23:17 Taryhyñ synmajak ýañy | |
TARYHYÑ SYNMAJAK ÝAÑY
Taryhy makalalar
Türkmenistanyň çäginde dürli döwürlere degişli, ata-babalarymyzyň ýaşaýşynyň, durmuşynyň şaýady bolan ýüzlerçe ýadygärlik bar. Bu ýadygärlikleriň iň gadymylary häzirki wagtda dürli ululykdaky depeler görnüşinde saklanyp galypdyr. Palçykdan we çig kerpiçden gurlan jaýlaryň ýykylyp ýumrulan diwar galyndylarynyň üstünde medeni gatlaklaryň galyňlaşmagy depeleriň emele gelmegine sebäp bolupdyr. Bu depelerde gazuw-barlag işleriniň geçirilmeginiň netijesinde, müňýyllyklaryň dowamynda adamlaryň ýaşan durmuşy, taryhy öwrenildi, ilkidurmuş adamlarynyň ýaşan ýerleri, ilkinji oturymly obanyň ýüze çykan ýeri, ilkinji şäheriň dörän ýeri, ilkinji döwletiň esaslandyrylan ýerleri anyklanyldy. Olaryň arasynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň demirgazyk-günbatar eteginde, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäklerinde ýerleşýän ilkinji oturymly obanyň düýbüniň tutulan ýeri, ýagny Jeýtundepe ýadygärligi öz döwrüniň taryhynyň gyzykly syrlaryny beýan edýär. Ýadygärlik daş asyrynyň iň soňky eýýamy bolan täze daş asyryna degişli bolmak bilen, bu döwürde Türkmenistanyň çäklerinde adamzat jemgyýetiniň taryhynda uly ösüşe — siwilizasiýa aýak basylýar. Şol döwrüň, ýagny neolit zamanasynyň medeniýeti taryhda «Jeýtun medeniýeti» diýlip atlandyrylýar. Jeýtun medeniýetine degişli bolan gadymy obalar Gökdepäniň golaýyndan hem tapyldy (Çopandepe, Pessejikdepe we beýlekiler). Şol wagta çenli haýwanlary awlap, ýabany ösýän ösümlikleri, kökleri, däneleri ýygnap iýmit hökmünde peýdalanan adamlar,takmynan b.e.öňki VII müňýyllygyň ahyrynda dag eteginde mesgen tutup, Köpetdagdan inýän bol suwly düzlük ýerlere tohum taşlap, ilkinji bolup ekinleri emeli usulda ösdürip ýetişdirmäge girişipdirler, mallary eldekileşdiripdirler. Köpetdagyň mes toprakly dag etekleriniň ekin üçin amatly bolmagy, bu ýerlerde oturymly ekerançylyk eýýamynyň ir döremegine ýardam berýär. Jeýtunlylar eýýäm oturymly ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolan döwründe, dünýäniň köp böleginde adamlar ýabany ösümlikleri ýygnamak we aw awlamak bilen meşgul bolupdyrlar. Oturymly ýaşaýşa gadam basan Jeýtunlylar dag derýajyklarynyň suwundan peýdalanypdyrlar we gadymy Garasuw derýasynyň eteklerinde beýik bolmadyk depäniň üstünde mesgen tutupdyrlar. Köpetdagyň dag etek zolagyna degişli ýerler kiçeňräk dag çeşmeleri we derýajyklary arkaly suwarylypdyr. Ýaz gelip, ýagynyň ýagýan we daglardaky garlaryň eremäge başlaýan döwründe bu derýalar suwdan dolupdyr. Ekinler daglardan akyp gaýdýan derýalaryň giň joşgunlarynyň emele gelen ýerlerindäki takyrlyklara ekilipdir. Suwy ýörite galdyrylan ýerlere gabap, emeli kölleri döredipdirler. Suw siňensoň, ýumşan topraga däneli ösümlikleriň tohumlaryny atypdyrlar we topragy dörüpdirler. Ýeri suwarmagyň bu usuly ýönekeýligine garamazdan, urugyň ähli agzalarynyň gatnaşmagyny talap edipdir. Jeýtunda zähmet gurallary öňki döwürdäki ýaly daşdan we süňkden bolmagynda galsa-da, ol has kämilleşipdir, ýylmanypdyr. Çakmak daşlary dişäp, agaja geýdirip orak ýasapdyrlar. Jeýtun medeniýetine degişli ähli ýadygärliklerde dänäni külkemek üçin ulanylan gurallaryň, Jeýtunyň özünde bolsa çakmak daşyndan ýasalan, päkileri bolan agaç oraklaryň we däneli ösümlikleriň galyndylarynyň tapylmagy hem ekerançylykdan habar berýär. Bu tapyndylaryň hemmesi Oksford uniwersitetiniň barlaghanasynda jikme-jik derňew edildi. Alnan netijeler jeýtunlylaryň bugdaýyň gögerişe uýgunlaşdyrylan birnäçe görnüşlerini ösdürip ýetişdirendiklerine şaýatlyk edýär. Ekerançylyk oturymly ilatyň köpelmegine getiripdir. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, Jeýtunda düzümi 5-6 adamdan ybarat 35-40 maşgala hojalygy ýaşap, onuň jemi ilaty 200-240 adam töweregi bolupdyr. Her bir maşgalanyň hojalyk gap-gaçlary, bezeg şaýlary maşgala degişli jaýlarda saklanypdyr. Emma iýmit süýşürintgileri däne we şuňa meňzeş iýmitler ähli oba üçin umumy bolan jaýda ýerleşdirilipdir. Şeýlelik-de, Jeýtunlylaryň zähmeti-de, hojalygy-da umumy bolupdyr. Munuň özi jemgyýetçilik gatnaşygynda enelik urugyna degişlidir. Obanyň jaýlarynyň ýerleşişinde tertiplilik, öňünden meýilleşdirilmek ýok. Adamlar boş ýerlerde bir-birine golaýrak ýerde jaý gurupdyrlar. Muňa garamazdan, käbir jaýlaryň gurluşygynyň meýilnamasy birmeňzeş. Jaýlar inedördül görnüşinde, emma diwarlary parallel gurulmadyk. Ýaşaýyş jaýynyň bir dulunda tegelek ojak, gap-gaçlar üçin aýmança bolupdyr. Jaýyň diwarlarynda bolsa kiçeňräk tekjejikler bolup, onda bezeg şaý-seplerini goýupdyrlar. Ýaşaýyş jaýlarynyň gapdalynda howlujyk we hojalyk jaýlary ýerleşipdir. Jaýlaryň üsti agaç pürsler bilen örtülipdir. Jaýyň düşegine 10 santimetr galyňlykda toýun suwag düşelipdir. Gurluşykda uzynlygy 60-70 santimetr, ini 20-25 santimetr bolan saman garylan süýri palçyk tokgalary kerpiç ýerine ulanylypdyr. Bu süýri palçyk tokgalary ilkinji kerpiçleriň nusgalarydyr. Gurluşygyň palçygyna saman goşmak däbi bolsa häli-häzire çenli dowam edip gelýär. Jeýtunlylar jaýlarynyň diwarlarynyň käbir ýerini gara reňkde, aýmançalary we tagçalary bolsa gyzyl reňkde reňkläpdirler. Jaý diwarlarynyň gara we gyzyl reňkler bilen reňklenmegi örän täsindir. Bu bolsa eýýäm şol döwürlerde adamlaryň tebigatdan reňk almagy başarandyklaryny subut edýär hem-de dünýäni duýmagyň, aň-düşünjäniň ösüşiniň ilkinji subutnamalaryny görkezýär. Jeýtunda ekerançylyk bilen bir hatarda, hojalygyň maldarçylyk pudagy hem öz ornuny tutup başlaýar. Bu ýerden eldeki edilen geçiniň süňki tapyldy. Emma et iýmiti esasynda ýabany goýunlaryň, geçileriň, keýikleriň hasabyna bolupdyr. Jeýtun medeniýetiniň ahyrlarynda hojalykda eldeki haýwanlaryň agdyk edip başlandygy, şol sanda iri şahly mallaryň-da bolandygy barada arheologik maglumatlar toplanyldy. Muňa garamazdan, awçylyk öz ornuny ýitirmändir. Aw awlamak ýaşaýjylary et bilen üpjün etmekde esasy orunda durupdyr. Jeýtunlylar awçylykdan we maldarçylykdan gerek bolan çig maly almagy, eýlenen deriden we hamdan önüm öndürmegi başarypdyrlar. Deri we hamlar diňe bir eşik öndürmek üçin ulanylman, eýsem olardan dürli haltajyklar, torbalar, gutular we şuňa meňzeş zatlar tikilipdir. Deriden önümler taýýarlananda gylçykdan ýasalan iňňe ýa-da inçe süňk temeni bilen gyralarynda deşikler edilip, olaryň içinden damar geçiripdirler. Jeýtundan temenleriň we iňňeleriň tapylmagy şular ýaly işleriň alnyp barlandygyna çaklama döretmäge esas berýär. Jeýtun obasyndan türkmeniň bedew atynyň we uly itleriň guburlarynyň tapylmagy, eýýäm şol döwürlerde jeýtunlylaryň aty we iti eldekileşdirendigine şaýatlyk edýär. Jeýtun medeniýetine degişli obalaryň biri bolan Pessejikdepeden tapylan toýundan, daşdan we balyk-gulakdan ýasalan her hili monjuklar, türkmeniň milli şaý-sepleriniň ilkinji ýönekeý görnüşdäki nusgalarydyr. Balykgulakdan, dürli daşlardan, malyň injik süňklerinden ululy-kiçili monjuk we başga bezeg esbaplarynda deşikleriň bolmagy, olaryň ýüpe düzülip dakylandygyna güwä geçýär. Diýmek, jeýtunlylar öz aýal-gyzlaryny bezemäge hem üns beripdirler. Pessejikdepeden jaý diwarynyň ýüzüne çekilen awçylyk sahnasy şekillendirilen diwar nakgaşçylygynyň üsti açyldy. Bu surat Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň iň ilkinji nusgasy hasaplanýar. «Pessejikdepeden tapylan suratlar Çatalguýukdan (Türkiýe) tapylan suratlara garanda has gadymydyr we bu günki gün olar dünýädäki iň gadymy suratlardyr» diýip, alym Ö.Gündogdyýew belläp geçipdir. Medeniýetiň dürli ugurlary bilen bile kämilleşip, sungat derejesine ýetirilen küýzegärçilik senedi hem öz gözbaşyny Jeýtun medeniýetinden alyp gaýdýar. Jeýtunlylar ilkinji bolup toýun palçykdan gap-gaç ýasamagy öwrenipdirler. Adamlar düýbi ýasy gap-gaçlar ýasap, olary bişirmegi, göni we egri çyzyklardan düzülen ýönekeý nagyş bilen bezemegi başarypdyrlar. Bu gap-gaçlar ýörite peçlerde, ýagny kürelerde däl-de açyk otda bişirilipdir. Gap-gaçlaryň sarymtyl ýerliginiň ýüzi gyzylymtyl goňur reňk bilen çekilen dik we tolkun görnüşindäki çyzyklardan düzülen nagyşlar bilen bezelipdir. Bu sadaja nagyşlar eýýäm şol döwürde ilkinji çeper sungatyň alamatlarynyň dörändigini, ýagny adamlaryň öndürýän önüminiň diňe ýerine ýetirmeli işine däl-de, eýsem öz ýaşaýyşlaryny gözelleşdirmäge hem üns berip başlandygyny görkezýär. «Bu ýönekeý nagyşlaryň kämilleşmegi, Jeýtun medeniýetinden soňky eýýama, ýagny mis-daş asyryna degişli bolan Änew medeniýetiniň atanak görnüşindäki nagyşlaryň emele gelmegine getirendir» diýen çaklama bilen alym W.M.Masson çykyş edýär. Änew medeniýetiniň Jeýtundan soňky eýýama degişlidigine garamazdan, bu iki medeniýeti baglanyşdyrýan subutnamalar ýok. Muňa garamazdan, bu medeniýetleriň nagyşlarynda kämilleşme yzygiderliligini görmek bolýar. Taryhçy alymlara, mirasgärlere ata Watanymyzyň gadymy taryhyny içgin öwrenmäge, taryhy ýadygärliklerde ylmy-barlag işlerini geçirmäge, milli mirasymyz, asylly däp-dessurlarymyz, ýörelgelerimiz, beýik şahsyýetlerimiz baradaky taryhy maglumatlary halkymyza ýaýmaga ähli şertler döredildi. Ogultäç SAŞLIÝEWA, «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |