13:29 Türkmen Şygryýeti - Türkmen Ruhy - 1: Elkyssa bissimillasy | |
ELKYSSA BISSIMILLASY
Edebiýaty öwreniş
Biz taryhyň aýgytlaýjy, öwrülişik pursatynda ýaşaýarys. Adam ömri üçin uzyn döwri, taryh üçin bolsa pursady aňladýan şeýle wagtda taryhynyň geljekki ýagdaýyna nazar aýlanylýar. Türkmen halkynyň syýasy, ykdysady hem ruhy durmuşynda bolup geçýän şol özgerişler geljekki taryhyň ýüzüni kesgitleýär. Mähriban Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň aýdyşy ýaly, «Türkmenistanda häzir geçiş, ýagny birbada jemgyýetçilik, ykdysady, sosial gurluşlaryň çalyşýan döwrüdir. Bu öz gezeginde ýurtda adamlaryň, sosial gatlaklaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň-da üýtgeýändigini aňladýar»*. Şeýle öwrülişik pursatynda edebiýatyň düýp manysy, onuň jemgyýet bilen aragatnaşygy, adamlaryň, Watanyň öňündäki borjy hasam çuňlaşýar, has ynsanperwer mana geçýär. Edebiýatyň, şol sanda şygryň öňünde adamlara ruhy taýdan hyzmat etmek meselesinde täze-täze wezipeler açylýar. «Şahsyýeti kemala getirmek, täze adamy ösdürip ýetişdirmek, meselem, sowet döwrüniň edebiýatynyň-da öňe süren, emma çözüp bilmedik ideýalarynyň biridi. Ýöne welin, bu ýerde ol düşünjeler bütinleý täze, milli mazmuna ýugrulandyr, Serdarymyz kommunistik morallardan öňli-soňly azat, dünýewi-demokratik esaslarda pikirlenip, aýgytly hereket edip bilýän, öz ata-babalarynyň watançylyk hem adamkärçilik, halallyk hem parasatlylyk däplerine wepaly, dogry sözli, edermen şahsyýetiň hem-de täze adamyň gürrüňini edýär» diýip, alymlar Aşyr Orazowyň, Ahmet Mämmedowyň* belleýişleri ýaly, ata-babalarymyzyň watançylyk hem adamkärçilik däplerine wepaly şahsyýeti kemala getirmek üçin Garaşsyzlyk zamanasynda söz ussatlarynyň öňünde giň mümkinçilik döredi. Şeýle dereje edebiýatymyzyň onlarça ýyllyk ösüşi tarapyndan taýýarlanyldy. Ýigriminji asyr türkmen şygry özüniň ýeten gözellik derejesi boýunça hiç bir edebiýatdan pesde duranok. Türkmen şahyrlary okyja estetiki lezzet bermek, onda ýokary watançylyk, adamkärçilik, birek-biregi söýmek, hormatlamak, gözellik duýgusyny oýarmak işinde köp işleri bitirýärler. Türkmen edebiýaty öwreniş ylmy hem şahyrlaryň şol çeper-filosofiki gözlegleriniň düýp manysy barada teoretiki pikir ýöretmäge çalyşýar. Şygryň dürli-dürli meselelesi, aýry-aýry şahyrlaryň döredijiliginiň aýratynlyklary hakda tutumly, ownukly-irili ylmy işler ýazyldy.** Ol işlerden çen tutsaň, biziň milli edebiýat ylmymyzyň soňky döwürlerde ep-esli öňe gidendigini görmek kyn däl. Şol öňe gidişlikler, şygyryýetdäki täzelikler, edebi ugurlar hem meni özüne bendi etdi. Men çäksiz gyzyklanma bilen ençe ýyllap şygryýetdäki täzelikleri öwrendim. Şu ýerde esasy hasap edýän bir pikirimi aýratyn nygtamak isleýärin. «Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýasy türkmen halkyny bagtyýar etdi» diýip ýetmiş ýyllap gaýtalama kemini goýmadyk. Ýöne şol rewolýusiýadan soň, diňe nusgawyy formada, Gündogar goşgy düzüş formasynda – Magtymguly atamyzyň döreden edebi mekdebi boýunça goşgy döredip gelen şahyrlara dünýä poeziýasynyň ähli goşgy düzüş formalary bilen içgin tanyşmaga, olary özleşdirmäge giň mümkinçilik açyldy. Biziň türkmen şahyrlarymyz ýetmiş ýylyň içinde köpdürli goşgy düzüş görnüşlerini diňe bir özleşdirmek bilen çäklenmediler, şol nusgalarda goşgy düzmäge girişdiler. Bu gün türkmen şahyrlary köp nusgalarda goşgy döredýärler. Olaryň täze mazmunly, täze görnüşli goşgulary dünýä halklarynyň dillerine terjime edilýär. Şol goşgular hakda örän gowy sözleri aýdýarlar. Modernizm, romantizm, realizm, akmeizm, futurizm, sýurrealizm ugurlary… Şeýle «izmleri» –– edebi ugurlary sanabam galyň kitap ýazsa bolar. Ýöne meniň maksadym şol edebi ugurlary kemsiz öwrenip, özleşdirip, şolaryň esasynda hem özboluşly öz edebi ugruny döretmegiň hötdesinden gelen şahyrlaryň liriki poeziýamyza getiren täzeliklerini ilik-düwme seljermek, aýdyňlaşdyrmak. Türkmen liriki şygryýetinde bitirilen işler kän, ýetilen sepgit ýokary. Olary ylmy seljerişiň maýdagöz eleginden geçirmek köp-köp ýyllap iş boljak. Meniň kyssaçy hökmünde şygra aşa üns bermegimiň sebäbi, şygryň liriki bolmagyny isleýärin, şygyrdan köp zatlary öwrenýärin, öwrenenlerimi döredijiligimde peýdalanmaga çalyşýaryn. Edebi ösüş ýolyny aňlatmak üçin edebiýat ylmy edebi ugur, edebi usul, edebi akym, edebi mekdep ýaly düşünjeleri işläp düzüpdir.* Ol terminleriň umumy kabul edilen many alamatlary bar hem bolsa, ylmyň iş tejribesinde olaryň örän kyn, anyk manylarda ulanylýandygyny görüp bolýar. Edebi mekdep iň giň hem uly manyly termin bolmak bilen poeziýada uly hadysa bolýan, onuň çeperçilik, estetiki ösüşini düýpli kesgitleýän prosesleri aňladýar. Diňe edebi ösüşiň hilini üýtgedýän, edebiýatda täze çeperçilik ulgamynyň kemala gelmegine täsir edýän, edebiýata täze görnüşleri getirýän ýa-da öňki ähmiýetsiz görnenleri gutarnykly suratda şygryň esasy diline öwürýän, görnüşleriň ähli içki mümkinçiliklerini açýan, çeper diliň täze gözýetimlerini açyp bilýän şahyrlar edebi mekdebi galdyryp bilýärler. Çünki olaryň şygryýete getiren täzelikleri, olaryň şygyrda geçiren eseriň görnüşiniň – çeperçilik özgerişmesi şeýlebir ähmiýetli weli, olardan soň olaryň yzyna eýerýän, öz döredijilik şahsyýetini şolaryň şygyr dilinde açyp gidýän şahyrlar hökmän döreýär. Allatagala alty günde jümle-jahany – Ýeri, Aýy, Güni ýaradyp, ýedinji güni bolsa dynç alypdyr diýýärler. Belki-de, ol ýedinji gün öz ýaradan dünýäsine haýran galyp, aşyk bolup, meýmirändir, çünki adam ogly nije million ýaşan bolsa, şonça million ýyllabam deňizleriň, daglaryň, ýyldyzly asmanyň gözelligine maýyl: şahyr şygyr döretse, hudožnik surat çekipdir, kompozitor saz bilen şol gudraty beýan etmäge dyrjaşsa, tansçylar beden gözelligi bilen tebigatyň gözelligini döretmäge ymtylypdyr. Heýkeltaraşlar gara daşy ýonup, Taňrynyň ýaradan gözelligini ýaňadan döretmäge synansa, artistler durmuşy sahnada janlandyrypdyrlar. Ähli sungatyň baş maksady Allatagalanyň ýaradan dünýäsini, durmuşyny özüçe ýaňadan ýaratmakdan ybaratdyr. Žiwopis – sessiz poeziýa, tans – beden poeziýasydyr. Taňry ynsany palçykdan ýasap, oňa päkize demi bilen jan beripdir. Oňa dini dilde ruh diýilýär, emma oňa poeziýa diýibem bolar. Geçmişiň akyldarlary zehinsyz adamyň ýokdugyna, ýöne köp kişileriň özleriniň zehinyny açyp bilmän, «dogulman ölüp» gidýändigine kepil geçýärler, beýle dünýä gelip zehinsyz ýaşamak gabahat iş, elhençlik. Taryhçylaryň aýdyşy ýaly, adamzat garaňky gowakda bir söz aýdan bolsa – gepländir, ikinji aýdan sözi bolsa poeziýadyr. Poeziýany diňe şygyr diýip düşünmek hebes bolar. Durmuşda, tebigatda bar bolan sazlaşygyň ählisi – poeziýa! Magtymgulynyň beýikligi nämede? Oňa bir söz bilen jogap berip bolmaýar, ýöne Magtymgulynyň esay bir alamaty – şahyry açmak, şahyryň aňyrsyna ýetmek mümkin däl, şonuň üçinem Magtymguly şu günüň şahyry däl-de, gelejegiň gelejeginiň şahyry. Birentek şahyrlar diňe öz halkynyň şahyry bolýar, belki, ol şahyryň gozgaýan meselesinden, halkylygyndan, söýgüsinden gelip çykýandyr, emma birentek şahyr dil serhedinden aman-esen ýaralanman geçse, başga halklaryň şahyry hem bolup gidýär. Öz döwründen öň dünýä inip, gelejegiň gözýetimlerini açyp gidýän şahyrlar hem bolýar, tersine, dogulmaly wagtyndan giç doglup, şu günki gün nusgawy goşgy ýazyp: «Meniň goşgularym Mollanepesiňkiden ýa Zeliliniňkiden kemmi?» diýip ýören bedibagt şahyrlaram bolýar, hatda özüniň döwrüň iň gowy şahyry hasaplaýan emeldarraklaryň içinde: «Biz hem Magtymgulyça, Gurbannazarça ýazyp bilýäris» diýip ýörenem bar. Şahyrlar özbaşyna dünýä, olar dürli-dürli. Ýöne her biriniň öz okyjysy bolýar, haýran galmaly ýeri, käbir gowşak şahyryň okyjysy has köp, ýiti şahyryňky az bolýar. Zehin asman bilen bagly zat. Ylym hem zehinyň aýratynlykdygyny subut edýär. Şahyrlara pikir, duýgy gaýypdan gelýär. Kuwwatly teleskoplaryň asmana seredip, kuwwatly radiolokatorlaryň pyrlanyşyp gaýry planetalardan bir alamat tutmak üçin gije-gündiz işläp durşy ýaly, şahyrlar hem mydama gözlegde, ýöne kimiň lokatory gaty pesden, kimiňki has ýokardan tutýar. Kimiň edebiýata getirýän pikirleri adaty pikirler, kimiňki weli garaşylmaýan pikirler. «Gorkut atanyň» döremegi üçin öňünde azyndan iki müň ýyllyk gory bolan edebiýatyň bolmaly. Oguz han atamyzyň döreden elipbiýindäki edebiýatdan başlap tä on ýedinji asyra çenli bolan edebiýatymyzy biz gaýry döwletleriň arhiwlerinden agtarmaly, olar gaýry ýurtlarda, gaýry dillerde ýazylan-da bolsa, biziň edebiýatymyz. Ony gözlemäge şu mahala çenli mümkinçiligimiz hem bolmady, hünärmenlerimiz hem. «Golýazmalar ýanmaýar» diýlişi ýaly, ummasyz edebibatymyz bolup, türkmen edebiýatynyň düýbüni goýujy diýip Magtymgulydan gaýtmak mundan buýana bolmaz. Şol döwrüň edebiýaty öwrenilende Türkmenistanyň şu günki geografik territoriýasyny hem göz öňünde tutmak bolmaz. IV – VI, XI – XII asyrlarda türkmenleriň Arabystana emigrasiýasy, X – XII asyrda türkmenleriň Azerbaýjana, Kiçi Aziýa, häzirki Türkiýä köpçülikleýin geçmegi, şol asyrlarda hem, XIV – XV asyrlarda hem orda-orda bolup türkmenleriň Hindistana, Gazagystana, Orsyýet tarapa geçmegi bilen dagan edebiýatlar hem biziňkidir. Haýsy dilde, haýsy ýurtda ýazylandygyna garamazdan, ol edebiýatlar biziňkidir. Bir ýönekeý mysal: 1968-nji ýylda beýik hindi şahyry, «hindi ýolbarsy» atlandyrylan Mürze Esedulla Galybyň ölen gününiň ýüzýyllygy bellenildi. Şol ýubileýi hut Indira Gandiniň açmagy şahyryň mertebesiniň niçikdigine güwadir! Şol ýyl Hindistanyň Moskwada çykarýan «Indiýa» žurnaly açykdan-açyk onuň türkmen şahyrydygyny, terjimehalyny ýazdy, köp goşgularyny çap etdi, žurnal tutuşlygyna şol şahyra bagyşlandy. Ony wagtynda biziň alymlarymyz türkmen okyjysyna ýetirmedi. Geçen birki ýyllykda bolsa Omar Haýýam bilen Mürze Galybyň şygyrlary bir kitap bolup, «Türkmenistan» neşirýatynda çapdan çykdy. Şol kitapda bolsa beýik türkmen şahyryny Samarkantda doglan diýip berýärler. Ýeri, muňa näme diýersiň?! Hiç zadam diýmersiň! Sebäp biziň alymlarymyz Galyby hakdaky anyk taryhy maglumatlardan bihabar bolsalar näme?! Galyby hakda gürleseň, gaýtam: «Galyby däl, Gaýyby» diýip, saňa düzediş berip, öz bilýänjesini aýdyp, içiňi ýakýarlar. Wah, biziň Gaýybyň döredijiligini bilşimiz hem ýabygorly ahyryn! Türkmen halky gadymylyk babatda ilkinji onluga girýän bolsa, edebiýatynyň baýlygy babatda-da ol ilkinji onluga girýär. Biziň geçmiş edebiýatymyz ýaly çuň filosofiýaly, näzik liraly, dürli-dürli žanrly edebiýat nega bir bagty çüwen halkda bar. Belki-de, bu biziň ata-bablarymyzyň birnäçe gezek uly döwletler, imperiýalar gurany üçin şeýledir, belki-de, türkmen topragynyň ýerasty hem ýerüsti baýlyklara baý bolşy ýaly, bereketli toprak bilen baglydyr?! Garasaý, türkmen edebiýatynyň geçmişi şeýlebir baý weli, ony öwrenjek halkymyzyň san azlygyna gyýylýarsyň. Bu halkyň her biri edebiýatçy alym bolaýanda-da, olaryň hersine öwrenmäge bir uly şahyr ýetjek! Türkmen poeziýasynyň şu gününden ýa geçmişinden söhbet açjak bolsaň, «Gorkut atanyň kitaby» oguzlaryň, aýratyn hem türkmenleriň ruhynyň, edebi kämilliginiň çür başyna barandygyna kepil geçýär, hut şol eseriň üsti bilen oguzlaryň ruhy beýikligini hem syýasy-ykdysady derejesini kesgitläp bolýar. Diňe gaty kämil halk şeýle kämil eserler döredip biler, emma dünýäde siwilizasiýany ösdürip, dürli eýýamlarda görlüp-eşidilmedik derejede ösen aýry-aýry halklar bar, emma olaryň hiçisi ol diwan ýaly diwan galdyraýmandyr. Sebäbi näme? Şeýle pikirim bar: oguz edebiýaty mundan müň ýyl ozal hakyky dogry ýoldan – şu günki, häzirkizaman edebiýatynyň ýolundan barýan eken. Ýöne, diniň rowaçlanmagy hem-de pars diliniň, pars edebiýatynyň täsiriniň güýçlenmegi netijesinde türki dilli edebiýat öz ähmiýetini peseldýär. Pars hem arap diliniň owazlylygy, oguz edebiýatynyň paýhaslylygyndan üstün çykýar. Şol ýyllar ähli türki dilli şahyrlar pars hem arap dillerinde döredip başlaýarlar. Taryhda örän selçeň gabat gelýän paradoks! Kämil edebiýat terk edilip, daşy bezegi kämil edebiýat başlanýar. Öňe diýip, yza gidilýär. «Döwhä Goja ogly däli Domrul boýunda» bir parçany okalyň. Ezraýyldan ejizlän däli Domrula ýassykdaşy ýüzlenýär: Ne diýer sen, ne sözlär sen? Gözüm açyp gördügim, Köňül berip söwdügim, Goç ýigidim, şa ýigidim, Datlyk damak berip soruşdygym, Bir ýassykda baş goýup emişdigim, Garşy ýatan gara daglary senden soňra men neýlärem? Ýaýlar olsam, meniň görüm olsun. Sowuk-sowuk suwlaryň içer bolsam, Meniň ganym olsun, Altyn akjaň harçlar bolsam, Meniň kepenim olsun! Teble-teble şabaz atyň müner olsam, Tabydym olsun, Senden soňra bir ýigidi söýüp barsam, bile ýatsam Ala ýylan bolup meni soksun! Seniň ol muhannes eneň-ataň – Bir janda näme bar, saňa gyýmandyrlar! Arş tanyg olsun! Kürs tanyg olsun! Ýer tanyg olsun! Gök tanyg olsyn, kadyr taňry tanyg olsun! Meniň janym – seniň janyňa gurban olsun! Nähili ajaýyp şygyr! Nähili ajaýyp werlibr! Şeýle werlibri döretmegi öňki SSSR-iň territoriýasynda ýaşaýan şahyrlar-a arzuw hem edip bilmez, werlibriň ösen žanrynyň kämil ýurtlary Fransiýa, Ispaniýa, Italiýa, Latyn Amerikasy ýurtlaryndaky şahyrlara hem başartmaz! «Gorkut atanyň kitabyndaky» ak goşgular, werlibrler geçmişiň göwher şamçyraglary bolman, şu günki, geljekki edebiýat üçinem beýik nusgalardyr! Eger-de, oguz edebiýaty, türkmen edebiýaty arap-pars poeziýasynyň owazyna aldanman, köne däplerini dowam edip geleninde, türkmen edebiýatynyň ýetjek derejesine akyl ýetirmek mümkin däl. Häzir türkmen şahyrlarynyň käbiri ak goşgy we werlibr döretmäge synanyşyk edýär, ýöne olara bu diwandaky ýaly ak goşgular döretmek üçin uçursyz köp ýyllar gerek bolar. Köp halklar on altynjy asyrdan ozalky edebiýatyny «köne plan dilden» diýip terjime edip berýärler, biziň weli, Hudaýa şükür, şu gün terjimesiz okap bilýän müňýyllyk beýik edebiýatymyz bar. Onuň sebäbi näme? Onuň sebäbini biz hut halkymyzyň durmuşyndan, häsiýetinden gözlemeli. Goňşy türki dilli halklaryň hemmesinde tans oýnamak bar, gadymy döwürde ol bizde-de bolupdyr, emma türkmen halkynyň gylyk-häsiýetiniň irimçikligi, öte salyhatlylygy zerarly bolsa gerek, toýlarda tans oýnap, kernaý-surnaý çalyp, dep kakmak däbi ýuwaş-ýuwaşdan ýatypdyr, deregine, olar dutar bilen gyjagyň daşyna egeler bolupdyr. Güňleç sazy inçe saz bilen, şowhuny içki duýgy bilen çalşypdyr. Dünýäniň ähli halklarynda hem aýdym üçin ýazylýan goşgy bolýar. Bizde bolsa iň gowy, iň agyr, filosofiýaly goşgular aýdym edilip aýdylypdyr. Gýotäniň, Baýronyň, Geýnäniň, Puşkiniň, Miskewiçiň, Lermontowyň iň ajaýyp goşgulary däl-de, aýdyma niýetläp ýazan goşgulary aýdym edilipdir. Ýogsa iki-üç asyr, gör, nähili görnükli kompozitorlar olara ýüzlenipdir, emma Magtymgulynyň, Şabendäniň, Şüküriň, Seýdiniň, Keminäniň, Mollanepesiň, Andalybyň, Garajaoglanyň, Ýunus Emräniň, Zeliliniň ähli gowy goşgulary ýüzlerçe ýyl bäri bagşylaryň dilinden düşmän gelýär, eger olaryň aýdym edilmedik şygry bar bolsa, juda pelsepewidir ýa-da aýdyma halys gelmeýän žanrda ýazylandyr. Türkmen aga asuda günem, toý-baýramda-da, söweşde-de aýdymsyz oňmandyr. Magtymguly birnäçe goşgulary bilen ýigitleri söweşe galkyndyrsa, Seýitnazar Seýdi ähli goşgularyny diýen ýaly duşman bilen ýüzbe-ýüz bolnanda, ýigitleriniň güýjüne güýç goşmak üçin ýazypdyr. Mollanepes iň gowy goşgusyny aýdyp, duşman bilen garpyşanda, ýaralanyp, şol ýaradan wepat bolupdyr. Men bu zatlary nygtamak bilen beýleki halklaryň edebiýatyna piçjiň atmakdan-da, dil ýetirmekden-de daşda, bu zatlary aýdyp, biziň durmuş bilen aýakdaş gidip, suw hem nan ýaly häli-şindi ulanylýan poeziýamyz bar diýjek bolýan. «Magtymguly dünýäde iň uly şahyr» diýip görüň, şonda her bir halkyň wekili öz şahyryny dünýäde iň uly şahyr hasaplar. Bu gury jedel bolar. Şonda jedel edýän kişiňe: «Her günde türkmen halky Magtymgulynyň azyndan bäş-on şygry esasynda döredilen aýdymy diňleýär, siz öz klassygyňyzyň näçe aýdymyny diňleýäňiz?» diýiň, ol dymaýar. Isle daýhan, isle alym, isle okuwçy, ol ýeke gün Magtymgulusyz oňup bilmez, hiç bolmanda, onuň nakyla öwrülip giden setirlerini ulanar, durmuşda nakylsyz ýaşap bolmaýar. Magtymguly bolsa durşuna nakyl, durşuna akyl, akylsyz ýaşap bolmaýar. Magtymgulusyz ýaşap bolmaýar! Magtymguly – türkmen halkynyň ruhy sütüni. Oňa diňe şahyr diýmek bolmaýar, ol «şahyr» diýlen düşünjeden has beýikde durýar. Magtymgula «akyldar» diýýäris, «beýik» diýýäris, «geniý» diýýäris, «atamyz» diýýäris, barybir, ol sözleriň ählisi Magtymgulyny kiçeldýär, Magtymguly – Magtymguly diýen derejäni döretdi, ol dereje bolsa dünýäde ýok. Türkmen halky salyhatly, pähimli, az gepli, irimçik halk. Puşkin aýtmyşlaýyn, oňa «ýeňlesräk» poeziýa gerek däl, oňa gök çaýyň başynda, bir saçagyň daşynda derläp, dury kelle, inçe duýgy bilen diňläp bolýan poeziýa gerek, ol poeziýanam nusgawy şahyrlarymyz döredipdirler. Eger türkmen halky geçmişde dine gaty berlip, müezziniň azanyny diňläninde, ýa şerapdan ganyp, depregiň sesine bökjeklände, Pyragynyň aňyrsyna akyl ýetirip bolmaýan goşgusyny diňlemezdi. «Görogly», «Şasenem – Garyp», «Zöhre – Tahyr», «Leýli – Mejnun», «Wamyk – Uzra», «Döwletýar», «Ýusup – Züleýha» ýaly eposlar-dessanlar döremezdi. Türkmen şahyrlary onlarça dessanlary döredip, daňdana çenli rawynyň-bagşynyň aýdymyna gulak asypdyr, hut şonuň üçinem «Gorkut atanyň kitabyna» başga halkyň eýeçilik-şärikligi bolup bilmez! Türkmen halkynyň kitaba, aýdyma, şygra sarpa goýşy gudrat, Ärsary baba ýaly nesilbaşy akyldar kişi iliniň sowadyny artdyrmak maksady bilen, kyrk düýe berip, kitap ýazdyrýar. Welmyrat aga ýaly garyp eklenjiniň çeşmesi bolup duran ýeke düýesini berip, bir kitap satyn alýar, öýde keseki nazardan goralyp oturan ýeke gyz özüni bilmezden erkini aldyryp, aýdymyň yşgyndan akylyndan jyda düşüp, özüni bagşynyň üstüne oklasa, namysjaň türkmen onuň günäsini geçýär. Şahyr Gaýyby bolsa bir goşgy bilen otuz-kyrk bagşynyň çapgy agajyna goýlan ömrüni gazaply hanyň gazabyndan gutarýar… Halkyň poeziýasy – halkyň ruhy hazynasy, halkyň milli baýlygy. Şahyr islendik stilde, dürli formada ýazyp biler, ak goşgam, «gök» goşgam ýazyp biler, taryhy goşgam, fantastiki goşgam ýazyp biler, ol onuň öz işi, emma onuň şygry milli bolmasa, ol şygry halk almaýar. Goşgynyň ruhy, pikirlenişi milli bolmasa, şol goşgy, gowulygyna garamazdan, edebiýatymyzda söweşden alnan olja ýaly bolup, edebiýatymyza garylman-gatylman ýatar. Millilik näme? Oňa düşünmek mümkin, düşündirmek müşgil. Bütin ömrüne Watanyň waspyny edip, watançy, milleti hakynda ýazyp milli şahyr bolup bilmedik gyt däl, emma Halyl Kulyýew ýaly Watany, halky hakynda ürç edip ýazmanam türkmeniň milli şahyry bolup bolýar eken. Gije-gündiz «il beýik», «türkmen beýik» diýip gygyryp, hökümet tarapyndan «halk şahyry» diýlip resmi at alyp, zor bilen mekdep programmasyna girip, oňa-muňa özüni öwdürip, halkyň şahyry bolup bilmedik hem gyt däl, emma dirikä bary-ýogy şapbat ýaly ikije kitap çykardyp, Gurbannazar Ezizow ýaly halkyň şahyry bolup bolýan eken! Eýsem millilik, halkylyk nämede? Sowet häkimiýeti ýyllarynda «Watan» diýen taryhy düşünje «SSSR» bilen, «halk» diýen taryhy düşünje bolsa «sowet halky» bilen çalşyryldy. Türkmeniň dili, ruhy, taryhy, edim-gylymy, mertebesi, mertligi… hakynda ýazaýmaga sanlyja şahyr milt etdi, ýöne olaryň ýüzlerini sypaman, darakladylar, haçan-da türkmen halky Garaşsyzlygy alyp, berkarar döwletini gurup başlaly bäri, türkmen temasy poeziýada iň bir ýörgünli tema öwrüldi. Bu gutlamaly zat! Bizde Watanymyzdan arzyly zat ýok, halkymyzdan beýik düşünje ýok! Aslynda, her bir hakyky şahyr öz halkynyň, öz topragynyň, öz ýurdunyň aýdymçysy! Şahyr halkyny, topragyny, Watanyny söýmegiň ölçegi! Nobatguly Rejebow aýtmyşlaýyn, energiýanyň kuwwaty wagt bilen, güýjüň kuwwaty at güýji bile ölçenilse, Watana söýgi şahyry bilen ölçenilmelidir. Şahyryň söýgüsi Watanyny, halkyny beýgeldýär, tersine, halkyň şahyryna söýgüsi şahyra ölmez-ýitmezligi bagyş edýär. Müňlerçe halkdan ybarat dünýä üçin bir halk bir maşgaladan uly däl. Şol uly maşgala türkmen diýýärler! Türkmeniň ýalňyz syýasaty bar, ol onuň dutary, türkmeniň ýalňyz bir syrdaşy, söhbetdeşi bar, ol onuň dutary. Ärsary baý: «Halky aýdym-saz bilen agzybirlikde saklap bolar» diýen ynanjy bilen mahal-mahal türkmeniň ähli bagşy-sazandasyny çagyryp, ullakan toý eder eken. Dogrudanam, adamlar ol toýdan soňky toýa garaşyp agzybirlikde ýaşapdyrlar. Balkan sebitlerinde toýuň iň uly baýraklarynyň birine «Ärsary baýyň baýragy» diýýärler. Gadymyýetde dörän bu ýörelge entegem dowam edýär. Çuwal bagşynyň bagryna basan gara gazma dutaryny şahyr Gurbanaly Magrupy, ýagny Saltyk bagşy bagryna basyp, ýat illerde aýdym aýtmakdan boýun towlap, gözüni çekdirendir, Şükür bagşy bolsa şonuň ýaly ýat ilde saz çalyp, agasyny bendilikden boşadandyr. Şahyr Gaýyby gözi gyzaran azgyn hem nadan hanyň ölüme höküm eden otuz-kyrk bagşysyny gara gazmasy bilen boşadandyr. Aba serdar söweşe ugrajak güni ýörite bagşy diňlän bolsa, Baýram han söweş gyzanda Görogludan aýdyma gygyrýan eken. Seýitnazar Seýdi «Ertir söweşe ugramaly» diýlen güni ýigitlerini daşyna üýşürip, ar hakda, namys hakda, Watan hakda, söwer ýar hakda aýdym aýdar eken. Aňyrda, has aňyrda bolsa biziň Gorkut atamyz her bir oguz ýygnagynda, ýaş ýigide at berip, söweşde rüstemlere serpaý berip, boý boýlap, goluna sazyny alypdyr. Diýmek, türkmen aga döräli bäri, onuň söhbetdeşi – mähriban topragy, gara daglary, çöli, derýasy: türkmen aga döräli bäri, baş söhbetdeşi dutary! Türkmen edebiýatyny, onuň problemalaryny, üstünliklerini, kemçiliklerini diňe öz çäginde däl-de, töwerekleýin öwrenmeli, çünki halklaryň, döwletleriň bir-birleri bilen gatnaşykda bolşy ýaly, edebiýat hem beýleki edebiýatlar bilen bile ösýär, has dogrusy, döwletleriň arasynda ilki edebi, medeni gatnaşyklar ösüp başlaýar. Dünýä edebiýatyna çuňňur ser salyp otursaň, her bir halkyň edebiýatynyň şol halkyň taryhy, syýasy, sosial-medeni ýagdaýlara bagly ösüşde ýa tesişde bolýandygyna göz ýetirýärsiň. Ýigriminji asyr bolsa edebiýat üçin edebiýat asyry bolmady. Birinji hem ikinji jahan uruşlary tutuş Ýewropada edebiýatyň ösmegini bökdedi. Afrika, Aziýa ýurtlarynda tutaşan milli azat edijilik hereketlerem, ýüzlerçe halklara galkynyşy, ösüşi getiren-de bolsa, asylky edebiýatyň birsydyrgyn dowamatyny syndyrdy. Ýigriminji asyr – antifaşistik, milli galkynyş, göreş edebiýatlaryny döretdi. Dünýäniň altydan bir bölegini tutup durýan patyşa Russiýasynda bolan rewolýusiýa sosialistik lageriň hem täze edebiýatlaryň döremegine getirdi. Iki ulgamynyň arasyndaky göreş ýitileşip başladygyça, parahatçylyk hakyndaky eserleriň örňemegine eltdi. Uly eýýamyň nukdaýnazaryndan seredeniňde bolsa – bularyň ählisi arassa edebiýatyň ýoluny üýtgetmesidir. Türkmen halky üçin soňky asyr juda-da eýmenç betbagtlyk getirdi. Serediň, 1881-nji ýylda Patyşa Russiýasy bizi basyp alandan soň, nusgawy edebiýat öz ösüşini düýpleýin togtatdy. Şol mahallar aýatda bar bolan şahyr Mätäji türkmen edebiýatynyň iň soňky nusgawy şahyry boldy-da galyberdi. Soňra Rewolýusiýa, Rewolýusiýa hem zoraýakdan öz edebiýatyny döretdi, tä 1960-nji ýyllara çenli bolan edebiýat, Rähmet Seýidowyň lirikasyny hasaba almasaň, dogrusyny aýdanymyzda, zakaz boýunça ýazylan edebiýatdyr, hakyky edebiýat zakazy inkär edýär. Ellinji ýyllaryň ahyrynda, altmyşynjy ýyllaryň başynda eýýäm wagyz poeziýa, edebiýat halky ýadatdy, birsydyrgyn, endigan, asuda durmuş ösüşi edebiýatyň özgermegine sebäp boldy. Şonuň netijesinde-de romantiki edebiýatyň döremegi üçin amatly şertler döredi. Aslynda, dünýä edebiýaty adatylykdan aryp, täsin gözelligi, adatdan daşary ýurtlary, ýaşaýşy agtarmak romantizmi döretdi. Durmuş birsydyrgyn, endigan, asudalyk bilen ösüp başlasa, tersine, edebiýat birsydyrgynlykdan, endiganlykdan, adaty zatlardan ýadap, uly gözleglere baş goşýar. Şu ýagdaý hem on sekizinji, on dokuzynjy asyrda dünýä edebiýatynda romantizmiň döremegine getiripdi. Romantizmiň başdaky manysy başgaçady: fantastiki, syýahat, geň-taň zatlar hakynda ýazylan ähli eserler romantiki diýlip atlandyryldy, eýýäm iki asyryň çatrygynda bolsa dünýäniň ösen ýurtlarynyň ählisinde diýen ýaly romantizm edebiýatyň täze ugry diýlip ykrar edildi. Täzeçe ýazylan täze edebiýat romantizm diýlen at bilen edebiýaty öwreniş ylmyna girdi. Aslynda, edebiýatda döreýän täze ugurlar – modernizmiň, realizmiň, akmeizmiň, futurizmiň, sýurrealizmiň düýp manysy «täze edebiýatyň täze etapy» diýmekdir. Islendik täze dörän ugur wagtyň geçmegi bilen könelýär, edebiýatda döreýän täze ugra-da ylmy at berýärler. Aslynda, edebiýatda dörän, möwrütini ötüren hem ötürmedik edebi ugurlar – modernizmem, realizmem, tankydy realizmem, simwolizmem, abstraksionizmem akmeizmem, sýurrealizmem manysy boýunça täze edebiýat ýa-da edebiýatdaky täze ugur diýmegi aňladýar. Iňlis, ispan, italýan, fransuz, rus romantizmleri edebiýatlaryň birek-birege täsiri netijesinde döräp, döwrüne görä kämilleşdi. Häzir türkmen edebiýaty Ýewropa, aýratynam rus edebiýatynyň gös-göni täsiri astynda ösýär, kämilleşýär, şonuň üçinem ony Ýewropa edebiýatynyň ösüşi bilen bilelikde öwrenmek zerur. Ellinji ýyllaryň aýagynda – altmyşynjy ýyllaryň başynda biziň edebiýatymyzda romantizm köp şahyrlary özüne çekdi. Rähmet Seýidow, Gara Seýitliýew, Ata Atajanow, Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaýnazarow dagy onuň wekilleri boldy. Gurbannazar Ezizowyň «Nesiller», «250000000», «Mukaddes ýalan» poemalary, Italmaz Nuryýewiň, Halyl Kulyýewiň onlarça goşgulary türkmen romantizminiň ajaýyp nusgalarydyr. Ýetmişinji ýyllarda Gurbannazar Ezizowyň daşynda ülker bolup toplanan ýaş şahyrlar poeziýada öz sözüni aýdyp, täze poeziýanyň dürli uçastoklarynda zähmet çekip, halkyň söýgüsini, galamdaş ýoldaşlarynyň, edebi jemgyýetçiligiň ykrarýetini gazanýardylar. Altmyşynjy ýyllarda türkmen poeziýasynyň alynky planyny eýelän romantizmiň ýüzi gaýdyşyp, ornuny başga edebi ugurlara bermäge mejbur bolupdy. Edil şonuň ýaly-da, poeziýamyzda naturalizm – žiwopisçilik, ýagny suratkeşlik başky sadalygyny çylşyrymlylyk bilen çalyşdy, agramly pikirler goşuldy, podtekst peýda boldy. Dogry, podtekst Gurbannazaryň ellinji ýyllaryň aýagynda ýazan goşgularynda hem bardy, emma bu hadysa has soň köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Ýetmişinji ýyllarda eýýäm biziň poeziýamyz köpmilletli SSSR halklarynyň poeziýasynyň arasynda aýratyn ýiti şuglaly poeziýa öwrülip, köp asyrlyk binýady bolan rus poeziýasyndan hiç bir jähetden pesde oturmaýardy. Gaýta, her ýylda geçirilýän Bütinsoýuz poeziýa festiwallarynda, bäş ýyldan bir geçirilýän ýaşlaryň Bütinsoýuz maslahatlarynda türkmen poeziýasynyň aýratyn gürrüňi edilýärdi. Sosialistik ulgam – edebiýat üçin oňaýsyz ulgam! Bu pikir serhetden aňyrdan gelýärdi hem-de serhediň içinde meslekdeşlerini tapýardy. Sosialistik ulgam – edebiýat üçin ähli şertler döredilen ulgam! Bu bolsa gündelik wagyzdy. Şol ulgam, şol ulgamny esaslandyryjy kommunistik partiýa hem onuň miwesi SSSR synandan soň, iki pikiri hakykatyň adyl terezesine salyp görýärsiň, şonda iki pikiriň hem artykmaç, hem kemçilik taraplary aýdyň göze görünýär. Sosialistik ulgam döwründe SSSR-de kitap mugta barabar boldy, SSSR okumyşlyk boýunça dünýäde birinji ýerde durýardy, kitap uçursyz köp çap edilýärdi. Poeziýa kitaplaryny çap etmek – köp çykdajyly pudak bolany üçin, kapitalistik ýurtlarda örän seýrek çap edilýärdi, ýöne, tersine, iň gowy şahyrlar, kitaby geçäýjek şahyrlar neşir edilýärdi. Emma SSSR-de weli ýagdaý başgaçady, kommunistik ideýa ylykdyrmak üçin, sosializme söýgi döretmek üçin dünýäniň şahyrlarynyň SSSR-e sähel duýgudaşlyk bildirýänleri köpçülikleýin tiraž bilen çap edilýärdi, terjime žanry ullakan edebiýata öwrülip barýardy. Moskwa doganlyk respublikalarynyň şahyrlarynyň hem göwnüni görjek bolup, aldygyna olaryň kitaplaryny rus dilinde neşir edýärdi. Respublikalaryň şahyrlary hem, öz gezeginde, rus hem doganlyk halklaryň edebiýatlarynyň iň gowy nusgalaryny öz ene dillerinde okyjylara hödürleýärdi. Bu ýagdaý bolsa SSSR halklarynyň edebiýatynyň pajarlap ösmegine getirdi. Altmyşynjy ýyllaryň aýagy, ýetmişinji, segseninji ýyllar tutuş rus edebiýaty, doganlyk halklaryň edebiýaty görlüp-eşidilmedik derejede ösüp başlady. Emma her bir ösüşiň tesişiniň hem bolşy ýaly, SSSR-de harsal edebiýatyň hem görlüp-eşidilmedik derejede köpelmegine ýol açyldy… SSSR-de edebiýat ganymat tölenilýärdi, çünki ol edara ediji partiýanyň wagyz guralydy, partiýanyň ideologik daýanjydy, şol sebäplem ol güýçli kontrollyk astyndady. Gyşyk, yrga, şübheli pikirleriň halka ýetirilmeginden howatyrlanyp, senzura gaty uly derejä göterilipdi, onuň sözi sözdi, onuň ýaragy gaýçydy. Merkezde kimdir biriniň eserinden ýat ideologiki pikir tapylaýdygy, partiýa tarapyndan berk tankytlanylýardy, çäre görülýärdi, netijede, şeýle şübheli pikirleri, şübheli awtorlary biziň edebiýatçylarymyz hem öz edebiýatymyzdan agtaryp tapyp, Merkeziň «dogry» syýasatyna «seslenip» wepalylygyny duýdurýardylar. Şahyryň, şygryň beýik güýjüne hemişe geregiçe sarpa goýmasalar-da hemişe şol gudratly poeziýanyň, şahyryň güýjüniň ägirtdigini duýupdyrlar, heder edipdirler. Her zamanyň ýurtlary edara ediji güýçleri, häkimler, şalar, soltanlar şahyrlary öz köşgünde saklamaga ymtylypdyrlar. Şalar hem soltanlar öz köşklerinde şahyrlaryň birgiden toparyny saklapdyrlar, käte poeziýany söýenleri ýa sarpa goýanlary üçin däl, iň görnükli şahyrlaryň öz köşgünde bolmagy üçin birek-birek bilen uruş hem edipdirler. Ýok, olar hakyky poeziýany söýendikleri üçin, ýa hakyky sungata düşünendikleri üçin däl, şöhrat üçin, köşgüň abraýy üçin urşupdyrlar. Olar meşhur şahyrlaryň şygyrlarynyň dabarasynyň dessine köşkden çykyp, şol mahal ideologiýanyň jem bolýan ýerine – bazarlara baryp ýetip, köşkde, öz şahsyýetlerine şöhrat getirjekdigini bilipdirler. Emma köşkde ýaşaýan şahyrlar, hakyky zehinler diňe şalaryň ideologiýasyny ýaýratmak bilen çäklenip bilermi?.. Hakyky şahyrlar, çuň pikirlenip bilýän hakyky şahyrlar öz köşk ýagdaýyndan peýdalanyp, diňe häkimleriniň ideologiýasyny ýaýratmak bilen oňman, özleriniň progressiw pikirlerini, ideýalaryny halka ýetirmegiň gamyny iýipdirler, köplenç, şeýle halatlarda olar allegoriýany ulanypdyrlar. Orta asyrlarda ýowuz şalaryň köşgünde ýaşan şahyrlar öz erkin pikirlerini halka ýetirip bilen bolsalar, sowet döwrüniň şahyrlary hem allegoriki obrazlaryň, simwollaryň, assarly (podtekstli) pikirleriň üsti bilen halka öz diýjek sözlerini diýip bilipdirler. Elbetde, edebiýatyň depesindäki ýowuz kontrollyk erkin pikirleriň döremeginiň öňüni alyp bilýärdi. Emma hakyky şahyryň diriligi erkin pikire bagly, şonuň üçinem zehinli şahyrlar podteksti, ýagny assarly pikir bilen ýazmany, gaýry usullar bilen okyja erkin pikirini ýetirer ýaly metodlary assyrynlyk bilen işledýärdiler. Hut şu ýagdaý SSSR halklarynyň, rus sowet poeziýasynyň çuňlaşmagyna getirdi, SSSR-de poeziýadaky pikir setirlerde däl-de, setir arasynda aýdylýar diýen aksioma döredi. Elbetde, türkmen poeziýasy hem ol tendensiýalardan daşda däldi, gaýta, gaty aktiwlik görkezýärdi. Assarly pikirleriň dürli görnüşlerde ösmegi, simwolikanyň şygyrdaky pikirlere, obrazlara, tebigat kartinalaryna, hatda gahrymanlara aralaşmagy, gaýry usullaryň edebiýata gelmegi – diňe senzuranyň gözüne çöp atmak üçin döredi diýmek, ýalňyş bolar, senzura ýokarky usullaryň edebiýata, aýratynam, poeziýa dünýäsine gelmegini çaltlandyrdy. Umuman, poeziýa žanry, edebiýat pikiriň gözüne dürtülip ýatmagyny halamaýar. Şahyrlar Merkezi asyrlarda hem, gadym dünýäde hem, mümkin boldugyça, pikirini aşaklyk bilen bermäge dyrjaşypdyrlar. Hatda Gündogarda – ösen didaktiki edebiýatyň watanynda hem pikir gönümel aýdylsa halanylmandyr. Meselem, simwolizm şu gün dörän, şu gün hem biziň poeziýamyza aralaşan usul däl, oňa biziň Merkezi asyr edebiýatymyzdan hem, ondan öňki edebiýatymyzdan hem, Magtymguly Pyragydan soňky edebiýatymyzdan hem ýüzlerçe mysal tapyp bileris. Emma edebiýat ylmy, edebi tankyt ýaňy-ýakyna çenli simwolizme üns bermän, biziň edebiýatymyzyň ösen taraplaryny kemçiligi hökmünde görkezip geldiler. «Gorkut atanyň kitabyna» üns beriň. Onuň «Döwhe goja ogly Däli Domrul boýunda» Ezraýylyň «adamlaşdyrylan» obrazy bar. Mes Oguz ili, mes, däli oguzlar! (Däli – köne türkmen dilinde gözsüz batyr diýmegi aňladýar. dowamy bar... Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |