00:15 Taýak iýmesem oňamok / satiriki hekaýa | |
TAÝAK IÝMESEM OŇAMOK
Satiriki hekaýalar
Awtobusyň içi hyryn-dykyn - aýak basmaga ýer ýok. Ýolagçylaryň biriniň daş sypatyna seretseň-ä, ýalňyşyp bärik münendir öýdýäň. Onuň ýeri awtobus däl-de, meger bolubilse, “Tiz kömek” awtoulagy bolmaly. Çep goly hasa bilen saralyp egninden sallanan, kellesi saralan, bir gözi gögerip çişen, beýleki gözüne-de gan öýen adam pişegine daýanyp, awtobusyň mähellesiniň arasynda özüne ýer arçamaga jan edýärdi. Görgüli sagadyň jykgyldaýan dili ýaly durman-etmän: — Iýhh!… Aaahh!… Amaaan-eý!!… Ooowff!. – diýip iňleýärdi. Onuň bu bolşuna seretseň-ä, awtobusyň çaýkanyp gidişinden eli-aýagy gopup galaýjaga meňzeýärdi. Oturan ýolagçylaryň biri nebsi agyryp, oňa ýer berdi. Ol ah-wah edip berlen ýere çökdi. Özüne ýer berene: — Alla razy bolsun - diýdi. Ýanyndaky adam ony tanady: — Salam, Selman beý... — Owwf.. Wah-wah-eý... Salam, Şerafeddin beý... Waý, öldüm... Uff... — Geçdigi bolsun, näme boldy beýle? — Wah.. Aman-aman... Gowsy, sen sorama menem aýtmaýyn, üç aý bäri şeýle ýagdaýa gezip ýörün. — Wah-wah… Geçdigi bolsun-da, Selman beý... Syrkawlap zat etdiňizmi? Nädip beýle güne düşdüňiz? — Eeeh… Bulam özbaşyna bir syrkawlyk saýylýar-da... Bulam özbaşyna bir syrkawlyk. Owwf, öldüm-le!.. — Wah-wah, görgüli... Lukman näme diýýär? Diagnoz goýdularmy? — Ýoog-eýý… Iýhh… Lukmanlyk iş däl-ä bu, doganjygym. Lukmanyň edibiljek zady barmy... Waý-eýý... Alla duşmanyňa-da duşurmasyn. Aman-aman... Endam-janym agyrýar, edil gopaýjak-gopaýjak bolýar... Götümi ýerden galdyryp bilemok. Iýhh... — Lukmana görünmeseňiz-ä bolmaz, Selman beý. Iň bolmanda hassahana görün. — Hassahanalyk iş däl, Şerafeddin beý… Belki-de, dälihanalyk iş... Aý-waýe-eý, wah... Sary keselimi näme… Şerafeddin beý yza çekilen ýaly etdi. Ol — Beýle bolsa, köçä çykmaly däl ekeniňiz-dä - diýdi. — Wa-ah… Owff… Çykman durup bolarmy näme? Diliňde aňsat. Şu kesele ýolugyp köçä çykmanam göräý. Maňa bu kesel oglumdan geçdi. — Olam näsagmy? — Sorama. Onda-da nähili... Oňky durşuna berbat... Hroniki… Aýý… Hojaýyn, seret nädip uçradym bu kesele... Munça bolanna görä size aýdyp bereýin: Oglum liseýi hiç gutaryp bilmedi. Dokuzynjy synpda iki ýyl okady, ona geçdi. Onunjy synpda iki ýyl eglendi. Mydama-da top sebäpli. Iýhh... aman-aman. «Oglum, goý şu topy» diýsem, «Nädip goýaýyn, kaka?» diýýär. «Aý-how, gelejegiň kül boldy» diýýän, gelejekden geçdik, ömrü-de kül boljak. Futbol oýnunyň bolan güni öýe söweşden çykyp gelen ýaly gelýär. Bereket bersin, çep aýagy döwüldi welin, top oýnap bilmez ýaly boldy. Aýagynyň döwülenine-de kaýyl bolupdym, düşünýäňmi?.. Aman-eý... Owwf... Aýagy döwülmese-de, top oýnap ýörse, haçanam bolsa bir gün oglany öldürjekler-ä, how. “Giden aýak bolsun-la, başymyzyň-gözümiziň sadakasy bolsun, oglan diri galan bolsa bolýar” diýdik. Aý-waýe-ýeý... süňlerim gopup gelýär-dä. Soňam, hojaýyn, bu gezek oglum oýnuň zyrrajym dälisi boldy oturaýdy. Top oýnamaga gitmese-de, oýun bolsa öýde oturanok. Ankara oýun bolsa, Ankara gidýär. Izmirde bolsa, Izmire gidýär. Gideni-de owarram, her gaýdyp gelende ýere serlip galýar. Dfüşekden galyp bilmän ýatýar. Sesi gyrylýar. «Oglum, sesiň gyrylypdyr-la?» «Gygyrmakdan-laý, kaka». «Beýle bolsa gygyrman oňaý, oglum». «Diliňde aňsat. Seň özül gel-de, gygyrman durup bilseň duraý». Ýene bir oýundan gelýär, kellesi ýaryk. Ýene bir oýundan gelýär, burny döwlen, gözi çykan... «Oglum, näme boldy saňa?». «Oýunda dawalaşdyk». «Aý-how, oýanaýarkaň diýseň düşünerdim welin, tomaşa edeňde-de dawa edilermi?». «Elbetde, edilýär». «Ýeri bolýa, indi bir dawa edäýme». «Diliňde aňsat, seň özüň gel-de, dawalaşman durup bilseň duraý» Nähili beýle bolýar-aý? Näme diýsem, «Meň elimde däl, diliňde aňsat... Seň özüň gel-de, durubilseň duraý» diýip dur. Bir gezek dagy oglumy polisiýa uçastogyndan alyp gaýtdyk. Oýunda ýakalaşyp, polisiýa uçastogyna düşüpdirler. Iki-üç gezegem “Tiz kömek” hassahanasyndan alyp gaýtdyk. «Oglum, balam, guzym, janyňa haýpyň gelenokmy? Sen ahyrsoňunda şuň ýolunda ölersiň» diýip kän ýalbar-ýakar etdim.. Olam «Bilýän, gynanýanam, ýöne durup bilemok. Daşyndan dilde aňsat. Gel-de, senem durubilseň duraý» diýýär. Ahyr bir gün menem gyzyklandym-da «Gel-eý, menem äkitsene oýna, göreli bakaly!» diýdim. Oglum bilen bile oýna gitdik. Oýun başlady. Men-ä belli bir topara janköýerligem edemok. Kim ýeňende-de maňa parhy ýok. Men oýunçylardan has beter janköýerlere seredip, üstlerinden gülýän. Ine, birdenem, derwezä top girdi. Emma, hakyky golam bolsa.... Beýim, ynansaň, emin goly hasap etmedi. Men görnetin adalatsyzlyk edilse durup bilemok. “Emin seniň ataňä nälet!” diýip gygyrmaga başladym. Başgalaram meniň ýaly gygyrýarlar. Ine, birdenem, ýanymdakylaryň biri “Eminiňki dogry, gol däl” diýdi. “Gül ýaly goldy. Emin naýynsaplyk etdi. Beýleki topardan pul alandygy belli” diýdim. Olam maňa «Sygryň ogly sygyr diýsäni, bular ýalam bir gol bolarmy?» diýdi. Menem oňa «Sözüňizi özüňize gaýtaryp berýärin, sygryň ogly sygyr seniň ataňdyr!» diýdim. Oýna birinji sapar gidemsoň, näme diýmelidigini, näme diýmeli däldiginem bilemok. Oýunda biri saňa sygyr diýse, yzyna bermek bolanokmyş. Men şeýle diýen badyma ol burnumyň üstüne ýumrugyny salgap goýberdi, ýere serrelip gitdim. Ömürleri uzak bolsun, hernä başgalar aralaşdyraýdy. Ýogsam ol adam meni mazaly ýençjekdi. Men ýumrukdan soň ýere ýykylyp, burnumdan gan bary akansoň, oglum kömege geler öýtdüm. Asyl gara bermese näme... Men oňa «Dat, oglum, ýetiş!» diýip gygyrýan, ol bolsa: — Dursana, kaka, dursana how... Gol bolýar - diýýär. Burnuma elýaglyk dykyp, ýerimden turdum. Bu gezek adalatsyzlyk edilip, goly hasap edilmedik topara ýakynlyk duýup başladym. Topardan biriniň aýagyna top degdimi, özümi saklap bilemok, hamala, top meniň aýagymda ýaly janym-tenim bilen topa depýän ýaly aýagymy salgaýaryn. Soňra şol ikiarada aklyma aýlanýan, “men däli-mäý, walla” diýýän. Aýagymy saklamaga dyrjaşýan. Soň ýene özümi ýitirip, topa depýän ýaly aýagymy salgaýaryn. Özem şeýle bir bat bilen salgaýan welin, şol wagt aýagyma top degse, top derwezäniň toruny böwsüp geçip, Ýeriň emeli hemrasy dek Aýa baryp düşäýjek ýaly bolýaryn. Men şeýdip towsaklap durkam, topa depýänmikä diýip, öňümdäki adamyň götüniň üstüne depäýmenmi? Oňa «Pardon, bagyşlaweriň…» diýen boldum. Olam «Bolýa-la how, oýunda bular ýaly zatlar bolman duranok. Şumat ötünjiň ýeri däl, häzir gol bolýar» diýdi. Ine, birdenem, bu gezek meniň arkamdan ýumruk indi. Zarbasyna seretseňizläň, arkama inen ýumruk gözümden ot çykardy. Ehh, düşündim, bärde ýumruklaşmak aýyp däl eken... Çünki hemmeler biri-birini ýumruklaýar. Özüme hiç kimiň hiç kimde kasty ýok. Seni tananogam-bilenogam, duşmançylygy-da ýok. Kimdir biri heýjana gelýär-de, top diýip seni depip goýberýär. Düşüner ýaly däl, Şerafeddin beý... Eý-ho, top senden kilometr uzakda, sen bärden topa aýak salgaýaň. Biz depişmäge başladyk. Olar meni depýär, men olary. Ýöne hiç birimiziň ýüreginde erbet niýet ýok. Adam şolar ýaly wagt gyzgynyna iýen kötekleriniň agyrysyny-da duýmaýan eken. Soň, hojaýyn, biziň derwezämize gol saldylar. Namyssyz emin bu goly hasaba urdy. Hasabyň öňe geçenine durup bilmedim. Sesim ýetdiginden: — Go-waa-a!.. diýip gygyrmaga başladym. Özümi dürsäp bilmedim. Elim-aýagym saňňyldaýardy. Ýanymda gazly suw satýan bar eken. Gazly suwuň çüýşelerini emine çenäp zyňmaga başladym. Hernä şol wagt ýanymda gazly suwuň çüýşesinden başga hiç zadyň ýokdugy. Bomba bolsa, eminiň üstüne bombany-da zyňjagymy bilýärdim. Bir garma-gürmelik bolan ýaly boldy. Gol däl diýşip durkalar, biz janköýerler özara ýakalaşmaga başladyk. Hemmämiz bii-birimiziň üstüne eňdik. Her kim biriniň ýakasyndan tutdy. Men çaltlyk bilen on ýaşlyja bir çagany aşagyma alyp, bogmaga durdym. Tas ganhor bolaýjak ekenim. Çagajygyň çöregi bitin eken: “Agam, menem siziň toparyňyzdan ahyry” diýdi-de, elimden sypaýdy. Çagany goýberen badyma deňiz garakçysy ýaly bir peläket meni aşagyna saldy. Bir urýar, bir urýar... Men oglum nirdekä diýip sagyma-soluma seredýän, tapybilseň-tap-da... Ol meýdança çykypdyr-da, eminiň eminden gelip ýör. «Polisiýa!» diýip gygyrdym. Polisiýa işgärleri-de özara ýakalaşyga giren bolsa näme. Kimsi oýunçylar ýençýär, kimsi janköýerlerden taýak iýýär. Men özümi aşagyna salyp urup oturana: «Şepe, sen haýsy topardan? Duraweri, birden ikimizem bir toparyň janköýeri bolup çykaýmaly? Men biderek ýere ýenjip durma!» diýdim. Hernä diýenim gowy bolaýdy, ikimizem bir toparyň janköýeri bolup çykdyk. Ýöne naýynsap «Men indi garşydaş toparyň janköýerini nirden tapaýyn?..» diýdi-de, küdüň ýaly ýumruklaryny depämden indiriberdi. Janhowluma eýläk-beýläk urundym, hernä elinden sypdym. Janköýerlerden urar ýaly birini tapmansoň, biçäre gaharyny kimden çykarjagyny bilmän tribunanyň tagtalaryny dişleýär. Goh-galmagal kiparlaşan ýaly boldy, oýun täzeden başlady. Biziň toparymyzyň janköýerleri toparyň oýunçylaryny ruhlandyrmaga başlady: «Şöh-rat, şöh-rat, biziň toparymyza şöhrat!..» Meniň-ä indi gygyrmakdan ýaňa sesim-üýnüm çykanokdy. Ol ýerden biriniň elindäki banka menem urmaga başladym. Kyýamatam şondan soň gopdy. Meýdançada oýunçylar ýakalaşmaga başlady. Bizem biri-birimize ýapyşdyk. Biri meniň aýagymdan tutup, al-asmana zyňyp goýberdi. Ep-esli ýere uçup gidenimi bilýän. Soň näme bolanyny bilemok, gardaş. Gözümi açsam. hassahanada ekenim. Şerafeddin Beý: — Diýmek, bu bolşuňyz şondan eken-dä... - diýdi. — Munuň bilenem oňmadym-a... Ertesi ýekşenbe güni biziň toparymyzyň başga bir topar bilen oýny bar eken. Indi durubilýänmi näme? Daşdan dilde aňsat. Seniň özüň bolsaňam durubilmeýäň. Daňsalaram durup bilmersiň... Iýhh.. Aman-eýý... Owff... Endam-janym agyrýar, edil gopaýjak-gopaýjak bolýar... - Selman beýiň sargyly elinden bir gutujyk düşdi. Ol ony egilip alanda: — Bulam banka bilen gaýynene iňňildisi – diýdi. – Sesim gyrylanda banka ýapýan. Awtobus durdy. Endam-jany saralgy adam iňläp ýerinden turdy: — Alla ýaryň bolsun, Şerafeddin beý! — Indi nirä? Lukmanamy? — Ýok, janym, futbol oýnuna.. Aaaahh.. Ooowff. Iýhh.. Terjime eden Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |