23:48 Stambuly weýran eden garjaşyk: Latyn talañy | |
STAMBULY WEÝRAN EDEN GARJAŞYK: LATYN TALAÑY
Taryhy makalalar
Stambulyñ basylyp alynmagy Stambul, şol wagtky ady bilen Konstantinopol taryhda seýrek duşýan we mongol basybalyjylaryny gaýra durdurýan talañçylyga sezewar boldy. Şeýle talañçylygy bolsa wizantiýalylaryñ öz din doganlary bolan ýewropalylar amala aşyrdy. Rim papasy Urban II Fransiýada Klermont gurultaýyny geçirdi we gurultaýynyñ yzyndan Ýakyn Gündogarda ähli deñagramlylygy üýtgedip taşlajak karar kabul etdi. Karara laýyklykda Ýewropadaky ähli patyşalyklara we hökümdarlara habar ugradylyp, Ierusalimiñ musulmanlaryñ elinden almagy maksat edinýän mukaddes ýörişe çagyryldy. Bu ýörişler taryha "haçly ýörişler" ady bilen geçdi. Pýer l'Ermitäniñ serkerdeliginde uly goşunyñ düzülmegi uzak wagta çekmändir. Haçparazlar musulman han-begleriniñ özara agzalalygyndan we çaknyşyklaryndan peýdalanyp, üç ýyl ýaly gysga wagtyñ içinde häzirki Ýakyn Gündogar diýilýän ýurtlaryñ ep-esli ýerinde häkimiýet gurupdylar. Mundan soñ olaryñ mukaddes maksatlary bolan Ierusalimiñ üstüne ýöremekleriniñ öñünde hiç hili päsgelçilik bolmandyr. Beýtulmukaddes (musulmanlar bu şähere Beýtulmukaddes ýa-da Kuddus, hristianlar Ierusalim diýýär -t.b.) musulmanlaryñ ilkinji kyblasydy we ol Hezreti Omaryñ (r.a) döwründe eýelenipdi. Hezreti Omar şähere hristian hem-de iudeý jemagatynyñ kethudalary bilen bilelikde girip, şäheriñ magnawy atmosferasyna uly hormat goýupdy. Hezreti Omaryñ şähere girende birinji nobatda beýleki dinleriñ mukaddes ýerlerini aýlanyp görüpdir, namaz wagty gelende bolsa hristian jemagatynyñ ýolbaşçysy patriarhdan nirede namaz okap boljakdygyny sorapdyr. Patriarh şo duran ýerinde okap biljekdigini aýdanam bolsa, Hezreti Omar ýylgyryp, munuñ dogry bolmajakdygyny aýdypdyr. Hezreti Omar özünden soñky geljek musulmanlar: "Omar şu ýerde namaz okapdyr diýip, bärini aljak bolarlar" diýip, görkezilen ýerde namaz okamandyr. Ol özsypaýyçylykly hereketini iş ýüzünde görkezmek bilen Beýtulmukaddesde "Hezreti Omar" metjidini gurupdyr we beýleki dinleriñ ybadathanalaryna degilmeginin öñüni alypdyr. Haçparaz sülsatlary 1099-njy ýylyñ 15-nji iýulynda Beýtulmukaddese girende, birinji bilen "Hezreti Omar" metjidini harapladylar we ýene bir diniñ agzalary bolan müñe golaý iudeýi (jöhidi) ybadathanalaryna (hawralaryna) gabap ýakdylar. Haçparaz ekspansiýasyndan soñ Ierusalim korollygy yglan edildi we Godefroý tagta oturdy. Haçparazlar güýjüni musulmanlaryñ geleñsizliginden, äm-sämliginden, biri-birlerine bahylçylygyndan we gorkaklygyndan alýardylar. Han-begler özlerini hamana ýerleri basylyp alynmaýan ýaly biperwaý alyp barýardylar, haýsydyr bir musulman emiri ýa serkerdesi güýçlenýän bolsa, şobada onuñ çukuryny gazmaga girişýärdiler. Üstesine bu ugurda pereñliler bilenem hyzmatdaşlyk etmäge çekinmeýärdiler. Halk bolsa haçparaz sülsatlarynyñ zulumyndan ýaña eli-aýagy baglangy halda näme etjegini bilmeýärdi. Munuñam iñ esasy sebäbi haçparazlar basyp alan şäherlerinde özlerine garşy giden adamlary gorkunç formada öldürýärdiler. Hatda musulman halklaryñ kalbyndaky haçparaz gorkusyny artdyrmak üçin "Tafurlar" atly adamhor (adam etini iýýänler -t.b.) otrýadlar düzülipdi. Ýewropadan gelen bu hristian urşujylary (tafurlar) öldüren musulmanlarynyñ etini çigligine çeýnemek bilen at alypdylar. Galyberse-de, Ýewropa ýurtlaryndan Ýakyn Gündogara gelip, uly betbagtçylyklara sebäp jolan haçly ýörişler diñe musulmanlary weýrançylyga uçratmandylar. Wizantiýanyñ paýtagty Konstantinopolis we onuñ ilaty-da mundan ýetdik paýyny alypdy. Konstantinopol • Weýrançylyga sary Rim papasy Innokentiý nemes imperatorynyñ ölmeginden soñ Katolik dünýäsiniñ ýeke-täk syýasy güýjüne öwrülipdir. Ol özüni görkezmegiñ hatyrasyna dördünji haçly ýörişini gurap, musulmanlara agyr zeper ýetirmegiñ niýetinde gezipdir. Onuñ ýene bir arzuwy-da baý Konstantinopolyñ özüne boýun egmegi we wizantiýa buthanasynyñ özüne tabyn bolup, hyzmatdaşlyk etmegidi. Innokentiý adamlary haçly ýörişe gatnaşmaga çagyran wagtynda Genrih VI-niñ ölmegi Germaniýada tagt ugrunda dawalar başlapdyr, sisiliýalylar garaşsyzlygyny almaga ymtylypdyr, fransuz koroly Filipp bolsa bu haosdan peýdalanmagyñ yşkynda gezipdir. Iñ Günbatardaky iñlislerde-de ýagdaý şondan gowy bolmandyr. Korol Riçardyñ ölüminden soñ dogany Jon bilen inisi Artur tagt ugrunda özara göreşe giripdir. Şonuñ üçin papanyñ çakylygyna korollar derejesinde däl-de, graflar derejesinde seslenme gelipdir: Şampanskiñ konty Tibo, Bloýsyñ konty Luis, Flandryñ konty Balduin, Joffrua de Willaduen ýaly täsirli maşgalalaryñ wekilleri çakylyga seslenipdir. Bu ýörişde papalygyñ maksady Nil derýasyndan Müsüre çykmak we türklerden mümkingadar daşrak ýerde düşläp, Ierusalimi ele salmak bolupdyr. Emma wenesiýalylaryñ Müsür bilen söwda gatnaşyklary we fransuzlaryñam Stambulyñ baýlyklaryndan paý almak höwesi bilen ümzük Stambula öwrülýär. Bu gorkunç leşgeriñ niýeti gowy bolmandyr. Şonsuzam birinji çozuş wenesiýalaryñ islegi bilen Zara şäherine edilipdir. Ýohsa Zaranyñ halky hristian-katolik ynanjyna uýýanam eken. Haçparazlar haýal etmän Müsüre gitmek isleýänem bolsa, wenesiýalylar leşgeriñ ümzügini kejeñeklik bilen Konstantinopola öwürmek isläpdir. Şeýtmek bilen hem-ä Müsüriniñ bazaryna eýelik etmek, hemem Stambulyñ baýlyklaryny oljalamak göz öñüne tutulypdyr. Bu pikire fransuzlar teşne bolsa-da, dini duýgular bilen ýörişe gatnaşýan esgerler beýle zatlardan biynjalyk bolupdyr. Zazanyñ basylyp alynmagyna gahary gelen Rim papasy haçparaz leşgerlerini aforoz (dinden çykan) yglan edipdir, ýöne soñ olaryñ günäsini geçipdir. Emma wenesiýalar bu günä geçmä degişli edilmändir we goşun barybir wenesiýalylaryñ öz garamagynda bolupdyr. Şeýle-de bolsa, 1203-nji ýylda haçparaz leşgerleri San-Stefanyñ (Aýestefanos) alkymyna gelip, uzak aralykdan şäheriñ owadanlygyny görüp, iñ dindar esgerlere çenli Stambuly basyp almakdan başga zadyñ pikirini etmän başlapdyr. Stambulyñ basylyp alynmagy Haçparazlar ilki Stambulyñ häzirki Haliç raýonyna girip, şäheri almaga synanyşanam bolsalar, zynjyrlara we gala diwarlarynyñ burçunda güýçli ok atyjylaryñ garşylygyna uçrapdyr. Mundan soñ olar Üsküdarda düşläp, güýçli çozuşa taýynlyk görüpdir. Ilki Galata haçparazlar tarapyndan ele salnypdyr we goşun bu ýerdäki jöhit kwartalyna ýerleşipdir. Haçparazlaryñ bagtyna wizantiýa tagtynda oturan Aleksios III hem örän gorkak patyşa eken. Patyşan geniz birinji hüjümde hazynasyny ýanyna alyp, şäheri ýewropaly haçparaz talañçylaryñ eline taşlap gaçypdy. Haçparazlar Stambuly basyp alan badyna talañçylyga başlamandyr. Olar tagta Aleksios IV-y oturdyp, buthanalary birleşdirmegi we Ierusalim ýörişi üçin wizantiýalylardan pul almagy netlerine düwüpdir. Stambul halky haçparazlaryñ eden-etdiliginden we şäherdäki gabahatlyklaryndan bizar bolupdylar. Olar bilen oñşuksyzlygy bahana eden haçparazlar ahyrsoñy başly-barat ýagdaýda şähere çozupdyr. Dükanlar ýakylypdyr, aýal-gyzlar zorlanypdyr, birgiden wizantiýaly zalymlarça öldürilipdir. 1204-nji ýylda Murzufl dönük wizantiýa korolyny tagtdan agdarypdyr we haçparazlara garşy şäherde uly gozgalañ turzupdyr. Şondan soñ her gün diýen ýaly deñizde we gury ýerde hüjümler başlapdyr. 1204-nji ýylda 6-njy aprelinde penşenbe güni haçparazlar köçe söweşlerini taşlap, ähli güýçleri bilen Stambulyñ gala diwarlaryna hüjüm edipdir. Konstantinopol hüjümleriñ garşysynda zordan bir hepde goranyp bilipdir we şäher elden gidipdir. Murzufl özünden öñki patyşalaryñ edişi ýaly hazynany ýanyna alyp, şäherden gaçyp gidipdir. Garawsyz galan stambul halky haçparazlaryñ ynsaby bilen ikiçäk galypdyr. Haçparazlar stambullylaryñ özlerine garşy terrorçylykly hüjüme başlamagyndan gorkupdyrlar. Onsoñam Stambul uly şäher bolansoñ, olar şäheriñ ýagdaýy barada hiç zat bilmändirler. Haçparazlar öz aralarynda maslahat edenlerinden soñ howpsuzlyklaryny üpjün etmek üçin tutuş şäheri oda berip, ýakmagy makul bilipdir. On müñlerçe bigünä çaganyñ, aýal-gyzyñ, garry-gurtynyñ bolan şäheri oda berlipdir. Taryhda beýle ýagdaý mundan öñ görlüp-eşdilen zat däldi. Üstesine bu zulumy wizantiýalylara öz dindeşleri bolan ýewropaly haçparazlar edýärdi. Ýangyndan soñ haçparazlar 400 müñ adamy ýesir alypdylar. Şäheri ikä bölüp, ýarsyny wenesiýalylara berip, galan ýarsynam öz aralarynda bölüşipdiler. Gaçgak patyşa Murzufl San-Stefan töwereginde ele salnyp, şähere getirildi we şäheriñ iñ uzyn sütüniniñ depesine çykarylyp, halkyñ gözüniñ öñünde aşak oklandy. Haçparazlar hemme zady talanlaryndan soñ uly şäherde näme etjekleriniñ pikirini edip başladylar. Ierusalime gitmek üçin ýola çykan goşun Ierusalimiñ on essesine golaý ululukdaky şäheri basyp alypdy we mundan soñ näme etjegini bilenoldy. Ahyrynda olar şäherde "Latyn döwletini" gurmagy müwessa bildiler. Latyn imperiýasy ruh ýaly sudur bolup galan şäherde gurlupdy. Halkyñ aglaba bölegi gaçyp, galanlaryñam ep-esli bölegi haçparazlar tarapyndan öldürilipdi. Şäherde galan az sanly adam 1205-nji ýylda gozgalañ turzup, sähel tijenende haçparaz leşgeri Stambuldan syryp-süpürip aýyrýardy, emma san taýdan azlyk we ýeter-ýetmezçilikler sebäpli gozgalañ maksadyna ýetip bilmedi. Şeýle-de bolsa, 1205-nji ýyldaky gozgalañ Stambuly halas edip boljakdygynyñ umydynyñ wizantiýalylaryñ kalbynda umyt ýalkymynyñ döremegine sebäp boldy, emma wizantiýalylar şäheri gaýdyp almak üçin tegelek elli ýedi ýyl garaşmaly boldy. 1261-nji ýylda Iznigiñ hökümdary Mihail VIII şäheri haçparazlardan halas edipdir. Aslynda ol şäheri wenesiýalylar bilen bölüşipdir diýsek, has dogry bolar, sebäbi Galata töweregi tutuşlygyna italýanlaryñ ygtyýaryna berlipdi we ýene Stambulyñ söwda ýollary-da olatyñ elinde galypdy. Stambul taryhynyñ hiç bir döwründe bular ýaly terrorçylyga uçramandy we ýakylyp-ýykylmandy. Şäher altmyş ýyl çemesi wagtlap garantga şäher bolup ýaşady we bu ýagdaýy wizantiýalylaryñ başyna latyn dindeşleri salypdy. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Anna, 22.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |