07:06 Taryhyñ çañly sahypalarynyñ arasynda ýitip giden gahryman: Kritiñ eýeleýjisi Endulusy | |
TARYHYÑ ÇAÑLY SAHYPALARYNYÑ ARASYNDA ÝITIP GIDEN GAHRYMAN: KRITIÑ EÝELEÝJISI ENDULUSY
Taryhy makalalar
Kritiñ eýelenmegi Taryhda dargan jemgyýetleri kyn pursatlarda bir ýere jemläp bilen liderleriñ täsin aýratynlygy bar. Bularyñ köpüsi ýetim... Ýetimligiñ liderlik sosiologiýasynda ýiti täsiriniñ bardygyny inkär edip bolmaýar. Bu tema inter-dissiplinar çemeleşme bilen öwrenilmegine garaşýar we düýpli ylmy iş hökmünde işlenmegine-de diýseñ açyk mesele. Elbetde, beýle liderleriñ orta çykyşy jemgyýetiñ agzynyñ aşa ýetip, gowy ýaşaýan döwrüne gabat gelenok. Pyçak süñke gelip dirände orta çykýan we jemgyýeti ýüpüñ ujundan çekip alýan şahsyýetleriñ şahsy durmuşyny içgin öwrenýärsiñ welin, olaryñ hökman ýetimlikde ulalandygyny görýärsiñ. Ikinji we sarsdyryjy aýratynlygynyñ biriniñem hanymansyzlyk, ýersizlik we watansyzlykdygyny arkaýyn bilip bolýar. • Endulusdan çykyp gaýdan ýetim Gürrüñimiziñ gahrymany-da bir ýetim. Ebu Hafs diýlip tanalan Endulusynyñ onçakly bilinmeýän ýeñişli ýolunyñ üstünde durup geçeliñ. Onuñ başdan geçirmeleri el-Hakemiñ Endulus tagtyna oturmagy bilen başlady. El-Hakem Endulus ýaly medeniýetiñ tagtyna oturan kipaýatsyz hökümdarlaryñ biridi. Şonsuzam döwlet dargajak wagty iki ýagdaý gutulgysyz bolýar: Birinjisi gowşak ýolbaşçylar tagta geçýär, ikinjisi-de şol döwletde zulum ýetjek derejesine ýetýär. Ol hakykat, el-Hakem tagta güýç beren däl-de, güýjüni tagtyndan alýan hökümdardy. Endulusyñ er-Rabat şäheriniñ ýaşaýjylary bolsa, döwletiñ yslam medeniýetine altyn döwrüni başdan geçirdeniñ musulmanlardygyny bilýärdi. Halk el-Hakemiñ şerap içişlikli oturşyklara gyzykmagyny aç-açan tankyt edýärdi, goşuny ispan dönmelerinden doldurmagyna garşy çykýardy we ulamalary diñlemäge çagyrýardy. "Ulamany diñlemek" diýlen ýere gowja üns bermek gerek. El-Kindi ýaly yslam äleminiñ iñ beýik alymlarynyñ endulusly ulamalaryñ arasyndan çykandygyny göz öñüne tutsak, bu diýseñ çynlakaý çagyryşdy. Rebatlylar hökümdar el-Hakemi dogry ýola gönükdirip bilmänsoñ, ony tagtdan agdarmagy makul bilipdir we iki gezek döwlet agdarlyşygyna synanyşypdyr. Gorkagyñ zulumy-da gazap bolýandyr-a! El-Hakem agdarlyşyga synanyşanlary başdan sowandan soñ Endulusda ispanlara rahmet okatjak derejede gan dökdi. Ibn Esiriñ habar bermegine görä, Rebatyñ köçeleri gan kölüne öwrülipdir. Ölmän galan aýal-gyzlar, çagalar, garry-gurtylar meýdana üýşürilipdir. Olaryñam ölüm permanyna garaşylyp durka, zalym hökümdar hiç kimiñ sebäbini bilmedik ýagdaýynda ynsaby oýanypdyr we ölümleri durzupdyr. Yzda galan rebatlylary gämilere ýükläp Marokka we Müsüre sürgün edipdir. Ine, şol gämileriñ birinde ýetginjek ýaşlaryndaky Ebu Hafs Omar ibn Şugaýyp el-Balluti hem bar eken. Onuñ indi ene-atasy-da, watany-da, eýe çykjak hossary-da ýokdy. Krit • Bu bosgunlar nirden çykdy? Marokka sürgün edilen rebatlylaryñ köpüsi ýa musulman, ýa-da hristian garakçylaryñ eline düşüpdir. Olaryñ az sanlysy ýerläp bilipdir. Müsüre sürgün edilenleriñem bosgundan tapawudy ýokdy we olaryñ gelmegini müsürliler islänokdy. Şeýle-de, edil şol wagtlar ýurdy elinde saklaýan apbasylar hem gyrýagylary bolan enduluslylary ýurtlarynda göresleri gelenokdy. Ahyrynda apbasy hökümdary Isgenderiýedäki (Aleksandriýa) ähli rebatlylaryñ gämilere mündürilip ýurtdan çykarylmagyny buýrupdyr. Apbasylar hernäme-de bolsa, rebatlylara olaryñ hökümdary el-Hakemden has ynsaply çemeleşip, gämileriñ ygtyýaryny rebatlylaryñ öz ellerine beripdir. Rebatlylar bu gezek nirä gitjeklerini özleri kesgitläpdir. Aslynda olaryñ öñünde saýlap-seçip durar ýaly onçakly kän ugur-ýolam bolmandyr. Ildeşleriniñ Marokkada başyna gelenleri bilensoñlar, ol ýerik gidip biljek däldiler. Endulusa-da dolanyp biljek däldiler. Dogduk depelerinde olara ölümden başga hiç zat garaşmaýardy. Musulman halky Ortaýer deñziniñ ortasynda nirä gitjegini bilmän, gämileriñ içinde elewreşip durupdyr. Üstesine olara öñbaşçylyk etjek we bir agza bakdyryp biljek serdarlary-da ýokdy. Ine, edil şolar ýaly jygba-jygly kyn pursatda Ebu Hafs Endulusy öñe çykypdyr. Ebu Hafs ýaşdy, watanyndan sürgün edilen gününden bäri kösençden we jebir-jepadan başga zat görmändi. Gürlemäge başlanda hiç kim onuñ berýän buýruklaryny diñlemezlik etmedi. Hamana birnäçe ýyl bäri şu bosgun halkyñ hökümdary bolup gelen ýaly gylyny gymşatman onuñ aýdanlaryny ýerine ýetiripdirler. Isgenderiýede geçiren günlerinde deñizçilik bilen meşgullanan Endulusy söwda-satyg arkaly tanap ýetişen Krit adasyna göwün beripdi. Bu ada hemmetaraplaýyn alanda oña kowlan watany Endulusy ýatladypdyr. Ahyrynda 827-nji ýylda endulusly bosgunlar Krite gadam basypdyr. Endulusy gämileri ýakýar Ebu Hafs Endulusy guryýere gadam basan basyna ilki bilen birwagtky ata-babasy Taryk ibn Zyýat ýaly gämileri ýakypdyr. Olar adany eýelänlerinde ullakan garşylyga uçramandyrlar. Köşk oñşuksyzlyklary bilen başagaý Konstantinopolyñ Kriti goramaga ýagdaýy bolmandyr. Endulusy az wagtyñ içinde Kriti hakyky yslam ýurduna öwürmegi başarypdyr. Ol kiçijigem bolsa şeýle bir kuwwatly döwlet gurupdyr welin, guran döwleti Wizantiýanyñ gorkuly düýşüne öwrülipdir. Selanige, Afinä, hatda paýtagt Konstantinopola ýörişler guralmaga, goja Wizantiýany Mermer deñzinden çykyp bilmez ýaly etmäge başlanypdyr. Krit yslam puly Krit Yslam emirligi az wagtyñ içinde edil Endulus ýaly ylymda, sungatda, medeniýetde parlak ýyldyza öwrülipdir. Wizantiýanyñ adany gaýdyp almak üçin telim gezek guran ýörişleri kritlileriñ gahrymanlarça goranyşy bilen yza serpikdirilipdir. Ensulusynyñ garaşylmadyk ýeñşi tunislileri-de ýüreklendiripdir we Wizantiýanyñ başga bir adasy bolan Sisiliýa eýelenip, ol ýerde-de yslam döwleti gurlupdyr. • Adada adalat döwleti gurlupdyr Sürgün, zulum, adalatsyzlyk bilen ençeme ýyllap ýurtdan ýurda entän rebatlylar Kritde ähli ynançlara azatlyk beripdir we hiç kimi adadan kowmandyr. Kritiñ ähli ýerli ýaşaýjylarynyñ azat durmuşda ýaşamagyna ejaza berişleri ýaly, olaryñ hak-hukuklarynyñ goragy-da doly döwlet kepilligine alnypdyr. Adada san-sajaksyz metjit, medrese, haýyr-sahawat fondlaryny guran rebatlylar sözüñ doly manysynda adalat döwletini gurupdyr. Başdan geçiren köpçülikleýin trawmasy olary watan düşünjesi babatda ünsli bolmaga iteripdir. Endulusynyñ 827-nji ýylda Kritde guran döwleti bir ýarym asyra golaý wagtlap Endulusyñ bosgun halkyna öý-işik bolup hyzmat edipdir, emma XI asyr golaýlaberende külli yslam medeniýeti üçin birküç asyra çekjek yza tesiş döwri başlanypdyr. Wizantiýalylar adany gaýdyp alýar Wizantiýalylar hazynasynyñ barsyny tañkyradyp goýan goşun taýýarlap, 961-nji ýylda Kriti gaýdyp alypdyr we adada ele salan musulmanlaryny ýa öldüripdir ýa-da zor bilen hristian bolmaga mejbur edipdir. Hatda Krit Yslam emirliginden zorluk bilen getirlen çagalary goşunda ýetişdirip, musulmanlara garşy söweşdiripdir. Endulus döwleti bolsa öz bagryndan çykan perzentleriniñ sezewar bolan gyrgynçylygyny diñe uzakdan synlap oñdy we olara hiç hili arka durjak bolmady. Bulam taryhyñ namart oýunlarynyñ biri bolsa gerek... Krit Yslam emirligi we onuñ fatihi Ebu Hafs Endulusy bolsa şeýdip taryhyñ çañly sahypalarynyñ arasynda ýatdan çykyp galyberdi... Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Şenbe, 11.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |