16:19 Türkmen sözüniñ manysy | |
SEKIZINJI ASYRYÑ "TOKUMSINI"
Taryhy makalalar
Bu mesele diñe bir türkmen ady dakylany däl, eýsem, onuñ bilen ýakyn gatnaşyk saklaýan islendik adamy-da az gyzyklandyrmaýan bolsa gerek. Şonuñ üçin biz getirilýän dürli maglumatlary nazarda tutup, türkiýeli alym Erşat HÜRMÜZLINIÑ "Yrak türkleri" atly kitabyndab bir parçany www.kitapcy.ga saýtynyñ okyjylarynyñ dykgatyna ýetitmegi müwessa bildik. Ýeri gelende aýtsak, awtoryñ özi bu kitabyñ asyl adynyñ "Yrak türkmenleridigini", ýöne käbir sebäplere görä, kitap neşir edilende oña "Yrak türkleri" adynyñ berlendigini ýörite belläp geçýär. Kitabyñ okyjylara hödürlenilýän şu bölümi-de "Türkmen sözüniñ manysy" diýlip atlandyrylypdyr. ▶ TÜRKMEN SÖZÜNIÑ MANYSY Seljuklaryñ ýeñişleriniñ yzysüre Anadolyda we Yrakda ýerleşen, has soñra Yragy watan diýip hasaplan türk(i) boýlaryna-kowumlaryna türkmen diýlen at berlendir. Taryhçylar türkmen sözüniñ manysy hakynda belli bir netijä gelip bilen däldirler. Emma türkmenleriñ türk(i) boýlaryndan-kowumlaryndan biri bolanlygy barada bir pikire gelendirler. Bilşimiz ýaly, "türkmen" sözi Herthiñ Alman Bawariýa Ylymlar Akademiýasynyñ Kongresinde belleýşi ýaly, ilkinji sapar VIII asyrda "Tong-tin" ensiklopediýasynda hytaýça ýazylyşy bolan "tokumsin" görnüşinde gabat gelýändir. Mukaddesiniñ eserinde gelýän geografik çeşmelerde bolsa ilkinji gezek "türkmen" sözi agzalsa-da, munuñ nähili many berýänligi görkezilmändir. Emma Kaşgarlynyñ hem belleýşi ýaly, bu ay oguzlardan başga, garlyklara hem berlipdir. Pars taryhçylary bolsa, "türkmen" adyny hijri-kamarynyñ V asyryndan (milady XI asyr) bäri, Gerdiziniñ eserlerinde agzalyşyna görä, parsça köplük sanda ýasalyp, "türkmanan" şekilinde ulanypdyrlar - diýip görkezilýär. Ebul-Fazl el-Beýhaky hem "türkmen" sözüni "oguz" arapça "gez" sözüniñ manysynda ulanypdyr. Rus gündogarşynasy Bartoldyñ ýazmagyna görä, "türkmen" sözüniñ asly we çeşmesi şu wagta çenli bilnen däldir. Galyberse-de, bu mesele barlagçylaryñ we taryhçylaryñ belli bir karara gelip bilmän ýörüşlerinden hem bellidir. Şonuñ üçin hem "türkmen sözüniñ düýbüni we gözbaşyny taryhy çeşmelere daýanyp, düşündiren, biziñkä görä ähmiýet gazanan käbir garaýyşlary tertip boýunça getirýäris. 1. Käbir taryhçylaryñ pikiriçe, "türkmen" sözi "türk" we parsça "manend" sözlerinden birleşip "türke meñzeş" manysyndaky "türkmenend" sözünden döräpdir. Bu garaýşu dogry hasaplaýanlaryñ pikiriçe, musulmanlygy kabul eden türkler şeýle atlandyrylypdyr. Dorbluýeniñ öñe süren pikirine görä, Horasanyñ ýakynlaryna göçen Oguzhana degişli käbir boýlar-kowumlar özlerine mahsus dialektlerini, gepleşik aýratynlyklaryny gorapdyrlar. Şonuñ üçin horasanlylar olara "türkmanend" - "türke meñzeş" at beripdirler. 2. Professor, doktor Faruk Sümeriñ hem kabul eden başga bir garaýşynda "türkmen" ady XI asyrdan başlap, yslam ülkeleri bilen guralan söwdalar netijesinde, köplük bolup yslam dinine giren oguz boýlaryna-kowumlaryna berlipdir. Bu taryhdan iki asyr soñky döwürden başlap, "türkmen" sözi "oguz" sözüniń ýerini alyp ýaýrandyr. Türk taryhçysy Ýylmaz Özgunanyñ pikirine görä, "türkmen" ady musulmanlar tarapyndan "Yslamy kabul eden türkler" manysynda oguzlar üçin ulanylypdyr. Emma XI asyrdan başlap, "türkmen" sözi "oguz" sözi bilen birlikde deñ manyda ulanylypdyr. Bu at göçme oguz boýlaryna-kowumlaryna berlipdir. 3. Ibn Kesir we Muhammet Neşri ýaly ylymdarlaryñ pikiriçe bolsa, "türkmen" sözüniñ "türk" we "iman" sözlerinden emele gelen goşma bir sözlügi bolup biler. 4. Ebul-Fidaýanyñ görkezişine görä, Horasan we Mawerannahr welaýatynda ýaşaýan türkleriñ musulman bolanlaryna "türkmen" diýlendir. Yslam dinini kabul eden bu türklere araplaryñ arasyna goşulandyklary, olar bilen musulman bolmadyk türkleriñ arasynda terjimeçilik edip tanalandyklary üçin olara ilki "Terjuman" ady berlipdir. Soñ "terjuman" sözi agyzdan-agza geçip, assimilýasiýalaşyp "türkmen" görnüşine öwrülipdir. 5. Doguignesiñ pikiriçe, seljuk türkleri Eýrany, Siriýany we Anadolynu golastyna geçiren mahallarynda türkleriñ ýanynda kumanlar hem bardy. Gypjaklardan akym bolup gelen kumanlar iki bölege bölünipdir. Olaryñ bir bölegi yslam imperiýasy bilen Erminýa we Horasan çäklerine daýanan Mawerannahra ýaýrapdyr. Beýleki bölegi arap taryhçylarynyñ guz diýýän "uzlary" bolsa, Ýewropa tarap ýönelipdirler. Doguignesiñ pikiriçe, türkkuman (soñra "türkmene" öwrülipdir) sözi agzalan kuman taýpasyndan gelýändir. 6. Nejny Asym bolsa, "türkmen" sözüniñ türk ynsanyny ýa-da türk esgeridigini bildiren "türk-man" sözlerinden dörändigini öñe sürýär. 7. Ynam gazanan başga bir garaýyş hem J.Deniý tarapyndan öñe sürlüpdir. Türk grammatikasyna daýanylyp aýdylan bu garaýyşda "men" we "man" goşluşmasynyñ beýiklik, ululyk ee soñsuz köplük añladýanlygy aýdylypdyr. Gysgaça, goşma bir söz bolan "türkmen" - "asyl türk" ýa-da "arassa ganly türk" adamyny, ynsanyny añladýan diýen netijä gelipdir. 8. Şuña meñzeş bir garaýşy türk ýazyjylaryndan Hüseýin Husametdin öñe sürüpdir. Ol hem "man" sözüniñ "ululygy", "beýikligi" añladyp, "türkmen" sözüniñ "beýik" ýa-da "uly türk" manysynda gelýändigini nygtaýar. 9. "Osmanly Türkmen" atly eserinde Klaude Kahen "türkmen" sözüniñ türkleriñ yslamlaşma döwründe orta çykandygyny, musulman bolan göçme türkleri bu söz arkaly heniz musulman bolmadyk ee oturymly medeni durmuşly türklerden tapawutlandyrandyklaruny nygtaýar. 10. "Türkmen" sözi hakynda orta atylan birnäçe garaýyşlaryñ we düşünjeleriñ barlygyna garamazdan, biz professor, doktor Ibrahim Kafesoglynyñ bize has ynamly görlen garaýşyna goşulýarys. Kafesogly "türkmen" sözüniñ dil grammatikasyna esaslanyp, orta çykyp biljek ähtimallygynyñ üstünde durupdyr. Beýle ýagdaýda "türkmen" sözüniñ diñe "Has", "Asyl", "Beýik", "Üstün", "Saglam"... türk manysynda gelip biljekdiginiñ tarapdary bolupdyr. Biz hem bu garaýşyñ dogrulyguna ynanýarys. Erşat HÜRMÜZLI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |