16:25

Taryhyñ iñ geñsi seks dessurlary

TARYHYÑ IÑ GEÑSI SEKS DESSURLARY!

Jynsy gatnaşyga bolan isleg boýunça pikir alyşmak häli-häzirlerem dünýä jemgyýetleriniñ köpüsinde aýyp görülýär. Muña garamazdan dünýäde jynsy gatnaşygy durmuşyñ aýrylmaz bölegi hasaplaýan jemgyýetlerem az däl. Taryhda-da munuñ mysallary köp duş gelýär.

■ Gadymy Müsürde

Gadymy Müsür erkekler bilen aýallaryñ jynsy meselelerinde iñ erkin medeniýetleriñ biridi.
Gadymy müsürliler Nil derýasynyñ suw joşgunlaryny hudaýlaryñ döllenmegi diýip hasap edipdirler. Hut şu pikirem faraonlary orta çykarypdyr: Faraonlar hudaýlara bermeli pajy bilen birlikde ekin meýdanlary üçin suwuñ akymy güýçlensin diýip Nil derýasynyñ boýunda masturbasiýa çärelerini geçiripdirler. Faraonuñ jynsy güýjüni alamatlandyrýan Min festiwaly başlanandan gutarýança erkekler halkyñ içine aýlanyp, yzygiderli masturbasiýa edipdirler.
 
■ Papua Täze Gwineýada

Papua Täze Gwineýada trobriand taýpasy özleriniñ aýgyrlygy bilen tanalýar. Erkek oglanlar eýýäm 10-12 ýaşa ýetenden bu işi etmäge taýýar ýagdaýa gelýär. Şeýle-de bolsa, olarda nikalaşmazdan öñ görme-görşe çykmak halanmaýar.

■ Hindistanda

Hindistanyñ jümmüşindäki Çhattisgarhyñ tokaýlarynda ýaşaýan muriýa ("The Deer Horn Muria") taýpasynda ýaş gyzlara we oglanlara aýdym, bilim, taýpa tansy we jynsy gatnaşyklary öwredýän “Ghotul” atly ýörite festiwaly geçirilipdir. Garañky düşensoñ dabaralar başlapdyr. Gyzlar ösümliklerden ýörite ýasalan göwreli bolmakdan goraýan likýor içipdirler we jynsy gatnaşyk etmek üçin her gije aýry ýassykdaş saýlap alypdyrlar. Eger içilen tebigy likýor täsir etmän, gyzam göwreli bolsa, onda tutuş oba bolup doglan çaga hossarlyk edipdir we hiç kim çaganyñ kimden galandygyny bilibilmändir.

■ Gadymy Gresiýada

Gadymy Gresiýa taryhda jynsy gatnaşyklaryñ görkezijisi boýunça iñ ösen ýurtlaryñ biridi.
Gomoseksualizm (beçebazlyk) greklerde geñ görülmeýän adaty zatlaryñ biridi. Emma gadymy gresiýalylaryñ jynsy durmuşyny geñsi hasapladýan zat başga zatdady. Jynsy gatnaşyga bolan isleg iki jyns üçinem makul hasaplanýardy. Taraplar aktiw we passiw diýen iki topara bölünýärdi. Bärde geñ görüljek zat olam, jynsy gatnaşygy aktiw tarapyñ jemgyýetdäki ornuny, at-abraýyny görkezmek üçin ýörite gurnaýanlygydy. Bular ýaly gurnama sahnalaryna "Spartak" teleserialynda-da köp gabat gelinýändir.

■ Gaitide

Her ýyl tomsuñ iýul aýynda wudu jadygöýleri we dindarlar dini edim-gylymlary ýerine ýetirmek üçin mukaddes hasaplanýan ýere zyýarat edýärler we söýgi hudaýlaryna çokunýarlar. Şondan öñki bir ybadat bolsa çärä gatnaşýanlaryñ ählisiniñ çuw-ýalañaç ýagdaýda şaglawugyñ aşagyna girip jennetden ýer dilemek dessurydyr.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 1158 | Добавил: Нawеran | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]