18:55 Taryhy eserler: Zafarnama | |
TARYHY ESERLER ▶ "ZAFARNAMA" Taryhda "Zafarnama" ady bilen Gündogar ýurtlarynda birnäçe kitaplar ýazylypdyr. Geliñ olardan käbiriniñ adynyñ we awtorynyñ üstünde gysgajyk durup geçeliñ. ■ Nyzameddin Abdylwasy Şamynyñ "Zafarnamasy" Emir Teýmirleñiñ hut öz görkezmegi bilen Nyzameddin Abdylwasy Şamy tarapyndan 1404-nji ýylyñ mart aýynda ýazylyp gutarylan (pars dilinde) bu taryhy kitap Teýmirleñiñ ömrüni anyk beýan edýän gymmatly kitaplaryñ biridir. ■ Şerefeddin Aly Ýezdiniñ "Zafarnamasy" Şerefeddin Aly Ýezdi tarapyndan Emir Teýmirleñiñ ýörişlerinden we ýeñişlerinden söz açýan "Zafarnama" kitaby ilki pars dilinde, soñra Teýmirleñiñ agtygynyñ görkezmesi bilen (1425) türki dilinde ýazylýar. ■ Abdylla Hatefiniñ "Zafarnamasy" Gündogaryñ beýik akyldary Abdyrahman Jamynyñ aýal doganynyñ ogly, şahyr Abdylla Hatefiniñ (1454-1521) Emir Teýmirleñiñ ýörişlerine bagyşlap ýazan 4.500 beýtli poetiki eseri. Bu esere başga "Teýmirnama" hem diýilýär. ■ Hafyz Tanyş al-Buharynyñ "Zafarnamasy" Şeýbanylar dinastiýasynyñ wekili, Buhara hanlygynyñ hany Abdylla II-niñ Horezme, Deşti-Gypjaga, Horasana, Orta Aziýa, Eýrana eden ýörişleri barada täjik (pars) dilinde ýazylan bu eser üç kitapdan ybaratdyr. Birinji kitabyñ ady "Abdyllanama", ikinji kitabyñ ady "Şarafname-i şahi", üçünji kitabyñ ady bolsa "Zafarnamadyr". ■ Hamidulla Mustawfynyñ "Zafarnamasy" Pars şahyry, taryhçy Hamidulla Mustawfy Kazwini (1288-1349) 75 müñ beýtden ybarat "Zafarnama" poema-sene ýazgysynda Eýranyñ Ilhanly mongol häkimiýeti astyndaky döwürlerinden söz açýar. Kazwininiñ özü-de Ilhanly hökümdary Oljaýtunyñ gullugynda bolupdyr. ■ Guru Gobind Singhiñ "Zafarnamasy" Hindistanda Muhammet Zahyruddin Babyryñ guran beýik imperiýasyna garşy söweşen sikh gurusy, mass halkynyñ ýolbaşçysy, şahyr Guru Gobind Singhiñ (1666-1708) musulman agalygyna garşy alyp baran göreşlerini beýan edip ýazan eseri. ■ Diwan Amar Nathyñ "Zafarnamasy" Hindistanly şahyr Diwan Amar Nath tarapyndan 1837-nji ýylda pars dilinde ýazylan. Bu eserem hindi maharajasy Ranjit Singhiñ (1780-1839) musulman agalygyna garşy alyp baran göreşlerinden söz açýar. ■ Zyýa Paşanyñ "Zafarnamasy" XIX asyryñ täze türk edebiýatynyñ Namyk Kemal, Şinasy ýaly üç düýbüni tutujysynyñ biri bolan Zyýa Paşanyñ (1829-1880) Aly Paşany ýañsa alyp, 1869-njy ýylda ýazan ironiki eseri. Taýýarlan: © Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |