10:48 Taryhy eserler: Kowusnama | |
TARYHY ESERLER
Edebiýaty öwreniş
▶ "KOWUSNAMA" ■ Biz nirä barýarys we kimden näme öwrenýäris? Ylmyñ barha ösmegi we döwrüñ çylşyrymlaşmagy bilen adam oglunyñam añ-düşünjesi ösýär. Emma nämüçindir biz durmuşda ýakyn ýa-da gytaklaýyn gatnaşykda bolýan adamlarymyzdan garaşýan tamamyz çykmasa, köplenç özümizi ýekirilen ýaly duýýarys, şolar ýaly pursatlarda öz kalbymyz bilen ikiçäk galýarys welin, nämälim çuññurlyklardan nähilidir birhili ýañ eşdilen ýaly bolýar. Biz şonda öz ruhumyzyñ gitdigiçe ýalñyzlaşýandygyny, barha ýalañaçlanýandygyny, käte ýagşy niýetiñi püçege çykaranlara garşy nämedir bir gaýtawul berjek bolup, özümiziñem olardan beter ýagdaýa düşýänimizi duýman galýarys. Ylym we añ-düşünje ösdügiçe adam gatnaşyklarynyñ barha pese gaçýandygy gynandyryjy we boýun alynmaly ýagdaý. Bu näme üçin şeýle? Bu jümläni ýazyp otyrkak bir ýewropaly alym bilen musulman alymyñ arasynda bolup geçen dialog ýada düşfi Aýtmaklaryna görä, ýewropaly alym ylymda we tehnologiýada ýeten sepgitlerini musulman alyma "siz bizden yzda barýarsyñyz" diýen manyda gyjyt berip söz açanmyşyn. Musulman alym onuñ bu sözlerine gaşynam çytmandyr we oña: "Hawa, siz asmanda ganat ýaýyp uçmanam, suwuñ astynda balyk ýaly ýüzmänem başararsyñyz, ýöne siz ýeriñ üstünde nädip ýöremeli, şony welin bilmersiñiz" diýip jogap beripdir. Adamzat ruhunyñ ýalñyzlaşýandygy, ýalañaçlaşýandygy hakykat. Munuñ netijesinde bolsa adamlaryñ özara gatnaşyklary barha pese gaçýandygy-da gutulgysyz. Ýewropa özüniñ bihaýalaşandygyny bireýýäm boýnuna aldy. Belki-de şonuñ üçin olarda adam gatnaşyklary barada täsirli dersler bilen çykyş edýänler köpelip başlady. Deýl Karneginiñ adamlara nähili täsiriñi ýetirmelidigi we durmuşda özüñi nähili alyp barmalydygy baradaky meşhurlyk gazanan leksiýalary bu aýdanlarymyzyñ iñ bärkije mysalydyr. Nämüçindir biziñ köpümiz ýene-de ýewropalylaryñ we amerikalylaryñ bu babatdaky sapaklaryna gulak gabardýarys. Aslynda Deýl Karneginiñ leksiýalaryna müñ degýän gyzyldan gymmatly nesihatnamalar biziñ özümizde bar ahyryn! Belki-de, biz öz taryhy köklerimizden, milli mirasymyzdan, medeniýetimizden uzaklaşyp, ýewropalylara meñzemäge ýykgyn edýänligimiz üçin ýewropalylardan bäşbeter pese gaçýandyrys? Biziñ ýewropalylardan öwrenmäge çalyşýan ahlak derslerimiz, etiki sapaklarymyz aslynda baryp-ha 1.000 ýyl mundan owal Gündogarda ýazylypdy, hatda öwran-öwran ýazylypdy. Munuñ şeýledigine Reýhan Horezminiñ "Mertebeler we kemlikler", Mahmyt Zamahşarynyñ "Ýagşyzadalaryñ bahary", Keý-Kowusyñ "Kowusnama" ýaly eserlerini okanynymyzda-da magat göz ýetirýäris. ■ "Kowusnama" we Keý-Kowus barada düşünje Sözümizi X asyrdan biziñ günlerimize gelip ýeten dünýä belli "Kowusnama" atly gymmatly edebi ýadygärlik bilen dowam etdireliñ. Türkmen okyjylarynyñ arasynda uludan-kiçä "Kowusnama" eserini bilmeýän az-az bolsa gerek. Bu eser diñe bir biziñ halkymyzyñ arasynda däl-de, tutuş Gündogarda, galyberse-de dünýä boýunça ölmez-ýitmez eserleriñ hataryna goşulan gymmatly ebedi ýadygärlikdir. "Kowusnama" Eýranda höküm süren Ziýary dinastiýasynyñ Kuhystandaky hökümdary Keý-Kowus ibn Isgender ibn Wuşmgir tarapyndan öz ogluna ahlak-didaktiki temada öwüt-nesihat beriji äheñde ýazylan ýankitapdyr. Kitap dünýä dilleriniñ ençemesinde neşir edildi. Türkmen okyjylary hem bu kitapdan binesip galmady. Aslynda köpgyrañly we ýaýrawly taryhy bilen dünýä ýañ salan türkmen halkynyñ mynasyp mirasdüşerleri we öwrenijileri hökmünde bu eseri awtorynyñ parsdygyna we eseriñ pars dilinde ýazylandygyna garamazdan öz taryhy we edebi mirasymyza degişli hasaplasak, hakykatdan daş düşdügimiz bolmazdy. "Kowusnama" üç gezek türkmen dilinde neşir edilipdi. Birinji gezek 1982-nji ýylda, ikinji gezek 1990-njy ýylda, üçünji gezek 2013-nji ýylda çap edildi. Olaryñ içinde iñ soñky Dañatar Berdiýewiñ terjime etmeginde halka hödürlenen neşiri iñ dolusy we kämilidi. Gynansak-da, baryp XV asyrda Merjimek Ahmet tarapyndan osmanly türkmençesine geçirilen bu gymmatly eseriñ ýokarda agzalan üç neşiri-de gönüden-göni pars dilinden terjime edilmän, ikinji diliñ üstünden, ýagny görnükli alym Ý.E.Bertelsiñ rus diline eden terjimesinden alynyp, terjime edilipdir. Eser 44 fasyldan ybarat. Kitap ahlak-didaktiki temada we tasawwuf öwüşgini çaýylyp ýazylypdyr. Öwüt-ündewler bilen doly bolan bu eser oñat döwlet işgäriniñ aýratynlyklarynyñ, iýip-içmek düzgünleriniñ, hammamda ýuwunmaklygyñ, ýarag-esbap ulanmaklygyñ, at saýlap almaklygyñ, hatda aýal bilen pynhan gatnaşyklary saklamagyñ düzgünleriniñ üstünde-de jikme-jik we aýratynlykda durup geçýär. Ýogsa-da bu kitabyñ awtory Keý-Kowus kim bolupdyr? Keý-Kowus Hazar deñziniñ günortasynda höküm süren Ziýari dinastiýasynyñ hökümdarydyr. Geliñ, Ziýarylar dinastiýasy we onuñ taryhy, soñra bolsa Keý-Kowusyñ özi barada gysgaça durup geçeliñ. ■ Ziýary dinastiýasy barada düşünje Zyýary dinastiýasy Hazar deñziniñ günortasynda 927-1090-njy ýyllarda dowam eden eýran dinastiýasydyr. Olaryñ döwründe ýetişen beýik alym Biruny Keý-Kowus tarapyndan uly goldawa mynasyp bolupdyr. Keý-Kowusyñ hemaýatkärliginde Biruny 1000-nji ýyllarda Aý tutulmalary barada möhüm ylmy-barlag işlerini geçiripdir. Häzirki Eýranyñ territoriýasynda galan türkmen doganlarymyzyñ ýaşaýan Türkmensähranyñ esasy şäherleriniñ biri bolan Kümmethowuz aslynda Keý-Kowusyñ ady bilen baglanyşyklydyr. (Kabus-Kümbet). Keý-Kowus döwründe eýran stilinde gurlan taryhy binalar Kümmethowuzda häzirki wagta çenli saklanyp galypdyr. Yslam taryhynyñ sahypalaryna adyny altyn harplar bilen ýazdyran şöhratly türkmen soltany Mahmyt Gaznawynyñ döwründe bu dinastiýa Gaznawy türkmen döwletiniñ wassaly bolup barlygyny dowam etdiripdir. ■ Ziýary dinastiýasynyñ emirleri: 1). Mardawij, 928-934; 2). Wuşmgir Ziýar, 934-967; 3). Behsatun, 967-976; 4). Şemsül-Meali Kowus ibn Wuşmgir, 976-1012; 5). Felekül-Meali Kowus ibn Manuçehr, 1012-1031; 6). Anuşirwan Manuçehr, 1031-1043. ■ Keý-Kowus kim bolupdyr? Kowus ibn Wuşmgir (doly ady Emir Unsurül-Meali Keý-Kowus ibn Isgender ibn Kowus ibn Wuşmgir), (1012-nji ýylda aradan çykýar) Jürjanda we Tabarystanda hökmürowanlyk süren ziýary hökümdarydyr. Wuşmgir Zyýaryñ iñ uly ogly Behsatun tagta geçýär. Jürjanda 10 ýyl hökümdarlyk edenden soñra ölen Behsatunyñ ýerine Kowus ibn Wuşmgir geçýär. Şol wagtam şaýy ynançly Buweýhiler ýurtda içerki gapma-garşylyklary döredip, bu ýerleri eýelemek isleseler-de, Kowus ibn Wuşmgir bu howpuñ öñüni almagy başarýar. Şol mynasybetli Abbasy halyfy oña "Şemsül-Meali" titulyny berýär. 1012-nji ýylda Kowus ibn Wuşmgire garşy öz tabynlygyndaky esgerler aýaga galýarlar we ol tagtdan agdarylýar. Keý-Kowus şol ýylam aradan çykýar. Taýýarlan: © Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |