20:56 Şu syry hiç kime aýtma | |
ŞU SYRY HIÇ KIME AÝTMA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Arap kabyla başlyklarynyñ biriniñ örän owadan we ýüwrük bir aty bar eken. Bir baý adam şol aty ele salmak isleýär. Ol arap şeýhine adam iberip, şol aty almak isleýändigini, näçe baha kesse, tölemäge taýyndygyny aýdýar. Şeýh: "Meniñ atym satlyk däl, men ony hiç bir baha, näçe ýokary bolsa-da, satmazlyga ant içdim" diýýär. Emma bu jogap baýy kanagatlandyrmaýar. Ýene-de adam iberip, eger satmaga razy bolmasa, men ol atyñ deregine on at bermäge taýýar diýýär. Şeýh on at berse-de, söwda etmäge razy däldigini aýdýar. Mahlasy, baý näçe haýyş etse-de, adam iberse-de, şeýh atyny bermäge razy bolmaýar. Ol baý adam ýañky aty getirmäge örän höwes edýänligi sebäpli, birsalym-da rahatlanmaýar, hemişe öz ýanyndan oýlanyp gezýär. Ahyrsoñy köne egin-eşik geýip, şeýhiñ atyny münüp geçýän ýolunyñ gapdalynda gizlenip, şeýhiñ geçmegine garaşyp oturýar. Iki-üç sagat geçenden soñ, atly şeýh uzakda peýda bolýar. Haçan-da, deñine gelende, ýañky adam ahy-nala edip başlaýar, ýüzüni-de gizleýär. Şeýh onuñ ahy-nalasyny görüp, atyndan düşüp: - Sen kim, näme üçin beýle ahy-nala edýärsiñ - diýýär. Ol adam boguk ses bilen: - Men bir garyp adam, kireýine ulag tutar ýaly pulum ýokdy. Köp pyýada ýol ýöräp, halys ýadadym, indi ýöremäge asla güýjüm ýok - diýip jogap berýär. Şeýh bu adam hakykatdan-da, dogry aýdýandyr diýip pikir edýär, oña ýüregi awaýar we: - Men şu aty saña berýärin, şuny mün-de ilkinji baran obañda, men barýançam, garaş, men baryp aty alaryn - diýýär. Ol adam haýyr dogasyny edip, ýerinden turýar we şeýhiñ kömegi bilen ata münýär, atyñ uýanyny gowşadýar, at ýola düşýär. Şu pursatda ol adam şeýhe ýüzlenip: - Wagtyñy biderek geçirme, maña-da garaşma. Men seniñ atyñy satyn aljak bolan adam, emma sen razy bolmadyñ. Indi men şu hile bilen aty senden aldym, gaýdyp-da ony saña bermerin, Alla ýaryñ! - diýýär-de, aty haýdadyp gitmekçi bolýar. Şeýh oña garap: - Sabyr et, seniñ bilen bir möhüm işim bar - diýýär. Ol adam: - Näme işiñ bar, tiz aýt - diýýär. Şeýh: - Goý, bu at seniñki bolsun, onuñ bahasyny-da senden almak islämok, emma Allatagalanyñ adyndan kasam edýärin, şu wakany hiç kime aýtma, diñe sen bilen men bileýli - diýýär. Ol adam-da: - Kabul edýärin, ýöne şonuñ syryny we peýdasyny aýtmak şerti bilen - diýýär. Şeýh: - Eger şu wakany gürrüñ berseñ, ol bütin sähra we çöllere ýaýrar. Netijede hakykatdan-da, bir biçäre adam ýolda galsa, hiç kim oña ulagyny bermäge razy bolmaz, edil sniñ mekirlik edişiñ ýaly eder diýip pikir eder. Şeýlelikde, birnäçe biçäreleriñ çölde galyp heläk bolmaklary mümkin - diýýär. Ol adam şeýhiñ bu gymmatly sözlerini eşidip özüne gelýär we atdan düşüp, ony şeýhe tabşyrýar. Şonda şeýh: - Aty senden almaryn diýip ant içenim üçin, ony bozup bilmerin - diýýär. Ol adam öñküden-de beter utanýar we: - Onda maña minnet edip, onuñ bahasyny menden al - diýýär. Şeýh ynsap bilen bir mukdar pul belleýär. Ol adam-da şony töläp, islegli atyna eýe bolýar. Pars dilinden terjime eden: Aşyrpur MEREDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |