23:26 Soros taslamasy: AKP | |
SOROS TASLAMASY: AKP
Publisistika
2003-nji ýyl. Erdogan AKP-niñ başlygyka Dawosa çagyryldy. Jorj Soros bilen duşuşdy. 2005-nji ýyl. Erdogan premýer-minustrkä Dawosa çagyryldy. Ýene Jorj Soros bilen duşuşdy. Her ýyl ýanwar aýynyñ ahyrky günlerinde Şweýsariýanyñ Dawos şäherinde nämeler bolup geçýär? Agramly bölegini (dolanşygy ýyllyk bäş milliard dollardan agdyklar) global şereketleriñ gatnaşýan Bütindünýä Ykdysady forumy syýasy liderleri, ykdysatçylary, dini guramalaryñ wekillerini, žurnalistleri we başgalary çagyryp, bäş günläp kapital dolanşygy ýaly global meseleleri ara alyp maslahatlaşýar. Forum globallaşan dünýäni iñ gowy görnüşde halkara şereketleriñ, hökümetleriñ, jemgyýetçilik guramalarynyñ koalizasiýasy tarapyndan dolandyryp biljekdigini öñe sürýär. "Buýruklaryna" boýun bolmaýan häkimiýetleriñ başyna ala ýabylynyñ gününi salýar! Ýeri... Erdogan Dawosda halkara "çaýkel"-hedge fond spekukýatory Jorj Soros bilen nämüçin görüşdi? "Türkiýäniñ açyk jemgyýeti biz. Bizi goldañ" diýdimi? Döwrüñ habar beriş serişdeleriniñ ýazanlaryny diñleseg-ä, maýa goýumlaryny goýmak üçin Türkiýä çagyryldy. A Soros bolsa Türkiýededi: Sorosyñ guran we ýyllyk býužeti 1 milliarddan añyrda bolan (merkezi Nýu-Ýorkda) Açyk jemgyýetçilik fondlary (OSF) 2001-nji ýyldan başlap, Türkiýede işe başlady. Başlygy-da Jan Pakerdi... (Jan Paker "Yza seretmek ýok"/“Geriye Bakmak Yok” kitabynda Sümeýýe Erdoganyñ Sorosyñ hemaýatyndaky TESEV-de stažirowka geçendigini mälim etdi.) Dawosa dolanyp geler bolsak: her ýyl üç müñ ýyl gatnaşyjy çagyrylýar, bularyñ üçden birini global ketdeler ýa-da wekilleri düzýär. Hawa: Erdogan Dawosda zol Soros bilen nämüçin duşuşdy? Ýogsam bolmasa, Erdoganyñ syýasy pozisiýasy jöhit-sionizmine garşy gidenokmydy näme? Soros şol wagtlarda näme edýärdi? • DÜÝN DOST, BUGÜN DUŞMAN Şu hakykat: Jorj Sorosyñ Açyk jemgyýetçilik fondlary dürli ýurtlarda Ergenekon-Balýoz operasiýasyna meñzeş pyrryldaklary gurnady: 1998-nji ýylda Slowakiýada... 1999-njy ýylda Horwatiýada... 2000-nji ýylda Serbiýada... 2003-nji ýylda Gürjüstanda... 2004-nji ýylda Ukrainada... Pyrryldaklaryñ yzysüre bu ýurtlarda "Pyrtykal ynkylaby", "Gül ynkylaby" diýen ýaly atlar berlen "reñkli öwrülşikleri" amala aşyrdy-aşyrmaga synanyşdy! (Soñky ýyllarda Kosowa, Makedoniýa ýaly ýurtlarda-da şoña meñzeş synanşyklary etjek boldy. Şol ýerlerde "Soros operasiýasyny togtat!"/"SOS" operasiýasy başlandy.) Serediñ: Ýurdumyzda "28-nji fewral" prosesi ýeterlik öwrenilmedi, gaýtam goh-galmagal turzup, üsti örtülmäge jan edilýär... Ýurdumyzda Milli garaýşy bölekleýän we globalçy AKP-niñ gurulşyny durmuşa geçiren lobbileri ýeterlik öwrenýän ýok, goh-galmagala büräp, bukulmaga jan edilýär... Soros bu işleriñ niresindedi? Erdogany Sorosyñ başyny şol döwür zol-zol bir ýere çatan "erada" kimdi? AKP "reñkli-lampaly ynkylabyny" geçirtmek üçin gurduryldymy? Hany, ýada salyñ AKP-niñ şol wagtyny: Meselem, "wesaýet" (опека) adalgasy populýarlaşdyryldy. 2001-nji ýylda bolup geçen ykdysady krizis häkimiýetdäki syýasy partiýalaryñ däl-de, tutuşlaýyn režimiñ şowsuzlygy hökmünde baha berildi we ş.m. Türkiýe Respublikasy döwletiniñ ýykylmagy Sorosyñ "reñkli ynkylap" taslamasy dälmidi? AKP-FETÖ (we Soros) ýaranlygy respublikan edaralaryny birin-birin ýok etmedimi? Türk goşunynyñ FETÖ-nyñ inisiatiwasyna berlendigini ýatdan cykardykmy eýýäm? Ýeri: Erdogan FETÖ bilen, Soros bilen düýnki gün işleşip, köne dostlaryna soñ nämüçin duşman boldy? Oýny-hyzmatdaşlygy kim, nämüçin bozdy? • KAWALA-PAKER HUKUGY 2012-nji ýylyñ 7-nji fewraly diýjekmi... 2013-nji ýylyñ 17-25-nji dekabry diýjekmi... 2016-njy ýylyñ 15-nji iýuly diýjekmi... Yzly-yzyna FETÖ-nyñ AKP häkimiýetini agdarmak maksady bilen geçirýän operasiýalaryny başdan geçiren Erdogan global güýçleriñ özüni düñdermek isleýändigine düşündi. Erdogan Sorosyñ ýurtlaryñ içerki işlerini goşulmaga diýseñ höwesli ýapyşýandygyna göz ýetirdi we elbetde indiki nobat onuñ özüne gelmelidi! Şübhesiz, bärde diñe Erdogan ýok. Meselem Putiniñ Russiýasy 2015-nji ýylda Açyk jemgyýetçilik fondlarynyñ rus ýurdundaky işlerini gadagan etdi. Azerbaýjanda, Belarusda, Wengeriýada, Päkistanda, Gazagystanda, Türkmenistanda Sorosyñ arkasynda durýan işler gadagan edildi. Açyk jemgyýetçilik fondlary "çen-çakyñ añyrsyndaky spekulýasiýalary" sebäpli Türkiýedäki işlerini 2018-nji ýylda togtatdy. Jemlär bolsam: "Çaksyz howply" hasaplanan Sorosyñ işleri Erdoganyñ hemişe diliniñ ujundaky Osman Kawalany etmişli hasap edip bilermi? Subutnama bar bolsa edip biler. Emma ortada diñe komplimasiýa teoriýasy, hurafalar (añ bulaşdyryjy toslamalar) bar. Kawala bilen ideologik-syýasy tarapdan tapawudymyz bolup biler, emma bu ony günäkär edip bilmez, diñe garşylyklaýyn garaýşy döreder. FETÖ-nyñ garşysyna göreşil tanalan Kawala FETÖ agza bolmakdan aýyplanyp, dört ýyl bäri türmede saklanýar. Haýp. Beýleki tarapdan FETÖ-nyñ aşygy, Sorosyñ müridi Jan Pakero nämüçin elleriniñ üstünde saklaýarlar. Erdogan "hukugy-da" bu, tanaýanyny goraýar, tanamadygyndan gorkýar! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 27.10.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |