23:48 Täze enjam / satiriki hekaýa | |
TÄZE ENJAM
Satiriki hekaýalar
Satyjylaryñ ählisi ýygnanandan soñ uly dükanyñ müdiri ör turup, gyzylödegini arçady-da, söze başlady. Satyjylar näme täzeligiñ bardygyndan bihabar bolansoñlar, müdiriñ sözüniñ ýekejesini-de sypdyrman, ýuwdup otyrdylar. - Ýoldaşlar, şu gün size täze bir habar, onda-da begençli habar aýtmakçy - diýdi-de, üsgürinjiräp, işgärlerini birlaý gözden geçirdi. Hemmeleriñ özüne uly gyzyklanma bilen seredýänini görüp, sözüni dowam etdi: - Ilata edilýän hyzmatyñ hilimi öñküden-de gowulandyrmak üçin biz yzygider aladalanýarys. Hawa, hut şu maksat bilen biz ertir dükanymyza täze bir enjam ornaşdyrmakçy. Onsoñ siziñ müşderilere etmeli hyzmatyñyz öñküden ep-esli ýeñleşer - diýdi-de, ýene-de işgärleriniñ ýüzüne birlaý göz gezdirdi. Olaryñ käbiriniñ ýüzünde kanagatlanma alamatlary duýulýan bolsa, köpüsi entegem direktoryñ sözüniñ soñuna garaşyp, ünsi elden bermän otyrdylar. - Hawa, ýoldaşlar, indiden beýläk satyjylar bilen siziñ arañyzdaky örän uzaga çeken oñşuksyzlyk gylyç bilen kesilene döner. Hyzmat edişiñiziñ hili gowulanar. Adyñyz öwlüp, gazet-žurnallarda çykar. Gymmat bahaly baýraklar bilen sylaglanyp durlarsyñyz. Döşüñizi "Joşgunly zähmet ýaryşynyñ ýeñijisi", "Zähmetde tapawutlanandygy üçin" diýen medallar bezär. Adyñyz Hormat tagtasyndan düşmez. Adamlar size hormat goýar... Edil şol wagt begenjinden içi byjyklap, sözüñ soñuna çenli diñlemäge takaty çydamadyk, garynlak, tüýlek, semizlikden ýaña alkymynyñ aşagy sallanyp duran satyjy müdiriñ sözüni böldi-de, ýalynjañlyk äheñde: - Ýoldaş başlyk, şol diýýän tehnikañyzy edil şi wagt ornaşdyraýsak neneñ bolarka? - diýip, zoraýakdan gülen boldy-a, duýgudaşlyk isläp, töweregindäkileriñ ýüzüne seretdi. - Dogry, edil, şu wagt ornaşdyrmaly. Goý, ilat biziñ hyzmatymyzdan hoşal bolsun! - diýip, satyjylar ýerli-ýerden gygyryşdylar. Dükanyñ müdiri "Köşeşiñ" diýen äheñss elini galdyrdy-da, sözüni dowam etdi. - Gynansagam, bu gün boljak däl. Täze enjamy ertir getirjeklerem, gurnajaklaram. - Ýoldaş başlyk, ýogsa-da, täze gurnajak enjamyñyz nähili zat, ady näme?! - diýip, hälki garynlak ýene-de ýylgyrjaklap, dükan müdirine ýüzlendi. - Elektron terezi! Hawa, ol terezi harydyñ agramyny dürs görkezýär, hemem bahasyjy kesgitleýär. Täze enjamy işimize ornaşdyrsak, alyjylar "kem çekdi-de", "artyk aldy" diýşip, siz bilen dawa turzup bilmez. Ine, ýoldaşlar, täze enjam şeýle. Ol siziñ wagtyñyzy-da tygşytlar! - Nä-ä-me!!! Hälki satyjy ýylan gysymlan dek boldy. Uludan haşlap, özüni lampa aşak goýberdi. Onuñ alty putluk agramyna döz gelmedik oturgyç "şakyrt" etdi-de, jaýyñ poly bilen ogşaşyp ýatyberdi. Jorageldi SAPARGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |