22:59 Tarbuş konflikti | |
TARBUŞ KONFLIKTI
Publisistika
Müsüriñ patyşasy Fuat 1932-nji ýylyñ 29-njy oktýabry. Respublikanyñ döredilen gününiñ baýram edilýän güni mynasybetli "Ankara Palas" otelinde bal gurnaldy. Daşary ýurtly wekilleriñem gatnaşan agşamynyñ birnäçe aýlap dowam etjek konflikte sebäp boljagyny bilýän ýokdy. Konfliktiñ sebäbi feska (osmanly şapkasy) boldy! Bala resmi egin-eşikli gelen müsürli ilçi Abdylmälik Hamzanyñ kellesinde feska (Müsürde oña tarbuş diýilýärdi) bardy. Tarbuş döwlet işgäridigiñi añladýan siwmoliki başgapdy we Kawalaly Mämmedaly paşa döwründen bäri geýilýärdi. Türkiýe bolsa 1926-njy ýylda "Şlýapa hakdaky kanuny" bilen Mahmyt II-den - 1829-njy ýyldan bäri osmanlynyñ resmi başgaby feskadyr, saryk geýilmegini gadagan etdi. Balda bolup geçen waka iki hepdeden soñ "Daily Herald" iñlis gazetinde çykdy. Atatürk bala gatnaşan müsürli ilçini feskaly görende sowuk salamlaşanmyş we oña tarbuşyny çykarmagy buýrupdyr. Kemsidilmä uçrandygyna garamazdan ilçi diplomatiki oñşuksyzlygyñ orta çykmagyny islemändigi üçin talaba boýun egenmiş... Habaryñ çeşmesi bal gijesine gatnaşan iñlis diplomatlarynyñ Londona ugradan maglumat habarnamasydy. Müsür habar beriş serişdeleri iñlis gazetiniñ habaryna salgylanan badyna köpçüligiñ arasynda "tarbuş hadysasy" ulalyberdi. Milli buýsançlarynyñ depgilenendigini pikir edýänler Türkiýäniñ garşysyna çykyş edip başladylar. Hadysa ulaldy. Käbir gatlaklar Türkiýe bilen gatnaşyklaryñ doly kesilmegini talap etdi. Müsür Türkiýä gazaply nota iberdi... Ýogsa-da... Habar dogrumydy? * * * 1832-nji ýylyñ 8-nji dekabry. Daşary işler ministri Tewfik Rüştü Aras Müsüriñ notasyna jogap berdi: “Balyñ resmi bölümi gutaryp, biraz çynlakaý hereket edilýän ikinji bölegine geçilmänkä ilki resmi lybaslary bilen gelen diplomatlaryñ isleýişleri ýaly resmi lybaslaryny çykaryp arkaýyn oturyp biljekdikleri aýdyldy we müsürli ilçi-de feskasyny çykardy. Iñlis gazetiniñ aýdyşy ýaly hadysa asla bolup geçmedi. Ýurduñ baştutany Abdylmälik Hamzany şol gün agşam başga döwletiñ wekili däl-de, hakyky dost ýaly görüpdi we oturşypdy". Berlen şeýle beýanata garamazdan Müsürde dartgynlylyk dowam edipdir. Wagtyñ geçmegi bilen müsür halky "tarbuş tarapdarlary bilen tarbuşa garşy gidýänleriñ arasynda ikä bölündi!" Iñlis gazetiniñ şeýle habary bermek bilen meçew beriji formada dowam etdirmeginiñ gizlin maksady barmydy? Maksat Türkiýe-Müsür gatnaşygyny bozmakmydy? Ýa bolmasa müsür jemgyýetçiligini bölmekmidi? Iñlisler müsür eksplitasiýasyny 1922-nji ýylda soñlandyranam bolsa, goşunlaryny ýurtdan çykarmaýşy ýaly, Sues kanalynyñam gözegçiliginden el çekmedi. Iñlis imperializmine garşy çykan nasionalistler, çepçiler, täze gurlan "Ihwan" ("Musulman doganlar" uly göreş alyp barýardy. "Tarbuş konfliktiniñ" oppozisiýany bölmek maksady bardy: Özem Türkiýe halyflygy ýatyranda-da iñlisler ýeñastyndan "halyflyk Müsürde dowam etmeli" kampaniýasyny ýöredip, oppozisiýany parçalapdy. Tarbuş munuñ şoña meñzeş syýasy guralydy! Iñlisler Müsüriñ bir bitewi döwlet bolma müddetini, sekulýar gözlegde bolmagyny, goşun bölümlerindäki hoşnutsyz türk-çerkez ofiserleriniñ agramyny paltalajak bolýardy... * * * Ýokarky taryhy epizody bermegimiñ sebäbi bar. Şeýtmegiñizi isleýärin: Mediýada çykýan habarlary, aýratynam daşary ýurt habar beriş serişdelerini şeýle pikir bilen yzygiderli okañ: Maksat näme? Global mediýa uç-gyraksyz kabul etme (восприятие), propoganda merkezi. Olaryñ hemmesi diýen ýaly "hojaýynlarynyñ" syýasy bähbitleri üçin "habar" çykarýar. Elmydama eserdeñligi elden bermeseñiz zyýan görmersiñiz. Meselem: Erdoganyñ özi ABŞ-na gidesi gelenokmy ýa-da Ak Tam Erdoganyñ gelmegini islänok? Iki ýurduñ mediýasynda bolmagyna garaşylýan resmi sapar barada habarlardyr düşündirişler berilýär. Edil ýöne psihologiki propoganda göreşi barýan ýaly! Munuñ iñ geñ ýeri-de, Külliýe (Prezident köşgi) bu barada hiç hili beýanat berenok. 9-njy maýda bolmagyna garaşylýan resmi saparyñ üstünde gaý-tupan turzulmagynyñ çuñ manylarynyñ bardygyny pikir edýärin. Men öñ "Erdoganyñ daşynyñ gabalandygyny" ýazypdym. ABŞ resmi sapary bilen kimdir birileri bu gabawy ýygyrmak isleýärmi? Ýa bolmasa Erdogan gabawy böwüsmek isleýärmi? Şuña we soñky döwürde zol başdan geçirýän wakalarymyza ýokarda ýazanlarymy ýatdan çykarman baha beriñ. Bellik: Zähmetkeşleriñ 1-nji maý baýramy gutly bolsun. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 01.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |