TUDANA
Çary bu günem garaňky mazaly düşeninden soň öýe geldi. Maşgalada agşamlyk nahary iýlip durdy. Onuň öýe girenini ilkinji bolup duýan ejesi nahardan başyny galdyryp:
― Bar derrew el-aýagyňy ýuwup gel iýjek bolsaň. Owalam saňa garaşyp şu wagta galdyk. Özüňem düýnkiň ýaly eliňden gara suwuňy damdyryp geläýmegin. Gowy ýuwmadyk bolsaň yzyňa ugradaryn.
Çary grandyň başyna geçdi-de ýuwunmaga durdy. Ol elini-aýagyny gowy ýuwmaga jan edýärdi. Aslynda gowy ýuwýardam. Ýöne hernäçe gowy ýuwsa-da, ejesi hökman iki-ýeke endamyna düýbünden suw degmedik ýerini tapardy-da ýene-de yzyna ugradardy. Ýöne onuňam endamyndaky hapalar çala-çula ýuwanyň bilen gitjek hapalar däldi. Gowy gazamalydy, sabyn bilen gaýta-gaýta ýuwmalydy. Muny bolsa Çary köplenç oňarmaýardy…
Ol ahyry elini bäşilenji gezek sabynlanyndan soňra «Ind-ä bolandyr-da» diýip polotensa bilen süpürişdirdi-de öýe girdi. Nahary öňüne alyp iýip başlanyndanam ejesi hüňürdäp ugrady:
― Ine-dä, indi munuň kanikuly başlan bolsa indi boldugydyr. Asyl şuňa zat diýmeseň-ä uzynly gününi şo Gözel ejeleň howlusyndaky tuduň üstünde oturyp öýede köwlenjegem däl bi. Günortanyň typ-yssysynda-da şoň üstünde otyr-a çüýlenen ýaly bolup ― Birdenem öz sözüniň diňlenmeýändigini aňdymy, nämemi ― Gyýw, sen näme göwnübir ýaly bolup otyrsyň? Diý-dä bir zat ― diýip adamsyna ýüzlendi. Meret aga ilkibir dymdy-da:
― Men näme diýeýin keýwany?! Çagadyr-da ― uzynly gün oýnaram, tudanada iýer. Bular üçin dünýäň manysy ahyry o zatlar. Goý oýnasyn. Tüýs oýnaýjak wagtlary-da bulaň…
― Menem oýnamasyn diýemok. Ýöne her zadyňam öz çeni bar ahyry. Günortan typ-yssyda gelsin öýüne. Agşamam garaňky düşmänkä ýygnansyn. Beýle-de bir zat bolarmy!
― Ejeň diýenlerini eşitdiňmi?
― Howa…
― Diýleni et onda.
― Bolýa.
Ine, Çarynyň her güni diýen ýaly şeýledi. Irden dokuz bolmanka turardy. Hasyr-husur ertirligini edinibem eňerdi Jumalara. Käte Jumanyň özi onuň üstünden gelerdi. Iki bolup giderdiler Gözel ejeleriň howlusyna. Bu howluda olary özüne çekýän esasy zat ýarym asyrdanam gowrak ýaşan Şatutdy. Iki dost uzynly gün diýen ýaly ümmülleşip tudana iýerdiler. Käte bulara beýleki çagalaram goşulardylar.
Tut ― Çarynyň iň gowy görýän zatlarynyň biridi. Gözel ejeleriň howlusyndaky Şatudyň her ýylky hasylyny iýýänem Juma bilen onuň özüdi. Käteler ajöze çörek bilen iýende dagy jany hezil edinäýýärdi.
Şol gün hem ol adatdakysy ýaly ir bilen Jumalara ugrady. Öýlerine ýetmänkä-de Jumanyň özi onuň öňünden çykdy. Onuň düýbünden ters ugra barýandygyny gören Çary:
― Ýeri-ow bu gün tuda gitmerismi? ― diýip sorady.
Juma hoş habar aýtmak isleýändigini bildirmek üçin ýylgyrdy-da:
― Äý, ýok. Bu gün men-ä daýymlara gitjek. Gaýra ― diýip elini salgady.
― Daýyňlarda näm bar?
― Daýymlardamy? Daýymlarda ― tut bar. Eýho-o, sen olaň tutlaryny bir görse-eň! Gide-en baglyk. Hemmesem tut! Şeýle bir kän wölün, sen goýaý! Ýör bile gideli.
Jumanyň joşup, ellerini hereketlendirip aýdan sözlerini Çary gözlerini tegelendirip diňledi. Onuň soňky sözüne bolsa näme jogap berjegini bilmedi.
― Daýyňlar gaty daşdamy?
― Ýok-laý ho-ow. Inä hä diýmän barýas-laý.
Düýn agşamky kakasy bilen bolan gürrüň onuň güpbe ýadyna düşdi.
― Günortana çenli öýe gelerismi?
― Näme günortan gaýtjak bolýaňmy?
― Howa…
― Hä, näme boldy?
― Aý, düýn ejem… gygyrdy-laý.
― Hahah ejemogly diýsänim. Ejem gel diýdi diýip gaýtjak bolýaňmy indi?
― Ýok how, kakamam gygyrdy.
― Haý diýseňem-ä… ― Dosty galyp ýeke özi giderin öýden Juma Çary bilen ylalaşmaly boldy ― Hany bolýa, günortana geläýeris. Ýör!
― Ýör.
Iki dost tirkeşip gitdiler.
Jumanyň daýylary onuň öz aýdanyndan has daş eken. Ýarym sagada golaý ýöränlerinden soň uly çar-baglyga ýetdiler. Bu ýer dogrudanam Jumanyň joşup gürrüň berşiçe bar ekeni. Baglar şeýle bir gürdi welin aşagyna gün düşmeýärdi. Her ýerde-her ýerde şahalaryň aralarynda guşlaram görünýärdi. Baglardaky tudanalaram şeýle bir bişipdi welin ýere «patlap» gaçýanlary sanardan kändi. Bu ýagdaýa Çarynyň göwni göterildi. Nebsewürlik bilen baglara göz aýlap çykdy-da girdi bir çetinden. Tudanalary nebsewürlik bilen iýip oturyşyna Jumanyň aýdýan zatlaryna zordan “hä, howa” berip ýetişýärdi.
– Gowy eken gerek?
– Howa-a.
– Aýtdym-a men saňa hezil bäri diýip. A sen bolsa gelmejek bolan bolluň. Indi baý gelersiň-ä. Şu baglar ejem dagy kiçijikkä-dä bar ekeni.
– Goýsan-aý? Hemmesimi?
– Howa how, dagy näme!
– Saňa kim aýtdy?
– Ejem aýtdy.
– Hymm…
Şuňa meňzeş ümmülleşmeler bilen olar ol ýerde uzak wagt boldular. Çary kellesiniň gyzgynyna günortanam duşundan geçirdi. Birhaýukdan öýe barmalydygy ýadyna düşende bolsa, “Aý bor-la, häzir barybir nahar iýip bolandyrlar-da ýatandyrlar. Ejeme-de Jumalaň daýylarynyň öýünde oturdyk daşaryk çykman diýäýerdin-dä. Ynanar-la!” Ol öz kellesine gelen pikire monça boldy.
Uzynly gün şol bir pişäni gaýtalap durmagy köp adam halamaýanam bolsa, bu iki dost bu pişeden çäksiz lezzet alýardylar. Bulary şu ýerde saklaýan zat hem diňe şudy.
Ýöne bir zat hernäçe gowy, lezzetli hem bolsa, şol zatdan gereginden artyk bolmagy adam üçin zyýanly! Muny bolsa bu iki dost bilmeýärdi. Olar tudanadan gerk-gäbe doýsalar-da bu ýerden uzaklaşybermeýärdiler. Juma tudanadan öýlerine-de äkitmek üçin daýzasyndan iki sany uly bolmadyk jam hem alyp geldi.
Ine birdenem, irdenden bäri hiç ýere gidilmän, typ-yssyda iýilen tudanalar öz “miwelerini” bermäge başladylar. Juma özüni örän oňaýsyz duýup ugrady. Ol ysgynsyz sesi bilen:
– Ça-ary, men-ä birhili bolup başladym. Öýe gitmesem-m bolanok.
– Azajayk garaşda, bile giderdik-dä.
– Äý, ýok dost. Men-ä öýe ýetip bilsem zor boldugym. Senem giderin diýseň-ä ýör…
Aslynda bu wagt Çaryňam ýagdaýy dostunyňkydan gowy däldi. Ýöne ol şeýle bir gyzygypdy welin içinde bolup geçýän zatlardan bihabardy. Jumanyň gaýtjak bolýanyny görüp, onuň hem bu ýerde ýeke galasy gelmedi. Ýöne her biri gijäni ýatladyp duran şar-gara tudanalary hem taşlap gidesi gelmeýärdi. Ol birden yzyna öwrüldi-de:
– Bolýa. Sen gidiber, menem ynha ýetýän yzyňdan – diýip Jumany ugratdy.
Onuň mundan soňky hereketlerini düşündirip bolmasa gerek… Ol haýdap bardy-da eline ilen tudanalary ýetişibildiginden agzyna dykyşdyrdy. Birdenem, gözi içi tudanadan doly jamda eglendi. baryp jamy galdyrdy-da, näme üçin edýändigini özi-de bilmezden, jamyň içine elini sokup tudanalary mynçgalady…
Aşyr SAPAROW.
Hekaýalar