▶ MÜÑ ÝYLLYK GEÇMIŞDEN GELEN MYHMAN
Aradan birnäçe gün geçdi. Ölümiň ýaşaýşyň öňünde dyza çökýän dabaraly pursatlary gelip ýetdi. Gije sagat on birler wagtydy. Muhtar Aýsenemi laboratoriýa alyp girip, Rugsar banu gözüni açan mahalynda, näme işler etmelidigini oňa ýene bir gezek düşündirip çykdy. Soňra özi programma boýunça etmeli iň soňky işleri ýerine ýetirmek üçin, ýene-de dolanyp içeri girdi.
Biz uly otagda garaşýardyk. Bir haýukdan soň, maňlaýyny monjuk-monjuk der basan Muhtar içerden howlukmaçlyk bilen çykdy-da:
- Gir! – diýip Aýseneme buýruk berdi. Aýsenem towsup turdy-da, içerki otaga ugrady.Muhtar oňa:
- Berk bol, aljyrama! – diýdi.
Men tolgunyp Muhtara seretdim. Ol maňlaýyndaky deri el ýaglygy bilen süpürip durşuna:
- Ýene-de ýarym sagatdan çykarlar – diýdi.
Soňra ikimiz müňýyllyk geçmişden geljek myhmany garşylamak üçin, otagdaky stoly aýyrdyk, pola saçak ýazdyk. Saçagymyz ozaldan taýýarlanyp goýlan tagamlardan, miwelerden , owadan grafinlere guýlan şerbetlerden doludy.
- Saçagymyz patyşalaryň meýlislerindäki ýaly bolmasa-da, göwnejaý boldy – diýip, Muhtar ýylgyrdy.
- Rugsar banu diňe patyşalaryň meýlisinde däl-de, galandarlaryň meýlislerinde-de bolupdy – diýdim. Ikimiziň degişme äheňindäki bu gürrüňimiz minutsaýyn güýçlenip barýan tolgunmamyzy basyp bilenokdy. Bir wagt içerden: "Ah!" – diýen zarynja, mylaýym ses gulagymyza ildi. Soňra Aýsenemiň howlugyp bir zatlar diýeni hem eşidildi. Ol sesleri eşidip doňup galdyk. Emma içerden çykan bolmady. Aýsenemiň sesi indi ýuwaş eşidilýärdi.
Meniň gözüm içerki otagyň gapysyndady. Geçýän her bir minut bir gün ýaly duýulýardy. Birden gapy ýuwaşja açyldy-da, Aýsenemiň egnine eli bilen söýenip gelýän Rugsar banu göründi. Onuň entek gan gowy gelmedik çym-ak ýüzünde owadan gara gaşlary, gaýtadan durmuşyñ nuruna dolan gara gözleri has hem gara görünýärdi. Onuň boýy Aýsenemiňkiden esli uzyndy. Aýsenemiň tiken gyzyl atlas köýnegi ony has-da gelşikli görkezýärdi. Göwsüniň üstünden goýberlen şar-gara zülpleri onuň görküne görk goşýardy.
Ol daşky otaga bir ädim ädeninden, dikine doňup duran iki pyýada nazary düşdi-de, gözleri howatyrly oýnady. Men "salam” diýen manyda başymy aşak egdim. Muhtar bolsa ýuwaş ýöräp, onuň öňünden çykdy-da, mylakatlylyk bilen başyny egdi, soňra:
- Desterhanymyza merhemet, bibim! - diýdi.
Biziň özümizi şeýle mylakatly alyp barmagymyzdan Rugsar banuwyň göwni suw içip, gansyz dodaklarynda ejiz bir ýylgyryş peýda boldy. Aýsenem ony soýgetläp, saçagyň başynda oturtdy. Rugsar banu biziň egin-eşiklerimize, saçlarymyza haýran galyp seredýärdi. Petikdäki elektrik çyrasy has-da onuň ünsüni çekdi. Ol juda naýynjar ses bilen:
- Men ne diýarda, bu ýer ne dergähdyr? -diýdi.
- Siz bir tebibiň öýündesiňiz, bibim – diýip Muhtar mylaýym ýylgyrdy. Rugsar banu:
- Akylym ýetmeýär, maňa nä dert duçar bolupdyr? -diýdi. Muhtar:
- Bu zatlary soň bilersiňiz. Häzir özüňizi artykmaç gynamaň – diýdi. Soňra Aýseneme ýüzlenip:
- Bibiňize mürähet edip otyryň– diýdi. Aýsenem bulgurlara şerbet guýup, birini Rugsar banuwa uzatdy. Ol:
- Ezizler, Men meýler derýa kimin akan meýlislerde hem içmedim – diýip ýylgyrdy. Muhtar:
- Bu meý däl, bibim, jana şypa beriji şerbetdir. Siziň saglygyňyz üçin peýdalydyr – diýip, Muhtar bulguryny elini uzatdy. - Siz entek şu şerbetlerden içip, berhiz saklamagyñyz gerek.
Rugsar banu başyny çalarak atdy. Men onuñ husny-jemalyna garap doýmaýardym.
▶ KÖNE DÜNÝÄ BILEN DUŞUŞYK.
Rugsar banu gün-günden güýje girip, daýanyp başlady. Muhtar bolsa her gün onuň saglygyna gözegçilik edýärdi. Şeýle bolsa-da, ol Muhtaryň köçesinden başga ýere çykyp görenokdy. Aýsenem ony köçäniň ol başyndan bu başyna, juda öte gitse, gaýradaky ýabyň boýyna gezelenç etdirýärdi.
Rugsar banu adamlaryň geýim-gejimlerine, daşyna ak mermer gaplanan belent jaýlara gaty geň galyp seredýärdi "Bu ne diýar? Aýdyň ahyry!" diýip, Aýsenemi bizar edýärdi. Goňşy-golamlar Aýsenemiň bu täze jorasyna ilki bilesigelijilik bilen garadylar. Soňra "Aý, dogtoryň uýasydyr-da” diýip goýaýdylar.
Muhtaryň bolsa, syry oňürti Rugsar banuwuň özi bilýänçä, jar etmek niýeti ýokdy. Aradan iki hepde çemesi geçdi. Muhtar, Aýsenem, men üçümiz Rugsar banuwa syry nähili açmalydygymyz barada maslahat etdik. Muhtar:
- Rugsar banu ýagşy güýje girdi, indi ol her niçik tolgunma-da çydam edip biler –diýdi.
Biz Rugsar banuwy öňürti köne dünýä ýädygärlikleri bilen tanyşdyrmagy, soňra şol ýerde-de syry açmagy makul bildik. Ertesi dynç alyş güni Rugsar banuny ýadygärliklere tarap alyp gitdik.
Rugsar banu Aýsenem bilen gol tutuşyp, bäş ädim çemesi oňden barýardy. Banu: "Ne ýere barýas, aýdyñ” diýip gyssaýardy. Aýsenem bolsa näme jogap berjegini bilmän, kömek soran ýaly ýeňsesine gaňrylyp, bize seredýärdi.
Muhtar maňa ümledi-de, ädimini tizleşdirdi. Biz gyzlaryň yzyndan ýetenimizde:
- Bibim –diýip, Muhtar Rugsar banuwa ýüzlendi. - Şu mahala çenli biz siziň ähli soraglaryňyzy jogapsyz galdyryp geldik. Biz muny siziň saglygyňyz has gowulaşýança sizi artykmaç tolgundurmazlyk üçin etdik. Indi size hakykaty aýtmaly wagty ýetdi.
Bu sözi eşdip, ýadaw ädimläp bärýan Rugsar banu birden janlanyp, sabyrsyzlyk bilen Muhtara seretdi.
- Ýene azajyk sabyr ediň –diýip, Muhtar ýylgyrdy - Häzir menzile ýeteris. Şonda ähli zada göz ýetirersiňiz.
- Bolar, menzil uzak bolmasa, sabyr kylmak mümkin - diýip, Rugsar banu Aýsenemden ençeden båri hazirki dili öwrenip ýöreni üçin öñküsinden gowy gepledi.
Biz şäheriň daşyndaky gür baglykdan geçip, açyk meýdana çykdyk. Birden gözümüziň öňünde başyny asmana diräp duran beýik minaradyr ýadygärlikler peýda boldy. Bulara gözi düşen Rugsar banu birhili boldy:
- Geň zatlar... Ne ýere geldik?
- Nirä gelenimizi özüňiz pähim etjek bolup görüñ.
Rugsar banu Muhtara garady-da, birhili dymdy. Soňra gözlerini giňden açyp, töwerekdäki ýadygärlikleri synlap başlady. Minaranyň alkymyna gelenimizde, Rugsar banu oňa seredip, duran ýerinde doňup galdy. Esli wagtdan soň, ol endireýän ses bilen:
- Bu şol betbagt minara meňzeýän eken! -diýdi.
- Artykmaç tolgunmaň, bibim! –diýip, Muhtar jübüsinden kiçijik bir çüýşe çykardy, onuň gapagyny towlap açdy-da, içindäki dermandan oňa guýup, Rugsar banuwa uzadyp:
- Şuny içiň ýüregüňizi sazlar-diýdi.
Rugsar banu ony içdi. Tolgunmasy birneme basylan ýaly boldy. Soňra:
- Bu ýer nire? – diýip sorady.
- Şu duran ýeriňiz siziň bir wagtlar ýaşan Gürgenjiňiz - diýip, Muhtar onuň gözlerine dikanlap garady.
Rugsar banu başyny ýaýkady:
- Ýog-a, tebip bu ýer Gürgenç däl!
- Men size hak aýdýaryn - diýip, Muhtar ynandyryjy äheňde aýtdy.
Rugsar banuwyň gözleri giňden açylyp dodaklary titräp gitdi. Ol töwerek-daşyna müňkürlik bilen göz aýlady-da:
- Niçik beýle!... Näme bolupdyr bu beýik şähere? Ýene haýsy ýagy weýran edipdir ony?! –diýip zarynlady.
- Wagt diýen ýagy weýran eden, bibim. Siz Gürgenji mundan müň ýyl ozal görüpdiňiz- diýip, Muhtar oña ahmyrly garady.
Rugsar banu Muhtaryň bu sözüne düşünmän, gaşlaryny çytdy.
- Müň ýyl diýýäňizmi? Bu niçik gep, tebip?
- Men size häzir hemmesini aýdyp berjek-diýip, Muhtar jübüsinden ýaňky çüýşäni çykardy:
- Emma, öňi bilen bu dermandan ýene birazrak içmeli - diýip, Muhrar banuwa derman içirdi.
Muhratyň yşaraty bilen hemmämiz şu ýerdäki gadymy kerpiçlerden astymyza goýup otyrdyk. Muhtar Rugsar banuwa mähirli garap:
- Banu! - diýdi. - Men bir mahal, bir adamdan siziň çalýan ajaýyp mukamlaryňyzdan birini eşitdim. Şol adam maňa şu mukamlary mundan müň ýyllar öň çalýan barmaklaryň ýer teýinde mumýalanyp ýatanyny gürrüň berdi. Men bolsa hekimlik ylmyny ýaňyja eýeläp başlan döwrümde göwnüme düwen niýetimi siziň üstüňiz bilen amala aşyrmagy karar etdim. Muny nähili müşgüllikler bilen amala aşyranymy aýdyp otyrmasam-da bolar.
Muhtar sözi şeýle başlady-da, bolan wakalary ýekeme-ýeke gürrüň berdi. Gürrüňiniň soňunda şeýle diýdi:
- Zamanaňyz sizi öz saçlaryňyz bilen bogup öldüripdir. Biziň zamanymyz bolsa size gaýtadan jan bagyşlady. Entek siziň biziň zamanamyz hakda hiç hili düşünjäňiz ýok. Bu işiň jar etdirilmegi bilen, siz döwrümiziň köp äpet şäherlerinde bolarsyňyz, meniň bu işimden kem bolmadyk beýik işler bilen tanyşarsyňyz.
Rugsar banuwyň şu mahaldaky ýagdaýyny teswir etmek mümkin däl. Ol ýanyp duran gözlerini Muhtara dikip, ýerinden turdy-da, gelip onuň öňünde dyza çökdi. Muhtar Rugsar banuwyň bu gylygyndan gyjalat çeken ýaly bolup:
- Beýle etmäň, banu! Meniň öňümde dyza çökmäň! - diýdi.
- Men diñe siziň öňüňizde däl, maňa gaýtadan jan bagyşlan zamanañyzyň öňünde hem dyza çökmegim gerek! - diýip, Rugsar banu Muhtara "lndi meni turuzaýyñ" diýen manyda ellerini uzatdy. Muhtar Rugsaryñ ellerinden tutup, ony ýokary galdyrdy.
(Soñy).
Reýimbaý SABYROW.
Mistika we fantastika