10:25 Stokgolmly goňşymyň balkonynda Güne serilen gadymy türkmen halysy bilen derdinişik söhbeti | |
STOKGOLMLY GOŇŞYMYŇ BALKONYNDA GÜNE SERILEN GADYMY TÜRKMEN HALYSY BILEN DERDINIŞIK SÖHBETI
Goşgular
Kim seni dokady, Gör, kim ýuwurdy, Kim ýumakly iki ýana ýüwürdi?! Kim keser-synnyňy päki deý çaldy, Gör, kim seni satdy, kim satyn aldy! Ýa syrdymy seni meniň törümden Haýsydyr bir dik oturmyş göründe?! Yzymda galdyryp dadu-perýadym, Ötüp dört deňizden, kyrk dört derýadan, Nädip ýeriň ol ujundan çykdyň sen, Gör, kimiň töründe dyza çökdüň sen! Saklap gursagyňda taryhy syry, Ötürip üstüňden ýüzläp asyry, Bu gün çykdyň meň öňümden lowurdap, Arman, indem seň aslyňy ogurlap, “Parfiýa, Buhar halysy” diýip otyrlar (Ýesiriň ahmyryn gözden okyrlar). “Men türkmeniň!” gygyrýar göller, nagyşlar. Ýöne bu gün türkmen kimi bagyşlar?! Menimi ýa özünimi, bilemok, Men bu ýurda höwes edip gelemok. Aý, on-a, dogrusy, menem diýp bilýän. Menem seňki ýaly zor bilen gelýän. Seni keseki güýç ýoluňdan sowdy, Meni özümiňki it salyp kowdy. Bu zatlaryň indi bize parhy ýok. Geçmiş gymmat, gelejegiň nyrhy ýok. Men dymyp bilemok, sen bolsa gepläp, Arada hojaýynyň ýygnady epläp. Hoş, mysapyr ildeş, häzirlikçe bes! Kim çukurda beýik, kim depede pes. Kim ýurdunda geda, kim ýat ilde mes. Şiraly NURMYRADOW. | |
|
√ Mähir, meni terk etme sen! / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Gel, bize goşul / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Bolsa eder / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Gitmek / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Emelsiz kişi / Goşgular - 20.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||