10:07 Sypaýy / hekaýa | |
SYPAÝY
Hekaýalar
Metbugat işinde ençeme ýyllyk iş tejribesi bolan bölüm müdir üçin onuň ýerine ýetirýän wezipesi indi endige öwrülip gidipdi. Gazetiň nobatdaky sanynyň hil derejesini we indiki sanlarynda çap edilmegi göz öňünde tutulýan çeper eserleriň, goşgulardyr makalalaryň mümkingadarlygy ara alnyp maslahatlaşylýan ýygnakdan ol ýene-de ep-eslije kagyzy goltuklap çykdy. Ol kagyzlaryň ählisiniň ýüzünde baş redaktoryň: «Bölüm müdire! Tanyş boluň, öwreniň!», «Bölüm müdire! Çapa taýýarlaň!», «Bölüm müdire! Gazetiň indiki sany üçin göz öňüne tutuň!» diýlip, goly goýlan ýazgylar berkidilendi. Elbetde, bu işlere seretmelidi. Olara diňe aýba-aý alýan aýlyk hakyňy halallamak üçin däl-de döwrüň döredijilik bilen meşgullanýan wekilleriniň ruhy dünýäsinden ýakymly lezzet almak üçin çemeleşmek Mämmet aganyň häsiýetiniň özboluşly tarapydy. Mämmet aga endigine görä olary üç topara böldi. Goşgular. Hekaýalar. Makalalar. Tertipläp boldy. Goşgulardan başlady. Döwrüň ykrarnamasyny — okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazanan tejribeli şahyrlaryň biriniň goşgular toplumy bilen tanyşdy. Hersi aýratyn kagyza ýazylan alty goşgynyň dördüsini bir ýere jemläp «gowy», galan ikisini bile çatyp, aşagyna: «Okyjylaryň söýgüsini gazananyňdan soňra ony saklamak gerek. Harsallyga ýüz urma!» diýip bellik etdi. Soňra ýokary okuw mekdepleriniň biriniň talybynyň goşgular toplumy bilen tanyşdy. Mämmet aganyň ýüzi ýagtylyp gitdi. «Boljag-ow şü» diýdi. Talyp ýigidiň tejribesizligi bildirýärdi. Ol bir kagyzyň ýüzüne üç goşgusyny ýerleşdirjek bolup, maýda hem düşnüksizräk ýazypdyr. Çeperçilik derejesi, umuman alanyňda, ýaňyja okan tejribeli şahyrynyň gowşak hasaplap bellik eden goşgularynyňkydan kän bir tapawutlanyberenok. Emma ol «Ýaş şahyrdy». Onuň şygryýete bolan söýgüsine badalga zerurdy. Talybyň şygyrlaryna indiki sana niýetlemegi makul bildi. Şonuň üçinem ony baş redaktora maglumat berýän ýandepderçesine belledi. Bu ýandepderçä dört-bäş ýyl mundan öň bellik edilenleriň käbiri döredijilikde öz ýoluny tapypdy. Soňra makalalara seretdi. Döwrüň derwaýys we buýsançly meselelerinden dem alýan makalalary okap, ruhy ýene bir beýgeldi. Gerekli ýerlerine bellikler edişdirdi. Ine, indi Mämmet aga hekaýalara-da geçiberse bolar. Çaý demlendi. Çaýy demine goýdy. Hekaýalary ajy gök çaýsyz okap bolmaz-a. Hemmeler üçin munuň beýle däl bolmagam ahmal. Emma Mämmet aga üçin bu endikdi. Ýok-ýok endik däldi, kanundy. Hekaýalardaky her bir gahrymanyň hereketlerini, olary ýüze çykarýan pikir beýanetmelerini, ýazyjynyň ulanýan edebi tärlerini hem-de olaryň ählisiniň özara sazlaşyklaryny yzarlamak, olardan ýakymly lezzet almak üçin demini alan ajy gök çaý esasy serişdedi. Şonuň üçinem, ol ilki demini alan çaýdan dolduran käsesinden işdämenlik bilen bir owurtlap, hekaýalaryň birini eline aldy. Edil şol wagt hem «Maňa bölüm müdir Mämmet aga gerekdi» diýip bir ýigit gapydan girdi. Ýigit diýseň medeniýetli geýnendi. Görmegeýdi. — Mendirin şo, giriber. — Essalowmaleýkim, Mämmet aga! — Waleýkimessalam. Gel, geç, otur. Hany, bir käsejik çaýam bereýin. — Sag boluň, agam. Men şu wagt baş redaktoruňyzyň ýanyndan gelýän. Siziň ýanyňyza iberdi meni. «Mämmet aga gowy düşündirer» diýdi. — Nämäni düşündirmeli, inim?! Hany otursana-how. — Gazetiňize hekaýamy ugradanyma birki aý boldy. «Habar alaýaýyn, birden gowuşmadyk bolaýmasyn» diýip gelsem, baş redaktor onuň size geçirilendigini aýtdy. — Size kim diýerler, ýagşy ýigit. Hekaýaňyzyň ady nämedir?! Häzir, ynha taparysam, düşünişerisem. Ýigit özüni tanyşdyrdy. Hekaýasynyň adynam aýtdy. Ony gözläp tapmak üçin Mämmet aga kän wagt gerek bolmady. Tapdy. Golýazmanyň ýeňsesine eden belligine seredip ýylgyrdy. Dogrusy, Mämmet aga bu ýigit hekaýasynyň ykbaly bilen gyzyklanyp gelerem öýtmändi. Mämmet aganyň hereketlerini içgin synlap oturan «ýaş ýazyjy» öz eseriniň el ýüzüne çykarylandygyny göreninden soň sypaýyçylyk bilen söze başlady. — Tapdyňmy, agam? — Tapdym. — Mämmet aga, näme hekaýamy gowşak gördüňizmi?! — Aý, ýok, gowşag-a diýip biljek däl welin, siziň öň hekaýalaryňyz çykypmydy gazet-žurnallarda?! — Ýok, agam. Ýa siziň gazetiňizde hekaýasyny çykartmak isleýanleriň öň başga bir gazetde hekaýasynyň çykan bolmagy hökmanmy ýa-da gepiň gerdişine göräräk soraýdyňyzmy?! Köpbilmişlige eýlenen dilewarlygy bilen öz howalasyny basmaga synanyşýandygyna düşünenem bolsa, altmyşy alkymlan Mämmet aga gönülemedi. Öz ýanyndan «Hany, bu «ýazyjynyň» baldyryny barlap göreýin» diýdi. Gürrüňi başga hörpden başlady. — Siz türkmen dilinden başga haýsy dilleri bilýäňiz?! Ýigit ýakymsyz ýylgyryşyny etdi-de: — Iňlis, rus we türk dillerini. Hä, näme, agam, bu sowalyňyzyň meniň hekaýama näme dahyly bar? Men size işe geçmek üçin resminama doldurmaga däl-de, çykmadyk eserimiň ykbalyny anyklamaga, çykjakdygyna ýa çykmajakdygyna göz ýetirmäge geldim. Mämmet aga bu «sypaýy» ýigit bilen söhbedini özi ýaly «sypaýy» äheňde dowam etdi. — Dogry... öň hiç eserim çap edilmedik diýdiňizmi?! — Diýdim. Mämmet aga, öň eserlerimiň çykyp-çykmandygynyň näme dahyly bar oňa. Soraşmak aýyp däl welin, siziň özüňiziňem hekaýalaryňyzy göremok men, metbugatda. — Sebäbi, men ýazamok-da. — Onda-da, hekaýalaryň ykbalyny size ynanypdyrlar. Aý, howwa-da... Mämmet aga gürrüňi esasy meselä syrykdyrmagyň wagtynyň gelendigini aňdy. — Edebiýat diýlen ummasyz biserhet dünýä bilen nätanyş-a däl, inim, sen! — Edebiýat bilen nätanyş adamyň edebiýata giresi gelmez-ä! — Dýumalaryň, Şolohowyň eserlerini okadyňmy özi?! — Elbetde, Tolstoýam, Çehowam okadym. Okan ýazyjylarym kändir. — Şukşini hasam gowy «okapsyň» öýdýän diýip, garşysyndaky duran, howalaňy sypaýyçylyk bilen basmak isleýän «ýaş ýazyjynyň» gözlerine dikanlap seredip, ýylgyrdy. — Aý, ondan kän okamadym öýdýän, birdir-ýarym hekaýasy bolaýmasa. — Onda-da seň «meň hekaýam» diýýän eseriň birhili, şonuň hekaýalarynyň birini ýadyma saljak bolýar. Ýa göwnümemikä?! — Agam, näme diýjek bolýaň?! — Men diýjek bolamak, inim. Diýdim eýýäm diýjek zadymy. — Näme diýsene agam! Şukşiniň mundan birnäçe ýyl öň meň eserim bilen manydaş hekaýa ýüzlenenine men günäkär däl ahbetin. Munyň töhmet bolýar. Arassa töhmet bi agam. Dilimizi düşündirer ýaly adam tapaýarys. — Azara galyp ýörme inim. Nätjek kösenip ýörip. Her üç-dört aýdan gazetimize gelýän eserleriň derejesi, ol eserleri döredýänleriň ýa hödürleýänleriň derejesi hakynda edebi syn bilen çykyş edýändiris. Nobatdaky synyňam möhleti geliberipdir öýdýän. Ana, şonda agzaýarys seniň derejäňem, «seniň hekaýaň» derejesinem. «Diliňi düşündirmek» isleýän adamlaryň hem, tutuş halkam okaýa şony. Göze gelüwli görmegeý ýigit birden goşaryndaky owadan sagadyna seretdi-de: — Agam, bagyşlawer. Meniň bir gyssagly barmaly ýerim bardy. Tas, ýadymdan çykaran ekenim. Bu hekaýa göwnüňize batmaýan bolsa, ýene birini getiräýeris. Ýagşy onda, sag boluň, häzirlikçe — diýip, hiç hili jogaba-da garaşman, edil gelşi ýaly sypaýyçylyk bilen çykyp gitdi. Mämmet aga çaýynyň sowanyna gynansa-da bu sypaýy ýigidiň kän wagt alman çykyp gidenine, ýygnap bir goýaýyn diýip seretse, hekaýanyň golýazma nusgasynyň hem ýigit bilen bile gidendigine begendi. Ondan bäri bäş-alty ýyl geçdi. Emma ol ýigit Mämmet aganyň ýanyna gaýdyp gelmedi. Hekaýalarynam ugratmady. Mämmet aganyň onuň hekaýalaryna başga neşirlerde-de gözi ilmedi. Ýöne şol ýigidiň gelip giden güni baş redaktoryň «Hany, ol ýanyňa ugradan ýigidim bilen nahli düşünişdiň?!» diýen sowalyna ol ýekeje söz bilen ýylgyryp jogap beripdi: — Sypaýy. Aşyrmat GARLYÝEW. | |
|
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |