TÄZE TANYŞYM
Men bu adam bilen hassahanda tanyşdym. Şepagat uýasy meni yzyna tirkäp, üç adamlyk palata elteninde onuň ýeke özi krowadynda aýagyny aşak sallap oturan ekeni. Beýleki iki krowat boşdy. Biz girenden ol ýerinden turdy. Şepagat uýasy:
- Açyl aga, ine size ýoldaş getirdim, indi içiňiz gysmaz - diýip çykyp gitdi. Açyl aga orta boýly,garaýagyz,garny birneme pökgerip duran elli-ellibäş ýaşlaryň töweregindäki, köseleç adam ekeni. Ol alçaklyk bilen görüşip, soraşdy. Men krowadyma geçip oturanymdan soň añrymyzy soraşyp, tanşlyk açyp başladyk. Ol obasynyň adyny aýdanynda önüräk Aşgabatdan otluda, şol obaly bir ýaşuly bilen gaýdanym ýadyma düşdi.Men şol ýaşulynyň adyny aýdanymda Açyl aganyň ýüzi açylyp gitdi.
- Aý, ol-a meniň duldegşir goňşym-la.
-Şeýlemi, goňşyň-a biçäk gowy adam ekeni. Özem diýseň dilewaram eken. Otlyda içimizi gysdyrman ýolboýy gürrüň baryny edip,hezil berdi.
Men şey diýenimden Açyl aganyň ýüzi bir hili üýtgäp gitdi.
- Gowulygyna gowy welin, birneme gybatçyrak. Meniň gybatymy edenokmy özi?
- Aý ýok. Seniň adyñy ýekeje gezegem tutanok, Açyl aga. Ýöne bir goňşysynyň käbir täsin häsiýetlerini aýdyp, gülüşdirip oturdy.
-Ana şo-da, adamlary gülüşdirjek bolup, özünden bir zatlary toslabam tapaýýa.Ýeri, onsoň ol goňşusy hakda nämeler diýdi?
- Erbet zad-a aýtmady. Bir gün şol goňşym diýýä, bir sany ýüzlik lampoçkany getirip, "goňşy, şuny iki sany ellilik lampoçka çalçyp bersene" diýdi. Menem: "goňşy, ellilik lampoçka bolmaýa, kyrklyk, altmyşlyk bolýa. Saňa iki sany altmyşlyk beräýeýin" diýdim. Ol: "Bolýa, goňşy, ýöne iki altmyşlyk 120 wolt bolýa-da, seniň 20 wolt hakyň gidýä" diýýä. Men: "Zyýany ýok, goňşy, senden gideninden menden gidäýsin" diýip iki sany altmyşlyk berdim. Ol, wagtyhoş bolup: "Aý, berekella, goňşy, sahy gördüm, seni gördüm, sag bol!" diýip gitdi. Şeýdip men 20 wolt bilen goňşymyň nazarynda sahylyk derejesine ýetipdim welin, ýöne soň ol: "beren lampoçkaň "brak" ekeni, hä diýmän köýüp dur" diýip bir aýyň dowamynda dört gezek menden täzesini alyp gitdi" diýdi.
Men sözümi tamamlap, Açyl aga seretsem, ol kellesini ýaýkap ajy ýylgyrdy-da:
- Aý,samsyk diýsänim! Gör, onuň üstüne goşup aýdyşyny.Şol diýen goňşy men-dä. Men hijem dört gezek baramok. Ikije sapar bardym. Aýtdym-a ýaňy, adamlary gülüşdirjek bolup,ýalan-ýaşryk zatlaram aýdyberýä.
- Açyl aga, näme diýseňem, gowy goňşyň bar eken. "Jaý alma, goňşy al" diýilip ýöne ýere aýdylmasa gerek-diýdim.
Ine şeýdip Açyl aga bilen aňrymyzy yzarlap ýakynlyk tapmasak-da ol meniň tanyşymyň goňşysy bolup çykdy.
Günortana golaý eli ullakan torbaly aýalym geldi. Ol Açyl aga salam berip getirenini meniň tumboçkamyň üstünde goýdy. Açyl aga:
- Aý tüweleme, gül ýaly geliniň bar eken, Myratjan-diýip aýalym bilen içgin sorady. Soňra: - biziňkileriň oba daş bolansoň,gelmesi kynyrak, şonuň üçin men hassahananyň nahary bilen oňmaly bolýan.Nahar wagty-da bolandyr, menem aşhana baraýyn diýip ýerinden turdy.
Aýalym:
- Ýaşuly, oturyber, meniň getirenim ikiňize-de bolar - diýdi. Açyl aga bir maňa, bir aýalyma seredip:
- Aý, näme gelniň özi mürähet edýen bolsa,oturaýaýyn. Dogrymy aýtsam, bu ýeriň naharam gowy welin,ýöne öýde bişirileniň tagamy başgaça bolýa-da-diýip, öz sözüni makullan ýaly kellesini atyp goýdy.
Menem:
- "Bir üzümi kyrk adam dadyşypdyr" diýipdirler. Näme getiren bolsa bile iýeris, Açyl aga-diýdim. Aýalym torbasyndan içi börekli syrçaly gap, bir sany tamdyr çörek, süýji, bir azyrak miwe çykardy. Ýöne çemçe we çanak bir birdendi. Muny gören Açyl aga:
- Nesibe-dä, nesibe. Menem ätiýaçsyz däldirin, özümiň çemçäm, tarelkam bolmaly - diýip tumboçkasyndan aýdanlaryny çykardy. Çakyma görä ol bu zatlary menden öňki bu ýerde ýatanlaryň yzyndan getirlen naharlary paýlaşmak üçin hassahananyň aşhanasyndan getirip goýan bolmaly.
Aýalym böregi ikä paýlap:
- Alyň, işdäňiz açyk bolsun - diýdi. Açyl aga bir böregi agzyna salyp çeýneýärkä:
- Baý,baý munuň süýjüligini. Öýde bişirlen naharyň tagamy başga-la - diýip aýalymdan adyny sorady.
- Adym Gülşirin, ýaşuly.
- Gülşirin diýsene. Bişiren naharyňam adyňa laýyk ekeni, aýym. Görnüşi gül ýaly, tagamy diýseň şirin, Gülşirin jan-diýip aýalymyň öwgüsini ýetirdi. Olam muňa ynanyp monça boldy. Ol gepini gutarýança meniň iýmän oturanymy görüp:
- Myrat jan, hany al! - diýdi-de, - Bismilla - diýip, çemçesini börekden dolduryp agzyna saldy. Men:
- Açyl aga, bismilla nahara ilki başlanda aýdylmaýarmy?-diýip güldüm.
- Aý, ony diňe ilki däl, her sapar nahara el uzadanyňda aýtsaňam bolýa. Bismilla bilen nahara bereket inýär - diýip meniň tankydymdan sypdy. Nahary iýip bolduk. Çalarak doýdugam. Men:
- Açyl aga, neneň, aňryňa bir zat düşdümi?- diýip soradym.
- Aý,ýeterlik boldy-leý. Gülşirin jan şamlyga bir palawjyk bişirip getirse üstüni ýetiräýeris - diýip, ol maňa garap ýylgyrdy. Gülşirin:
- Onuň gürrüňi bolmaz, ýaşuly. Palaw diýseňiz palawam getiräýerin-diýdi.
- Aý berekella, aýym, berekella! Eliň-gözüň dert görmesin. Çagajyklaryň bagtyna guwan. Ýogsam olar näçe?
- Iki, bir ogul, bir gyz - diýip, Gülşirin çagalaryna guwanýan ýaly ýylgyrp, jogap berdi.
- Gaty gowy. Ömürleri uzak bolsun. Hudaý berse ýene bolar. Hany onda naharyň omynynam edeliň-diýip, Açyl aga töwür galdyrdy. Soňundanam Gülşirine alkyş baryny etdi. Gap-çanagy ýygnap, Gülşirin gitdi.
Bir salymdan şepagat uýasy elli ýaşlaryň töweregindäki uzyn boýly bir rus adamy
alyp girdi: -Ine size ýene bir ýoldaş getirdim - diýip çykyp gitdi.Ol adam:
- Salýam, salýam- diýip, boş duran üçünji krowada geçdi. Açyl aga onuň salamyna özüçe alek alyp:
- Yzdraste, yzdraste- diýdi. Soňundan oňa çiňňerilip seredip,- ysluşy, seniki türkmençe bilýär?-diýip sorady.
- Az-maz bilýär. A seniki po ruski bilýär?
- Çala bilýär, çala. Ýogsam adyň näme, adyň?
Soňky soraga ol düşünmedi öýdýen, Açyl aga seredip, kubtini gysdy. Açyl aga soragyny düşnükliräk etjek bolup, özüniň gursagyna dürtide-de:
- Meniňki Açyl seniňki näme?-diýdi.
- Aa, dündi, meniki Igor - diýdi.
- Ähe, türkmençe Aýgyr diýene dogry gelýämaýt...
- Aýgyr ýok. Igor, Igor!
- Bolýa, bolýa. Igor bolsa Igor. Onuňky Myrat, bilip goý-diýip barmagy bilen meni görkezdi. Igor ýylgyryp, başyny atdy.
Men ikisiniň bu içgin "söhbetine" näçe gülkim tutsa-da, olaryň göwnüne geler öýdüp saklandym.
Öýläne golaý şprislerini göterip, şepagat uýasy geldi. Ony görenden ýaş çagalaryň sanjymdan gorkuşy ýaly Açyl aganyň gözleri tegelenip gitdi.
- Aýym, munyňy indi günde bir gezek soksaň bolmaýamy? Irden eden sanjymyňyň agrysy henizem gidenok. Gelelim bäri otyr ýerimde diri bütin ýerim galmady.
- Men doktoryň buýranyny edýän, Açyl aga. Hany ýat, meniň başga-da işim kän.
Şepagat uýasy üçimize-de sanjymyny edip, gapydan çykanyndan Açyl aga ýerinden turup oturdy-da, derjirän maňlaýyny sylyp, bize bir, bir göz aýlady.Soňra Igordan:
- Seniki agyrýa?- diýip sorady.
- Meniki agyrýa ýok-diýdi ol ýylgyryp.
- Myrat jan, seniki niçik?- diýdi.
- Meniki-de agyrýa ýok-diýdim gülüp.
- Bä, onda meniňki näme beýle agryly. Ýa-da ol ataňelet, maňa iňňäniň ýerine temen sokýamyka?
Açyl aganyň gepine Igor hem düşündi öýdýän, maňa goşulyp olam güldi.
Giçlik Gülşirin Açyl aganyň buýurmasyna görä şamlyga palow getirdi. Igora-da mürähet etdim, emma ol kes-kelläm etmän aşhana çykyp gitdi. Onuň gidenini Açyl aga ýamanam görmedi. Ikimiz Gülşiriniň palawly tabagyny bir salymda boşadyp, eline berdik. Açyl aga töwür galdyryp, günortankysy ýaly Gülşirini alkyşdan gömdi. Ine şeýdip, Açyl aga bilen on günüň dowamynda duz-emek bolup ýaşadyk.
Açyl aganyň öýüne gitmeli güni hem gelip ýetdi. Şol güni maňa-da rugsat berdiler. Zatlarymyzy alyp, Açyl aga bilen köçä çykdyk. Şol wagt geçip barýan taksilaryň biri biziň deňimize gelip saklandy. Men Açyl agadan näçe tiz sypyp bilsem şonça-da begenjekdim. Şonuň üçin bir göwnüm onuň bilen hoşlaşyp, taksa münde ötägit diýdi. Emma beýtsem türkmençilikde gelşiksiz bolar öýtdüm. Onuň özüne sala saldym:
- Açyl aga, ine taksy, şunda öýüňize göni gidiberjekmi ýa-da bize baryp çaý suw içip, onsoň gaýtjakmy?
- Aý,Myrat jan,meniň gyssagym ýok. Ikimiz indi kyýamatlyk aga-ini bolduk.Nesip bolsa birek-birege gadr goyup gatnaşarys.Şonuň üçin öýüňizi görüp gitsemem ters däl-diýdi.Men onuň gepini makullan ýalak edip, başymy atdym. Taksa münüp, öýüň salgysyny aýtdym.Bir salymda ulag dazlap gelip,dört gatly jaýlaryň öňündäki meýdançada saklandy. Ulagdan düşdik. Açyl aga meýdançada duran ulaglara göz aýlap:
-Bä, bu ýer maşyn bazar ýaly eken-ä - diýdi. Şu jaýlarda ýaşaýan adamlaryň maşynlarydyr-da.
- Hawa, soňky wagtda maşyn has hem köpeldi. Durmuş ýokary göterlip barýa.
- Aý, tüweleme. Onsoň bu maşynlaryň arasynda seňki ýokmy?
- Bar. Ana, sag gapdalyňdaky duran ak "Toýota" meňki - diýenimden ol baryp, maşyny maňlaýyna syldy.
- Nesip etsin, gowy maşynyň bar eken, Myrat jan. Indi men hasam arkaýyn. Çaý-suw içenimizden soň agaňy oba aşyrarsyň-da. Men geplemedim. Içimden, "aýdyp nä körüň bar,.dilinden bela galan adam diýerler saňa" diýip özüme käýindim.
- Bu, diýýänä, Myrat jan on gün bäri münülmän duran maşyna meňzänok. Ýalpyldap dur.
- Aýalymam sürÿä. Bize naharlary şu maşynda daşady-da.
- Hä, şeý diýsene. Tüweleme Gülşirin jan nahar bişirmege ökdeligi ýaly maşyn sürmänede ökdedir-le.
Ikinji gata çykyp, gapydaky jaňyň dügmesini basdym. Gapyny açan Gülşirin yzymda ýyrşaryp duran Açyl aga nazary düşenden "Muny näme tirkäp geldiň, on günläp bakanym ýetmeýämi" diýen manyda ýüzüni çytdy. Men süýem barmagymy dodagyma basdym. Şundan soň ol salam berip:
- Geliň, geçiberiň-diýdi. Açyl aga dälize girenden Gülşirini hemişekisi ýaly öwüp başlady:
- Hawa, Gülşirin jan, dogrymy aýtsam, biziň dertden halas bolup, aýak üstüne galmagymyza birinjiden doktorlaryň emi bolsa, ikinjiden seniň süýjiden süýji naharlaryň sebäpkär boldy.
- Sag bol, Açyl aga. Men siziň geljegiňizi bilmedim. Myradyň özüne unaş dagy edip beräýerin diýip, hamyr kesip goýupdym. Günortanam golaýlap gelýe. Indi palaw daga ýetişmerin.
Gülşiriniň sözi Açyl aga yokmady. Ol kellesini gaşap,çalarak ýylgyrdy-da:
- Aý, Gülşirin jan, günortanlygyy hökman on ikide iýmeli diýen ýeri ýok. Ony birde, ondan soňragam iýseňem bolman duranok. Şonuň üçin gyssanman palaw etseňem ediber, aýym-diýdi. - Onsoňam men size ýöne ýere gelmedim. Myrat jan bilen kyýamatlyk aga-ini bolan ýaly boldyk. Nesip bolsa mundan beýläk sylaşyp gatnaşarys diýen tamam bar - diýip, maňa ýaňy aýdan sözlerini gaýtalady. Gülşirin ajy ýylgyryp, çykyp gideninden oňa Açyl aganyň "ýüreginden syzdyryp" aýdan sözleri gowy täsir etmändigini duýdum.
Şeýle-de bolsa, bir salymdan çaý bilen saçak, bir ýarym sagatdanam palaw geldi. Şu aralykda Açyl aga dünýäniň aňyry çetinden girip, bäri çetinden çykdy. Özümiň iş-aladalarym barada pikirlenip oturyp,onuň sözlerini gulagym eşitse-de manysy aňyma ýetip baranokdy.
Palaw gelen badyna Açyl aga aýdyp oturan gürrüňini kesdi-de :
- Bäh, sadagasy gitdigim muň şeýle süýji bolanlygy ysyndan bildirip dur-diýip, ýüzüme gözlerini birhili ýyldyradyp seretdi-de - Myrat jan, sag-aman dertden gutulanymyz üçin süýji palaw bilen ajydan elli-elli jyňkydaýsak nädýe?- diýdi.
- Men arak içemok, Açyl aga.
- Hä, hawwa, sen maşyn sürmel-ow, içseň bolanok. Dogry edýäň. Menem ýeke özüm içip otursam gelşigi bolmaz-ow, ýa-da zyýany ýokmy?
- Gülşirin! Açyl aga içjek diýýe, arak bolsa getir!-diýip gygyrdym. Aňyrdan "arak ýok, agaran bar" diýen jogap geldi.
- Aý bolmasa zyýany ýok, men bir tost aýtmak bahanasy bilen gowy arzuw-dilegler edäýjekdim.
- Onuň ýaly zatlar göwnüňde bar bolsa, nahardan soň töwür galdyranyňda ediber. Arak bilen edilen arzuw-dilege garanda töwür bilen edileni has kabul bolýa dälmi?
- Dogry, dogry aýdýaň. Şeýdäýeris. Hany onda aldyk. Bismilla-diýip palawa başlady.
Nahardan soň ol töwür galdyryp, aýdyşy ýaly uzyndan uzak arzuw dilegler etdi. Soňra gidermen bolup:
- Hany, Myrat jan, bir gaýrat et - diýdi.
Serwantyň çekmesinden ulagyň açaryny alanymy gören Gülşirin:
- Hä sen nirä barýaň?-diýdi.
- Açyl agany eltip gaýtmaly.
- Hassahanadan çykanyň ýaňy. Indi-de uzak ýola maşyn sürüp gitjekmi?!
- Nätdiňaýt, Gülşirin jan. Hassahanadan saglygymyz tut ýaly bolup çykdyk.Onsoňam biziň oba o diýen daşam däl. Güýziň mylaýym howasynda bir salym aýlanyp gaýdar-da.
Gülşirin geplemän aşhana çykyp gitdi. Açyl aga çykyp barýakak:
- Gülşirin jan, hoş, eden hyzmatyňa sag bol, aýym, ömrüň uzak bolsun-diýdi.
Daşary çykyp, ulaga mündik. Açyl aga ardynjyrap ýüzüme bir hili ünjüli seretdi-de:
- Myrat jan, sen aýyplaşma, ýanymda pulum galmandyr. Ýol ugruna dükana girip, çagalara süýji-püýji alyp gideli. Maňa bir bäş-alty manat berip dur-diýdi.
- Ýanymda köp pul ýok, baryny bereýin-diýip, jübimden on manat çykaryp berdim.
Ýol ugruna bir dükanyň deňinde ulagy sakladym. Açyl aga girip süýji kökemi, kemputmy, bir zatlar alyp çykdy.
Şäherden çykyp uly ýola düşdik. Çärýek kem bir sagat ýol ýöräp, Açyl aganyň obasyna baryp ýetdik. Ulag onuň jaýynyň öňünde saklanandan şol ýerde oýnap ýören alty-ýedi ýaşlaryndaky çagalar "atam geldi, atam geldi" diýip gygyryşyp, bizi gurşap aldylar. Öýden aýaly hem çykyp geldi. Salamlaşyp, saglyk-amanlyk soraşylandan soň Açyl aga elindäki düwünçegi aýalyna uzadyp:
- Çagalara süýjüden berişdir - diýdi.
Soňra meni "kyýamatlyk inim" diýip tanyşdyrdy. Jaýyň arka tarapyndaky bassyrmanyň aşagynda düşek ýazylan eken. Men şol ýere geçip, dyzymy epdim. Aýalynyň getiren saçagyndan duz datdym-da, omyn edip,ýerimden turdym.
- Ahow, sen nä derrew turaýdyň, gaýtjak bolýaňmy?
- Gaýdaýyn, Açyl aga.
- Bä, bu nähili bolýa, otursaň söwüş etjek diýsem-ä ýalançy, towuk öldürjegim çynym.
- Sag bol, Açyl aga, irgözünden gaýdanym gowy.
- Dur onda, boş gitme- diýip, içersine girip, iki sany kädi göterip çykdy.
- Seni boş gaýtaryp bolmaz, Myrat jan, özümiziň mellekde biten, biçak süýji bular.
- Gerek däl, Açyl aga, biziň öýde kädi iýlenok.
- O nähili iýlenok, kädi diýeniň behiştden çykan nygmat. Muny iýeniňde demiň sanalmaýamyşyn-diýip,kädileri ulagyň yzky gapysyny açyp,oturgyçyň üstüne atdy-da:
- Al onda, ýoluň bolsun!- diýip, ellerini ýüzüne syldy.
Ýene-de şonça ýoly söküp, lutum çykyp öýe geldim. Gülşiriniň igenjini-de diňlemän ýatylýan otaga girip gaýşardym.
Aradan üç gün geçip, bazar geldi. Dynç güni bolansoň hemmämiz öýdedik. Bir mahal günortana golaý jaňyň düwmesi basyldy. Gülşirin aşhanada nahara seredip ýörensoň özüm baryp gapyny açdym. Ilkinji gözümiň göreni çat maňlaýymda ýyrşaryp duran Açyl aga boldy. Onuň yzynda aýaly, hem-de bir boýy ýeten gyz durdy.
- Essalawmaleýkim, inim Myrat jan! Sag-aman otyrmysyňyz. Bizem gellejeň bilen bazara gelipdik. Işimiz bitdi. Onsoň sizdenem bir habar tutup geçäýeli diýdim.
Men bir bada näme diýjegimi bilmän ýaýdandym. Ýöne gelen adama ýüz bermän bolýamy:
- Geliň, geçiň. Görüşmänimize-de üç gün bolaýdy öýdýän -diýdim. Açyl aga meniň "üç güni" ýatladanyma düşünmedi ýa-da düşünse-de pitiwa etmedi. Olar güpürdeşip, dälize girenlerinde aşhanadan Gülşirin çykdy. Ony gören Açyl aga:
- Gülşirin jan, gurgunmyň, aýym. İne menem gelnejeň bilen bir jigiňem siziň bilen tanyşdyraýyn diýip, ýol ugruna sowulaýdym-diýdi. Gülşirin dessur boýunça aýallar bilen görüşmeli boldy. Soňra ol:
Geçiň oturyň, Açyl aga - diýdi-de maňa "bäri gel"diýen manyda ümledi. Onuň yzyndan aşhana bardym.
- Nahary nädýes? Men diňe özümize bolar ýaly edip garapdym-diýdi. Men:
- Tüwüsini salmadyk bolsan, şüle bolar ýaly köpräk suw guýup, köpräk tüwi ataý-diýdim.
Gülşirin aýdyşym ýaly etdi. Nahar ýetip artdy. Nahardan soň Açyl aga töwür galdyryp, hemişekisi ýaly doga-dilegler etdi. Soňundanam:
- Gülşirin jan - diýip, bir ardynjyrady-da - senden bir haýyşym bar, aýym, soňky wagtda bi gellejeňiň kän bir ýarawy bolman ýör. Muny hassahana getirip bejertmesek boljak däl. Obadan munyň yzyndan gatnajak adam ýok. Çaý-suwuna özüñ seredersiñ ... Gülşirin "bu nähili boldy?" diýen manyda maňa seretdi-de:
- Göreris, Açyl aga, elimiň ýetdiginden - diýdi.
- Aý,berekella, aýym, senden tamamam şeýle. Onda ekin-dikinleri ýygnaly, onsoň gelejeñi getirerin-diýip, bir ardynjyrap maňa ýüzlendi:
- Indi Myrat jan biz gaýdaýaly. Gelnejeň, jigiň bilen ýolda süýrenişip ýörmäli, gaýrat et-de bizi oba taşlap gaýdaý.
Gülşirin geplemän, geplese bozjagyny bilip, çykyp gitdi. Menem näme bir ýaşuly adam haýyş edip duransoň, nätjek, eltip gaýtmaly boldy.
Gaýdyp gelenimde Gülşirin tulum ýaly çişip oturan eken.
- Maşyny täze tapan "agaňyň" ýolunda tozdurýan bolduň-diýip hüňňürdedi.
- Giñräk bolsana, bir ýaşuly adam ýüz edip duransoň nädeýin.
- Onuň ýüz etmesiniň yzy üzülmez, görersiň entek.
Gülşiriniň aýdany dogry bolup çykdy. Ýeneki bazar güni Açyl aga yzynda iki adam bilen "Essalawmaleýkim" diýip girip geldi. Gülşirin "aýtmadymmy" diýen manyda maňa seredip goýdy.
Geçip oturyp, saglyk-amanlyk soraşylandan soň Açyl aga söze başlady:
- Inim Myrat jan, bu kişi bajam, bu ýigit bolsa uly gyzymyň adamsy giýewimiz.Bularyň hem bazarlyk işi bar ekeni. Üç bolup aýlanyp, işlerimizi bitirdik. Onsoň sizdenem bir habar tutaýyn hem bulary siziň bilen tanyşdyraýyn diýip sowulaýdyk-diýip,ýoldaşlaryna garap dowam etdi - Myrat jan bilen kyýamatlyk aga-ini bolduk. Bi eli açyk, göwni açyk, sahawatly ýigit. Myhmandan hyzmatyny aýamaýar. Sizem mensiz gelseňizem, çekinmän gelibermeli.
Gülşirin bir eli bilen agzyny ýapyp, ýüzüni kesä sowdy.
Açyl aga indi oňa ýüzlendi:
- Gülşirin jan, biziň üçin uly alada edip oturma. Aňsadyrak unaş dagy etseňem bolýa, aýym.
Gülşirin gözüniň güýtagy bilen maňa seretdi-de:
- Açyl aga, men size unaş däl, palawam bişirip bererdim. Ýöne gaz öçdi. "04-e" jaň etsem "sagat altydan soň bolar" diýdiler. Şonuň üçin Size çaý hem berip bilmän otyryn-diýdi.
Men Gülşiriniň pirimine düşündim. Açyl aga bolsa göwnüne hiç zat getirmän:
- Bä, altydan soňa çenli otursak gaty giç bolar. Nesibämizde ýokdur-da. Onda Myrat jan, bizi ir gözünden taşlap gaýdaý.
Indi menem Gülşiriniň ýoluny etmesem bolmady:
- Açyl aga, janym bilen eltip gaýdardym. Ýöne maşyn bozuk. Bejertmeli bolup dur.
Şundan soň Açyl aga bir zatlary aňşyran ýaly boldy.
- Bä, gaz ýok, maşyn bozuk. Biýä birhili boldaýt-diýip hüňňürdedi. Men:
- Nesibäniň işidir-de - diýdim. Ol:
- Bolýa-da - diýip ýoldaşlary bilen turup, gapa ýöneldiler. Şol wagt Gülşirin aşhanadan onuň berip goýberen kädilerini alyp çykdy-da:
- Açyl aga, şu kädileriňi alyp gitseň gowy bolardy. Bizde muny iýjek adam ýok. Duruberse zaýalanar - diýdi. Açyl aga Gülşirine bir hili kineli seretdi-de:
- Düşnikli, iýmeseňiz özümiz bal ýaly edip iýeris-diýdi-de kädileri alyp, ýoldaşlary bilen çykyp gitdi. Şundan soň Açyl aga gelmedi. Gaty oýkelän bolmaga çemeli. Adamy öýkeletmeli däl welin, Gülşirin birneme darlyk edäýdi-de.
Reyimbay SABYROW.
Hekaýalar