23:27 Taryhda diplomatiýanyñ orny | |
TARYHDA DIPLOMATIÝANYÑ ORNY
Taryhy makalalar
Merkezi Aziýa sebitinde geografik taýdan oňaýly we geostrategik nukdaýnazardan uly ähmiýete eýe bolan hemişelik Bitarap Türkmenistanyň saldamly ornunyň barha berkemeginde halkymyzyň gadymyýetden gelýän parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň täze many-mazmuna eýe bolýandygyny görmek bolýar. Taryhy geçmişde türkmenleriň döreden onlarça döwletlerinde goňşy halklar bilen ýola goýlan diplomatik gatnaşyklarda parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň berjaý edilendigi mälimdir. Biz ony türkmenleriň Müsürde esaslandyran Eýýuby türkmen döwletiniň mysalynda öwrenmegi we beýan etmegi maksat edindik. Halkara giňişligine ýurtlaryň syýasy, sosial-ykdysady we medeni strategiýalarynyň amala aşmagyna uly täsirini ýetirýän diplomatiýa döwletleriň esaslandyrylan gününden başlap, uly ähmiýete eýe bolupdyr. Diplomatiýa halkara gatnaşyklaryny parahatçylykly ýol bilen ýöretmek sungatydyr. Diplomatik gatnaşyklar ýörite ygtyýarlara eýe bolan kişileriň, ýagny ilçileriň üsti bilen amala aşyrylypdyr. Mälim bolşy ýaly, syýasy güýç bolup syýasy arena çykan döwletler daşary syýasatynda öz täsirini güýçlendirmek üçin goňşy döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary saklapdyrlar. Taryha ser salsak, Müsür ýerlerinde Eýýuby türkmen döwletini esaslandyran we syýasy arena çykan, eýýuby soltanlary döwletiň gülläp ösmegi, Müsür ýerlerinde hem oguz iliniň, diliniň, sungatynyň, däp-dessurlarynyň dowam etdirilmegi we syýasy taýdan jebisligiň üpjün edilmegi ugrunda yhlasly zähmet çekipdirler. Eýýuby soltanlary bu maksatlaryň esasynda goňşy döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, ýurduň syýasy, harby, söwda-ykdysady, durmuş we medeni ulgamlarynda ýüze çykýan meseleleri çözmäge çalşypdyrlar. Soltan Salaheddin Eýýuby tarapyndan 1174-nji ýylda Müsürde Eýýuby türkmen döwletiniň esaslandyrylmagy netijesinde daşary syýasatda goňşy döwletler bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýlup başlanypdyr. Eýýuby türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgesini diňe bir diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda däl, eýsem kerwen ýollarynyň hereket etmeginde, söwda kerwenleriniň howpsuzlygynyň berjaý edilmeginde, olaryň hereket etmegi üçin bazarlaryň, söwda nokatlarynyň we merkezleriniň, ähmiýetli binalaryň, kerwensaraýlaryň gurulmagynda, pul-haryt gatnaşyklarynyň netijeli ösdürilmeginde hem görmek bolýar. Döwletiň çägini giňeltmek, raýatlaryň adalatly dolandyrylmagyny, bolelin ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen, soltan Salaheddin daşary syýasatynda Wizantiýa jahan şalygy, Anadoly Seljuk türkmen döwleti, Abbasy halyflygy, Artykly türkmen begligi we Zeňňiler türkmen döwleti bilen ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn, özara bähbitli, hoşniýetli we dostlukly diplomatik gatnaşyklary saklapdyr. Eýýuby türkmen döwleti Anadolyda ýerleşen Artykly türkmen begligi bilen hem diplomatik gatnaşyklary saklapdyr. Anadoly ýerlerinde iň uzak dowam eden we syýasy giňişlikde öz täsirli ornuny saklap bilen beglikleriň biri bolan Artykly türkmen begligi Beýik Seljuk türkmen döwletiniň soltany Alp Arslanyň türkmen begleriniň biri bolan Artygyň ogullary tarapyndan esaslandyrylypdyr. Amid, Hasan Keýfe, Mardin we Harput gollaryndan ybarat bolan Artykly türkmen begligi güýçli hem parasatly syýasaty ýöredip, Eýýuby türkmen döwletinden daşary Anadoly Seljuk türkmen döwleti we Ermeni korollygy bilen hem işjeň diplomatik syýasaty alyp barandygy bellärliklidir. Soltan Gylyç Arslan II ogly Muizeddin Kaýserşa häkim wezipesine bellenilip, 1191-nji ýylda Malatýa ugradylypdyr. Malatýanyň häkimi Muizeddin Kaýserşa Eýýuby şazadasy Adylyň gyzyna öýlenipdir. Bu nika gatnaşygy Anadoly Seljuk türkmen döwleti bilen Eýýuby türkmen döwletiniň arasyndaky ilkinji garyndaşlyk bagy bolupdyr. Eýýuby türkmen döwletiniň merkezi bolan Müsüriň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen Sinaý ýarymadasy we Palestina, soňra-da ähli Siriýa ýerleri Müsüre birikdirilipdir. Müsür ýurduň esasy merkezi bolupdyr. Damask şäheri döwletiň ikinji merkezi bolupdyr. Anadoly Seljuk türkmen döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklan we Demirgazyk Afrika saparlary amala aşyran soltan Salaheddin ýurtda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün edipdir. Soltan ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek maksady bilen ykdysady özgertmeleri geçiripdir. Döwletiň öndürýän önümlerine zerur bolan demir çig malyny Italiýanyň şäher döwletlerinden söwda şertnamasynyň üsti bilen getirdipdir. Ýurtda oba hojalygy we söwda ýokary derejede ösüpdir. Bu iki pudak döwletiň ykdysadyýetiniň esasyny düzüpdir. Eýýuby türkmen döwletiniň çäginde ýerleşen Ýemen, Arap ýarym adasynyň günbatar kenary (Hijaz), Liwiýanyň demirgazyk kenarlary syýasy, ykdysady, söwda we strategiki ähmiýete eýe bolan mekanlardyr. XII asyrda ummanyň üstündäki söwda gatnaşyklary başlanmandygy üçin Ortaýer deňzi we Hindi ummanynyň demirgazygy dünýä deňiz söwdasynda birinji orny eýeläpdir. Eýýuby türkmen döwleti bu iki deňziň kenarynda we Ortaýer deňzi bilen Hindi ummanynyň söwda çatrygynda, Gündogaryň we Günbataryň söwda aragatnaşygyny gözegçiliginde saklap oturan döwletdir. Döwletiň geoykdysady we geosyýasy taýdan amatly ýerde ýerleşmegi, döwletiň içinde öndürilen senagat we oba hojalyk önümlerini eksport etmekde, isleg bildirilýän harytlary import etmekde ýokary ähmiýete eýe bolupdyr. Eýýuby türkmen döwleti söwda ýollaryny Ortaýer deňzine baglaýan çatrykda ýerleşendigi üçin bu ýerde söwda gatnaşyklary gyzgalaňly ýagdaýda alnyp barlypdyr. Abbasy halyfygy bilen hem ýakyndan söwda gatnaşyklaryny saklapdyr. Damask we Hama şäherlerinde suw bilen işläp, kagyz öndürýän ussahanalar bolupdyr. Halap we Sermin şäherlerinde sabyn we şeker öndürmek giňden ýaýrapdyr. Damaskyň ýüpek önümleri we Müsüriň pagta önümleri ýokary meşhurlyga eýe bolupdyr. Aýratyn hem Damaskda ýasalan gylyçlar dünýäde meşhurlyga ýetipdir. Eýýuby türkmen döwletinden Ýewropa ýurtlaryna şeker we aýna önümleri satylypdyr. Ýurduň binagärçilik we gämiçilik pudaklary hem kämil derejede ösüpdir. Bu döwürde galalar, gorag diwarlary, köprüler, hassahanalar, medreseler, kitaphanalar, metjitler, hammamlar we başga-da ençeme binagärçilik desgalary gurlupdyr. Uly şäherleriň köpüsinde halka mugt hyzmat edýän hassahanalar, garrylar we ýetimler öýleri, talyplar üçin umumy ýaşaýyş jaýlary ýerleşipdir. Salaheddin Eýýubynyň ýaşan döwri türkmen halkynyň baý taryhynda çuň mazmuna eýedir. Salaheddin tarapyndan gurlan Eýýuby türkmen döwletiniň geografiki çäkleri günbatarda Tunis döwletinden başlap, Eýranyň Hemedan şäherine çenli, günortada Ýemen döwletinden başlap, Malazgirte çenli aralygy öz içine alypdyr. Kiçi Aziýanyň günorta-gündogar bölegi, Demirgazyk Yrak, Siriýa, Liwiýa we Palestinanyň köp bölegi, Iordaniýa, Hijaz (Arap ýarymadasynyň günbatar bölegi), Ýemen, Müsür, Demirgazyk Sudanyň bir bölegi we Tunis Eýýuby türkmen döwletiniň çägine degişli bolupdyr. Bu ýurtlaryň türkmenler tarapyndan dolandyrylmagy Osmanly türkmen döwletiniň soňky ýyllaryna çenli dowam edipdir. Şeýlelikde, Müsür türkmenleriň esaslandyran Eýýuby türkmen döwletiniň merkezinde ýerleşmegi bilen, şol döwürde ylmy-medeni ugurlarda has aýdyň ýagdaýa eýedi. Eýýubylaryň döwründe, ylaýta-da soltan Salaheddiniň döwründe ýurduň syýasy-harby we sosial-ykdysady taýdan durnuklylyga eýe bolmagy halkara arenada Müsüriň ornunyň berkemegine we beýleki döwletler bilen parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli gatnaşyklary alyp barmaga şert döredendigi bellärliklidir. Amanmyrat HUDAÝGULYÝEW, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |