10:02 Täzeden gurmak we edebiýat | |
TÄZEDEN GURMAK WE EDEBIÝAT
Edebi tankyt
Ilki bilen «üýtgedip gurmak» diýilýän düşünje barada. Bu syýasatyň haçan döränligi barada indi gaýtalap oturmagyň hajaty ýok. Muny mertlik, edermenlik bilen partiýamyzyň özüniň başlandygyny aýtmalydyrys. Hemişe, her bir işde sowet edebiýatynyň partiýanyň iň ýakyn kömekçisi bolandygyny, bu söweşjeň ýaraga partiýanyň uly ähmiýet berendigini biz mydama uly buýsanç bilen ýatlaýarys. Bu gezek hem şeýle boldy. Durgunlyk döwrüniň läbiginden saplanmak işiniň agyrdygyna garamazdan, partiýanyň başlan işine ilkinji seslenenler hem işjeňlik görkezenler ýene-de sowet ýazyjylary, publisistleri boldy. Olaryň ýadawsyzlygy bilen tas altmyş ýylyň içindäki gemre baglan garaňky gatlaklar açyldy. Merkezi metbugatda-da köp gezek ýazylyşy ýaly, ol döwürlere «durgunlyk» diýmek juda bärden gaýdýar. Talaňçylygyň, tozgunçylygyň, wagşyçylygyň, ahlaksyzlygyň we şuňa meňzeş işleriň basmarlan ýyllary näme üçin durgunlyk bolmalymyş?! Şol zatlar göz öňünde tutulybam, soňky partiýa dokumentlerinde üýtgedip gurmak syýasatyna rewolýusion täzeleniş diýlip dogry at berildi. Biziňkiler bolsa şol bir depen ýerlerini depip «üýtgedip gurmak» diýýärler. Öňki bolşunda-da üýtgedip gurmak däl-de, täzeden gurmak bolmaly. Şonuň üçin bizde durmuş meselesi hem täzeden gurmak däl-de, üýtgedip gurmak ýagdaýynda gidýär. Aýdaly, öň direktor ýokardan bellenýärdi. Indi bolsa onuň ýanyna göz üçin birki adam goşulýar-da, köplenç ýene öňki geçýär ýa-da şoňa meňzeş. Öň belleneni, kemçilik goýberse, aýryp bolýardy, indi, saýlanany üçin, ony aýrybam bolanok. Döwrüň başynda bizde-de uly üýşmeleňlerde, ýygnaklarda, metbugat sahypalarynda ep-esli «gyk-baklar» boldy. Şol döwürde poeziýa hem publisistika çynlakaý işe girişen ýaly etdi. Berç baglan ýürekler ýangynly pikirleri aýdyp başladylar. Dogrudan hem, gowy başlangyçdy. Şahyrlar K.Gurbannepesowyň, A.Agabaýewiň, A.Atabaýewiň, N.Rejebowyň publisistik poemalary, käbir beýleki şahyrlaryň hem ençeme liro-publisistik goşgulary döwre sesini gowy goşdy. Publisistik proza hasam hyjuwly işledi. Olaryň bir; bölegi eýýäm kitabam bolup çykdy («Aç-açan gürrüň»), Näme üçindir, şeýle kitaplar merkezde, başga ýerlerde. tiz satyn alynýar. Emma bizde weli olar dükanlarda ýatyr. Proza eserleri hem eýýäm az däl. Dört-bäş roman döredi. Ýöne olaryň çeper mazmuny, ideýa ugry nämä gönükdirilen, nähili gymmaty bar? Gepem şonda. Elbetde, täzeden gurmak syýasatyndan öň edebiýatda, metbugatda şeýle söweşjeň pikirleri aýtmak çetindi. Şonuň üçin, ýazyjy-şahyrlaram batyrgaýlyk edenokdylar. Gün geçirmek üçin, «bagtly, eşretli durmuşyň»! edebiýatyny ýazýardylar. «Eşretli durmuş» bu gün hemmä äşgär boldy. Hakykatyň hatyrasy üçin şol döwürlerde-de ýüregini paralap, dogry söz aýdanlar birlän-ikilän bolupdy. Ýöne azdy. Halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň «Ynsan hem ynsap» poemasy, birnäçe goşgusy, aýratynam «Ýürek poemasy» atly publisistik poemasy durşuna şahyryň ýürek ýangynydy. Beýik Magtymgulynyň «Emmaki çyn söze ten beren ýokdur»! diýşi ýaly, kim oňa üns berdi? Gaýtam şol eserleri okaňda şahyr degişýändir öýdüp, oňa gülüşýärdiler. Şahyr bolsa gülkä öwrülen poeziýa üçin ýürek agyryly boldy. Ekilen ekin gögerip boý alany bilen-de, hasyl bermese, onuň peýdasy ýok. Miwe almak üçin ýetişdirilen agaçlar miwe bermese, onuň hem peýdasy ýok. Terbiýeçilik işem, çeper edebiýatam edil şonuň ýaly. Edebiýatam öz täsirini jemgyýete ýetirmese, gury owaz bolup galýar. Aýratynam, rewolýusion, gyzgalaňly döwürleriň edebiýaty iş bitirmeli. Ýatlanan poeziýa eserleri hut şeýle eserlerdi. Başdaky publisistika-da hut şeýle mazmunlydy. Olar esasan geçen ýyllardaky býurokratlary, şolaryň iş stilini, ahlaksyzlygyny, harsydünýäligini paş edýärdi. Şol eserlerde stolunyň ýokarsynda beýik Leniniň owadan portretini asyp, portretiň «saýasynda» onuň ahlagyna ters gelýän, onuň adyny harlaýan, ähli işlerden gaýtmaýan jogapkär işgärler hakda ep-esli maglumat bardy. Has dogrusy, öz gödek, bozuk hereketleri, pyssy-pyjurlyklary bilen köpçülige görelde bolup, adamlary azgynçylyga, mähirsizlige itekleýänler, eýsem, şolar dälmidi?! Ters göreldeler bilen jemgyýet ysgyndan gaçdy. Jemgyýetde esasy aýgytly güýç kadrlar, diýmek, durgunlygyň esasy sebäpkärleri hem kadrlar. Elbetde, hemmesi däl. Gürrüňiň nähili kadrlar hakdadygy düşnüklidir. Şol kadrlary göz öňünde tutýan eserler näme iş bitirdiler? Dowam edýän täzeleniş prosesine näme berdiler? Elbetde, başda äşgär bolan bir topar adamlar, olaryň ýaranlary işden aýryldy, çäre görüldi. Esasanam maddy önümçilik ugurlarynda, oba hojalygy bilen baglanyşykly ýerlerde şeýle boldy. Şol adamlardan soň hem kadrlardaky täzeleniş gowşap başlady. Metbugat sahypalaram gowşap ugrady. Şol ýagdaýy aňyp, edebiýatçylaryňam eli işden sowap başlady. Eýsem durgunlyk ýyllarynda ideologiýa frontunda kemçilik, onda-da hojalyk işindäkiden has gödek ýalňyşlyk goýberen ýolbaşçylar bolmadymy? Gaty köp. Bu ugruň aýry-aýry pudaklarynyň düşen ýagdaýy kime gizlin?! Ol ugurlarda, gör, näçe kadrlar zaýalandy. Eýsem, olaryň ählisi hakda makala ýa arza ýazmalymy? Şonsuz şol pudaklara ýolbaşçylyk edenleriň işine analiz berip bolmazmydy? Bolardy. Ýöne ony islemediler. Bir mysal: «Professor Kösäýewiň işi» diýilýän makalada näçe adamyň ady agzalýar. Hany, onuň netijesi? Gaýtam onuň şol ýagdaýa düşürilmegindäki esasy adamlaryň ady-da tutulanok. Heniz partiýa işine seredilmänkä, elli ýylyň kommunistini şonça ýyl işlän edarasyndan gizlin ses bilen bir sagatda işden boşadyp goýberdiler. TKP MK-nyň býurosynyň ol hakdaky kararynda, beýleki dokumentlerde onuň esasy töhmetçi garalawjylarynyň atlaram bar ahyry. Ol işlere näme üçin obýektiw baha berlenok? Eýsem rewolýusion täzeleniş şeýle bolmalymy? Täzeleniş syýasaty başlanyp, kadrlar meselesine seredilende, eden-etdilikleri ile belli bolan, halkyň gözünden düşen wezipeliler hakda halk pikirlenip başlady. Emma ol ýalňyşrak boldy. Olar derrew öz reňklerini üýtgetmegi başardylar. Gaýtam häzirki döwrüň öňdebaryjylary boldular. Edebiýatyň mazmuny jemgyýet ahyry. Jemgyýetdäki işler gowşansoň edebiýatyň hem mazmuny gowşaýar. Başdaky rewolýusion depgin dowam eden bolsa, çuň ideýaly, ýiti mazmunly eserleriň dörejekdigi ikuçsuzdy, gümansyzdy. Halk deputatlarynyň respublikada geçen saýlawlary hakda-da men-ä öwgüli sözleri köp aýdyp biljek däl. Öňler formal geçirilse-de, saýlawlar hakda-da eserler ýazylýardy. Häzir-ä ýazmak kyn bolsa gerek Sebä- bi, netijesinden görnüşi ýaly, tas wezipeli adamlaryň saýlawy boldy. Halk deputatlarynyň hatarynda halkyň hakyky wekilleri bolan professional döredijilik adamlarynyň – ýazyjylaryň, hudožnikleriň, kompozitorlaryň, žurnalistleriň ýekejesiniň hem bolmazlygy şony aňlatmaýarmy näme?! Elbetde, birnäçe ýagdaýda demokratiýa hem boldy. Rewolýusion täzeleniş döwründe şeýle zatlar bolup durka, aýdan sözüň ýer tutmasa, nähili edip gowy eser dörär, olary kim okar?! Publisistik makalalaryň kitaby şonuň üçinem dükanlarda baslygyp ýatan bolmasyn?! Elbetde. Söweşžeň, göreşjeň edebiýat öz döwründe esasan uly iş bitirmeli. Soň ol edebiýatyň taryhy bolup galýar. Ýigriminji, otuzynjy ýyllaryň edebiýatynyň öz döwründäki hyzmatyny, uruş ýyllarynyň edebiýatynyň gahrymançylykly işlerini biz edebiýatymyzyň iň gowy sahypalary diýip öwrenýäris. Şonuň üçinem olar sowet döwrüniň klassykasyna öwrüldi. Täzeleniş döwrüniň edebiýaty olardanam netijeli bolmaly. Sebäbi häzir şol döwürlerdäki goýberilen kemçilikler ýüze çykarylýar. Olar hakda dogry düşünje berilýär. Biz köp-köp meselelerde, sosial hem medeni taýdan doganlyk halklardan, merkezden juda yzda ahyry. Şol sebäpli-de biz ol meseleler hakda köp ýazmaly. Aýtmaly. Göwnüme bolmasa, näme üçindir, aýanlyk birden pese gaçan ýaly bolaýdy. Köp ýazylan zatlardan bolsa ne- tije-de bolmady. Halk arasynda «hüňürdileriň» köplügi hem kanuny. Sebäbi halk göwnüniň isleýän zatlaryny göresi gelýär. Olam bolanok. Ýa-da gaty haýal. Merkezde, başga ýerlerde beýle däl. Meseleler gaty çalt çözülýär. A.A.Jdanow hem onuň bilen baglanyşykly meseleleri ýatlamagam ýeterlik. Derrew çöp döwen ýaly etdiler. Halkam razy boldy. Bizde bolsa köçelere, ýer-ýurtlara at dakmak meselesem, näçe gürrüň edilse-de, şol bir durşy. Hiç hili netije ýok. Orta hem aşaky edaralarda şol bir adamlar ýigrimi-ýigrimi bäş ýyllap stollaryny gujaklap otyrlar. Häzir olar stollaryny üýtgedip goýdular. Bu hakda-da näçeler ýazyldy, her hili tribunalardan aýdyldy. Emma hiç hili netije ýok. Şu zatlaram adamlaryňam, edebiýatçylaryňam, okyjylaryňam mädesine degýär. Durmuş edebiýata hyjuwlanar ýaly material bermeli, edebiýatam durmuşy oýarmaly, adamlarda oňa söýgi döretmeli, häzir weli, hany, ol aýdanlaryň bolaýýarmy?! Halk deputatlarynyň sessiýasynda beýik atamyz Magtymguly bilen baglanyşykly birnäçe işler edildi. Onuň poeziýa baýramçylygyny geçirmek bilen baglanyşykly işleri üçin sessiýa gatnaşyjylara taňryýalkasyn! Ýöne prospekte Magtymgulynyň adynyň dakylmagyny meniň özüm-ä unamadym. Elbetde, bu akyldara näçe hormat goýsaň, bärden gaýdýar. Onuň adyna şäherleri, oblastlary atlandyrsaň hem ýene az. Doganlyk respublikalarda şeýle mysallar köp. Ýöne, häzir şol prospekte Magtymgulynyň atasy, il-ýurduna, ähli adamzada azatlygy arzuwlan, beýik Magtymgulyny terbiýeläp şol derejä ýetiren Azadynyň ady dakylmalydy Magtymguly atasyna, gör, nähili gadyr goýýar: «Ylym öwreden ussat kyblam pederdir». Magtymgulyny şol derejede terbiýelän beýik ussat bütin türkmen klassykasynyň hem halypasy ahyry. Akademik A.Samoýlowiç oňa şeýle baha berýär: «...Türkmenleriň dürli tirelerinden maňa belli bolan şahyrlaryň arasynda Magtymgulynyň kakasynyň mertebesinde goýar ýaly bir adam hem ýok». Iň bolmanda, Azadynyň adyny başga bir gowrak köçä dakmalydy. Häzir ataly-ogluň adyny göterýän köçeleriň şol görnüşinde, heý, bir etika barmy? Näme üçindir, bizde edilýän işler köplenç jotda bolaýýar?! Şu ýerde ýene bir bellemeli zat: häzirki syýasatyň edebiýata bolan täsirine seredeniňde, bizde haýal-ýagallygyň örän köpdügi göze ilýär. Onuňam sebäbi şahsyýet kulty, stalinçilik terroryň, eden-etdilikleriň ýetiren zyýany hakda bizde köp zatlaryň üsti açylman ýatyr. Şonuň üçin edebiýatda-da örän passiwlik bar. Elbetde, bu ugurda-da käbir zatlar edildi. Publisistikada käbir eserler ýazyldy. Aýratynam şahyr, publisist Allaýar Çüriýewiň oçerk-publisistikasy bu dogruda ýörite bellenmäge degişlidir. B.Hudaýnazarowyň «Kakam hakynda hesretli hekaýat» poemasy ýatda galýan eserleriň biri boldy. Emma başga bir göze görnüp duran alnyp barylýan iş ýok. Onuňam sebäbi durmuşyň özünde geçirilýän çäreleriň azlygy üçin diýesim gelýär. Dogrudan hem, edebiýatyň ösüş derejesini ölçemek üçin, töweregiňe seretmek gerek. Edebiýatymyzyň soýuz edebiýaty bilen deňeşdirilmegi erbet pikir däl. Soýuz edebiýatyna deňeşdirmek üçin rus dilinde çykan eserler bilen ölçemek bolýar. Aýdaly, biziň rus dilinde çap edilen eserlerimizem beýleki halklaryňkydan pes däl. Olaryň alynman, geçmän ýatan ýerlerine duşamzok. Ýöne biziň ýazyjylarymyzyň eserleri rus dilinde juda az çykarylýar. Moskwanyň «Sowetskiý pisatel» neşirýaty bolaýmasa, beýleki neşirýatlarda biziň eserlerimiz çykmaýar diýen ýaly. Bizde meseläniň şol tarapyna gowşak üns berilýär. Şonuň üçinem biziň edebiýatymyz soýuz edebiýatdan pesde ýaly bolup görünýär. Şol ýagdaýy gowulandyrmak üçin, ýörite guramaçylyk işlerini geçirmeli. Respublikanyň neşirýatlary bilen gatnaşyk açmaly. Rus ýazyjylarynyň eserleri «Türkmenistan» neşirýatynda az çykarylanok. Emma «Sowetskaýa Rossiýa» neşirýatynda türkmen ýazyjylarynyň eserleriniň neşir edilişine mysal tapmak gaty kyndyr. Rus okyjylarynyň bolsa biziň eserlerimize höwesiniň az däldigini gaty gowy bilýäris. Şu ýerde täzeden gurmak syýasaty bilen baglanyşykly käbir zatlary aýdasym gelýär. Ýazgarylýan döwürlerde doganlyk halklaryň edebiýatynda söweşjeň pikirleri öňe sürýän eserler az bolmady. Men olary sanap durjak däl. Emma rus edebiýaty ýörite ýatlanmaga degişli. Häzir seredip otursak, rus edebiýatynda çap edilmedik eserleriň sanam ep-esli bar eken. Rewolýusion täzeleniş syýasaty başlaly bäri rus hem olara ýakyn bolan edebiýatlarda hakyky rewolýusion syýasat ýokary derejede dowam edýär. Ol eserler stalinçilik eden-etdilikleriň döwründe bolan wakalary-da, durgunlyk ýyllarynyň dowamynda goýberilen düýpli kemçilikleri-de, ykdysadyýetdäki yzagalaklyklary-da özleriniň hakyky ideýa-mazmunyna siňdirýärler. Bu bolsa halka rewolýusion täzeden gurmaklyga ýol görkezijilikli ylham berýär. Olary täzeden gurmaklygyň işeňňirligine çagyrýarlar. Munuň özi şu günüň edebiýatyndan edilýän esasy talaplaryň biridir. Aýratyn hem repressiýa ýyllarynyň adamkärçiliksiz sahypalaryny açyp görkezmekde rus edebiýaty iňňän işeňňirlik görkezýär. Elbetde, bu ýerde mysallar sanardan juda kän. Ýokarda belleýşimiz ýaly, biziň edebiýatymyz bu meselede juda yza galýar. Hatda altmyşynjy ýyllaryň başyndaky derejesine-de ýetip bilenok. Ýöne, bu meselä ähli ýazyjylaryň işeňňir gatnaşmagy welin örän derwaýys. Rus edebiýatynda «Täzeden gurmaklyga getiren edebiýat» diýilýän düşünje emele geldi. Moskwa uniwersitetinde «Täzeden gurmaklyga getiren edebiýat» diýen ýörite kurs okadylýar. Täzeden gurmaklyk döwrüniň edebiýaty bolsa onuň dowamy bolup hereket edýär. Şu ýagdaýlara nazar aýlanyňda, biziň edebiýatymyzyň soýuz edebiýatyndan, aýratynam rus edebiýatyndan göz-görtele yza galýandygyny bellemek gerek. Muny gowulandyrmak, dogry ýola salmak üçin, gürrüňsiz, edebiýat bilen durmuşyň arasyny ýakynlaşdyrýan guramaçylyk çärelerini geçirmek gerek. Aýanlyk meselesini ähli ýagdaýda düşünjelilik bilen giňeltmek gerek. Şeýle edilse, bizem soýuz derejesine deňleşeris. Şu ýerde meniň, umuman, edebi tankyt hakda hem käbir bellikleri aýdasym gelýär. Näme üçin edebi tankyt hakda gürrüň köp-de, iş az? Onuň sebäbi edebi tankydyň edebiýatyň beýleki žanrlary bilen deňleşip bilmeýänligindedir. Biziň edebiýatymyzda bu mesele öňem şeýledi, häzirem şeýle. Edebi tankydyň gymmaty nämede? Meniň pikirimçe, aslyýetinde-de, edebi tankyt zehinli adamyny açyp orta çykarmaly. Zehinli eserleriň tapgyryny açyp, edebi öwrülişige girmegine ýardam etmeli. Bu barada rus edebiýatyndan, beýleki doganlyk halklaryň edebiýatyndan mysal getirmek bolardy. Şonuň ýaly hakyky professnonal tankydyň döremegi üçin professional tankytçylar gerek. Bizde bu meseläniň ýagdaýynyň juda pesdigini aýdyp oturmagyň geregi ýok. Bizde tankytçy hasaplanýan adamlaryň ählisi başga žanrlaryň daşyndan bu işe goşulýarlar. Sebäbi edebi tankydyň özi özüni oňaranok. Tankytçynyň işi hiç bir zat bilen kepillendirilenok. Metbugat sahypalarynda-da onuň abraýy beýleki žanrlaryňkyça ýok. Iň bärkisi tankydy makalalar žurnallaryň iň soňky sahypalarynda ýerleşdirilýär. Tankydy eserleriň kitabynyň tiražy dört-bäş müňden geçenok. Şeýle tiraž bilen çykýan poeziýa, proza eserlerine duşulýan däl bolsa gerek. Şonuň üçin edebi tankyt hakynda edilýän gürrüňem nobatçy gürrüň ýaly bolup durýar. Her bir zada hossar gerek bolşy ýaly, türkmen tankydyna-da çynlakaý hossar gerek. Ana, şonda edebi tankyt hemme ýazyjynyň döredijiligine täsir edip biler. Döwrüň, zamananyň terjimehaly bolan çeper edebiýat hemme wagtda-da göze ilen ähli meseleleri öz bedenine siňdirmegi başardy. Diňe biziň edebiýatymyzyň sahypalaryna seredeniňde-de, muňa göz ýetirmek kyn däl. Rewolýusion atlandyrylan täzeleniş döwrüniň edebiýatynyň has düşünjeli, täsirli sahypalarynyň dörejekdigi şübhesizdir. Munuň üçin bolsa örän guramaçylykly, sagdyn garaýyşly, hoşniýetli işler geçirilmelidir. 1990 ý. | |
|
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |