09:34 Söýgi dermany / hekaýa | |
SÖÝGI DERMANY
Hekaýalar
Är-aýal işlerinden gelip, agşamlyk naharyndan soň çaý içmäge oturypdylar. Aralaryna köpden bäri aralaşan sowuklygy käselerde bugarýan gyzgyn çaý hem ýyladyp bilmeýäne meňzeýärdi. Äriniň gulagyna aýalynyň her hili mylaýym sözleri sowuk daş bolup degýän ýalydy. Birdenem telefon jyňňyrdady. - Al, trubkany, meni kim sorasa-da ýok diý-diýip, äri hüňňürdedi. Aýaly telefonyñ duran ýerine baryp, trubkany göterdi: - Alo, hä... Ärim bar - diýibem derrew trubkany goýdy. - Men saňa "ýok" diý diýmedimmi!? - Gygyrmasana, seni soranoklar-a... - Ä?! Kim ol?! Näme diýip jaň edýä?! Aýaly geplemän, çäýnek-käseleri ýygnamak bilen boluberdi. - Men senden soraýan, kim ol?! - Aradaky toýda biziň stolumyzda oturan adam. - Seniň garşyňda oturan adammy? - Hawa, şol. - Näme diýjek bolýa onsoň ol?! - Ol şol toýda maňa aýdan sözüniň dowamyny aýtjak bolýar öýdýän. Sen şonda onuň maňa aýdan sözüne ünsem bermediň... *** Kadyryň Aýjana öýlenenine ýaňy üç ýyl bolanam bolsa ol soňky wagtda aýalyndan, birhili,sowady. Öňler ol işden geleninde: "Aýym, öýdemiň hany, gel bäri, saňa bir zat getirdim" diýip, aýalyny gujaklap, ogşardy. Şonda onuň gözlerinde hakyky söýgi ody lowurdaýardy. Emma bu söýgi ody iki ýyl geçip-geçmänkä sönüp başlady. Aýjan munuň sebäbini bilebilmän heläk bolýardy. Ol bir boýdaşyna derdini dökdi. - Ha-ha! - diýp, boýdaşy jak-jaklap güldi. -Boýdaş jan, söýgi ody sönüp başlasa, ony täzeden güýçlendirýän dermany bar. Şony-da bileňokmy? - Ol nähili derman? Men bilemok, gyz. - Ot sönüp başlan bolsa, oňa azrak odun taşlasaň, güýçlenip ýanyp başlaýar, dälmi? - Hawa. -Söýgini hem saklamak, hatda güýçlendirmek üçinem şeýtmeli. - Nätmeli? Anygrak edip düşündirsene - diýip, Aýjan özelendi. Boýdaşy Aýjana " söýgi dermanynyň" "retseptini" aýtdy. Soñundan "ony özüm tapyp,saňa kömek ederin" diýip sözem berdi.. - Dogry, şonda men onuň näme diýenine üns bermändirin. Ýöne onuň saňa gözüni aýyrman seredýänini duýupdym - diýip, Kadyr aýalyna şübheli garady. - Ýeri,ol indi näme diýip jaň edýär? Onsoňam, ol biziň telefonymyzy nireden bilýär? - Nireden bilenini näbileýin? Ýöne iküç gün bäri telefon edýä. - Näme diýýä? - Näme diýýänini bilesiň gelse, indiki jaň edeninde seni bar diýmäýin-de, ony gepledeýin. Özüň beýleki telefonda diňläp göräý.xÝöne, gaharlanyp sözüni bölme. Kadyr bir hili iňkise gitdi. "Bä, ol nähili adamka, näme maksady barka?!" diýip, içini hümletdi oturdy. - Bolýa, sözüni bölmän, soňuna çenli diňlärin-diýip, ol aýalynyň şertine razy boldy. - Ol indi haçan jaň ederkä? - Men näbileýin? Öz-ä ýene-de jaň etmän oňmaz. - Bäh!... - Kadyr aýalyny gözi bilen iýäýjek ýaly edip seretdi. Aýjan ýylgyranyny bildirmejek bolup, beýlesine öwrülip aşhana girip gitdi. Nätanyşyñ jaňy köp garaşdyrmady. Ertesi är-aýal şamlyklaryny ýaňy öňlerine alanda birden telefon jyňňyrdady. Kadyr ýalt edip, aýalyna seretdi. Aýjan ýerinden turyp baryp trubkany galdyrdy: - Alo, hä, bu ýene sizmi? Salam... bir minut-diýip, Aýjan ärine ümlendi. Kadyr çeýnäp oturan lukmasyny çalak-çulak ýuwdup, beýleki telefonyň trubkasyny gulagyna tutdy. Aýjan nätanyşa ýüzlendi: - Hawa, aýdyberiň, ýene näme diýjek bolýaňyz? Trubkadan mylaýym äheňde mähirli sözler inip başlady: - Aýjan, men saňa öňki saparam aýtdym. Men bu sözleri aýtmakdan hiç haçan ýadamaryn. Men seni bir görenimde haladym, dogrymy aÿtsam söýdüm. Men şu çaka çenli seniň ýaly gözel, mylaýym gelne duşmandym. Bilýäňmi, seniň taýsyz gözelligiň nämede? Ol seniň içki dünýäňde. Men seniň daşky görnüşiňe garanda-da içki dünýäñiň gözelligini ýüregim bilen duýýaryn. Adamyň içki dünýäsiniň gözelligi onuň ýüzüne, gözlerine ýalkym bolup çykýar. Seniň gözleriňde özüne çekiji şeýle ýalkym bar. Aýjan... - Beýle sözler bilen meni yrjak bolup, azara galma. Meniň ärim bar - diýip, Aýjan onuň sözüni böldi. - Wah, men bilýän-le. Ýöne onyňdan är bolmaz. Ol seniň gadryňy bilenok, seni söýmeýänini daşyndanam bildirip dur-a oň... - Meni söýýämi-söýmeýämi, sen ony nireden bilýäñ? - Men ony bir görende bildim. Ol günki toýda seniň garşyňda oturdym, dogrumy? Sen: "Näme maňa beýle serediberýäňiz?" diýdiň. Menem: Gözelligiň özüne çekiji güýji bolýa, şonuň üçin bolaýmasa" diýdim. Äriň şonda seniň sözüňe-de, meniň sözüme-de ünsem bermedi. Ýanyndaky ýoldaşy bilen gürrüňini dowam etdiriberdi. Ol saňa, umuman, üns bermedi. Ine, şu zatlar onuň saňa düýbünden biparhdygyny görkezmeýärmi? - Ýeri,sen näme diýjek bolýaň? Maksadyň näme? - Meniň maksadym sen. Beýle diýsem ters düşünme. Meniň niýetim päk. Sen özüňi söýmeýän, gadryňy bilmeýän adam bilen ömrüňi biderek ötürme. Suda arza berip aýrylyş. Men näçe diýseň garaşaýyn. Soň... Kadyyr hernäçe çydap diňlänem bolsa, şu ýerine gelende özüni tutup bilmedi: - Eý, deýýus, näme diýip samahallap dursuň. Eger ýene-de şu ýere jaň etseň, men seni ýeriň aşagynda bolsaňam tapyp öldürin! - diýeninden aňyrky trubka tarpa goýuldy. Kadyr özüne ýer tapman, bir zatlar diýip, hüňürdäp, iki ýana zowzuldap başlady. Onuň bolşuna Aýjanyň gülküsi gyssap, agzyny eli bilen tutup, içerki otaga girip gitdi. Ol içinden heşelle kakýardy. Kadyr bir mahaldan soň: - Bäri çyk, içerde näme edýäň?! - diýip gygyrdy. Aýjan içerki otagdan ýuwaş ýöräp çykdy: - Ine, çykdym, näme diýjek? - diýip, çalaja ýylgyrdy. - Nämä ýylgyrýaň? - Ýylgyrman, näme, aglaýynmy? Näme üçin çagyrdyň? Näme diýjek bolsaň aýt. - Näme diýjegimem bilemok - diýip,Kadyr ýüzüni kesä sowdy. Ol bir hili aljyraňňy ýagdaýdady. - Onda gitjek ýeriňe gidip geläý, birneme köşeşersiň. - Nirä gideýin? - Ýaňy işden geleniňde nahardan soň bir ýere gidip geljek, işim bar diýmänmidiň? - Hä... ýok, ýok. Ol ýere ertir işiň arasynda girip çykaryn. Gowusy, ejeňlere gidäýeli, sen köpden bäri ejeňi-de görmediň... Aýjan ýylgyranyny duýman galdy. Kadyr bu sapar Näme ýylgyrýaň? diýip soramady-da, galagoply äheňde: - Ol adam ýene jaň etse, näme diýjek?-diýdi. - Ol adam indi jaň etmez, arkaýyn bolaý... Aradan günler, aýlar geçdi. "Söýgi dermany" öz güýjüni ýitirmedi. Munuň üçin Aýjan boýdaşyndan çäksiz hoşal boldy. Reyimbay SABYROW. | |
|
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Ýarty alma / hekaýa - 21.12.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||