşýança saman gatyşykly ýorunjadan garynlaryny tegelän öküzleriň boýuntyrygyny geýdirip duran Omar aga: “Wah, inim seni gije ýeke özüňi ibermelem däl welin, başga adam ýok, ekişem gyssap gelýär. Şagallaň uwwuldysyna pitiwa-da berme, adamyň ysyny alsa golaýyňa-da gelip bilmezler, içinde juda pälazany bolaýmasa. Bar, Alla ýaryň! Ýarygije aýlanyp gaýdaryn” diýip, Sonary rahatlandyrypdy. Sonar ýazyksyz jerimesini öküzleri bilen tä daň saz berýänçä paýlaşmaly bolupdy. Nägehan urşyň gutaryp, halkyň parahat durmuşda ýaşap ýörenine indi on-on bäş ýyl bolupdy. Indi obaň erkek göbeklisem köpeldi. Boýy bir gulaçdan geçýän, ýedi-sekiz put töweregi dykyz göwreli, daş sypatyndan orta ýaşana çalym Sonara “daýy” goşulmasynyň dakylmagy ýöne ýerden däl bolsa gerek. Ony ýasydabanlygy sebäpli, goşun gullugyna almadydylar. Sonar şu ýyl otuz ikisini dolduryp, otuz üç ýaşyna gadam basypdy. Sonaryň pagta ýygýan gyzlara göz-gulak bolsun hem çaýlaryny gaýnadyp bersin diýip bellenenine bir aýdan gowrak wagt geçipdi. Gyzlaryň degişmelerine özüne zor salyp çydap oturan Sonaryň, ýüz-gözi boz-ýaz bolup, gyzarýar-öçýär. Ol ýylgyn şahalaryny çapyşdyryp, şyglap başlan güpüň agzyna dykyp durşuna, oduň alawlaýan ýalynynyň howury gyzaran ýüzini örtüp, gizleýänine begense-de, guşluga çykan alçak gyzlaryň soraglaryna tolgunyp, gaýtarýan gyryljak jogaby barja syryny paş edýärdi. Olaryň yzly-yzyna ýagdyrýan soraglaryna “hä-hawa” diýip, bir söz bilen zordan jogap berip ýetişýärdi. Sorag göwnüne ýaramasa ýa-da berlen soragyň jaýdar jogaby gyzyň göwnini ýykaýjak bolsa, sesini çykarman dymanyny makul biler. —Sonar daýy, maňlaýdaňym maňa gelişýärmi? —diýip, gyzlaryň biri täzeje ýaglykly başyny bir gapdala öwürýär. —Hawa. Oňat. Ýene biri pagta ýyganda geýinýän iş lybasyny egninden sypyryp gelip: —Gyzlar, ynha serediň! Men size täze çykaran ýakamy görkezjek diýip, wada beripdim—diýip, jir köýneginiň ýakasynyň üstünden gaýmalyp tikilen, täzeje ýüpek ýakasyny güjeňleýär. Gyzlar täze ýakany synlap we sypalap duruşlaryna: “Örän nepis!”, “Owadan”, “Tüweleme, ökdeläpsiň!” diýişip, baha berensoňlar,—Sonar daýy, ýakam owadanmy? — ýylgyryp, Sonara ýüzlenýär. —Gyzlar, meni geňlemäň, siziň senediňize doly düşünemok, ýöne ýakaň owadanlygyna şübhe ýok. Sonaryň “bäşligini” alan gyz monça bolýar. —Sonar daýy men owadanmy, ýa Ogylsenem? Alçak, gyzyň göwnini hernäçe ýykmajak bolup synanyşsa-da, Sonar dogrysyndan gelmeli bolýar: —Sen hem owadan, ýöne...Ýöne, birneme garaýagyzrak. —Bolmanda-da, biz ýaly garabagty halan bolasy ýok-la... Çeträkde oturan gyzlaryň biri ýerinden tarsa turup, ýaňky sorag berip, torsarlyp oturan “garaýagyz”, gözeliň gapdalyna çöküp, onuň bykynyndan burup alýar-da, azmly pyşyrdaýar: “Utançsyz, bihaýa! Sen hem Oguljuma ýaly, ýakaňa derek geýimiň keşdesini somlamakdanam gaýtmarsyň. Öýe bir bar entek... ” Sonar gyzlaryň ýüzüne göni seretmäge gaýraty çatman, olary göz astyndan synlap, aralaryndan Ogulsenemi gözleýär. Ogulsenemiň beýleki gyzlar ýaly aljyradýan soraglary berip çykgynsyz ýagdaýa salmaýanyna teselli tapyp, edil ýakyn hossaryny tapynan ýaly, oňa aýratyn hormat goýýardy. Bir ýola ýüzbe-ýüz bolanlarynda, Ogulsenem Sonaryň çarykly aýagyny geňirgäp: —Sonar daýy, Siz näçe ölçegli köwüş geýýäňiz? —diýip sorapdy. —Bilemok. Meň aýagyma fabrigiň tikýän köwşi çydanok—ýa oltaňy gopýar, ýa apgyrdy ýirilýär. Ýöne, çigrek düşende çokaýymy geýýän—diýip, ol müýnli ýaly, çarygnyň burnyna seredip, pessaý sesi bilen jogap beripdi. Soň bir sapar bolsa, Ogulsenem onuň ene-atasy hakda gyzyklanypdy. Sonaryň ýetim çagalygy salgym-salgym bolup ýadyna düşýär. Enesiniň aýtmagyna görä, kakasynyň ady Berdigylyç, ejesiniňki—Sarygül bolmaly. Ogulsenem Sonaryň ýaşyny soramaga ejap edipdi. Günorta naharyna çykylanda, Ogulsenem ýantorbasyndan aýratynja dolanan saçagy çykaryp, güpüň başynda, ýeke özi günortanlygyny edinip oturan Sonara tarap ýöneldi, ýetip barýarka ýüreginiň barha çaltlanyp barýan gürsüldisine diň salyp, säginjek ýaly etdide: “Ogulsenem saňa näme bolýar-a!? O bir ullakan adam-a, edil kakam ýaly bolmasa-da, agam ýaly. Hany özüňi eliňe al!” diýip, saçagy Sonaryň öňünde goýup, bir gatyny açyp, uludan dem alyp: —Sonar daýy, ynha şuny ejem iberdi. Düýn çagyrja gidip geldi... Iýiň noş bolsun! —Wah, jigim... näme etjekdiň beýdip azar edip... azara galyp...neme... özüňiz iýäýmeli ekeniňiz-dä!—diýip, tolgunyp güňleç gürledi. Günde-günaşa berilýän hödür-kereme öwrenişen Sonar, Ogulsenemiň hödürine howalasy galkdy we gyza biygtyýar, mylaýym ýylgyryp bakdy. Sonaryň hoşamaýlygy Ogulsenemiň ýüregini birneme köşeşdirdi, gürsüldisem kiparlady. Ol oturan ýerinden Sonaryň saçakdaky ýagly gatlakly bilen gaýnan omaçany işdämenlik bilen iýip oturşyny synlap: “Erkek adamyň nahar iýişem üýtgeşik bolýar: şeýle bir süýjidip iýýärler welin, agzyň suwjaryp gidýär. Dyma işdäsiziňem işdäsini açjak şular” diýip, içini gepledip otyrka, gapdalynda oturan jorasy Bibijemal, egni bilen Ogulsenemi çalaja iteläp “aýňaldyrdy”: —Gyw, Sonar daýy näçe ýaşadyka?! —Bilemok , habarym ýok. —Sorap göreýinmi?—diýip, Ogulseneme çiňerlip seretdi. —Öz islegiň— diýip, Ogulsenem gyzarýan ýüzüni kesä sowdy we hernäçe biperwaýsyran bolsa-da, Bibijemal onuň äheňinde ýylpyldap giden gabanjaňlygyň kinniwanja öwüşginini duýup, ýylgyrdy. Ertesi guşlukda, Bibijemal süýji salynýan galaýy gutujygyny çaý içip oturan Sonaryň öňünde goýup, onuň gapdalyna geçip çommalyp oturşyna, uzakdan Ogulsenemi synlady. —Sonar daýy, alyň kemput bilen içiň! —diýip, Bibijemal açyk göwün bilen hödürledi. —Sag bol jigim. Kemputyň şepbigi dişleň arasynda galyp, zaýalaýar diýensoňlar, ýaýdanyp ýörün, iýip gören zadym däl. —Düýbinde nabat hem bardyr. —Hä, nabat bolsa bolýar—diýip, Sonar gutujygyň düýbinden bir nabat bölejigini tapyp, agzyna oklady. —Sonar daýy, men Size bir sorag bersem göwnüňize almarsyňyz-a?! —Ýok keýigim, arkaýyn soraber! —Siz näme üçin öýlenmediňiz? —diýip, söhbetdeşlige ykjam taýynlanyp gelen Bibijemal morta sorady. Gelin-gyzlardan bular ýaly garaşylmadyk soragyny öň eşitmedik Sonar, geň galmakdan aljyrap, elindäki käsesini ýere goýdy we hamala ikiçäk gürrüňlerini kesekiler eşidýän ýaly töweregine göz aýlady. Soň ardynjyrap: —Aý, keýigim, nesibe bolan däldir-dä... Bagtym açylan däldir-dä... —diýip, Sonar ýüzüni aşak sallady. —Wiý, Sonar daýyň diýýänni! Şunça gyzlaň içinde Siziň bagtyňyz ýokdur öýdäňizmi? —diýip, janygan Bibijemal, gyzlara tarap goluny salganyny duýman galdy. —Goýsana, aýdýanyň näme?! Siziň hemmäňiz meň jigilem-ä... Bolmaz-a... —diýip, Sonar gamgyn seslendi. Onýança, gyzlar ýerlerinden galkynyşyp: —Bibijema:l! Gyw, Guşluk wagty gutardy-y! Bibijemal dikeldi-de, hamala Sonary bir etmişi üçin ýazgarýan ýaly, onuň depesinde birnäçe sekunt nazaryny saklap: “Hm...” diýip, eginlerini silkip, joralarynyň yzyna düşdi. Ertesi guşlukda Sonaryň ýanyna Ogulsenem bardy. Ol çekinjeňlik bilen çaklaňja süýjidanyny Sonaryň öňünde goýdy-da: —Sonar daýy, alyň mampasa bilen çaý içiň! Ejem...diýip, sägindi, tasdan: “Ejem iberdi” diýipdi. Dilini dişledi.—Ejem hem gowy görýär şu süýjüni—diýip dogry gepledi we derrew dymdy. Her gezek Ogulsenem bilen ýüzbe-ýüz bolanda, Sonaryň ini jümşüldäp, göwresi galpyldara gelýärdi. Kämahallar-a, el-aýagynyň kuwwaty gaçyp, ullakan göwre ýere siňip giden ýaly bolýar. Ana şonda, ol geplemäge söz tapanok: badaklanan dili sözlemleriň üstünden üstaşyr böküp, sözleri bulaşdyryp bölüp-bölüp çykarýar. Bu saparam şeýle boldy. —Hä... bu...hawa... nememi? Azary ýok-la... —diýip, Sonar aljyrap oturşyndan utandy. Ogulsenem her gezek Sonar bilen gürleşende, Sonaryň özünden “asgyn” gelýänine buýsanýardy we şol bir wagtyň özünde-de, ýigidiň kalbynda gopýan harasaty duýup, ýüregi gürsüldäp başlaýardy—Sonaryň kalbyndaky gomlar Ogulsenemiň asuda kalbyny lerzana getirýär. Ogulsenem ýüreginiň tolkunlaryny köşeşdirjek bolup, assyrynlyk bilen uludan dem alýar. Sonar bütin durky bilen galpyldap duran hem bolsa muny duýýar. Ogulsenem birneme rahatlanyp, ekezlenýär-de, ýylgyryp, näzijek sesi bilen: —Hiý onuňam bir azary bormy, Sonar daýy! —diýip, sust bolup oturan göwrä nebsi agyrýar. Ikisem söz tapman dymýarlar... Bibijemal jorasyny assyrynlyk bilen synlap ýörşüne, soňky döwürde Ogulsenemde bir üýtgeşikligiň bolup geçýänini aňdy: birden şadyýan gülüp goýberer; başyny aşak salyp ýöräp barşyna dodaklaryny müňküldedip kimdir biri bilen “gürleşer”, arasynda ýylgyryp goýberer; bir sorag bilen ýüz tutsaň soragyňy gaýtaladar. Bu hadysalar agalaba, Ogulsenem Sonar bilen gysga wagtlyk hem bolsa, ýüzbe-ýüz galanlaryndan soň güýçlenýärdi. Aram-aram Bibijemal: “Biziň Ogulsenemden näme kemimiz bar” diýip öz ýanyndan kemsinýär-de, ähli “günäni” Ogulsenemden görüp, hiç bir sebäpsiz, jorasy bilen tersleşen bolýar, iki gün geçirmänem “ýaraşýar”. “Şular gizlän bolýarlar welin, aralarynda bir zat bar bolaýmasyn. Ikisiniňem tarlaryna aýratynlykda kakyp göreýin-le” diýip, ertirki etmeli hereketleriniň “meýilnamasyny” düzdi. Agşamara, Bibijemal ýygan pagtasyny gapandan düşürip, gözüniň gyýtagyny töweregine aýlap ýaňky, ganaryny gapana goýmaga kömekleşen ýigdekçesini gözledi, ýardam bolmansoň, harmana haltasyny özi süýräp äkitdi. Onýança, ilerden pagtaly ganarlardan mas ýüklenen arabasyny tirkäp gelýän Sonar göründi. Bibijemal arabaň yzyna düşüp gelýän şadyýan gelin-gyzlaryň arasyndaky ýaşyl köýnekli Ogulsenemi synlady: “Şu gün-ä şuň keýpi öňkülerden has kökräk” diýip öýe ýeke ýöremän, joralaryna garaşmagy ýüregine düwdi. Sonar arabasyny gapana golaý getirip gyzlara kömekleşdi: ganarlary bir-birden gapana goýup, “Sonar daýy, taňryýalkasyn! Özümiz boşadarys” diýselerem, agyr haltalary olar bilen bile süýräp harmana döküşdi. Arabasynyň ýükini boşadyp, Sonar oba tarap ýönelende, ony Ogulsenemiň gözleri bilen ugradyşyny synlap duran Bibijemal, dodaklaryny gysyp, başyny çalaja ýokaryk-aşak yralady. ...Ýolda, öýlerine barýarklar, Ogulsenem bilen ikiçäk galansoňlar, Bibijemal: —Ýaňy Sonar daýy haltaňy süýreşende, eliňi wagtynda çekdiň öýdýän, ýogsa oň penjesi goşaryňdan ilýärdi—diýip, jorasyna mekirlik bilen seretdi. Ör-gökden gelen Ogulsenem, sakga durup, Bibijemalyň gözlerine dikanlap seretdi: —“Toba” diý! O meň kakam bilen deň bolmasa-da, agalam bilen-ä ýaşytdaşdyr. Seniň güman edýän pikiriň, meň oýumda-hyýalymda-da ýok, Sonar daýyňam niýeti edil seň pikir edişiň ýaly däl bolaýmasa. —Haý, näbileýin-dä... —Sen müňkür häsiýetiň bilen mydama meň göwnüme degip ýörsüň... Men saňa näme ýamanlyk etdim?.. Bar, göwnüňe ýaraýan bolsa, başybitin al şony! Nesip etsin...—diýip, Ogulsenem ejizledi we şumjaryp durşuna, boýdaşyny ilkinji gezek görýän ýaly, ony boýdan-başa synlap, hyrra yzyna öwrüldi-de, çalt-çalt ädimläp, öýlerine tarap ýöneldi. Bibijemal ony saklajagam bolmady, yzyndan: “Men saňa gaty görer ýaly zat aýdamok” diýip galdy. Soňra: “Aý, jora jan seň pynhan syryň üsti açyldy—söýmeýän bolsaň aglamazdyň, ýaňsylardyň ýa üstümden gülerdiň. Bir gün ýarylmal-a borsuň.” Ertesi Bibijemal meseläni “çöp döwen” ýaly etmekligi ýüregine düwdi. Günortana golaý içim sanjylaýar bahanasy bilen goşa gaýtdy we Sonardan çaý demläp bermegini haýyş etdi. Haçan Sonar çaýyny demläp öňünde goýanda, Bibijemal gyşaryp ýatan ýerinden: —Sonar daýy! Siz bir ynamdar, syr saklagan adam. Men Size bir syry açsam, hiç ýerde, hiç kime dil ýarmajagyňyza umyt edýän. —Keýigim, eger ol syr belli bir adamyňky bolsa, ýerden ses çyksa-da menden çykmaz, emma birnäçe adama degişli bolsa, sorasalar dogrymy aýtmaly borun. Bibijemal dymdy. Içinden: “Akmak, näme üçin agzadyň?” diýip, özüne käýindi. Bir haýukdan dogumlanyp, böwrüni gyjyklap duran dömmäni dili bilen ýardy: —Ýadyňyza düşýärmi “men bagtsyz” diýeniňiz?! —Gallaç bolsamam, edil şumbagt-a däl, durmuşymdan nalamok, edil şu döwrürdäki gün-güzeranyma şükür edýän. —Ýo-ok, men o hakda dä:l¬— diýip süýndirýär-de, içinden: “Muňa göniläp aýtmasaň düşünjek däl öýdýän” diýýär—Sizde gyzlaň biriniň göwni bar, ýöne görgüljigiň özi duýdyryp bilenok—diýip, Sonary gizlin synlady. Ara uzak dymyşlyk aralaşdy. Söhbetdeşler bir-birini ogrynlyk bilen synlap oturyşlaryna, ilkinji bolup dil ýarmaga hiç biri milt edip bilmedi, ahyry Sonar uludan demini alyp, agyr sesi bilen “pagşyldady”: —Kim ol?.. —Ä-ä-ä, oň adyny aýdyp biljek däl, ony sargamadylar. Ara ýene dymyşlyk aralaşdy. Bu gezek “arakesmäni” Bibijemal bozdy. Ol oýun bilen çyny garyşdyryp, Sonara dogumly ýüzlendi: —Sonar daýy, eger şol gyz men bolan bolsam näderdiň?! —diýip jak-jaklap güldi-de, Sonaryň ýüzüne çiňerlip seretdi. Sonar duýdansyz gelen öýlänçiden goranýan ýaly, oturan ýerinden töweregine alakjady. Ol Bibijemalyň “oýnyna-da” imrinmedi, “çynyna-da” göwnemedi. Gyzyň ýüregini ýaralaman çykgynsyz ýagdaýdan çykmagyň ebeteýni gözläp otyrka, ony goşa golaý gelen gyzlaryň sesleri halas etdi. Bibijemalyň synagy jogapsyz galdy. Şol günden başlap rahatlygyny ýitiren Sonaryň gije-gündiz pikiri syrly gyz hakda boldy. “Kim-kä ol? Meň nämäme aşyk boldy-ka? Aý, men ýaly garyp kime gereg-ä?! Bibijemal üstümden güljek bolup, gurnan bolaýmasa bu oýnyny. Ýa, ol öz aladasyny edip ýörmi-kä?!” diýen, gapma-garşylykly soraglar beýnisinde garjaşyp, ony öňküden hem beter ruhdan düşürýärdi. Uç tapman, kime sala saljagynam bilenok—her bir kişä ýaýyp ýörer ýaly gürrüňem däl bi. Sonar başyny sallap, lapykeç gezip ýörşüne, serine gelip-gidýän göwniçökgün pikirleriniň käbirini ret edip, käbirini goldap, belli bir netijä gelibilmän, kelebiň ujuny ýitirdi. “Men erkek adam ahyry, durmuşyň ýüzüne göni seretmeli we mert bolmaly. Bol-elinlikde ýaşap ýören, şujagaz päkýüreklije biçäreleri garypja çatmama nädip rowa göreýin? Bibijemal-a meň göwnüme ýaranok, oňa çürt-kesik bolmasa-da, sypaýyçylykly “ýok” diýäýmeli. A, beýlekiler? Bularyň haýsysyka? Kim bolanda näme? Men nire, maşgala nire. Gül ýaly maşgalanyň bagtyny ýatyryp, Sonar kim sen?! Deňiňi gaşa! Deňim galdymy diýsene... Meň maňlaýma ýetimligiň ýany bilen müjerretlik ýazylanyr. Eger-de, Bibijemalyň aýdýany ugrunda bolsa, onda, haýal etmän onuň kimdigni anyklamaly we oňa düşündirmeli. Goý, maňa aldanmasyn, şeýtsek ikimizem Ýaradanyň öňünde ýazyksyz bolarys. A, birdenkä o gyz Ogulsenem bolup çykaýsa... Örän asylly, paýhasly, päkýürekli gyz. Men ony örän gowy görýän-ä (eý hudaýym, bu söýg-ä däldir-dä hernä?!)... Özgelerine pert aýtsamam, oňa nädip düşündireýin? Hakykatdanam, maňa onuň (goý, sähelçe bolaýsyn) duýgysy bar bolsa, onda men ony basgylap, haýynlyk etdigim bolmazmy? Şeýdip öz bagtymyň gapysyny müdimilik ýapdygym bolmazmy? Aý, Bibijemal oýun edendir-le... ” Ýüregedüşginç basmarlaýan sowallardan Sonaryň kellesi çat ataýjak bolýar. Onuň elleri çekgesine biygtyýar uzaýar we kellesini iki tarapdan gysaja salýar. “Sonar daýy, Sonar daýy, Size näm bolýar?” diýen sese aýňalýar, gözlerine ynananok: Ogulsenem otyr öňünde çommalyp. Sonar bu hadysaň hyýaly däldigne düşünýär, ýakyn hossaryny gören ýaly, ömründe ilkinji gezek ejizleýär... Sonar gözýaşyny gizlejegem bolanok, ol samraýar: onuň dahanyndan paýrap çykýan sözler onuň ýyllar boýy, durmuşyň gazaply oduna taplanan ýüreginiň alawynyň howrudy: —Ogulsenem, jigim, men saňa iki agyz aýtmaly sözüm bar, üns berip diňle. Meň çagaly döwrümem, ýaşlygymam agyr, gazaply döwürde geçdi, ömrümi ýarpylanymy duýman galypdyryn. Şu ýaşa çenli ne öýli-maşgalaly boldum, ne-de mal topladym. Gujur-gaýratym ýeterlik bolsa-da, ykbal meň maňlaýma mysapyrlyk ýazypdyr. Durmuşymdan nalamok-la. Meň özümde ile paýlar ýaly şatlyk bolmasa-da, siziň bagtyýar durmuşyňyza guwanyp, şatlanýan. Şu bereketli, bagtly, şadyýan durmuşyň gadyryny güzap gören adam has hem ýakyn duýýar ekeni. Sen doglan günüňden bäri ataň howandarlygynda bolup, eneň mährine çoýunyp gelýäň. Ejeň-kakaň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun-da, Alla jan! Men ene-ata mähremliginiň nämedigni bilemok... Kämahallar, oýuma biderek pikirler gelýär: birden nesibäm çekip öýlenäýsem, ogluma-gyzyma nädip mähir-muhabbetimi siňdirip biljegimi göz öňüme getirip bilemok. Maňa öýlenmeli diýip maslahat beren bolýarlar. Malsyz, öýsüz-öwzarsyz kime derkar. Barja baýlygym—enemden galan çatmajygym we onuň öz çykaranja üç sany keçesi. Kä agşamlar şeýle bir içgysgynç bolýar welin, içerik giresiň gelenok, hatda goňşylaryň goýup giden goňsokarasyndan datmaga-da işdäň bolanok. Ejeň-kakaň mydama ýanyňda bolsa, doganlaň-jigileň köp bolsa—nähili ajaýyp bagtlylyk! Durmuşymdan nägile däl-le... Gürleşmäge ýürekdeş adam ýok. Ýoldaşlarymyň hemmesi öýli-işikli, olaňka-da bir gün bararsyň, iki gün bararsyň... Hemmesi öz aladasy—maşgalasy, hojalygy bilen... Ýene garaňky tünegiňe dolanyp, içiňi hümledip oturansyň... Meňki ýaly durmuşy hiç kime görkezmesin. Durmuşa çykaňda jigim, gurplyrak ýigide bargyn! Hä?—diýip, Sonar Ogulsenemiň ýüzüne ýylgyryp seretdi. Soňra penjelerini dyzlaryna diräp, ýüzüni asmana tutup, tutuş göwresi bilen loh-lohlap güldi. Ogulsenem joralarynyň bir mahal pagta meýdanyna ugranlaryny duýsa-da, Sonaryň durmuş hakykatyna duýgydaşlyk bildirip, onuň birje gezegem sözüni bölmän ahyryna çenli diňledi. Sonary diňläp otyrka ondan gözýaşlaryny gizlejegem bolmady. “Dag ýaly äpet, güýçli adamyň ýüreginiň çagaňky ýaly bolaýşyny! Tüýs ýürekden diňe merdana, batyr we Sonar ýaly päkýürekli adamlar gülüp biler” diýip Ogulsenenm özüçe netije çykardy. — Sonar daýy men hiç haçan ýigidiň baýlygyna guwanyp durmuşa çykman. Siz ruhdan düşmäň! Siziň hem gapyňyzda bir gün toý bolar. Biziň gyzlarmyz Sizi nähili derejede sylaýanlyklaryndan Siziň habarňyzam ýokdyr. Olaryň käbirleriniň Siz bilen durmuş gurmaga-da ikirjeňlemejekdiklerine men güwä geçip bilerin. Sonar daýy, elmydama ýadyňyzda bolsun: Siz ýeke dälsiňiz, kyn güniňizde meň hemaýatyma arkaýyn daýanyp bilersiňiz—diýip, Ogulsenem ýerinden turdy-da, pagta meýdanyna tarap ýöneldi, ýöräp barýarka Sonar oňa bir zat diýen ýaly bolup eşidildi, “Aý, göwnümedir-le” diiýip, yzyna garaman, ýoluny dowam etdirdi. Pagtaçylyga ýakynlap, yzyna gaňrylanda, Sonaryň ondan nazaryny sowman, tä pagta meýdanyna ýetinçä gözleri bilen ugradanyna düşünip, ýylgyrdy. Sonar bilen Ogulsenemiň aragatnaşygy dostlugyň çygryndan çykyp başlanyny duýan obaň adamlary, ýetimiň “göbegini kesip”, aýagyny duşamaklygyň ugruna çykdylar. Ogulsenemiň kakasy ilkibaşda: “Öýsüz-öwzarsyz aýakýalaňa berer ýaly üýşüp ýatan gyzym ýok” diýip, sawçylary gödek gaýtarypdy. Ejesi bolsa: “Bizem bilýäs-le oň telpegi agan däldigini. Ýetimem müjerret öten däldir-le şu çaka çenli, onuňam birinde nesibesi bardyr. Ýöne, ýaş çatynjalar nirede ýaşamaly? Gyzymyň hor-homsy durmuşyny görüp, ýüregimi paralap ýaşaýynmy!? “ “Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günim dogmasyn” diýipdirler. Şu güne çenli, obamyz ýetimleň keşigini çekip gelipdir, gyzza-gyzz:a gelende-de, yza tesmeris” diýip, ýaşulylaryň biri gudaçylygyň nokadyny goýupdy. Sonaryň obadaşlary—hossarlary her hepdäň ýekşenbe güni ýowar gurnap, bir aýda Sonaryň üç otag bir eýwanly pagsa jaýynyň boýuny ýetirdiler. Üstine oklar ýaly naw hem tapyldy, ýagyn başlamanka hyşşa bilen basyryp, ýapgyt suwalyp, suw akar ýaly, her ýerde-her ýerde tarnaw berkidip goýdylar. Jaýyň penjire-gapylaryny indiki ýyla goýmaly boldylar. Ýaş çatynjalar gyşy kepbede geçirdiler. Sonar hiňlenip, bäbeginiň arlyklaryny ýüpden serişdirip durka, ýoldan geçip barýan aýallaryň pyňkyryşýan gülkilerine diň saldy. Aýallaryň golaýa gelip: “Salamälik-de, salam Sonar daýy!” diýişip beren salamlaryna Sonar: “Gurgunmysyňyz, aman-sagmysyňyz gelinler!” salam gaýtaryp, legene egildi. Olaryň içinden dillirägi: —Sonar daýy, Ogulsenem öýde ýokmydy nä? —Bar, öýde. Ol çalaja ýaramajak bolýar, şonuň üçin oňa “daş çykma” diýdim—diýip, Sonar parhsyz jogap berýär-de, işini dowam etdirýär. “Ýuwsamam öz oglumyň arlygny ýuwýan, Senem jana kömekleşýän, kimiň nä işi...” diýip, ol içinden hüňürdeýär. Onýança, öýden “iňňä-iňňä” sesi gelýär. Sonar hereketini çaltlandyrýar, çatmasyna tarap ýüzüni öwrüp: —Häzir oglum, häzir balajygym! Ynha barjak kakam jan! —diýýär-de, boşan legenini goltuklap, öýe tarap ýönelýär. Ol haýdaşlap barşyna: “Han ogluma meň! Dag ogluma meň! Bal ogluma meň!” diýip saýraýar. Sallançakdan ogluny göterip onuň possujak ýaňajygyny özüniňkä degirýär we ikiýana yranyp durşuna—Hä, ajykdyňmy oglum? Häzir ejeň seni naharlap bolan dessine, ikimiz ýene, düýnki ýaly bileje oýnarys. Olar üç bolup bileje oýnaýarlar: garynjygyny doýyran, tämizje lybasyna dolanan Berdigylyçjyk, eljagazlaryny kelemenledýär; ejesine-kaksyna “o” diýip berýär, “u” diýip berýär. Sonar, Ogulsenem bäbekleriniň birbada ýüzjagazyny kürşerdip, soňra bolsa “ýylgyryp” goýberişiine çaga ýaly hezil edişip gülüşýärler. Bu üç sany bagtyýar adamlaryň bir-birlerine bolan mähir-muhabbetiniň owazy bir düzüwe düzülip, bir perdeden galkyp, söýgi mukamyna öwrülýär-de, baharyň ter gülleri kimin, alyslardaky daglary, düzleri, ýazlaglary bezeýär. Kakajan Balkanow. 2020 ýyl. Bellikler: SONAR [sonor], at. 1. Ülpüllap oturan bol gök ot. 2. Gök otuň köp ýeri, otly ýer, otluk meýdan. ◊ Sonaryňy iýdirmek iň gowy iýmitler berip, hezzet-hormat etmek. Oňa sonarymy iýdirendirin, o zatlaryň gadyr-gymmaty bolarmyka? (“Türkmen diliniň düşündiriş sözlügi” II-nji tom, Aşgabat 2016 ý.). Sonar – Edebi dilde giň otluk meýdany aňladýan bu söz geçmişde aglaba türki dillerde «aw» manysynda ulanylypdyr. Bu söz sunar (gumuk), sonor (gyrgyz), sonar (gazak) görnüşinde agzalan dillerde ilkinji gary hem aňladýar. Aw-lanýan haýwany gar ýagan dessine yzarlamagyň aňsatlygy üçin, şeýle howa we meýdana şu adyň dakylan bolmagy mümkindir. | |
|
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |