11:47 Tamdyr / mini-hekaýa | |
TAMDYR
Hekaýalar
10-12 ýaşly ogly bilen galtagy tagyrdadyp, bir çatryk beýle ýandaky goňşularyndan toýun daşadylar. Soň köne tamdyryň üç-dört ädim gapdalynda, gazan-ojak goýulýan, depelene-depelene daşa dönen tekiz ýerde, ilk-ä ony çekiçläp mazaly owratdylar. Soňam ortasy oýtak tümmekläp suw guýdular. Emaý bilen gardylar. Ala-başagaý bolşup oýnap ýören çagalary çagyryp, olara gaýym depeletdiler. Olaram keýpine şärik, ýalaňaçja aýaklaryny palçykda “şykgyldadyp”, tä sütünleri süýnýänçä “oýnadylar”. Soň ejesi palçyga saman külkesini gardy-da, aýagyna kakasynyň köne rezin ädigini geýip, ogly bilen gezekleşip, palçygyň hasam depgisini ýetirdi. Palçygyň mazaly suwy gidip, ol sakgyja dönenden soň bolsa, ejesi ony şerebeli suwa ezdi-de, myžžyk edilen halta bilen basyryp, howurly Günüň astynda goýdy. Üç-dört günläbem, arasynda oň üstüni açyp, edil basyrylgy hamyryň alanyny-almandygyny barlaýşy dek, “güp-güp” edip, kakyp barlap gördi. Soňam ýene-de üstüni basyryp, haltasyny şerebe bilen myžžyklap, suwdan doýurdy. Bir günem, palçyk-hamyryň demini alşyna göwni ýetendir-dä, goňşy gelni hem-de öz gyzlaryny çagyryp, tamdyryň daşyna geçdiler. Ilki bilen-ä şakyr-şukur köne tamdyry ýykyp, oň daşyny, duran ýerini arassaladylar. Demirden gözenek-gümmez gapyrgasyny ýerinde jaýlaşykly goýdular. Şykgy toýundan takmynan bilek çemesi gabaraly ýogyn “şöhlatlary” ýasap, tamdyr-süňňüniň daşyna örmäge başladylar. Tamdyryň boýuny ýetirensoňlar, öýbikesi içini, goňşy gelin daşyny suwadylar. Tamdyryň maňlaýyna, edil körgüniň ýokarysyna palçykdan goçbuýnuz nagyş ýasap, ýelmediler. ...Ylahym, bu tamdyryň ryzky-berekedi kemelmesin, onda bişen nanyň berekedi edil şuňa meňzeş şah göteren goçuňky deý kemelmez, synmaz bolsun! Bu goçbuýnuz tumar, şu tamdyram, şu tamdyrdan nan iýýänleň ojagynam gözden-dilden, görüner-görünmez bela-beterden gorasyn! Şu tamdyrdan nan iýýänleň nesli, şeýle buýnuz göterýän goçuňky deý hiç haçan asgynlamaz bolsun, müdimi dowamat dowam bolsun!... ...Ejeleri hemme işini boldum edensoň, gyzlar ýagşy niýet bilen bina kylnan tamdyryň içine çygrak ot-çöp, çybyk-sybyk atyp, ony tüsse bilen “bişirmäge” başladylar... Ertesi günem ýene-de on ýyl hyzmat eder diýen niýetli, täze tamdyrda iki goňşa bir çanak hamyr – çörek bişirdiler... Bir gezekde 9 çörek. Her öýde-de ýedi-sekiz baş. Iki öýe bir naharlyk owkat bolýa. Oňa derek berekedi özünde. Iki howla bir tamdyr... | |
|
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |