Gapylaryň ýene biri açyldy, içerik gara kelte sakgally, garaýagyz, orta boýly, orta ýaşlaryndaky adam bilen gyzyl ýüzli, peşeneli pälwan sypatly ýaş ýigit girdi. Soňky gelenlere üns hem bermediler. Adamlar nazaryny Rugsar banuwyň husny-jemalyndan başga ýaňa sowmaga erk edip bilenokdylar. Şanyň buýrugy boýunça hyzmatkärlerden biri Rugsar banuwa tylla saply şahana dutar getirip berdi. Rugsar banu dutary emaý bilen dyzynyň üstünde goýdy-da, zer köýneginiň uzyn ýeňlerini çermäp, oturanlara ýeke-ýeke göz gezdirdi. Soňra peýkam kirpikli gözlerini süzüp, bir enaýy mukama başlady. Dutar göýä janly adam ýaly dillenip, hasratly dünýäniň destinden nala çekýärdi, adamlar hem onuň nalyşyna duýgydaşlyk bildirip, doňup otyrdylar. Ençeme wagtdan soň Horezmşa ilkinji bolup dillendi:
- Merhemetli Rugsar banu, biziň köşgümiz ahy-nalanyň ýeri däl-de, şady-horramlygyň mesgenidir.
- Aly hezret, bagyşlaň, men öz göwün köşgümiň hasratyny beýan etdim – diýip, Rugsar banu aşak bakdy. – Indi siziň rugsadyňyz bilen şadyýan heňlerden çalyp beräýerin.
Semender ussa sazandar gyzdan gözüni aýryp bilmän oturan şägirdiniň gulagyna çawuş çakdy.
- Şäherde ýaýran gürrüň biderek däl ekeni. Şa biçäre Mahmydy ýeke gyzyndan hem aýrypdyr.
Isgender ünjüli sorady:
- Indi şa ony haremindäkileriniň biri etmekçimikä?
- Ýok, şa onuň sungatyna uly sarpa goýýarmyşyn – diýip, ussa ynamly aýtdy.
Meýlis tä ýary gijä çenli dowam etdi. Bu gezek meýlisçiler meýden, şerapdan däl-de, Rugsar banuwyň sazyndan serhoş bolup dargaşdylar. Semender ussanyň şägirdi Isgender bolsa onuň husny-jemalyna huşuny aldyrdy.
Şol günüň ertesi Semender ussa Gürgenjiň merkezi meýdanlarynyň birinde ýüzden hem gowrak gurluşykçy bilen minaranyň gurluşygyna başlady. Ussanyň ähli işi göwne jaýdy, gurluşyk hem gyzgalaňly gidýärdi. Emma onuň eý görýän şägirdi Isgender näme üçindir gaty gamgyn görünýärdi. Durmuşyň ajy-süýjüsini köp dadan ussa şägirdiniň ýüregindäki iňkisiň sebäbini aňyp ýördi. Ýöne ol, ýaşlykda bolýan zatlardyr, geçer gider öýdüpdi. Emma Isgenderiň bolşy ussany has oýlandyrdy. Şägirdiniň başyna düşen hasrat – hakyky yşk hasratydy. Onuň derdine derman tapmak gerekdi. Ýöne bu iş örän müşgüldi.
Semender ussa ugurtapyjy adamdy. Ol şägirdine kömek etmek maksady bilen, ony işden soň ýanyna çagyryp, şeýle diýdi:
- Isgender men seniň ýagdaýyňa gaty gowy düşünýän. Ýöne sen şanyň köşgündäki gyza aşyk bolmak, asmandaky elýetmez aýa aşyk bolmak bilen barabardygyna düşünýämiň, beri?
- Düşünýän, emma men ýüregimdäki duýgudan rüstem gelip bilemok – diýip, Isgender halypasyna müýnli garady. Semender ussa nämedir bir zadyň pikirini edip, aşak bakyp, ençeme wagt geplemän oturdy. Soňra ol bir karara gelen ýaly kellesini galdyrdy.
- Onuň ýaly bolsa, bir çäresini tapmak gerek, Isgender beg – diýip, ussa mylaýym ýylgyrdy. – Eger makul görseň, men bir çäräni öz ýanymdan biçip – kesip goýdum.
Bu sözleri eşiden, Isgenderiň gözlerinde umyt uçguny şöhlelendi. Semender ussa şägirdine oýlap tapan çäresini jikme – jik düşündirdi. Isgender hem onuň bilen ylalaşdy. Şägirt bilen halypanyň arasynda şu gürrüňler bolup geçen günüň ertesi iňrik garalyp, garaňky gatyşansoň, şanyň köşgünde gara ýüpek ýaglyga bürenen uzyn boýly bir kenizek peýda boldy. Onuň köşge haçan we nahili girenini ne sakçylar bildi, ne-de hyzmatkärler. Ol Rugsar banuwyň bolýan otagynyň salgysyny alan bolmaga çemeli, göni baryp şol otaga girdi. Şol wagt Rugsar banu aýnanyň öňünde zülplerine şana urup otyrdy. Ol duýdansyz giren kenize öwrülip bakdy-da:
- Näme ýumuşly geldiňiz? – diýip, mylaýymlyk bilen sorady. Ol bolsa gapa arkasyny diräp durşuna başyndaky ýaglygyny aýryp, edep bilen salam berdi. Onuň erkek adamdygyny gören banu birbada gorkusyna gygyrjak ýaly etdi, emma nämedir bir zady endişe dip, özüni saklady.
- Size näme gerek? Ýa atamdan bir habar getirdiňizmi?
- Ataňyz sag gurgun. Ýöne men size öz ýüregimiň habaryny getirdim - diýen ýigidiñ ýüzüne Rugsar banu siňe seretdip, sorady:
- Siz şol bir sapar galandarhana saz diñlemäge, soñam ýakynda köşkdäki meýlise gelen minara gurýan binagär ussanyň şägirdi dälmi?-
- Hawa, men şol ussanyň şägirdi hem-de siziň ýesiriňiz.
- Diýýäniňiz näme ýigit. Bu ýerde meniň özüm ýesir. Ýesire esir bolmak siziň nämäňize gerek? Onsaňom siz bu ýere bu hili ýagdaýda gelmäge biçik het etdiňiz? Duýsalar sizi öldürerler ahyryn.
- Çyn aşyklar ölümden gorkmaýar, banu. Meni bu ýere size bolan otly söýgüm getirdi. – diýip, Isgender gyzyň öňünde dyza çökdi.
Ýigidiň gözlerinde ýanyp duran söýgi oduna gyzyň nazary kaklyşanda ýüregi jigläp gitdi. Şeýdip iki ýürekdäki pynhan duýgular ýüze çykdy. Olar duşuşdyklary saýyn aralaryndaky söýgi ýürekleriň jümmüşine kök atyp berkeýärdi.
Aý aýlanyp, ýyl geçdi. Minaranyň gurluşygy-da tamamlanyp barýardy. Minara beýgeldigi saýyn Horezmşanyň beýnisinde bir gara niýet barha ösýärdi. Günleriň birinde şa Mehduny weziri ýanyna çagyryp, şol gara niýetini daşyna çykardy.
- Mehduny, minara-da göwnümüzdäki ýaly bolup çykaýjak öýdýän. Erte-birigün onuň soňky kerpiji goýuljak. Ýöne şeýle belent minara diňe Horezminde bolmalydygyny unutma. Horezminiň şöhratyndan beýik şöhrat bolmaly däl. Düşünýämiň?
- Kyblaýy älem, dogrusyny aýtsam, Siziň näme diýjegiňize oňly düşünemok – diýip, ol hökümdara müýnli seretdi.
- Seniň paýhasyň barha kütelip barýar, Mehduny. Akyl hem gylyç ýalydyr, ony çarhlap durmasaň küteler.
Wezir geplemedi, şa sözüni dowam etdi.
- Düşünmeseň, açyk - aýdyň aýtmaly boljak. Gulak as. Beýle beýik minarany gurmak her bir ussanyň elinden gelip duranok. Muny diňe Semender ussanyň başarmagy mümkin. Eger onuň başy dik bolsa, şeýle minaranyň ýene bir patyşalykda bina bolmagy ähtimaldan daş däl. Indi düşündiň gerek!
Şanyň niýetiniň düzüw däldigini aňan Mehdunyny gara der basdy. Sebäbi ol Semender ussa beýik binagär hökmünde uly sarpa goýýardy. Ýöne wezir hökümdaryň garşysyna gitmäge milt edip bilmedi.
- Düşündim, kyblaýy älem. Diýmek Semender ussa soňky kerpiji goýup, aşak düşeninden soň, onuň ýoguna ýanmaly.
- Berekella – diýip, wezire gitmäge rugsat berdi.
Şanyň bu karary her näçe gizlin-de bolsa, iki-üç günüň içinde köşkde ýaýrady. Ol Rugsar banuwyň hem gulagyna gelip ýetdi. Şanyň ýowuz niýetini eşidip, Rugsar banu biçak gaharlandy. Ol: ,, Şa bu niýetine hiç haçan ýetmez” diýip, öz ýanyndan şert etdi. Rugsar banu şol gün Isgender bilen boljak agşamky duşuşyga öňküsinden hem has sabyrsyzlyk bilen garaşýardy.
Uly şäher gijäniň gara perdesine örtülensoň, şanyň köşgüne öwrenişen gara geýimli, uzyn boýly ,,keniz” bu gün hem hemişeki ýaly, ol ýerde duýdansyz peýda boldy. Ol baryp, Rugsar banuwyň otagyna girenden, ony banu howsalaly garşy aldy.
- Ezizim Isgender, bu gün men sizi şatlandyrmagyň, göwnüňizi götermegiň deregine elhenç bir habary aýtmaga borçludyryn. Siziň halypaňyzyň başynda ölüm howpy bar.
- Meniň halypamyň başynda? Aý, ýo-ga, Rugsar! Ol-a şanyň nazaryndaky adam. Oňa el götermäge hiç kim het edip bilmez.
- Wah, Isgender, düşünseňiz-le, ony şanyň özi öldürjek bolýan bolsa nätjek. Hawa, eger Semender ussanyň sanalgysy dolmasa, ol başga bir patyşa-da şeýle beýik minarany gurup bermegi mümkin diýip, şa ony ýok etjek bolýar. Şonuň üçin bu jenaýatyň öňüni almaly. Ony halas etmek gerek!
- Şeýle diýseňiz-le, Rugsar. Köp sag boluň! Men ony hökman halas ederin! Bu meniň şägirtlik borjum – diýip, Isgender Rugsar banu bilen hoşlaşdy.
Soňky wagtda Semender ussa işleýän ýeri - minaranyň depesinden gije-gündiz düşenokdy. Ol şol ýerde naharlanyp, şol ýerde-de ýatyp – turýardy. Minaranyň etrapynda goş tutyp ýatan gurluşykçylaryň arasynda, minaranyň içersine girilýän agzynda-da sakçylar bardy. Olar garaňky düşensoň, hiç kimi minaranyň içine girizmeýärdi. Minaranyň depesine bolsa diňe içindäki basgançaklardan çykmak mümkindi.
Şonuň üçin Isgender Rugsar banudan eşden şum habaryny ussadyna şol gijäniň özünde ýetirmäge mümkünçilik tapmady. Ol daň atýança garaşmaly boldy.
Daň atyp, iş başlanandan soň, Isgender özüniň işleýän ýerine gijesi bilen pugta oýlanan çäresini ýüregine düwüp geldi. Ol minaranyň içersindäki orta basgançaklaryň birinde durup, aşakdan berlen kerpiçleri mazaly timarlap ýokary uzadýardy. Şeýle ýagdaýda kerpiçler elden-ele geçip, ahyr soňunda-da Semender ussa ýetýärdi. Isgender şol gün birinji timarlan kerpijiniň ýüzüne şanyň ýowuz niýetini ýazyp goýberdi. Ol kerpiç şähdaçyklyk bilen ýaňy işe girişen ussanyň eline baryp düşende, onuň ýüzi ak kagyza döndi. Emma nähili ýagdaý bolsa-da, ondan çykalga tapmagy başarýan ussa özüni ýitirmedi. Ol derhal başga bir kerpijiň ýzüne hat ýazyp, özünden aşakda durana berdi. Ol:
- Şu kerpiji Isgendere gaýtaryň, ony mazalyja timarlap bersin – diýip buýurdy.
Ýokardan gelen kerpijiň ýüzündäki hata gözi kaklyşandan Isgender öz habarynyň halypasyna baryp ýetenini aňyp begendi. Ol haty nebsewürlik bilen okady. Semender özüne ganat bejermek üçin ýokaryk ýeterlik mukdarda gamyş, kagyz we ýelim ibermegi haýyş edýärdi. Isgender ussadynyň ugur tapyjylygyna telpek goýup, şol günüň özünde onuň haýyşyny ýerine ýetirdi. Emma ol ussadynyň niýetiniň amala aşjagyna – aşmajagyna göz ýetirip bilmän üç güne çenli ynjalyksyzlanyp gezdi. Üçünji gün bolsa, diňe Isgenderi däl-de, bütün Horezmin ýurduny haýran galdyran görlüp-eşidilmedik waka boldy. Gün guşluga galan wagtydy. Minaranyň süýr depesinde Semender ussa ör boýuna turup, halka ýüzlendi:
- Halaýyk! Men häzirjek bir ýyllap iş edinen beýik gurluşygymyz - minaranyň iň soňky kerpijini goýdum. Bu işi hökümdarymyz Horezmşanyň emri bilen başlanam bolsam, bu minara halkymyza, bizden soňky nesillere ýadygär bolsun diýip, zähmet çekdim. Emma men çeken zähmetimiň öwezine şadan uly bir sylaga garaşmadygam bolsam, ýönekeý bir sag bolsuna garaşypdym. Ýöne şa sag bolsunyň deregine maňa ölüm jezasyny taýynlap goýupdyr. Adamlar! Men bir zada aýdyň göz ýetirdim. Kim zalym şalara hyzmat etse, onuň başyna töhmet ýagýar. Kim adyl şalara hyzmat etse onuň başyna rehnet ýagar. Şoňa göra men siziň bilen, ilim-günüm bilen hoşlaşmaly bolýan. Hoş galyň!
Semender ussa sözüni gutaryp: ,,Ýa Rebbim!” diýip, çasly gygyrdy-da özüni minaradan aşak oklady. Şol bada onuň arkasyna gaýym daňylan äpet ganat ýazyldy güýçli elleriniň kuwwaty bilen herekete girip, ony asmana göterdi gitdi.
Şeýdip Horezminiñ bir ajaýyp binagäri öz ýurduny taşlap uzak ülkelere uçup gitdi.
Semender ussanyň gaçanyny eşiden Horezmşa gazap atyna atlandy. Ol Semendere
gaçmaga kömek eden adamy tapmak üçin buýruk berdi.
Derňew şany köp garaşdyrmady. Onuň adamlarynyň biri Isgenderiň ýüzüne hat ýazan kerpijini minaranyň depesinden tapyp getirip, şanyň öňünde goýdy. Muňa öňküsinden hem dergazap bolan şa Isgenderi minaradan oklap öldürmegi buýurdy. Bu aýylganç habar bütin şähere ýyldyrym çaltlygynda ýaýraýşy ýaly, Rugsar banuwyň hem gulagyna gelip ýetdi. Söýgülisiniň pajygaly ölümine döz gelip bilmedik Rugsar banu-da özüni saçlary bilen bogup öldürdi. Köşgüniñ bezegi bolan bu senetkäriň ýogalmagy rehim-şepagatdan mahrum bolan şanyň hem daş ýüregini eretdi. Ol ýurtdaky mumyýalaýjy ussalary çagyryp ,, Rugsar banu ýedi müň ýyl ýeriň aşagynda ýatsa-da endamynyň hiç bir ýeri zowal tapmasyn” diýip buýruk berdi.
Gyza mermer daşyndan sandyk bejerip, şanyň aýdyşyndanam zyýada edip, mumiýalap jaýladylar.
Gyzynyň ölümi zerarly aklyndan azaşan kör derwüş bolsa, tä ömrüniň ahyryna çenli, her gün onuň mazarynyň üstüne baryp, dutarda gamly mukamlar çalyp oturypdyr.
▶ SYRYÑ AÇYLYŞY
Garry gürrüňini gutardy. Kelläme bir pikir gelip, gyssanmaç ýerimden turdum. Muhtaryň eline apparatly taýak alyp, gijelerine nämäni gözlap ýöreni indi meniň üçin aýdyň boldy.
Garry bilen hoşlaşyp, daşary çykdyk. Men Muhtary görmäge howlugýardym. Ýolboýy Aýsenem keselhananyň işleri barada bir zatlary gürrüň berip gelýärdi. Emma meniň gulagymyň daşýanyndanam geçenokdy. Pikirim Muhtaryň akyla sygmajak işindedi. "Hakykatdanam, ol şu küýe düşdümika? Heý şeýle zady-da amala aşyryp bolarmyka?" diýip, içimi gepledýärdim. Beýinimde at salýan şu pikirler bilen gümra bolup, öýe ýetip gelenimizi-de duýman galypdyryn. Hiç zatdan habarsyz Aýsenem hoşlaşyp, öýlerine gitdi. Men Muhtaryň gapysynyň öňüne gelip, aýak çekdim. Syryny açanymy oňa nähili edip aýtjagym hakda pikirlendim. Dälize girenimden, Muhtaryň özi içerki otagdan çykyp garşylady. Onuň bolşy birhili üýtgeşikdi. Gözlerinde düşnüksiz bir ot ýanýardy, ýüzi güýçli tolgunmadan nurlanyp durdy. Gysgasy, ol şu görnüşinde bir silkinip uçup gidäýjek äpet guşa meňzeýärdi. Men oňa:
- Aýtmasañam syryñy bilendirin! – diýdim. Ol uly ýeňiş gazanan adamyň ýylgyrşy bilen ýylgyrdy-da:
- Biraz gijigipsiň, meniň özüm saňa häzir ähli syrymy açmakçydym- diýdi. Soňra maňa synçylyk bilen seretdi-de - häzirlikçe men aýtmaýyn. Bilen bolsaň özüň aýt, nähili syr ekeni meniň syrym? – diýdi.
- Sen Rugsar banuwy tapypsyň hem-de ony direltmegiñ üstünde işleýärsiň-diýenimde, Muhtar meniň bir elimden tutup, aşhana alyp girdi-de gözlerime siňe seredip:
- Muny nirden bildiň? – diýdi.
- Häzir Rugsar banu hakyndaky rowaýaty diñledim, soňra seniň "Bu işim amala aşsa, ýitirilen şol mukamlar hem gaýtadan dünýä iner” diýeniñiň manysyna pähim ýetirdim.
- Kelläňiñ kemi ýok – diýip, ol güldi:
- Emma häzirlikçe hiç kime hiç zat diýme.
- Diýmerin. Emma häziriň özünde ony maňa görkezmeli bolarsyň.
- Çaýyny içip bolsun entek – diýip, Muhtar ýylgyrdy.
- Kim?! Rugsar banymmy?
- Hawa. Şunça asyrlyk açlykdan soň. Oňa azrak naharlanmak gerek.
- Aý goýa, hakykatdanam, ol häzir çaý içip otyrmy?!
Muhtar jogap bermegiň deregine hezil edip gülýärdi.
- Meni oýnaýañ öýdýän, Muhtar? – diýdim.
- Degişýän, dostum. Emma ýakyn günlerde onuň seniň bilen oturyp, çaý içjekdigine söz berýärin – diýdi: - Emma öňünden aýdyp goýaýyn, ahmal bolsaň, elleriňden käsäň düşüp dowülmegi mümkin. Rugsar banumyň gözelligi öz döwründe köp adamlary aklyndan azaşdyrypdyr.
- Diýmek... diýmek, işiňden bir netije çykypdyr-da?
Muhtar begenjinden meni gujaklady. Men edil ajaýyp erteki diňleýän çaga ýaly, gözlerimi petredip, oňa serdeýärdim. Muhtar meni goýberip:
- Ýör, görkezeýin- diýip, laboratoriýasy tarapa yşarat etdi. Labaratoriýa men tüýs jadygöýüň mekanyna girjek ýaly, ýüregimi elime alyp girdim. Laboratoriýa ak tuty bilen ika bölünen, onuň öňündäki bölümünde her hili suwuklyklar salnan çüýşeler, enjamlar, bir topar ululy-kiçili apparatlar bardy. Muhtar meniň elimden tutup, tutynyň aňyrsyna geçirdi. Ana şonda, akylym haýran bolup, dilim damagyma dykyldy. Ullakan wannada mawy reňkli suwuklugyň aşagynda ajaýyp bir gözel ýatyrdy. Suwuklyk şeýle bir durudy welin, hat-da onuň içine çümüp ýatan gyzyň husny-jemaly-da anyk görünýärdi. Wannanyň başuç tarapyndaky jykgyldap ýöräp duran ullakan apparatdan çykan simler gyzyň synasyna goýlan kiçijik galkana meňzeş zada birigýärdi. Apparadyň üstündäki kislorod haltasynyň uzyn naýçasy gyzyň dodaklaryna gysdyrylgydy. Muhtar meni ýaş çaga dek idip, uly otaga alyp çykanynda akyla sygmajak düýşden oýanan ýaly boldum.
- Ýeri? – diýip, ol gülümjiredi.
- Hakykatdanam, ol dirilermi? – diýip, müňkürlik bilen soradym.
- Elbetde, direler. Bireýýäm işe girizip goýberilen ýüregi gany dolandyrmaga başlady. "Durmuş suwy” bolsa ähli dokumalary janlandyrar. Reaksiýa üç ýüz sagada golaý dowam etmelidi. Emma işiň häzirki barşyna seredende, az wagtam ýeterlik ýaly. Emma yzgiderli gözegçilik edip durmak gerek. Eger reaksiýa wagtyndan geçäýse, organizmi gaýtadan öldürýär.
Muhtar şeýle diýdi-de, laboratoriýasyna girip gitdi, az salymdan çykyp:
- Indi bu işden Aýsenemi-de habardar etmek gerek. Sebäbi mundan beýläk onuň hem gerek ýeri bar - diýdi.
- Onuň ýaly bolsa häziriň özünde aýtmak gerek. Özüm oňat edip düşündirerin oňa - diýdim.
Muhtar razy boldy. Men bu adatdan daşary habary eşidende Aýsenemiň nähili ýagdaýa düşjegini göz öňüme getirip, köçä çykdym.
Aýsenemleriň gapysyna golaýlaşamda, onuň özi içerden çykaýdy.
- Duşanyňyz gowy boldy, Aýsenem. Öýüňize baryp, çagyryp çykarmaga çekinip gelýärdim – diýdim.
- Näme boldy, eýgilikmi? - diýip, ol maňa howatyrly seretdi.
Men näme diýjegmi bilmän, dymyp galdym. Ýedi yklymda, düýşüňe girmejek bu habary nädip düşündirsemkäm, janym?...
- Näme habar? – diýip, gyz has-da ynjalyksyzlandy.
- Aýsenem – diýip, birhili ýylgyrdym. - Dünýäde nähili wakalar bolup ýörenini bir bilsediňiz!
- Nähili waka? Amerikada rewolýusiýa bolupmy?
Men birden gülüp göýberdim:
- Ýok... bu waka akyla sygjak zat. däl... Aýsenemiň sabyr käsesi doldy:
- Näm boldy ahyry, aýtsaňyz-la!
- Aýtsam, ynsan hudaý boldy!
- Bu näme diýdigiňiz? – diýip, gyz maňa geňirgenip seretdi.
- Rugsar banu hakyndaky rowaýat ýadyňyzda barmy?
- Hawa, ýadynda.
- Maňa Muhtaryň aklyndan azaşandygyny aýdyp bereniňiz hem ýadyňyzda gerek?
- Hawa, aýdyp betipdim.
- Muhtaryň şol aklyndan azaşany üçin, Rugsar banu diriläýdi.
Aýsenem bu gepiň oýundygyna-da, çyndygyna-da düşünmän, gözlerini petredip, ýüzüme seredýärdi. Men oňa bolan wakany başdan aýak düşündirdim. Aýsenemiň akyly haýran bolup, duran ýerinde doňup galdy.
- Siz entek aljyramaň, Aýsenem. Muhtar mundan beýläk siziňem kömegiňiz gerek - diýdim.
Biz gaýtdyk. Biziň aýak sesimizi eşidip, Muhtar laboratoriýasyndan çykdy. Aýsenem ony görüp, birhili aljyraňňylyk bilen ýylgyrdy-da:
- Muhtar, şu gep çynmy? – diýdi.
- Çyn! – diýdi-de, Muhtar tolgunyp duran gyzy bagryna basdy. Soňra ol stoluň aşagyndaky oturgyçlardan çykaryp, bize-de ýer görkezdi. Biz Muhtaryň özara kiçijik maslahat geçirmekçidigini aňyp, onuň golaýynda ýerleşdik.
- Iş göwnümdäki ýaly bolup çykdy – diýip, Muhtar söze başlady:
- Rugsar banu häzir biologik taýdan dirildi. Programma boýunça ýene birnäçe günden ol doly güýjüne girýär, ýagny ýerinden turup, ýöräp, gepläp biler. Birinji gezek gözüni açan mahalynda, onuň ýanynda Aýsenem, sen bolmaly. Bu onuň ruhy dynçlygyny saklamak üçin gerek. Sen ony ýuwundyrarsyň, geýindirersiň, gysgasy azrak wagt banuwa kenizlik etmeli bolarsyň.
- Janym bilen, Muhtar. Emma... diýip, Aýsenem sakyndy.
- Emmaň näme? Görýän welin, sen muňa henizem ynanaňok, Aýsenem-diýip, Muhtar oňa garap ýylgyrdy.
- Iki müñ ýyllap ýer teýinde ýatan adamyň dirilmegi hiç mümkin däl ýaly...
Muhtar Aýseneme kinaýaly seretdi-de:
- Dünýädäki ähli milletleriň dilinde "dirilmek" diýen söz bar. Adamzat entek direlmek we direltmek wezipesini çözmezinden öň bu sözi tapyp goýupdyr. Diýmek bu işiň haçan bolsa-da amala aşjagyna müň ýyllar öňünden ynanypdyr. Sen bolsa, bu işiň eýýäm durmuşa geçirilen mahalynda muňa ynanman otyrsyň – diýdi.
Aýsenem näme diýjegini bilmän, haýran galyp, Muhtara seredýärdi.
(dowamy bar)...
Mistika we fantastika