08:36 Şu gazete üns beriñ | |
ŞU GAZETE ÜNS BERIÑ
Publisistika
2016-njy ýyl. Baş redaksiýasy Londonda ýerleşýän "Asharq al-Awsat" gazeti şu habary ýazdy: "Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyñ berýän maglumatyna görä, Kerbela zyýarata gidýän eýranly ärsiz aýal-gyzlaryñ 169-sy göwreli bolup dolanýar!" Habara ynansañ, şaýylar zyýarata gidýärkälerem ahlaksyz gatnaşyklara girmekden gaýtmaýarlarmyş! Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bu habary dessine ýalana çykaryp, gazetiñ üstünden şikaýat etdi. Eýran respublikasy habary ýazgardy... Çünki habar düýbünden ýalandy!.. Ine, ýene hut şol "Asharq al Awsat" gazetiniñ beren soñky habary Türkiýäni sarsdyrdy: - Oppozisiýa ýakyn durýan Siriýanyñ adam hukuklaryna gözegçilik öýünden alynan maglumata görä, ABŞ Haseke etrabynyñ Aýn-Diwar diýen ýerinde uly harby baza gurýar... - Şol maksat bilen Siriýanyñ bu sebitine Yrakdan elli sany uly ýük awtoulagynda (TIR-lerde) harby serişdeler daşaldy... Bu habar Türkiýede uly gowur turuzdy. Çünki Aýn-Diwar Siriýanyñ demirgazyk-gündogarynda, Türkiýe bilen Yragyñ çäkleriniñ kesişýän ýerinde, Şyrnagyñ Jizre posýologyna birnäçe ýüz metr uzaklygyndady. Özem ol ýer PKK-PÝD-niñ gözegçiligindedi. Gazetiñ beren habarynyñ üstünde teleýaýlymlaryñ syýasy gepleşiklerinde-de uzak jedel edildi. Meniñ geñ galan zadym şu boldy: hiç kim bu gazetiñ üstünde durup geçmedi! "Asharq al Awsat" gazetini ýakyndan tanamazdan bu habaryñ dogrudygyny anyklamak kyn... * * * "Asharq Al-Awsat"… "Ýakyn Gündogar" manysyny berýän we merkezi Londonda ýerleşýän, arap dilinde çykýan halkara gündelik gazet. 1978-nji ýyldan bäri dört yklymda we on iki şäherde çap edilýär. Gazet Saud Arabystanyñ Riýad merkezli Ylmy-barlaglar we söwda topary (Saudi Research and Marketing Group/ SRMG) tarapyndan çykarylýar. ("Arab News", "Al Majalla" ýa-da ýurdumyzdaky "Independent Türkçe" şu toparyñ garamagyndadyr. Özem bu gazetiñ türk dilinde “Şarkul Avsat” diýen internet-habarlar saýty hem bar.) Saud kontrrazwedkasynyñ (GID) düýbüni tutujy önki başlygy Kemal Edhem bu şereketiñ ilkinji paýdarlaryndan biridi. Şereket saud patyşasy Selman bin Abdyleziz bilenem ýakyn gatnaşykdady. Şonuñ üçinem Ahmet bin Selman (1989- 2002), Faýsal bin Selman (2002-2013), Türki bin Selman (2013-2014) we onuñ wezipesinden el çekmegi bilen gazetiñ dolandyryş toparynyñ başlyklygyna Bedir bin Abdylla Al Saud bellendi. Gepiñ keltesi, gazet - saudlaryñ şa maşgalasynyñ metbugat organy. Gazetiñ işe başlan 1978-nji ýylynda Müsür-Ysraýylyñ arasynda baglaşylan "Camp David" ylalaşygyna gabatlaşmagam tötänlik däldi. Gazet Enwer Sedatyñ garşysyna meçew beriji çykyşlary etdi! Gazet Eýrandyr Ýakyn Gündogar ýurtlary hakynda elmydama birtaraplaýyn habarlary berip geldi we häzirem şeýleligine galýar... Gepi uzadyp durjak däl. Olaryñ beren ýalan-ýaşryk habarlaryny jemlesek, bir uly kitap bolar. Geleliñ, gazetiñ araçägimizde gurulýar diýlen amerikan harby bazasy baradaky habaryna... ■ GAZETIÑ DÜÝP MAKSADY - TÜRKIÝÄ MEÇEW BERMEK Diñe saudlaryñ "Asharq Al-Awsat" gazeti däl. Saudlaryñ "Arab News"-i hem şuña meñzeş habary ýaýratdy. Geliñ, onda şu soragy orta atalyñ: Saud metbugat serişdeleriniñ berýän habarlaryna näderejede ynanyp bolar? Saud metbugat serişdeleri ABŞ-nyñ idin bermedik habaryny çap edip bilýärlermi beri? Bu habary nämüçin çap etdiler? Maksatlary näme? Meselem... AKP häkimiýetiniñ Jo Baýdeniñ hökümetine garşy ýumşama signallaryny berip başlanyna görübilmezlik edýän saud gazeti "harby baza habaryny" orta atyp, Türkiýe bilen ABŞ-nyñ arasyny bozmaga synanyşýarmy? Bar bolan ýaralarymyzy gaşap ganatjak bolýarmy? Seretseñizläñ: saud çeşmeli habara garaşyp duran ýaly Türkiýede birgiden gatlak dessine uly gowur turzup, "harby baza gurulmagyna" prowokasion ädim hökmünde baha berdi. "Derhal taýýarlyk görülmelidir!" "Türkiýäniñ eli-aýagy baglanýar." Bildirilýän protestler, elbetde, dogry. Emma meniñ añymda hemişe "saud habaryna ynanmak mümkinmi?" diýen sorag bar? Galyberse-de... Saud Arabystany-Türkiýe gatnaşyklarynyñ soñky döwürde näderejede ýaramazlaşandygyny ýazyp oturmagyñ geregi ýok hasaplaýaryn. Mysal üçin... Geçen ýyl saud hökümeti türk harytlaryna garşy embargo kararyny-gadagançylygyny girizdi. Hawa... Saud mediýasy "Türkiýede 1006 sany saud raýaty dereksiz ýitdi we näme bolandyklary belli däl" diýen ýaly ýalan habarlary ýaýradyp geldiler, häzirem şeýle! Olaryñ düýp maksady arap turistleriniñ Türkiýä gelmegine päsgelçilik döretmek! Şular ýaly betpygyl propoganda ýöredýän saud habar beriş serişdeleriniñ berýän habarlaryna näderejede ynanyp bolarka? Žurnalist Jemal Kaşykçyny zalymlarça öldüren despotik-diýdimzor hökümetiñ gürrüñini edýäris. Men hemişe şü tetelli gazetlere şübhe bilen garaýaryn. Olaryñ berýän habarlarynyñ astynda nämeleriñ ýatandygyna kelle döwýärin... Meselem… ABŞ-nyñ PKK/PÝD-ä iberen ýaraglary barada gürrün gidip durka, janly-jemendäniñ ünsi birdenkä "harby baza barýan ýaraglara" gönükdi duruberdi! Bular ýaly oýunlara-gara propogandalara aldanmazlyk lazym, eserdeñ bolmak lazym. Ünsli we sowukganly bolmak öz peýdamyza... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 24.02.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |