Isgenderiň kakasyna Begmyrat gawunçy diýýärdiler. Edil Isgenderiň özi ýaly pälwan sypatly bu adam ýaşlygynda Horezmşanyň nökeridi. Ol şanyň harby ýörişlerine gatnaşypdy. Jeňleriň birinde agyr ýaraly bolup, obasyna gaýdypdy. Onuň obasy Gürgenjiň golaýynda ýerleşýärdi. Şondan bäri köp ýyllaryň dowamynda daýhançylyk bilen meşgullanýardy. Ol dünýä belli Horezmiň gawunlarynyň iň naýbaşy görnüşlerini ekip ýetişdirýärdi. Şonuň üçinem Gürgenjiň bazarynda Begmyrat gawunçynyň gawunynyň hyrydary gaty kändi. Isgender hem kakasy bilen Gürgenjiň bazaryna at arabaly gawun satmaga barardy. Şonda ol bu beýik şäheriň köçelerinden geçip barýarka, bişen kerpiçden gurulan biçak gözel metjitdir medreselere, diwanhanadyr köşklere haýran galmak bilen seredýärdi. Şeýle ajaýyp ymaratlary gurýan adamlara gözi gidýärdi. Emma kakasy oglunyň daýhançylykdan ýüz dönderip başga käre el urmagyny halamaýardy. Megerem şonuň üçin bolsa gerek, gawun ýüklenen öz arabalarynda Gürgenjiň köçeleriniň birinden geçip barýarkalar, ol ogluna şeýle diýipdi:
- Dünýäniň işleri gaty geň, oglum. Biriniň guran şeýle gözel binalaryny başga biri gelip ýykyp – ýumurýar. Gurýanam adam, ýykyp-ýumurýanam adam. Bizem käbir galalary alanymyzda şeýle ymaratlaryň näçesini kül-peýekun etdik. Bir gün bolmasa, bir gün Horezmşadan hem zorrak biri goşun çekip gelip, Gürgenji-de ýere ýegsan etse gerek. Kakasynyň bu gepi Isgenderi uzak wagt oýlandyrypdy, emma onuň binagärlik kärine bolan höwesini syndyryp bilmändi.
Isgender atasyndan şol gepi eşiden güni ýeke özi bazarda gawun satyp otyrdy. Gawunçylar Gürgenç bazarynyň uzyn bir restesini eýeläp, söwda edýärdiler. Uly bazaryň şowhuny, şagalaňy on alty ýaşa ýaňy gadam uran Isgenderiň göwnüni göterse-de, gawun satmak ýaly durmuşyň ýönekeý zerurlugyna höwesi ýokdy. Onuň gözi bazaryň restelerinde toparlanyşyp ýören dürli eşikli, dürli dilde gürleşýän dürli adamlardady. Olaryň keşbinde Isgender dünýäniň dürli ýurtlarynyň aýratynlyklaryny görýärdi.
Isgender bazara göz gezdirip bolup, öñüne seretse, ýönekeý geýimli emma örän salyhatly, orta ýaşlaryndaky iki sany adam onuň üýşüp duran gawunlaryna hyrydar gözi bilen seredip durdylar. Olaryň biri bir torly gulabyny saýlap eline aldy-da, ýoldaşyna görkezip:
- Munuň toruna bir serediň, Mahmyt aga, siziň bilen biz entek nakgaşlygy tebigatyň özünden öwrenmeli – diýip ýylgyrdy. – Hazirki gurulýan kerwensaraýyň peştagyna edil şu gawunyň toruna meňzeş nagyşlar çekseňiz gelişmän durmaz - diýdi.
Ýoldaşy gawuny eline alyp, onuň toruna dykgat bilen seredip durşuna şeýle diýdi :
- Inim Semender, siziň danalykda kemiňiz ýok. Men şol peştagy nähili usulda bezesemkäm diýip, pikirlenip ýördüm. Ine, siz maňa bu möhüm işiň ýoluny salgy berdiňiz. Bu ajaýyp maslahatyňyz üçin size minnetdarlyk bildirýärin.
Bu iki adamyň gürrüňini üns berip diňläp duran Isgender üýşüp ýatan gawunlarynyň aňyrsyndan bärisine nädip geçenini, nädip Semender ussanyň elini alyp görşenini özi-de duýman galdy.
- Men siziň adyňyzy öňdenem eşidýärdim, siziň guran ymaratlaryňyzy görüp höwes edýän. Meni özüňize şägirt edip alyň, ussa. Eger gije-gündüz iş buýrsaňyzam men ýadaman, ýaltanman ederin – diýip, Isgender Semender ussa özelenip ýalbardy.
Semender ussa pälwan sypatly bu oba ýigidine mähir bilen seredeýärdi. Ol Isgenderiň asly neslini sorap bolansoň:
- Bolýar, oglum. Men seni şägirt edip alaýyn, ýöne, muňa seniň ene-atañyñ razylygy gerek. Eger sen şu işe çyn ýürekden bil baglan bolsaň, meniň ýanyma kakañ bilen bile geläý – diýip, oňa öýüni salgy berdi.
Indi kör derwüş adyny alyp ýören Mahmyt nakgaşy Isgender bu ýerde görüp, tananyndan soň şu wakalary göz öňüne getirdi.
Isgender Semender ussa şägirt bolup işe başlan günleri Gügenjiň gündogar çetindäki ýedinji kerwensaraýyň gurluşygy gyzgalaňly alnyp barylýardy. Bu ýere ilkinji gezek işe gelen güni Isgenderiň ýadyndan hiç haçan çykmasa gerek. Bir giden meýdany tutyp ýatan gurluşykda ýüze golaý adam işleýärdi. Güýz paslynyň başlanyna garamazdan howa yssydy. Gurluşykçylaryň bir entegi ak el ýaglyklarynyň dört burçuny düwüp, tahýa edip kellelerine geýip, günüň ötgür şöhlesinden birneme goranýardylar. Semender ussa bilen Mahmyt nakgaş bolsa kellelerine gyzyl mahmaldan ýörite tikilen iş topbylaryny geýip işleýärdiler. Agyr goşunyň serkerdeleri kellesindäki dubulgasyndan tanalyşy ýaly baş ussa bilen baş nakgaşy-da kellesindäki gyzyl topbysy köpçüligiň içinden tiz saýgaryp almaga mümkünçilik berýärdi. Gurluşykda adamlar gaýda – gaýmalaşykdy. Bu ýerde gurluşykçylardan başga-da, işiň gidişine tomaşa etmäge gelen adamlar hem kändi.
Kerwensaraýyň uly derwezesiniň, peştak diýip atlandyrylýan üstki böleginiň gurluşygy tamamlanypdy. Gurluşyk işleri derwezeden yzky bölümlerde gidýärdi. Derwezäniň iki tarapyndaky sütünlerini hem-de peştagyny Mahmyt nakgaş öz şägirtleri bilen syrçaly bezegiň öň ýanyndan tekizläp timarlaýardy. Agaç gurulmanyň üstünde durup, peştagyň ýokary bölegini timarlaýan garýagyz ýigit aýdyma gygyrýardy
Gürgenjiň galasy laý bilen daşdan,
Meniň ýarym geler uzakdan, daşdan,
Gözlerim ýoluňda intizardyr, ýar,
Maňa ýene niçe sütemleriň bar,
sütemleriñ bar...
Bu aýdym şol wagtyň özünde Isgenderiň juwan kalbyna öçmez hat bolup ýazylypdy. Semender ussa Isgenderi yzyna tirkäp, derweze golaýrak ýerdäki kerpiç örýänleriň ýanyna eltdi, olaryň işbaşçysy bilen tanyşdyrdy-da:
- Ine, oglum, sen şu ýigitler bilen bir ýyla golaý işlemeli bolarsyň. Sen bularyň arasynda kerpiji biri – birine ýapyşdyrýan heçjeniň taýýarlanyşyny, kerpiçleriň çarhlanyp timarlanylyşyny hemem olaryň örüliş ussullaryny mazaly öwrenensiň. Onsoň men saňa binagärlik käriniň başga usullaryny öwrederin – diýip, ony ilkinji günden işe ugrukdyryp göýberdi.
Şeýdip aýlar, günler geçdi. Isgender hem binagärlik işiniň tilsimlerini ele alyp ugrady. Onuň zehinine, gujur – gaýratyna diňe kärdeş ýoldaşlarynyň däl, baş ussa Semenderiň hem göwni ýetýärdi. Kerwensaraýyň gurluşygy tamamlanylmagynyň öň ýanynda Semender ussa Isgenderi özüne kömekçi edip geçirdi. Şol gün günortanlyk çaýa oturanlarynda Semender ussa bilen Mahmyt nakgaşyň arasynda bolan gürrüň Isgenderiň ýadynda mydamalyk saklanyp galdy. Semender ussa agzy gapakly mis tüňçede demlenen çaýy käsä guýup gaýtaryp otyrka, Mahmyt nakgaşa ýüzlendi:
- Mahmyt aga, biziň bu edýän işimize geljekgi nesiller nähili göz bilen serederlerkä?
- Siz näme, geljekgi nesiller biziň senedimiziň gadryny bilmezler öýdýäňizmi? – diýip, Mahmyt nakgaş baş ussanyň sowalyna sowal bilen jogap berdi.
- Wagtyň geçmegi bilen biziň gurluşyk, nakgaşlyk usullarymyz ýitip gider, bizden galan ymaratlar bolsa olara nusga bolup bilmez diýjek bolýan. Elbetde, olar başga hili, başga görnüşdäki şäherler gurarlar. Biziň häzir beýik şäher diýip atlandyrýan bu gezel Gürgenjimiz tozap ýatan bir oba öwrüler diýip, howatyr edýän.
- Ýok, Semender ussa – diýip, Mahmyt nakgaş kellesini ýaýkady. – Adamzat özüniň taryhy geçmişindäki gowy işlere hemişe-de uly hormat bilen garap gelýär. Bizden soňky nesilerem şeýle eder. Meniň muňa şübhäm ýok. Gürgenç bolsa bizden soňky Horezmin ýurdunyň görki-görmegi we buýsanjy bolup galar.
Semender ussa jedeli dowam etdirip oturmady-da:
- Ylahym, siziň aýdanyňyz bolsun – diýip oňdy. Şol wagt Isgendere halypasynyň aýdan gepi ýaramady. Mahmyt nakgaşyň sözleri bolsa onuň göwnünden turup, ruhuny göteripdi.
Ine, şeýle geljege, özüne ynamy güýçli bolan ajaýyp senetkär ussanyň indi beýle gözgyny ýagdaýa düşüp, derwüşleriň öýünde oturanyna Isgenderiň ýüregi gyýyldy.
Galandarlar kör derwüşyň oglunyň gelerine garaşyp, sadylla bolup oturan bolmaga çemeli. Olaryň biri diwardan asylgy duran dutary gabyndan çykaryp, diwara söýäp goýdy. Oglan birki käse çaý içeninden soň, bileklerini çermäp dutary eline aldy. Myhmanhananyň içindäki şowhun köşeşdi. Oglan dutaryň gulaklaryny towlaşdyryp, tarlaryny düzüşdirip oturşyna märekä göz gezdirýärdi. Onuň şar gara jöwherli gözleri adamlara birhili howatyrly garaýardy, emma onuň süýt ýaly ak we dury ýüzünde mylaýym bir asudalyk höküm sürýärdi. Oglan dutary düzüp, bir-iki des kakandan derwüşleriň sesine suw sepilen ýaly boldy. Şondan soň dutaryň perdeleri dillenip, ýürekleri gyýyp barýan şeýle bir zaryn owaz ýaňlanyp ugrady welin, asyrlaryň ahy – nalasyny, aşyklaryň mähri wepasyny, zamananyň jebri-jepasyny taryplap, adamlaryň başynyň üstünde edil janly zat ýaly öwrüm edip aýlanýan bu ajaýyp heňiň garşysynda durmaga daşdan ýürek gerekdi. Horezmşa-da özüniň gudratly bir döwletiň hökümdarydygyny bütünleý unudypdy, bu ajaýyp mukamyň ýesirine dönüpdi. Emma köpi gören şa sazandaryň perdeler üstünde ýeňil oýnaýan nepis barmaklaryna syn edip oturşyna gizlin bir syry aňan ýaly, wezirine gözüniň gytagy bilen manyly seretdi. Emma heňiň jadyly labzyna iki ýana çaýkanyp aňkasyny aşyryp otyran wezir hiç zatdan habarsyzdy. Şa onuň böwrüne dürtüp, gulagyna çawuş çakdy:
- Sazandaryň ellerine gowja äňet!
Şanyň sözlerine özüçe düşünen wezir:
- Äňedip otyryn, edil näzenin gyzlaryňky ýaly, hytaýy barmaklary haýran galdyrýar – diýip jogap berdi.
- Bi ýerde haýran galasy zat ýok. Onuň özi gyz bolaýsa nätjek – diýip, şa weziriniň pähimsizligine gaharlandy. Wezir gözlerini petredip:
- Bä, Alyhezret, şeýlemika? - diýdi.
Şa geplemedi. Sazandar hem çalyp otyran heňini aýaklap, dutary diwara söýedi-de, öňündäki çaýly käsäni eline aldy. Onuň gaşlarynyň üsti monjuk-monjuk bolup derläpdi, gözleri öz çalan heňiniň täsiri bilen lowurdaýardy. Ol şu görnüşinde öňküsündenem has görmegeýdi.
- Hormatly şagalandar – diýip, Horezmşa meýlisiň ketdesine ýüz tutdy. - Siziň rugsadyňyz bilen sazandar ýigit birki aýdym hem aýdyp beräýse, gamgyn göwnümiz ýene-de göterilerdi.
Şagalandaryň ýerine kör derwuş jogap berdi:
- Gadyrly myhmanymyz, siziň islegiňizi ýerine ýetirmek borjumyz. Emma gynansak-da, munuň mümkünçiligi ýok. Sebäbi meniň oglum aýdymçy däl, sazandar.
Bu sözlerden soň şa özüniň gumanynyň ýerliksiz däldigine ynandy.
Diýmek, kör derwüş ýeke perzendiniň gyzdygyny owazyndan bilmesinler diýip, oňa aýdym aýtmagy gadagan eden bolmaga çemeli. Näme, körüň ätiýajy elden bermezliginiňem sebäbi düşnükli: Birinjiden, bu ykmandalaryň içinde gyz maşgalanyň gün görmegi örän kyn bolsa, ikinjiden bir arkasyz derwüşyň şeýle gözel gyzy özünüň owadanlygy zerarly başyna geljek belalardan goranyp bilmezdi. Zamananyň nakyly şeýle: "Owadanlyk başa beladyr".
Horezmşa hyýalyny bes edip, galandarlaryň ketdesinden gaýtmaga rugsat sorady.
- Biziň külbämizde ähli mysapyrlar üçin ýer tapylar, isleseňiz galyberiň – diýip, şagalandar rehim, şepagatly dillendi.
- Köp sag bol, merhemetli ynsan! Biziň kerwensaraýda ýerimiz bar. Rugsat etseňiz besdir- diýip, şa weziri bilen ýerinden turdy. Galandarlar olary "Alla ýaryňyz bolsun, dört çaryýar medetkäriňiz bolsun!” diýip, alkyşlar bilen ugratdylar.
Köçä çykanlarynda güýz aýynyň gijeki salkyn howasy şa bilen weziriň çilimdir neşäniň tüssesine dumanlan kellelerini birazrak açan ýaly boldy. Emma Horezmşa ähli eşiden gep-gürrüňlerini unudyp, ýaňyja diñlän sazynyň şirin lezzetinden mes bolup gelýärdi. Onuň henizem gulaklarynda dutaryň jadyly labyzy ýaňlansa, perdeler üstünde enaýy oýnaýan hytaýy barmaklar göz oňünden gidenokdy.
Köşgüň golaýyndaky köçeleriň birinde goşa at goşulan paýtun araba köp wagtdan bäri garaşyp durdy. Hälki iki derwüş gelip, paýtunyň tylla nagyşly gapysyndan sümdüler-de, eşiklerini çalşyrdylar. Şeýdip, köçelerde ýaňja ygyp ýören bu iki galandar ýene-de Horezminiñ gudratly hökümdarlaryna öwrüldiler.
Häliden bäri dymyp gelýän şa köşge gelip ýetenlerinde, wezirine gysga buyruk berdi.
- Ertir meniň huzuryma birinji salama gelen adam ýaňky sazandar bolmaly.
- Lepbeý, Alyhezret – diýip, wezir iki büküldi. – Alyhezret, eger kabul etseňiz, bir maslahatym bar.
- Aýt, näme maslahat.
- Eger siz ol sazandary köşgünize laýyk görýän bolsaňyz, onda ony gaty inçelik, mylaýymlyk bilen boýnatmak gerek. Ýogsa ony zorluk bilen özümize hyzmat etdirip bolmaz.
- Näme, biz oňa ýalbarmalymy?
- Ýok, kyblaýy älem. Ýalbarmak gerek däl – diýip, Mehduny dilini dişledi.
Ol tylla tagtda oturan hökümdara "Hemme kişä edýän gödekligiňizi oňä etmäň” diýip aýdyp bolmajagyny gaty gowy bilýärdi. Şonuň üçin ol bu gepi düşündürmegiň başgarak tärini gözleýärdi.
- Alyhezret, zoruň haýyş äheňinde aýdan sözlerini-de ejiz buýruk hökmünde kabul edýändir – diýip, Mehudyny şeýle jüpüne düşen jogap tapanyna begenip dillendi. – Isgender Zulkarnaýyň Çynma-Çyn ýurduny nädip alandygy baradaky rowaýaty eşiden bolsaňyz gerek. Bizem ol sazandary ana şonuň ýaly inçe ýol bilen özümize gulluk etdirmeli.
Horezmşa özüni zamanynyň Isgenderi saýýardy. Şonuň üçin ol Isgender Zulkarnaýyň taryhyny gowy bilýärdi. Emma onuň Çynma-Çyny alandygyny eşitmändi.
- A-how, Mehduny, sen taryhdan habaryň ýok ýaly-la. Isgender Zulkarnaýyn Çynma-Çyna ýörüş etmändir ahyryn.
- Alyhezret, elbetde men guluňyz, taryhy siziň bilişiňiz ýaly bilýän däldirin. Ýöne şol rowaýata garanda Isgender Zulkarnaýyn Çynma-Çyny bir damja-da gan dökmän, hat-da onuň topragyna gadamam basman alypdyr. Eger, diňleseňiz, size şol rowaýaty gürrüñ bereýin.
- Onuň ýaly täsin gürrüň bolsa aýt, diňläýin!
- Lepbeý, Alyhezret – diýip, Mehduny söze başlady: - Isgender Zülkarnaýyn dünýäniň gaty köp ýurtlaryny özüne tabyn edeninden soň, agyr goşun çekip, Çynma-Çynyň serhedine gelipdir. Goşuny serhetden aňry geçirmän, şol ýerde goş ýazdyrmaga buýruk beripdir. Ol özüniň haşamly çadyryna girip, Çynma-Çynyň hakanyna gaty inçe mazmunly bir hat ýazypdyr. Haty çapar bilen hakanyň köşgüne ýollapdyr. Şol döwürde Çynma-Çynda Kahy-Şin diýen ýaşy bir çene baran hakan höküm sürýän eken. Hakan Isgender Zulkarnaýnyň çaparynyň getiren hatyny açyp okamagy mürzesine buýurýar. Mürze haty köşk hadymlary eşider ýaly edip batly ses bilen okaýar.
"Hormatly beýik Çynma-Çyn ýurdunyň beýik hakany Kahy-Şine! Men, Isgender Zulkarnaýn Siziň jümle-jahana dolan at-owazaňyzy, Çynma-Çyn ýurdunyň biçak gözel we beýik ülkedigini eşidip, Sizi togap edip synyňyzy maňlaýyma degirip gitmek maksady bilen uzak ýoldan ejir çekip geldik. Ýolumyz bihatar bolsun üçin öz ýanymyza bäş-alty sany nöker hem aldym. Emma siziň rugsadyňyzy almazdan serhetden geçmäge milt edip bilmän şu ýerde aýak çekdik. Eger serhediňizden geçmäge rugsat etseňiz, köşgüňüze baryp, siziň didaryňyzy görsem we size getiren sowgat-salamlarymy gowşursam diýen niýetim bar.
Tagzym we hormat bilen Isgender Zulkarnaýyn”.
Hat okalyp bolunansoň köşk hadymlary ,,Elhapus! Aperin! Biziň beýik hanymyza dünýäni lerzana salan patyşa hem tagzym etmäge gelipdir” diýşip, dumly-duşdan hakana ýaranjaňlyk edýärler, Kahy-Şinyň özi-de muňa monça bolup, köşk hadymlaryna buýruk berýär:
- Hany, baryň atlanyň! Isgenderiň öňünden çykaly. Bizi hormat eden adama hormat goýmagymyz gerek!
Şeýdip hakan başlyklaýyn otuz-kyrk atly bolup Isgenderiň goş taşlan ýerine barýarlar. Şonda olar Isgenderiň hatynda "ýolumyz bihatar bolsun üçin öz ýanym bilen bäş-alty sany nöker hem alyp gaýtdyk” diýeniniň uç-gyraksyz agyr goşundygyny görüp, gaty aljyraňňy ýagdaýa düşýärler.
Hakanyň gelenini Isgendere habar berenlerinde, ol çadyryndan çykyp, hakany atdan gujaklap düşürýär, adamlary bilen bile çadyryna teklip edýär, hezzet-hormat edip, öňlerine saçak ýazýar.
- Hany, oglum Isgender, sen aýt, bu agyr goşun bilen biz taraplara sapar etmekden maksat näme? Diňe bizi togap edip gitmekmi ýa-da başga maksat hem barmy? – diýip, hakan dil ýaryar.
Isgender oňa mylaýym ýylgyryp jogap berýär:
- Başga-da bir maksat bar, hormatly atam. Ol maksat şeýle: Asmanda Hudaý bir ýerde-de häkim bir bolmady. Men dünýäniň Çynma-Çyndan başga ýurtlaryny zabt edip aldym, olary özüme tabyn etdim. Indi şol ýurtlary men size tabşyraýsam, sizem Allatagalanyň ýeke-täk häkimi bolup höküm sürseňiz, nähili görýäňiz?
Isgenderiň gaty sypaýyçylyk bilen ýazan haty ýaly bu aýdan mylaýym sözleriniň asyl manysy Kahy-Şine-de, onuň ýany bilen gelen adamlara-da örän düşnüklidi. Maksat aýdyňdy.
Kahy-Şin uzak dymyp oturmady. Dymanynda-da etjek alajy ýokdy. Takdyryna ten bermeli boldy. Şonuň üçin ol uludan demini alyp, jogap berdi:
- Oglum. Isgender, dünýä ýüzüne häkimlik ederden men indi gartaşan adam. Şoňa görä Çynma-Çyny biz saňa tabşyraly. Ýer ýüzüne häkimligi özüň ediber.
Isgenderiň gözlerinde ýeňiş uçguny lowurdaýar. Ol:
- Bu pikiriňiz hem ters däl, atam. Maňa şeýle uly ynam bildireniňiz üçin sag boluň! – diýip, öňden taýynlanyp goýlan şertnamany hakanyň öňüne süýşürýär. Hakanyň şertnama möhür basmakdan başga alajy galmaýar.
Mehduny gürrüňini gutaryp, Horezmşanyň ýüzüne dykgat bilen seretdi. Görnüşine garanda, onuň gürrüňi hökümdara ýarana meňzeýärdi.
- Ine, Aly hezret, Isgender Çynma-Çyny şeýdip, ýekeje damja gan dökmän alypdyr – diýip, Mehduny sözüniň soňuny ýetirdi.
- Arkaýyn bol, wezir, Isgender Çynma-Çyny şeýdip alan bolsa, bizem ol sazandary edil şeýdip özümize alarys. – diýip, Horezmşa başyny atyp ýylgyrdy. – Indi, saňa rugsat, işiñi et!
- Lepbeý, Aly hezret-diýip, wezir bäş egip, çykyp gitdi.
Horezmşanyň emriniň ýerine ýetirilmän galan wagty hiç haçan bolmandy. Bu gezek hem şeýle boldy. Şol günüň ertesi guşluk wagty şa arzhana gelip, tagta oturanynda garşydaky gapydan Mehduny weziriň göwresi göründi.
- Kyblaýy älem, rugsat etseňiz, bir pukaraňyz arzysalama gelipdir.
Pukaranyň kimdigi Horezmşaga düşnüklidi. Ol "girsin" diýen manyda başyny atdy. Wezir bilen sazandar derwüş içerik girip, gapynyň öňünde tagzym edip durdular. Horezmşa hiç wagt etmeýän işini edip, geleniň hormaty üçin ýerinden turdy, ýuwaş ädip, derwüşyň golaýyna gelende aýak çekdi. Jinde geýen derwüş zynatly köşküň içinde owadan halynyň üstündäki ýyrtyk çokaýa meňzeýärdi. Emma juluň içinde bolsa-da, onuň gözellikde taýsyz keşbi küle gaçan göwher kimin lowurdap durdy. Şa onuň howatyrly oýnaýan şar gara gözlerine siňe seredip:
- Zergär kişiler zeri nirede bolsa-da tanap, tapyp alýarlar. Bizem sizi şalyk mertebämize laýyk bilip, tapdyryp getirtdik - diýdi.
Sazandar geplemedi. Şa gülümsiräp, sözüni dowam etdi:
- Gepläberiň, owazymdan kimdigimi bilerler diýip, endişe etmäň. Biz siziň owazyňyzy eşitmesek-de kimdigiñizi bilýäris. Derwüşiň gözlerindäki howatyr has-da güýçlendi, ol şanyň ýüzüne bakyp dillendi:
- Alyhezret, menden näme isleýäňiz? Öz gizlin syryny paş etmezlik üçin gör näçe ýyllardan bäri dil ýarmadyk on sekiz ýaşly gyzyň enaýy owazyna şanyň hem, weziriñ hem ini çümşüldäp gitdi.
- Biz Siziň özüňize däl-de, sungatyñyza, sazyňyza aşyk bolup köşge çagyrtdyk – diýip, şa salyhatly gepledi. – Mundan soň siz galandarlaryň meýlislerinde däl-de, biziň meýlislerimizde sazandarlyk edersiňiz hem-de köşkümizde erkana kenizlerimiziň biri bolup ýaşarsyňyz.
Eger sazandary öz erkine goýsalar, howandarsyz ýalňyz atasyndan aýrylyp, köşkde ýaşanyndan şol oňki ykmandalyk durmuşyny müň paý gowy görjekdi. Emma ol şanyň bu ýumşak äheňiiniň aşagynda gaýtaryp bolmajak buýrugyň ýatanyny oňat bilýärdi. Şonuň üçin ol sözsüz ylalaşmaly boldy.
- Eger, Alyhezret meni şeýle beýik mertebä laýyk görýän bolsa, men razy. Yöne ýalñyz atam...
- Atañyzyñ gaýgysyny etmäñ, şeýle senetkär gyzy ösdürüp ýetişdiren atany hor etmeris- diýip şa gyzyñ sözüni böldi, soñra: - Indi özüňizi äşgär ediň. Siziň adyňyz kimdir?! - diýdi.
- Adym Rugsar.
- Eşidýäňmi Mehduny? – diýip, şa wezirine ýüzlendi. – Meniň şu kararymy ähli köşge mälim et. Rugsar şa neslinden bolmasa-da, sungatyň şasydyr. Şoňa görä onuň adyny tutanlarynda ,, banu” sözüni goşup tutsunlar. Indi Rugsar banuny eltip, mährem kenizlerine tabşyr. Olar ony hammama salyp, iň kaşaň lybaslardan geýdirsinler.
- Lepbeý, Aly hezret – diýip, wezir Rugsar banu bilen arzhanadan çykdy.
Mehduny wezir şanyň huzuryna gaýdyp gelende, şa köpden bäri köňlünde besläp gelýän bir arzuwyny daşyna çykardy:
- Mehduny, biz Horezmin ýurdunyň soltany bolanymyz bäri ähli arzyw-isleglerimiz Allatagalanyň keremi bilen berjaý bolup gelýär. Biziň ýene bir arzuwymyz bar, şony-da amala aşyrmaga wagt ýetdi.
- Ol nähili arzuw, Aly hezret?
- Biz gözel paýtagtymyz Gürgenjiň merkezinde bir beýik minara etmekçi. Ol minara dünýädaki ähli minaralardan hem beýik bolmaly. Goý, ol biziň gudratymyzy äleme ýaýyp dursun!
- Kyblaýy älem, şeýle zady arzuw edýän bolsa, enşalla ol biguman amala aşar.
- Onda bu işe hötde gelip biljek kim bar?
- Horezminde eli gül binagär ussalar gaty kän, ýöne Semender ussanyň öňüne çykjak binagär ýok. Eger siziň Aly hezretiňiz makul görse, ony işbaşçy edip belläris.
- Edil meniň göwnümdäki adamy aýtdyň, Mehduny. Men ony gowy tanaýan – diýip, şa sözüne dyngy berdi. Soňra birden buýruk äheñinde seslendi. – Semender ussa çakylyk iber, şu gün agşamky meýlise özüniň ýakyn adamlary bilen gelsin. Şu günki meýlisde Rugsar banu hem ilkinji gezek çykyş eder. Şeýdip biz iki täzeligi bir wagtyň özünde jar ederis.
- Kyblaýy älem, emriňizi berjaý etmäge rugsat ediñ, – diýip, wezir şanyň huzuryndan çykdy.
Agşamky meýlis adatdaky meýlislerden has şagalaňly başlandy. Şa gelip tagtynda oturynyndan soň, onuň yşaraty bilen saraýban märekä ýüzlendi.
- Begler, asylzadalary! Hemmaňize mälim bolşy ýaly, biziň gudratly ýurdumyz ylmyň hem sungatyň mesgenidir. Biziň sungat gülzarymyzda ýene bir ajaýyp gül açylyp, kemala gelendir. Beýik şahymyz ony köşgüň bezegi bolsun diýip, ygtyýar etdi. Merhaba, Rugsar banu hanym!
Saraýban sözüni gutarandan, meýlisler eýwanynyň gapylaryndan biri açylyp, başdan-aýak zer geýnen serwi boýly görmegeý gyz içerik girdi-de, oturanlara tagzym edip, görkezilen ýere geçdi. Bütin köşgüň gözi ondady.
- Asylzadalar, men kyblaýy älemiň ýene bir möhüm kararyny siziň öňüňizde yglan etmek bagtyna miýesserdirin. Onuň Alyhezreti gözel paýtagtymyz Gürgenjiň merkezinde beýiklikde dünýäde tenha bolan bir minara bina etmekçi. Ol minarany Horezminiñ meşhur binagäri, ussa Semender ýüz adam bilen bir ýylda gurup bermäge beýik şahymyza söz berdi. Merhaba, ussa Semender we onuň şägirdi ussa Isgender!
(dowamy bar)...
Reýimbaý SABYROW.
Mistika we fantastika