17:47 Türkmen Şygryýeti - Türkmen Ruhy -3: Şygryýetde türkmen ruhunyñ kökleri -1 | |
Birinji bölüm
Edebiýaty öwreniş
▶ ŞYGRYÝETDE TÜRKMEN RUHUNYŇ KÖKLERI Şeýle boldy: ýigriminji asyr tutuş türkmen edebiýaty barada hem, ykrar edilen türkmen edebiýaty hakynda hem iň oňat ýazylan işler meniň üçin edebiýatçy alymlarymyzyň däl, ýazyjy-şahyrlarymyzyň işleri boldy. Häzirki edebiýat hakynda aýdaly. Meşhur şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň baryp 1979-njy ýylda çykan «Edebiýat we durmuş» kitaby maňa şygryýetiň nämedigini şygyr barada ýazylan onlarça ylmy kitapdyr makalalardan has oňat öwredipdi. Ýa-da, aýdaly, ýazyjy Hudaýberdi Durdyýewiň Magtymgula bagyşlanan kitaplary bu beýik şaghyrymyzyň döredijiliginiň täsin hem üýtgeşik taraplaryny täsirlilik hem çuňňurlyk bilen maňa açyp berdi. Emma Magtymgulyny iş edinen alymlarymyzyň pikirlerinde men şeýle täsirlilige hem çuňňurlyga, garaşylmadyk pikirlere az duş gelipdim. Ýa-da, ine, biziň ajaýyp şahyrymyz, türkmen şygyrýetiniň hilini, owazyny özgerden, kalbymyzyň şahyranalygynyň tebigatyny üýtgeden Gurbannazar Ezizow. Eýsem-de bolsa häzire çenli ol hakda ýazylan işleriň içinde iň oňadynyň haýsydyr bir edebiýatçynyň däl-de, şahyr Annaberdi Agabaýewiň ýazan «Ezizowyň emri bilen» atly kitabydygyny kim inkär edip biler?! Elbetde, meniň edebiýat ylmymyzy edebiýatymyzyň özüne gapma-garşy goýmak meýlim ýok. Ýöne, näme üçindir, özüniň aňa täsir edijiligi boýunça şahyrlarymyzyň edebi pikirleri has güýçli çykýar. Näme üçin beýlekä? Megerem, şunuň üçindir: şahyr öz teswirleýän şygrynyň ýa şygryýetiniň bütin terligini hem janlylygyny seniň alňynda goýup bilýär, onuň pikir ýöretmesiniň ähli usullary hem öwrümleri, täzelikleri şygry hut janlylygyň hadysasy hökmünde görkezmäge hyzmat edýär. Onuň edebiýatçydan tapawutlylykda öz stili bar, ýagny, onuň kalbynyň şahyranalygy – durmuş ýa edebi täsirleriniň terligi we janlylygy ýazan makalalarynda dowam edýär. Özüňi açmazdan, gürrüň berýän zadyňy-da açmak mümkin däl. Seniň edebiýat ýa haýsydyr bir şahyr ýa şygyr baradaky gürrüňleriň öz «meniň» üstünden geçip kemala gelmeli. Aralykda «men» bolmasa, özboluşly açylýan obýekt hem ýok bolup çykýar. Edebiýatçylarymyzy stilsizlik köseýär. Stil – duýgudan püre-pürlenip duran kalbyň ahwalaty – şahsyýet diýmekdir. Edebiýata-da esasy gerek zat – ýürekdir. Mysal hökmünde Ahmet Bekmyradow bilen Saýlaw Myradowyň makalalaryny ýatlamak ýeterlik bolsun gerek. Bu edebiýatçylar öz stilini – edebi şahsyýetini tapan edebiýatçylar. Şahsyýet ýürek bile aňyň, duýgy bilen pikiriň janly utgaşygyndan kemala gelýär. Olar özleriniň şahsyýet sypatlary boýunça biziň düşünjämizdäki şahyra laýyk gelýärler. Ýöne şygyr däl-de, makala ýazan şahyrlar. Olar adaty şahyrlar kalbynyň janlylygyny gönüden-göni durmuş bilen täsirleşmekden däl-de, durmuş bilen edebiýatyň üstaşyry täsirleşmek arkaly açan şahsyýetler. Edil şahyrlaryň edebi garaýyşlaryny beýan edip makala ýazyşlary ýaly-da edebiýatçylarymyzyň aglaba köpüsinde bolsa duýgy-ha däl, pikir hem ýok, oňa derek pikiriň kimdir biri tarapyndan ýola goýlan, indem önelgesizlige hem durgunlyga öwrülen endigi bar. Çünki duýgy bolmasa, dogrusyny aýtsaň, pikir hem ýok ahyryn. Duýgy – pikiriň köküdir, ol kökler bolsa durmuş janlylygyndan nem alýarlar. Kalby şahyr edebiýatçy durmuşyň gabygy däl-de, özeni-jany bilen iş salyşýar. Ýöne ol hünärment şahyrdan şol janlylygy aýan ediş görnüşi boýunça tapawutlanýar: şahyr şygyr, edebiýatçy makala ýazýar. Başga sözler bilen aýdanyňda, öz tapan «menini» taraşlaýyş, güzaply kemala getiriş usullary bilen tapawutlanýar. Emma esasy zat – «meniň» bolmagydyr. Şeýlelikde, jan, janlylyk – «men» diýmekdir. Türkmen dilinde «men» diýen adam» jümlesi bar. Munuň özi: «Adamlara, durmuşa özüni ykrar etdiren» diýmekligi aňladýar, munuň özi, diýmek, şahsyýet diýmegi aňladýar. Görnüşi ýaly, janlylyk – ägirt uly erkinlikdir. Şeýle bir hakykat bar: Özüň şahsyýet bolmazdan, özge bir şahsyýetiň manysyny hakyky açmak mümkin däldir. Sungatda-da, sungaty öwrenýän ylymda-da şahsyýet bolmak gerek. Sungat – durmuşa düşünmek, ylym – düşüleni düşündirmek, açyş arkaly açyş etmekdir. Bu bolsa janyň janlylygyny gaýtadan dikeltmekdir. Şu ýerde beýik Gýotäniň sözlerini getirmek gaty ýerlikli bolsa gerek: «Meniň barlygymy janlandyrmazdan hem giňeltmezden meniň bilimimi artdyrýan zatlar gözüme ýigrenji görünýär». Ine, şu genial pikirde janly hem jansyz ylmyň arasyndaky tapawut mesaňa görünýär. Janly ylym aňyň hem ýüregiň janlylygyny üpjün edýän ylymdyr, jansyz ylym bolsa akyl işini kesp hem hyzmat edýän serişdedir. Barlygyň ýokluga öwrülmeginiň ýoly – endikdir. Adam özünden öň tapylan ýörelgeleriň çäginde boş aýlanmany endik edinýär. Janly akyl gözlegleri bolsa şol çäkleri ýykmakdan, şeýdibem durmuşyň manysyny, janly manysyny giňeltmekden we çuňlaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu pikirler meniň aňymda ömrüň hem janlylygyň filosofiki manysyny külterläp, ykrar edilen edebiýatymyz barada ýazylan ylmy işleri okanymda döredi. Jan, barlyk hem ýokluk gözlegleri her bir türkmeni beýik Magtymgulynyň huzuryna getirýär. Magtymguluda bolsa janlylyk – yşk ukuby, yşga düşmek ukyby hökmünde düşünilýär. Yşk – ýaşaýyş hyrujynyň iň ýokary derejede ýüze çykmagy, jan bolsa ýaşaýşyň esasy dirilik birligidir. Jan – dünýäni herekete getirýän birlik. Hut şular hakynda beýik şahyryň hemmä belli, şol bir wagtda-da juda näbelli «Bu derdi» goşgusynda aýdylýar. Ilki bilen şygryň esasynda ýatýan rowaýat, şygryň medeni kökleri hakynda. «Ine, şol rowaýatyň gysgaça mazmuny: Alla adama üýtgeşik bir gudrat bermek hem-de özüne meňzetmek üçin öz ruhuna laýyk närse ýaradypdyr. Ýüzük şekili bolan bu närsä öz rehmetini, Muhammediň nuruny, säheriň durulygyny goşupdyr we oňa jan-köküň (yşk) adyny beripdir. Bu närsäni adama bagş etmezden öň, ýaradylan zatlaryň ählisine maslahat salypdyr. Haýsyňyz alsaňyz, şoňa şu zady bagyş edýärin – diýipdir. Ýel, suw (derýa), ot, dag, düz – bularyň barysy gezekli-gezegine alyp gidip, ýene-de gaýtaryp getiripdirler. Çünki janyň yşk derdini çekmäge olaryň hiçisiniň hem kuwwaty çatmandyr. Olaryň älemi lerzana gelipdir»*. Edebiýatçy alym M.Annamuhammedow Rabguzynyň «Kysasyl-enbiýa» eserinden şu maglumaty getirýär. Özboluşly rowaýata öwrülen bu hadysanyň düýbi Kurandan gaýdýar. Ine, ol: «Amanat ýüki asmanyň, zeminiň we dagyň boýnuna dakjak boldular, eýmendiler, ahyry adam ony öz boýnuna aldy. Hamana ol sütemkär we nadan ýalydy». Kurandan alnan bu bölek bilen Rabguzynyň rowaýatyny deňeşdireniňde, ruhuň ösüşindäki uly özboluşlylygy görüp bolýar. yslam medeniýetinde muňa tefsir diýilýär. Tefsir etmek – ýöne bir gaýtalamak däl-de, eýsem janly taryhy, ruhy durmuş içre manysyny ýaýmak bolýar. Şol ýaýmaklyk üçinem asyl tekstiň durkunda bolmadyk detallar hem pikirler goşulýar. Kurandaky şine görnüşli hakykat Rabguzyda gül ýa miwe barlygyna eýe bolupdyr. Rabguzynyň «adama üýtgeşik gudrat bermek», «özüne meňzetmek» diýýäniniň çuňňur filosofiki manysy bar. Bu ýerde beýik Ýaradan bilen adamzadyň ruhy manydaky sebäpli-netijeli baglanyşygy görünýär. Bu ýerde adamzat janynyň hem paýhasynyň düýpli filosofiki manysy jemlenýär. Hudaýa meňzeýän diýmek – pikirlenip, aňlap bilýän, üýtgeşik gudrat-paýhas arkaly akyl ýetirip bilýän hem barlygy üýtgedip bilýän diýmekdir. Diýmek, gep adamyň gaýry ýaradylan zatlardan düýpli tapawutlanýan barlygy hakynda barýar. Adama mahsus akyl, dil, köňül, hereket – bu ruhy sypatlaryň bary şol närseden-jandan gelip çykýar. Yşk bolsa şol närsäniň – janyň ýaşaýyş görnüşidir. Şeýlelikde, yşk – adamzadyň tebigatyň gaýry jansyz-u-janly birliklerinden tapawutlanýan ählumumy ýaşaýyş usulydyr. Allatagala adamzada akyl ýetirmek ukybyny beripdir. Şu-da onuň hem bagty, hem betbagtlygydyr, hem artykmaçlygydyr, hem özgeleriň öňündäki kemçiligidir we aýbydyr. Bagtlylygynyň sebäbi – ol şunuň bile sözüň hakyky manysynda ýaşamak lezzetine eýe bolýar, çünki ol, aýdaly, janly-jandarlardan tapawutlylykda diňe ýaşaman, eýsem özüniň ýaşaýanlygyny-da bilýär. Betbagtlygynyň sebäbi – ol özüne-de akyl ýetirýär, ýagny, ol sözüniň öljekligine-de akyl ýetirýär! Lezzet, eşret şobada derde öwrülýär. Hut şonuň üçindir, megerem, Kuranda amanat ýüküni boýna alan adamzat barada: «Hamana ol sütemkär hem nadan ýalydy» diýip aýdylýar. Rast aýdylan pikir, beýik pikir. Her bir zat öz gapma-garşylygyna öwrülýär. Adamzada ýaşamaga usul hem serişde beren, ony barça mahlukdan ýokary galdyran akyl onuň ýok bolmagyna-da sebäp bolup biler. Şeýlelikde, «Bu derdi» şygrynda goýulýan yşk meselesine şu hili kontekstde seretmeli. Şonda onuň bütin çuňňurlygy-da, şahyryň meselä çemeleşişiniň aýratynlyklary-da bize aýan bolar. Rabguzy aýtmyşlaýyn, janyň gurluşyny Allanyň rehmeti, Muhammediň nury we säheriň durulygy emele getirýär. Bu ýerde alymlara pikirlenere juda düýpli esaslar bar. Bu ýöne bir syrly pikirlenme ýa-da hyýaly bir zat däl. Bu ýerde ýaşaýyş fenomenine yslamyň garaýşynyň aýratynlygy jemlenýär. Hatda allegoriýa-da öz içinde, süňňünde filosofiki janlylygy saklap bilýär. Bir nesil tarapyndan döredilen tymsalyň, allegoriýanyň içki janly manysyny indiki nesil açýar. Ruha akyl ýetirişiň taryhy şundan ybaratdyr. Çünki tymsal – bu hakykatyň obrazlaýyn umumylaşdyrylmasydyr. Ol, käbirleriniň pikir edişi ýaly, nähagy hakykata öwürmek däldir, howaýylykdan hakykat ýasamak hem däldir. Allegoriýa hem tymsal – ruhuň doňňaralygyna hem howaýylygyna öwrülen hakykatdyr. Indiki nesilleriň wezipesi – şol howaýylyk hem doňňaralyk içinde ýatan hakykaty öz zamanynyň, öz paýhasynyň diline terjime etmekdir. Şol terjime esasynda-da durmuşa öz gatnaşygyny tapmakdyr. Men diňe şu herekete ösüş diýip düşünýärin. Öten nesilleriň ruhy tapyndylaryny howaýylyk ýa şuňa meňzeş zat hökmünde durşuna inkär etmek hem, ýa-da olaryň içki manysyny açmazdan, saçmazdan, şol durşuna «mehaniki» kabul etmek hem ösüşi aňladyp bilmez. Aýdaly, ýokarky rowaýat maňa ýaşaýşyň, tebigatyň gelip çykyşyny düşündirmände-de, ol maňa yslam ruhunyň gelip çykyşyny we ösüşini, onuň barlyga gatnaşygynyň aýratynlyklaryny düşündirýär. Rowaýatdan görnüşi ýaly, adamda, adamyň gurluşynda metafiziki dünýä (Allanyň rehmedi), fiziki dünýä (säheriň nury) hem-de olaryň aralygyndaky trans-fiziki dünýä (Muhammediň nury) mahsus elementlerden ybarat barlyk ýatýar. Adam janyna mähir (rehmet), nur hem-de durulyk mahsusdyr. Ýylylygyň (mähriň), ýagtylygyň hem durulygyň nähili fiziki manylary bar?! «Ýaşaýyş» diýmek şu üçüsiniň bitewüligi dälmi?! Hem-de mundan ruha mahsus bolan nähili alamatlary getirip çykaryp bolar?! Jan hakynda pikir ýöredilende, esasy hem filosofiki taýdan agramly düşünjeleriň biri amanat diýen aňlatmadyr. Arap dilinde nähili many berýändigini bilemok, ýöne türkmen dilinde munuň iki manysy bar – substansional hem alamatlyk manylary bar. Ol janyň özüni-de aňladýar, janyň baş sypatlarynyň birini – onuň wagtlaýynlygyny, karzlygyny-da aňladýar. Şujagaz manylarda türkmeniň ýaşaýyş filosofiýasynyň esasy özeni jemlenipdir. Şeýle dünýägaraýyş hem dünýäni şu hili duýuş Kurandan gaýdýar. Edil Magtymgulynyň «Bu derdi» şygrynyň Kurandan kök alyp gaýdyşy ýaly. Emma Kuran bilen Magtymgulynyň arasynda birgiden filosofiki hem edebi däpler we ýörelgeler ýatyr. Şolar hem şahyryň Kurana düşüniş aýratynlygyny kesgitleýärler. Olardan esasysy sufizmdir. Sufizmiň ruhy hadysa hökmündäki giňligi hem çuňňurlygy, köpöwüşginliligi yslam medeniýetiniň tutuşlygyna giňligine, çuňňurlygyna hem köpöwüşginliligine barabardyr. Emma dagy gujaklamak däl, ony belli bir nukdaýnazardan aňa getirmek, many kesgitlemesini bermek mümkin. Meniň nukdaýnazarymdan – ýaşaýşyň şahsyýetleýin ýüze çykyşy nukdaýnazaryndan, sufizm – munuň özi yslamyň barlygynyň şahsyýet hökmünde göz öňüne getirmesidir. Ilki Muhammediň ruhy şahsyýeti, soňra bolsa beýik welileriň – Hudaýyň dostlarynyň, pirleriň, erenleriň şahsyýeti sufizmiň many aýratynlygyny düzýär. Men Kurany-kerimiň aýatlarynyň düýp manysy hakda kelle döwýärin: näme üçin daglar, derýalar, çöller, asman hem zemin yşgy kabul edip bilmedilerkä? Muny bir Hudaý bilýär. Ýöne çakym çak bolsa, munuň düýp sebäbi şol mahluklaryň şahsyýet däldigindedir, şahsyýet bolup bilmänligindedir. Jany almak, janly bolmak – şahsyýet bolmak diýmekdir. Beýik Magtymguly hatda älemiň döreýşini-de şol yşk bilen baglanyşdyrýar. Yşk – älem ýaşaýşynyň, müňlerçe, ýüzmüňlerçe, millionlarça ýyllap dowam edýän dürli görnüşli ýaşaýşynyň esasynda ýatýar, ýöne şol görnüşleriň dürlüligini yşkyň inkär edilenligi ýa-da ykrar edilenligi kesgitleýär. Pelegiň aýlanyp durmagy, behişdiň arşda, dowzahyň ýeriň teýinde bolmagy – bularyň bary yşgyň işi eken. Diýmek, Älemiň häzirki düzüminiň, barlygynyň özi yşkdan gaýdýar. Yşk – älemiň asly. Şeýlelikde, yşk – Allanyň özüniň hylwaty sypatydyr. Ýaşaýşyň görnüş köpdürlligini Allanyň ýaradan yşkyna älem ýaşaýjylarynyň gatnaşygy deslapdan kesgitläpdir. Ine, Biribaryň beýikligi – ol ýaşaýyş kanunyny ýaradyp, ol kanuny kabul etmegi-etmezligi, ýaşaýjylaryň erkiniň, azatlygynyň, saýlawynyň meselesi hökmünde goýupdyr. Jansyz mahluklar şahsyýet däldigi üçin jansyzdyrlar. Emma Magtymgulynyň pikirini yzarlasaň, onuň meseläni goýşuny yzarlasaň, şahsyýetleriň hem tebigatynyň ontologik manyda deň däldigini aňlap bolýar. Dagdan, derýadan tapawutlylykda gurt-guşlar janly, ýagny olar hem şahsyýet. Ýöne olar diňe fizika şahsyýet. Çünki olar yşga düşmäge, ýaşamaga, nesil öndürmäge ukyply bolsalar-da, munuň manysyny düşündirmäge – ruhy taýdan önüm öndürmäge ukypsyzdyrlar. Adamdan gaýry biologik jandarlaryň güni şahyr dilinde aýdanyňda, aglamak-eňremek. Şol agyda meniň gulagyma olaryň Allanyň yşgynyň pes görnüşinden hyýaly zeýrenç eşidilýär. Emma hakyky dert adamyň boýnundadyr. Türkmeniň şu «boýna almak» söz düzüminiň, megerem, soňky nesiller – biz tarapdan unudylan täsin manysy bar. Ol frazeologizm, frazeologik söz düzümi bolsa emosional hem semantiki manylaryň giden bir gatlagyny öz içinde saklamaga ukyply. Ine, türkmen ruhunyň çuňňurlygyny hem emosional barlygyny özünde saklaýan «Görogly» eposynda şeýle sözlemler bar: «Ady beg soltan aýaly bilen ýakynlyk etdi. Aýalynyň boýnunda hamyla galdy». Ylalaşaýyň, täsin söz utgaşmasy. Ol utgaşyk ýaşaýyş kanunyny, döreýiş kanunyny açýar. Göwresinde däl, boýnunda hamyla galypdyr. «Hamyla» diýmegiň özi göwreli bolmagy aňladýar. Onsoň göw-re, göw-üs, köň-ül, göw-nek ýaly sözleriň hemmesiniň bir kökden gaýdýandygyny, hatda «kök» sözüniňem şolar bilen baglanyşyklydygyny çaklap bolýar. Megerem, asman manysyndaky «gök» sözi-de şundandyr? Göw, gök – munuň özi ýaşaýyş, asyl, döreýiş, sebäp diýmekdir. Munuň özi jan diýmekdir, ýoklukdan barlyga, şahsyýetsizlikden şahsyýete öwrülmek diýmekdir. Diňe adam yşgy akyly bilen aňlamaga ukyply. Yşk – ölüm bilen ömrüň bitewüliginiň, bir zatdygynyň hakykatydyr. Adam doglan zadyň ölmelidigine hem pikirlenme, hem duýgy arkaly göz ýetirýär. Şonuň üçinem ol, haýwandan tapawutlylykda, ruhy şahsyýetdir. Haýwan ölümi diňe janyna howp salnan mahaly duýup bilýär. Fiziki şahsyýet bilen ruhy şahsyýetiň arasynda nähili tapawut bar? Özümçe jogap bermäge synanyşaýyn: duýgy jan hakykatynyň, ýaşaýyş barlygynyň sap ten derejesinde amal bolmagydyr. Haýwanyň göwresi bilen onuň ýaşaýyş barlygy gutarýar. Fiziki şahsyýet – bitewülikden mahrum şahsyýetdir. Haýwan agzy bilen iýýär, aýaklary bilen ýöreýär, penjeleri bilen awuny tutýar. Emma ol muny howaýy aňlap bilenok. Ol özünde aýagynyň, penjesiniň, agzynyň bardygyny «bilenok». Onuň beden agzalary özünden daşgary bir zat däldir. Onuň «meni» ýok, ol pikirlenme bitewüliginden mahrum. Adam ten duýgularyndan ýokary galyp, akyl ýetiriş bitewülige ýeten şahsyýetdir. Ol özüniň elini, aýagyny, kellesini görýär, şol bir wagtda-da ol özüniň «meniniň» bulardan ýokarda bir ýerdedigini görýär. Beden agzalarynyň biologik jeminden adamyň şahsyýeti kemala gelmeýär. Adamyň öz-özünden bölünip aýrylmagy, özüne gapdaldan bakyp bilmegi bu ýerde üýtgeşik bir ýaşaýşyň fenomeniniň bolup geçendigini aňladýar. Munuň özi bakylyga puryja dörändiginiň alamatydyr. Bu – azatlyga çykmakdyr. Emma beýle azatlygyň düýpli gaýgyly manysy bar. Munuň düýp manysy adam şahsyýeti tarapyndan ölümiň barlygyny aňlamakdyr. Ine, şeýdip jandan başlanan biologik ösüş ölümi aňlamak diýen ruhy hadysa bilen bitewileşdi. Ruhy şahsyýet bolmak – tenden azat bolmakdyr, has dogrusy, tenden özüni tapawutlandyrmakdyr, şu tapawudy aňlamakdyr. Emma tenden doly azat bolmak mümkin däl – arada ölüm ýatyr. Ölümden aňyrsyny bolsa ten duýgularynyň, paýhasyň gözüniň görşi ýaly, ynamdar görmek mümkin däl. Onsoň adam hasrata ulaşýar: Gaçdy derýa, adam aldy boýuna, Tört ýüz ýyllap çeke bilmez bu derdi. Şahyryň şu «tört ýüz ýylyny» alym M.Annamuhammedow Magtymgulydan dört ýüz ýyl oň ýaşap geçen Bahaweddin Nagyşbendi bilen baglanyşdyrýar. Illeri bilmedim, ýöne muňa meniň göwnüm-ä hä diýenok. Sebäbimi? Sebäbini ujypsyzja, göräýmäge ähmiýetsizje bir durmuşyň faktynda görýärin. «Tört müň tört ýüz» ýa-da «tört ýüz» matematiki anyklygy däl-de, tükeniksizligi ýa-da takmynanlygy aňladýar. Magtymgulynyň dilinde munuň özi «näçe ýaşasa-da» diýmegi aňladýar. Näçe ýaşasa-da, adama jan süýjüsinden doýma, ölüm ajysyndan gutulma, azat bolma ýokdur. Hawa, biziň şahyrymyzyň şygrynda ozal ulanylan gurluşlar getirilýär. «Magtymgulynyň şu şygyrdaky yşka beren sypatlaryny Rumy gazallarynda ylgama öwrüp beripdir. Emma bu daşky gabyk, daşky faktlaýyn hakykat, «Magtymgulynyň hem yşk konsepsiýasynda şolardan üýtgeşik ideýalara gitmändigine asla delil bolup bilmez. Beýle netije şahyryň gaýtalanmaz ruhy ahwalatynyň janly aýratynlygyny görüp bilmänligine, öňden belli detallaryň içinde şahyry ýitirenligine şaýatlyk edýär. Beýle diýmek bu ýerde «täze ruhy ahwalat hökmünde Magtymguly ýok» diýmekdir. Aslynda-ha Magtymguly behişdi, dowzahy hem gurt-guşy goşup, yşgyň bütinleý täze garaýşyny berýär. Meniň şu wagta çenli eden gürrüňimiň özem tutuşlygyna şol garaýşyň manysyny açmaga edilen synanyşykdyr. Onsoňam taryhy durmuşyň hadysasy bolan ruhy ahwalat meselesinde Rumy, Nowaýy, Jamy bilen Magtymgulynyň arasynda düýpli tapawut bar. Öňküler – Merkezi asyryň dünýäni duýuşy. Magtymguly – täze döwrüň ruhy şahsyýeti. Tapawut nämede? Tapawut Magtymguluda mistikanyň gabyklarynyň sypyrylyp ugrandygynda. Nowaýynyň gahrymany ölümde diriligi görýär, dert çekip ölmegi bagt hasap edýär. Magtymguly bolsa ölümde ölümi görýär, ony eşret däl-de, uly pajyga, hasrat hökmünde kabul edýär. Yşk ölüme akyl ýetirmäge kömek edýär, emma ölüme akyl ýetirmek asla-da ölümiň eşrete öwrülýändigini ýa-da onuň öz-özünden aradan aýrylýandygyny aňlatmaýar. Meniňçe, bu ýerde öz-özüňi aldamagyň bir usuly, ruhy gözbaşçylygyň bir täri bolan düşünje ýok. Magtymguly ölümiň gutulgysyzlygyny ykrar edýär, bu gutulgysyzlygyň adam kalbyna ummasyz hasratyň salýanlygyny-da inkär edenok. Konsepsiýa – esasy garaýyş, baş ideýa, baş maksat – pikirdir, garaýşyň bitewüligini emele getirýän prinsipdir. Onda çeper eserde ýüze çykýan garaýşy doly aýdyňlaşdyrmak üçin eseri dolulygyna öwrenmek, döredijilikde aýdyň bolýan garaýşy doly göz öňüne getirmek üçin bolsa döredijiligi doly we hemmetaraplaýyn öwrenmek gerek. Magtymgulynyň yşk garaýşy filosofiki pikir hökmünde gürrüňsiz onuň ölüm, pelek, wagt, dünýä baradaky goşgulary bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçinem soňkulary ele almazdan, bu meselä degip hem oturmaly däldir. Ol ölüm bilen ömrüň dialektiki baglanyşygyna ýeten şahyrdyr. Alym A.Bekmyradow Magtymgulynyň çeperçilik garaýşyna degişli ajaýyp bir açyş etdi. Wah, iliň edenini sözüň çyn manysynda görüp bilmezlik etmeli däl, görmediksirän bolmaly däl! Şol açyşyň düýp manysy şuňa syrygýar: Magtymgulynyň eserlerinde esasy aýdyljak bolunýan pikir soňky bentde beýan edilýär. Ine, şahyryň «Bu derdi»: Magtymguly, çekseň derdi-dügünden, Asy bolup, şikat etme bu günden. Bu ölmek – aýrylmak galypdyr öňden, Peder bize miras goýmuş bu derdi. Sen ölüm – aýralyk derdini çekseňem, närazylyk bildirip, aglap-eňräp, närazy bolma – günä gazanma. Şikat etme bu günden – bu ýerde «gün» aňlatmasy adam ýaşaýşynyň filosofiki aňladylmasydyr. «Gün» sözüniň türkmen dilinde ýaşaýyş manysy bar. «Gün görmek», «Gün berenok» ýa-da «Gün – güýçliniňki, gowurga – dişliniňki». Adam öz ölüm bilen gutarýan ýaşaýşyny, ömrüni öz boýnuna aldy. Bu fiziki kanunalaýyklygy özi boýun aldy. Çünki adamzadyň pederi – Adam atanyň özi şeýtanyň alyna gidip, Paýhas agajyndan datmadymy näme? Ölümiň barlygyna şeýdip akyl ýetirmedimi näme?! Şonuň üçin hemmeler muňa boýun alyk bolmalydyr. Ine, şahyryň yşk garaýşynyň şu bentde çykýan manysy şeýledir. Munuň özi islendik adamyň durmuşyna degişli hadysa hem pikir dälmi näme?! Bu taýda hiç hili hyýaly ýokundy ýok, bu taýda janly durmuşyň filosofiki umumylaşdyrmasy bar. Alym Ahmet Bekmyradow öz ylmy makalalarynda Magtymgulynyň döredijiligindäki şeýle düýpli aýratynlyklary örän ynandyryjykly beýan edipdi. Yşk – döredijilik. Magtymgulynyň yşk pelsepesi çuňňur, düýpli hem howalaly. Şahyryň bu pelsepesi türkmen ruhunda uly hadysa boldy. Ol türkmene ylahy yşgyň manysyny ýetirdi hem türkmen ruhuny ylahy yşkyň derejesine çenli göterdi. Ylahy yşk – bu, ilkinji nobatda, Hudaýyň barlygy hem döredijidigi bilen baglanyşykly yşkdyr. Şol yşga dahylly bolup bilen ynsan hem bakylykdan paý alýar. Diýmek, ylahy yşk – diňe bir üýtgeşik obýektli söýgini aňladýan yşk däldir. Ol ilkinji nobatda hem ahyrky netijede şu söýgüde ruhyň hem ruhlulygyň derejesini we ornuny göz öňünde tutýar. Şu uly hem esasy aýratynlygy gözden salmaly däl. Çünki söýgüde ruhuň şu derejesi hatda esasy obýektiň Hudaýdan özgerip, özge zatlar bolan halatynda hem saklanyp bilýär. Ylahy yşk – baky diriligiň yşgynda bolmakdyr. Şahyryň «Duman peýda» goşgusynda adam ömrüniň yşky manysy, dünýä yşky bilen ylahy yşkyň arasyndaky düýpli tapawut açylyp görkezilýär. Ilki bir zady bellemelidiris: Magtymguly – ruhuň hem diliň çuňňur we köpmanyly, köpöwüşginli hem çylşyrymly hadysasydyr. Şonuň üçin munda «yşk» aňlatmasy-da dürli-dürli manylary berýär. Ýöne şolaryň hemmesiniň aňyrsynda bir many – hyjuwlylyk, hyruçlylyk manysy ýatýar. Meselem: Müň yşk bile maly-dünýä ýygar sen. Şu setirde «yşk» sözüniň hyjuwlylyk, höweslilik manysyny berýänligi görnüp dur. Emma aýratyn, alnan sözüň manysyndan tapawutlylykda, hadysanyň manysy diňe şol hadysa doly amal bolandan soň kesgitlenýär. Edil adam ömrüniň manysy-da şonuň ýalydyr. Bir akyldar: «Entek adam ömri paýawlanmanka, onuň bagtly ýa bagtsyzdygy barada netije çykarmak ýalňyşlyk bolar» diýipdir. Diýmek, ähli zatlaryň düýp manysy onuň ahyrynda, amalynda kesgitlenýär, aýan bolýar. Şonuň üçin bolsa gerek, Türkmen: «Öňüm gelenden soňum gelsin» diýýär. Magtymguly hem zatlaryň, hem hadysalaryň manysyny kesgitlemekde ahyrky netije prinsipinden ugur alýar. Hyjuwlylyk – döredijilikdir. Onda mal ýygnaýan adam dörediji-dä? Elbetde, ýöne ol, Magtymgulynyň garaýşyça, özi baky ölümini döretmek bilen meşgullanýar. Ol wagtyň elindäki serişdä öwrülýär. Hyjuw bolmasa, yşk bolmasa, hatda adam ömri hem mümkin däl: Yşk eser etmese, ýanmaz çyraglar. Yşk bilen açylan bir täze gül sen. Bir gün ataň yşk etdi, Sulbundan joşa ýetdiň. Çünki yşk – janyň esasy atributy. Yşk hem yşklylyk diri zat bilen öli zadyň, ölülik bile diriligiň arasyndaky baş tapawudydyr: Köňül joşa gelmez, til hem sözlemez, Her ýürekde yşkdan köz hem bolmasa. Şahyryň bu pikiriniň üsti bilen adamzadyň ähli maddy hem ruhy döredijiliginiň düýp manysyny açyp bolýar. Ýaşaýşyň özi yşkyň netijesi hem amal bolmasydyr. Yşka ukyplylykda adamlar Allanyň özüne ýakynlaşýar. Hut söýgi adamyň ruhy derejesi we mazmuny boýunça Alla bilen bitewi bir sypatlara eýe bolýandygynyň güwäsidir. Emma muňa gödek hem fiziki manyda düşünmeli däl. Ten yşgynyň betnyşanlygy onuň ölümli närselere ymtylýandygyndadyr. Adam şahsyýeti üçin munuň peýany ýok. Täze bir adamyň ýa bolmasa haýwanyň dogulmagyna getirýän ten yşky-da aňyrsyna seredip otursaň, ruhy manydan mahrumdyr. Çünki bu ýerde ruhuň däl-de, kör tebigatyň hyjuwy aýan bolýar. Tebigy ýaşaýşy dogurmak şol bir wagtda fiziki ölümi-de amal etmekdir. Çünki şeýdip ömür bilen bilelikde ölümiň-de dowamaty gazanylýar. «Duman peýda» şygrynda adamyň bu dünýädäki ömri pasly-bahara meňzedilýär. Nowruz bu ýerde tymsaldyr. Şahyr nowruzda älemiň jana gelşini, dürli jandarlaryň, gurt-guşlaryň herekete gelip, ýaşaýyş hyjuwyny ýüze çykaryşlaryny ussatlyk bilen beýan edýär. Dünýä gözelleşýär, dünýä reňk açýar, dünýä durşuna owaz hem hereket, aýdym-saz bolup dur. Adam dünýä ýaşaýşyna berlip, soňuny pähim etmezden, ömür sürüp ýörkä, onuň ömri-de edil şol nowruzy ýada salýar. Nowruz – dünýä hyjuwynyň bir salymda ýüze çykmagy. Beýle hyjuw özüniň ähli hakykatlygynda şahyra, birhili, şübheli görünýär. Çünki paýhas oňa ýaşaýyş entek dowam edýärkä, onuň lezzeti bardyr, emma many bilen lezzetiň arasynda tapawut kändir diýýär. Many – hakykatdyr. Hakykat bolsa nowruzyň gutarjaklygynda, seniňem öljekligiňdedir. Emma ten hakykaty bilen bu paýhas hakykatynyň hersiniň öz «mamlalygy» bar. Ten hakykaty – lezzetde. Paýhas hakykaty – manyda. Ömrüň manysy – hakyň yşgyny tapmak hem-de hemişelik hakyň yşgynda bolmak. Munuň özi adam şahsyýetiniň kämilligini kesgitleýär. Adam ömri şahyryň şygyrlarynda iki hili görnüşe bölünýär – yşgy ömür hem-de yşksyz ömür. Birinjisi manylylyk bilen, ikinjisi bimanylyk bilen häsiýetlenýär. Manyly ömür – açyk ömür, çünki onuň soňy bakylyga sapylýar, bimany ömür bilen tamam bolýar. Emma bakylyga lezzetiň üznüksizligi, hemişelikligi diýip düşünmeli däl. Munuň özi bakylyga nädogry, mukdar düşünilişi bolar. Bakylyk – ten barlygyndan dynyp, sap ruhy barlyga geçmekdir: Eýlegeý arasatda gül kibi iman peýda. Iman – ölümiň gapma-garşylygy. Iman – ahlak azatlygy. Iman – ölümden soňky şahsy dirilik manysynda düşündirilýär. Hindileriň bu baradaky ynançlaryny gysgaça gürrüň bereýin: janly bedenleriň ösüş ýoly adama ýetip, tamam bolýar. Adamda ruhy ewolýusiýa başlanýar. Adam tene mahsus ähli höweslerden hem sypatlardan halas bolup bilse, onuň teniniň içinde daş sypaty boýunça edil şol tene meňzeş ruhy şahs döreýär. Haçan-da ten ölende, ol şahs – sap ruhy, emma adam şekilindäki şahs bakylyk dünýäsine uçup gidýär. Şol şahs – imandyr. Adam ömrüniň nowruzy düýşe meňzeýär. Aslynda ähli geçmişiň düýse meňzemek häsiýeti bar. Geçmiş – düýş, geljek – hyýal. Ýaşaýşyň düýşdügi baradaky syzgy adamda agyr ukudan soň peýda bolýar. Göz öňüne getirip görüň, siz ukudan oýandyňyz, emma entek doly aýňalaňzok. Göz ýalpa açylandan, entek siz dünýä gaýdyp geleňzok, birdenem akyl oýanýar-da, bary-ýogy birnäçe salymyň içinde ukudaky zatlar hakyda gelýär. Sizi, birhili, geň duýgy gurşap alýar, bolan wakalar edil düýş ýaly bolup, düşnüksiz, syrly täsirliligini özünde saklaýar. Ölüm mütdeti gelende, ömür hem şeýle düýşe öwrülýärmikä?! «Düýş – beýniniň haýsydyr bir sebäbe görä uklaman galan öýjükleriniň birden oýanmagy» diýýärler. Onda ömür hem kaza dolandan soň, uklaman galan jan öýjüklerimikä?! Nowruz, elbetde, tymsal. Emma Magtymgulynyň tebigata diňe tymsal däl, eýsem Hak yşgynyň hakyky ýüze çykmasy hökmünde garandygyny aýtmak isleýärin. Tebigatyň, janly-jandarlaryň, adamlaryň diriliginiň aňyrsynda Allanyň yşgy ýatýar. Ol ähli diriligiň gözbaşy. Bu diňe bir bakylyk manysyndaky ruhy dirilige degişli däldir. Hatda Wagt hem Allanyň yşgynyň netijesi, onuň ýaradan zadydyr. Wagt bolsa dowamatyň üznüksizligi, ýagny ömür bilen ölümiň gezekleşigidir. «Ýagmyr ýagdyr, Soltanym» goşgusy bilen baglanyşykly Magtymgulynyň döredijiliginiň durmuşa gatnaşygy babatda bir aýratynlygy bellemekçi bolýaryn. Şahyr öz filosofiýasyny adaty hem janly durmuşdan alnan wakalaryň, hadysalaryň, zatlaryň üsti bilen berýär. Bu ýaşaýşy düýp many bilen hadysanyň bitewüliginde görkezmekdir. Şeýle aýratynlyk şahyrana pikire agraslylygy, düýpsüzligi, beýleki tarapdan bolsa, janlylygy, täsirliligi berýär. Şeýle halatda pelsepe durmuşyň tüýs anyk faktoryna, durmuş bolsa çuňňur pelsepewi hadysa öwrülýär. Edebiýata bolan garaýyşlarda «näme üçindir» döredijiligiň şu iki taraply bitewüliginiň belli bir tarapyna güýçli üns berilýär-de, beýleki bir tarapy ýatdan çykýar. Aýdaly, Magtymgulynyň döredijiligi hakynda: öňler-ä bu şygryny diňe durmuşyň erkin ýüze çykmasy, şahyrana pikiriň hem diliň halky hadysasy hökmünde görkezjek boldular, indem ony diňe düýp many, durmuşyň içki, astky gatlagyndaky jady, paýhasyň naýbaşysy diýip kesgitlejek bolýarlar. Hakykatyň altyn ortalykda – düýp many bilen hadysanyň bitewüliginde ýatmagy ähtimal. «Ýagmyr ýagdyr, Soltanym» türkmen durmuşynda geçmişde giň ýaýran dessur bilen baglanyşykly ýazylypdyr. Baryp gadymy oguz zamanlarynda-da türkmenlerde «süýt hatyn» adyny alan, özem çamançylyk-otparazlyk ynançlary bilen bagly täsin dessur bolupdyr. Häzirki döwürde bu diňe käbir ýerlerde çaga oýny hökmünde duş gelýär. Bu dessur berjaý edilende, adamlar düze çykyp, ýygnanyşyp, Hudaýdan ýagyş ýagdyrmagyny diläp ugraýarlar. Türkmenistanyň ygala garyp hem jöwzaly, gurak howa şertlerini göz öňünde tutanyňda, bu dessuryň durmuşy sebäpleridir gelip çykyşy düşnükli bolýar. Ýöne halkyň dessurynyň gelip çykyşy we manysy-da diňe bir tebigy şertler bilen baglanyşykly däldir. Bu ýerde halkyň ynanjy hem ýaşaýyş filosofiýasy ýatyr. Süýthatyn – ýagyş ýaganda, sanajyny kakýan Garry mama türkmenleriň gadymy mifologik garaýyşlarynyň galyndylarydyr. Bu ýerde nähili ynanç hem pelsepe bar? Munda adamyň, halkyň ykbaly asmanda kesgitlenýär, «ýaşaýşyň jany hem gönezligi, çeşmesi gökde» diýen ynançly pelsepe bar. Soňky asyrlarda türkmeniň aňy-da, onuň dessurlary-da mazaly yslamlaşypdyr. Ine, Magtymguluda «süýt hatyn» ýok, ýöne şahyryň şahyrana ýüreginiň dowamatyna hem duýgurlygyna, halkyň öňki ynançlarydyr dessuryna mähremligine serediň! «Süýt hatyn» bilen «soltanymy» deňeşdirip görüň, bu ikisi tas kapyýadaş sözler, «ysdaş», owazdaş hem ykbaldaş sözler. Geçmişiň dünýäni duýşuny kalbyňa şeýdip siňdiräýseň, geçmiş ýitende-de, şeýdip ýitäýse, düýşe öwrülende-de şeýdip düýşe öwrüläýse! Bu asla «ýitme» hem däldir, bu ýyllaryň her biriniň agajyň sütünindäki bir aýlawa öwrülmegi ýaly bir zatdyr. Şu şygryň terliginiň hem gözelliginiň diňe bir durmuşy däl, eýsem içki esasy hem bardyr: hut şunda Magtymgulynyň Alla bolan garaýşy, baş pelsepesi joşgunly hem bahar gülleriniň dürterip çykyşy ýaly tebigy suratda ýüze çykypdyr: Alla älemleri döredijidir hem olaryň eýesidir, bütin barlyk ummany onuň adam elinden gelmejek ussatlygynyň nyşanydyr. «Seniň dek Kadyrdan dileg dilärin» – sebäbi «Kadyr» – gudratly, güýçli hem gurply diýmekdir. Mynajatyň – dilegiň ähli täsirini, şahyrana hem filosofiki pikiriň dartgynlylygyny gazanmakda mynajatyň öz dilegçilik kadasy bar: Dileg bile ýüz tutulýan obýekt – Alla-ha juda-juda beýgelmeli, ulalmaly, dileg edýän bolsa juda-juda kiçelmeli. Şeýdip bu ikisiniň arasyndaky uzaklyk Ýer bilen Ülker ýyldyzynyň arasyndaky alyslyga barabar bolýar, ikisiniň arasyndaky deňsizlik Ýer bile Gögüň arasyndaky deňsizlige deň bolýar. Şeýle alyslyk kalbyňa zemini däl heserlenme, şeýle deňsizlik bolsa maýyllyk hem saýyllyk duýgularyny salýar. Şeýle ruhy perişanlykdan eseriň estetiki owadanlygy hasyl bolýar. Ýagmyr – dadyňa ýetişiji suw (boran), ekiniň ýoldaşy, ýeriň ýarany, Allanyň nury. Eseriň gurluşynda, şahyryň çeper aňynda baş gözellik usulyň epitetdiginiň çuňňur filosofiki manysy bar. Yslam Allanyň mazmuny hakynda pikirlenende, onuň Dünýä bilen arabaglanyşygyny göz öňüne getirende, Allanyň sypatlaryna aýratyn üns berýär. Hatda Merkezi asyrlarda «az-zat – as-sifat» – Hudaýyň zady hem sypatlary meselesi hem bolupdyr. Allanyň sypatlary – wagtyň aňyrsyndaky Älem bilen wagtyň içindäki Dünýäniň arasyndaky geçelgedir. Allanyň sypatlary – bakylygyň birdemlik, çola, emma göz gamaşdyryjy suratda birden görnüp gitmesidir. Haly harap bu Dünýä Hakyň şol pursatlyk jilwesi gerek. Çünki jöwzadan ýaňa ýaşaýşyň eňki gidip, aňkasy aşypdyr, petişlikden ýaňa tot-tozan, kirşen ýeriň arkasyna gatbar-gatbar ýazylypdyr, jahan ölüm ýassygynda ýatanyň demligi kimin daralypdyr. Magtymgulynyň bu teşnelikden ýaňa ölä dönen zeminiň halyny beýan edişiniň täsirliligi tas jadyly sözüň güýjüne deňeçer bolýar. «Jadyly» sözüňem güýji onda owadanlyk bilen manynyň akylyňa gelmejek tärler bile utgaşýanlygynda bolsa gerek. Zemin öli, jansyz. Ony jana getirmek üçin ýeke zat – Allanyň nury gerek. Şu «nur» bilen baglanyşykly türkmen dilinde ýüze çykan täsin many öwrülişigi bar. Aslynda nur – ot, ýalkym, şöhle bolmaly. Dilimizde onuň şu manysy-da bar. Meselem, Günüň nury ýa-da köpmanylylyk netijesinde «ýüzüň nury» diýlibem aýdylýar. Emma nur sözüniň yşyga, ýalkyma öz tebigy häsiýeti, mazmuny boýunça bütinleý gapma-garşy bolan suwy, suwuklygy ýa gary aňlatmagy täsindir. Meniňçe, bu türkmen gözelliginiň, hatda, belki-de, filosofiki aňynyň düýpli hadysasydyr! Megerem, şeýle aýratynlyk mifologiki aňymyzdan gelýändir? Suw – gadymy ata-babalarymyz üçin ylahyň bir ýüze çykyşy, sypaty bolan bolaýmasyn?! Suwa türkmeniň garaýşy üýtgeşik. Hatda ýigriminji asyrda Gurbannazar şahyrda çyg basan gülüň, üsti damjaly gülüň hem otuň gözellik formulasy derejesine göterilendigini, Nobatguly şahyrda bolsa suwuň hem garyň tutuş şahyrlyk dünýäsini kemala getiriji prinsipdigini aýtmak gerek. Ýagmyr – Allanyň yşky. Magtymguly, yşkyň eýlär erada, Yşkyňny kemal et, goýma arada. Ýetirgin maksada, magşar-myrada, Rehm eýleýip, ýagmyr ýagdyr, Soltanym! Birinji setiriň görkezişi ýaly, şahyr howa garalyp ugran pursaty şygryny ýazyp başlan bolmaly. Ýagmyr – Hudaýyň yşgy, muňa, näme, Allanyň «tohumy» diýip düşünmelimi? Beýle göz öňüne getirme, ýagny ahyrky netijede, dünýä bilen Allanyň bitewüligini, Allanyň «dogurýanlygyny» ýa «dogurmaýandygyny» tassyklamak uly günä ahyryn?! Onda muňa simwoliki manyda düşünmeli-dä?! Megerem, şeýledir. Ýöne, göwnüme bolmasa, şu metaforanyň düýp manysy edil «süýt hatynyň» özi ýaly, şamançylyk garaýyşlardan kök alyp gaýdýan ýaly bolup dur. Näme bolanda-da yşk – döredijilikdir. Elbetde, ylahy yşk manysy şeýledir. Şeýle döredijilik ylhamy, güýji Allanyň özüne-de, adama-da mahsusdyr. Emma yşk – zemini manyda tebigatyň stihiýasy hem bolup biler. Şonda ol kör hyjuwlaryň, akylsyz hem däli duýgularyň simwolyna öwrülýär. Ýöne şol halatda-da ol döredijilik, emma ruh däl, maddanyň hatyrasyna döredijilikdir. Yşk – köňlüň pelesaňy. Beýik filosof N. Berdýaýewiň bir pikiri diňe bir Magtymgulynyň döredijiliginde däl, tutuş nusgawyamyzda, özem diňe bir edebiýat nusgawyamyzda däl-de, ähli nusgawyy medeniýetimizde yşk pelsepesiniň manysyna düşünmäge oňat kömek edermikä diýýärin. Ol şeýle diýýär: «Žizn – strast, ohlaždeniýe strasti daýet obydennost». Şu ajaýyp pikiri türkmen diline geçirmän berýänligimiň dürli sebäpleri bar. Muny, aýdaly, şu görnüşde bermek mümkin: «Ýaşaýyş – yşk, yşkyň köşeşmeginden adatylyk emele gelýär». Emma rus dilindäki «žizn» sözi özüniň aňladýan manylary boýunça kä «ýaşaýyş» bolýar, kä «ömür» bolýar, käte bolsa «jan» bolýar. Kämahal bolsa şol bir wagtda bularyň haýsysyny aýryp, haýsyny onuň ýerinde bijebaşy goýmaly – biler ýaly däl, çünki şol birbada hemmesinem aňladýan ýaly bolup dur. «Strast» babatda-da edil şonuň ýaly. Ol, bir görseň, «hyjuw», «hyruç» ýaly, bir görseň «yşgyň» özi ýaly. Garaz, şu tykyramalarymdanam, filosofyň pikiriniň özenini okyjy pikir arkaly doly göz öňüne getirmese-de, ony duýarlykly-ha bolandyr. Ine, onsoň nusgawyy medeniýetimizde yşk ýaşaýyş hyjuwynyň, hyrujynyň iň ýokary derejedäki dartgynlylygyny aňladýan düşünje hökmünde ýaşaýar. Bu «ýaşaýyş» diýilýän fenomeniň onuň ähli formalaryndaky goýazylygy, onuň çürbaşy. Bu ýaşaýşyň hem janyň «men» diýen, şahsyýetlige ýeten wagty, şonda güýji dyňzap, gaýraty möwç urýar. Köne şahyrlaryň, asyl, häzirki şahyrlaryňam yşga düşen kalp babatda «deňiz» obrazyny ulanmaklary şol hadysanyň näderejede joşgunlydygyny, möwçlüdigini görkezýärmikä diýýärin. Yşgyň gyzgalaňy tüýs gyzan bazary ýada salýar. Beden hem ruhy güýji gaýdyp, yşgy ýatan adamyň ahwalaty sowulan bazary ýada salýar. «Yşk, yşga düşmek» diýlen bu täsin ahwalaty nusgawylar däli ineriň mes bolmagyna meňzedipdirler. Gözlerini gyzardyp, burnuny parladyp, agzyndan ak köpükler saçýan, ýaşaýyş güýji içine sygman, ak maýanyň gözleginde iki baka çarp urýan, aýaklaryny ýere urup, ýeri sarsdyrýan bu däli iner adam kalbynyň joşgunynyň janly suratydyr. Munuň özi adamyň söýmek hem döretmek mütdetiniň gelendigini aňladýar. Ömür diýilýän fiziologik hem ruhy dartgynlylyga gapdalyndan syn edip: «Bu, dogrudanam, yşk ahyryn!» diýeniňi duýman galýarsyň. Ömür – ýaşaýşyň içindäki şahsyýetleýin ýaşaýyşdyr, yşk bolsa ömrüň içindäki ömürdir. Hut yşkda adam ömri özüniň many dykyzlygyna ýetýär, yşk sowlandan soň, gugaryp başlanýar: soň adam ýöne ýaşamak üçin ýaşaýar diýen ýaly. Şonuň üçinem iň manyly ömür – tutuşlygyna yşga barabar ömürdir. Men nusgawylarymyzyň yşk baradaky goşgularyny şeýle hyjuwlylygy özünde saklaýandygy üçin gowy görýärin. Gadam goýsam sähralara, çöllere, Köňül gaýnar, söz joş eder tillere, Iller saňa haýran, sen hem illere, Ýa aklyň aldyryp, çaşa düşüp sen. Bu ýerde derwüşçilik ruhy bar. Söýgi – duýgy täsirlenmesi. Adamyň ýaşaýşyň, özüni gurşap alan tebigatyň zatlarynyň hem hadysalarynyň gözelliginden ýaňa ýüregi jigläp gidýär. Onuň kalby örtenýär, jowranýar. Ümmülmez barlykdaky birje nokatjyk bolan adam kalbyna heserlenme düşýär. Ol elewreýär, özüne ýer tapanok. Ol öz ýaşaýan sredasyny – sosiumyny agyr hossa hökmünde duýup başlaýar. Onuň ümdüzine tutdurasy, uç-gyraksyz giňişlige çykasy gelýär. Hut şol ýerde ol öz «menini» tapýar. Endige, bimanylyga öwrülen durmuşdan aýra düşmek, aýrylmak hem ýalňyzlykda bolmak kalbynyň jümmüşindäki duýgularyň birden dömmegine getirýär. Aýralygyň hem ýalňyzlygyň çuňňur manysy bar. Bu sosiumdan daşlaşyp, tebigata siňmegi aňladýar. Adamlardan aýra düşýärsiň, adam hökmünde ýalňyz galýarsyň. Adamlar bilen däl, gurt-guşlar, agaçlar, dag-daşlar, çöp-çalamlar bilen ysnyşýarsyň, aragatnaşyga girýärsiň. Munuň özi sosiumdan düýpgöter tapawutlanýan durmuşy bitewüligi kemala getirýär. Şunuň netijesinde bolsa kalbyň täze üýtgeşikliklere hem sypatlara – metamorfozalara eýe bolýar. Bu bolsa täze ruhy döredijilige ýol açýar. Biziň döwrümiziň adamy derwüş köňlüniň şu hili inçeliklerine gaty gödeňsi düşünýär. Edil yşga düşen jahylyň bolşunyň sandan galan garrynyň gözüne birgeňsi görnüşi ýaly, ol heserlenmeler bize birhili bimanylyk bolup görünýär. Bu yşga düşmeg-ä beýlede dursun, oňa düşünerdenem biz has dünýeçil hem aladaçyl adamlardyrys. Biziň ruhumyzyň tebigaty başga, ol zatçyllyga hem bähbitçillige ýugrulan. Biziň köpimiz hatda jahylkagam il deňinde hem il gözüne gyzyň yşgyna düşen bolýas. Biz bary-ýogy durmuş gurmak üçin, çaga öndürmek üçin söýüşýäris. Emma munuň düýpsüz hem ägirt uly ruhy hadysa hökmündäki söýgi bilen, yşk bilen hiç hili dahylynyň ýokdugyny, munuň bary-ýogy tebigatyň we jemgyýetiň kör endikleriniň we kadalarynyň berjaý edilmesidigini görmeýäris. Söýgi bolsa «ilkinji nobatda» endikleriň hem kadalaryň demir diwaryny böwüsmek ahyryn. Aýralygyň hem ýalňyzlygyň döredijilik manysy bar. Ýöne biziň başgaça dünýäni duýuşly döwrümizde döredijilik üçin ruhy-psihologik manyly aýralygyň hem ýalňyzlygyň baş şertdigini aýtmalydyrys. Sungat hem şygryýet, ylym hem filosofiýa şol gadymy derwüşleriň ruhy dünýälerinden bize ýeten mirasdyr. Öz ruhunyň jümmüşine Mejnun bolup tebigata giden köňül başga bir ruhy şahsyýet bolup, jemgyýete gaýdyp gelýär. Çünki ol jemgyýetden has çuňňur we has giň tebigy birligiň bardygyna göz ýetirdi. Ol barlyk – yşgyň hakyky mekany, yşk meýdanydyr. Şahsyýetiň täze sypaty – yşk indi onuň üçin möwsümleýin, pasyllaýyn däl-de, ömürlik işdir. Meniňçe, beýik sopular Baýezid Bistaminiň «fana» (panylyk) hem-de Jüneýdiň «baka» (bakylyk) taglymatlaryna-da şu nukdaýnazardan seretmeli. Fana – adamyň endiklige öwrülen «menini» ýok etmegi, baka bolsa onuň täze bir «meni» edinmegidir. Baka – barlygyň bakylyk jähedine göz ýetirmek we muny öz ruhuna siňdirmekdir. Täze ruhy şahsyýet öz yşgyny durmuşa jan beriji, ony janlandyryjy serişde hökmünde garaýar. Yşk göwnüçökgünlige, lellimlige, tukatlyga, gaýgyçyllyga, bikärlige zarba bolup urulýar. Şu ters supatlaryň hemmesi nusgawyy edebiýatymyzda bir düşünje – häsiýetnama – «namartlyk» sözi bilen berilýär. Mertlik bolsa yşgylykdyr hem hemişe we her pursatda yşkda bolmakdyr. Yşk – köz, gujurlylyk çeşmesi bolup, bütin barlygy, şol sanda adamy-da herekete getirýär. Yşk ahyrsoňunda hatda jemgyýetçilik, ahlak we syýasy güýje öwrülýär. Aslynda bu jähetleriň bary yşgyň metamorfozalarydyr. Yşgyň özi bolsa ýaşaýşyň ählumumy kanuny hem ählumumy kategoriýasydyr. Kanun – zatlaryň hem hadysalaryň arasyndaky düýpli baglanyşyklaryň, özara täsirleriň, geçişleriň görnüşi we usulydyr. Kategoriýa bolsa şolaryň bir çuňňur düşünjede goýazylaşmagydyr. Bir söz bilen aýdylanda, yşk – munuň özi ýaşaýyşdyr, esasy barlykdyr. Men edebiýat barada, edebiýatyň durmuş bilen arabaglanyşygy, edebiýatyň durmuşa ukyplylygy, ýagny, onuň durmuşa täsir edip biliş ukyby hakynda pikirlenmäge çalyşýaryn. Sebäbi biziň döwrümiziň ýazyjysynyň edebi sowady gaty kämil bolmaly hasap edýärin. Çünki «edebiýaty aňly-başly, içgin bilmek» diýmek meniň üçin «özge ýazyjylary bilmek» diýmekdir. Özgeleri bilmek bolsa öz döredijiligine, öz çeperçilik gözlegleriňe özgeleriň nazarýetinden seretmäge mümkinçilik berýär. Meniň pikirimçe, türkmen edebiýatyny ýakyndan, içgin, ýagny, içinden bilmek bolsa ýazyjynyň diňe bir edebi däl, eýsem umumy dünýägaraýşynyňam derejesini kesgitleýär. Sebäp diýeniňde, türkmen söz sungatyny ýokary ylmy derejede bilmek tutuş türkmen ruhunyň tebigatyna hem mazmunyna beletlige getirýär. Çünki türkmen ruhy iň bolmanda özüniň soňky birnäçe asyrlyk ösüşinde esasan iki sungatda – şygryýetde we sazda özüniň gaýtalanmaz özboluşlylygyny hem özbaşdaklygyny ýüze çykaryp bildi. Hut şygryýetde hem sazda türkmeniň adam hem dünýä baradaky filosofiýasy mälim boldy. Hut şolar arkaly biziň milli ruhumyz öz milli formalaryny beýan etdi. «Forma» diýmek bolsa mazmunyň taryhy taýdan ösüşi ahyryn. Milli filosofiýa – milli ruhuň kämilliginiň iň esasy, çyn görkezijisidir. Milli ruh babatdaky kämillik – milli ruhuň özgeleriňkä meňzemeýän mazmuny edinip bilerlik, dünýäniň özgeleriňkä meňzeş däl manysyny äşgär edip bilerlik derejä ýetmegidir. Ruhuň ösüşiniň şeýle derejesinde milli filosofiýa kemala gelýär. «Filosofiýa» diýmek bolsa, lödere diýmek ahyryn, many löderesi. Lödere – miwäniň ýa ýagyň suwy sykylandan soň galýan ähli güýji, energiýasy. Diýmek, ruhuň tebigaty, barlygy babatynda aýdylanda, lödere – düýp many, maňyzdyr. «Filosofiýa» diýen aňlatmanyň iň esasy janly, ýagny, «aňyň hem diliň stihiýasyndaky çyn manysy, düýp many» diýmekdir. Türkmen şygryýeti arkaly, türkmen şygryýetiniň dili bilen biziň ruhumyz özüniň içki ruhy jebirleri netijesinde gazanan düýp manylaryny – ömür, ölüm, ýaşaýyş, dünýä baradaky filosofiýasyny aýan etdi. Şolary aňlamak arkaly-da ruhumyzyň gaýtalanmaz tebigatyna aralaşyp bolar. XX asyr türkmen şygryýetiniň filosofiki kämilligini G.Ezizow öz döredijilik şahsyýetinde ilkinji bolup jemläpdi. Şahyryň poeziýasynda türkmen şygryýeti özüniň estetiki ösüşiniň çürbaşyna ýetdi. Beýle diýmek bilen biz gaty uly zady göz öňüne tutýarys. Estetika – filosofiki aňlatma. Estetika ýöne bir ylym däl-de, taglymatdyr. Bu ikisiniň aratapawudy şunda ýüze çykýar – ylym ruhuň hususy hadysasy, taglymat bolsa düýpli hem umumy hadysasydyr. Şahyryň döredijiligi edebi ösüşiň çägindäki hususy bir hadysa däldir, ol türkmen ruhunyň umumy ösüşiniň düýpli aýratynlyklaryny özünde jemleýän, şol ruhuň esasy ugurlarynyň biri bolan sungatyň durmuş bilen dahyllylykdaky ösüşiniň hadysasydyr. Şu ýerde olaryň arasynda ençeme dostlarymyň bardygyna garamazdan, meniň edebiýatçylara iki hasapdan igenesim gelýär. Birinjiden, biziň edebiýat ylmymyz öz derejesi boýunça juda pesliginde galýar, ol edebiýaty ruhuň, bolmanda, sungatyň hadysasy hökmündäki tebigatyny açmaga, ýagny, onuň göze görünmeýän baglanyşyklaryny ýüze çykarmagyň deregine, islendik adama görnüp duran «wakalaryny» ýöne tekrarlamak, ýönekeý okyjynyň gözýetimindäki zatlary, näme üçindir, guraksy hem agramsyz ylmy sözlemler arkaly tekrarlamak bilen oňňut edýärler. Ikinjiden bolsa, olar köne möwrit lenji çykan ylmy düşünjeler, aňlatmalar bilen derňew geçirjek bolýarlar. Emma «bar oýun» görnüp duran zatlarda däl-de, gözýetimiň çäklerinden aňyrda bolup geçýän zatlarda ahyryn. Ylmyň esasy wezipesi – beýan etmek däl-de, açyş etmekdir. Edebiýat – janly zat. Ylma-da onuň janlylygyna zeper ýetirmeýän, gaýta, hut şony hasaba alyp, şol janlylygy aýan etmekdenem beter, onuň nähililik bilen kemala gelşini düşündirip bilýän serişdeler gerek ahyryn. Galyberse-de, aýdaly, G.Ezizow ýaly ruhuň hususy bir ugrunyň çäginden çykyp, umumyruhy hadysa öwrülýän şahsyýetleriň çuňňurlygy babatda termin däl-de, kategoriýa ulanmak zerurdyr. Gepiň gerdişine görä aýdaýyn, termin – ylmyň, kategoriýa – filosofiýanyň, obraz – sungatyň barlag serişdeleridir. Bular – maňyzdyr, bularda ruhuň dürli hususy ugurlaryndaky ýa-da ählumumy jan baglanyşyklarynyň gaýmagy jemlenendir. Özlerinde goýazy barlygy saklaýandygy üçinem olar ruhuň ýaşaýşynyň hem ösüşiniň kanunlaryny açmagyň guraly bolup durýarlar. Ýöne men başky «düýp manylar» gürrüňime gaýdyp geleýin. Uly şahyr ikinji derejeli zatlarda däl-de, şol düýp manylar – filosofiki hakykatlar babatda öwrülişik geçirýär. Özem şeýle öwrülişik onuň döredijiliginiň içki bitewüligini esasy kesgitleýji hadysa bolup öňe çykýar. Elbetde, esasan daşky alamatlara gümra hem maýyl jemagatyň ol täze bitewüligi aňlamagy üçin wagt gerek bolýar. Wagtyň ötüşiniň logikasy şeýle: wagt geçdikçe içki aýratynlyklar özüne mahsus daşky görkezijileri edinýärler. Wagt içi daşa çöwürýär. Olaryň içi çagşaýar – ösüşiň iň soňky tapgyryndaky içki barlyklar bilen indi öz ornuny çalyşýar. Ösüş daşky hem içki taraplaryň hut şu hili dialektikasydyr. Şygryýetimiziň ösüşiniň soňky öwrüminiň bärsinden bakanyňda şol bitewülik aýdyňlaşyp ugraýar. Islendik täze bitewülik bolsa öňden bar bolan estetiki düşünjeleriň täzeçe utgaşygyndan ybarat bolýar. Özem şeýle utgaşyk şygyrlaryň ýüzündäki, üstki barlygynda däl-de, olaryň many-simwoliki ýaşaýşynyň astky gatlaklarynda bir ýerde bolup geçýär. Şu ýerde şygryýetiň, şunuň bilen baglanyşyklylykda-da, umuman, sungatyň janlylygyna degişli bir pelsepeli pikir aňyma geldi. Aýdaýyn. Meniňçe, ýaşaýyş, ömür diýmek köp gatlaklylyk, köp strukturalylyk – süňňi çylşyrymlylyk diýmekdir. Bu, ilkinji nobatda, janly biogöwrelere degişli hakykat. Jandaryň biologiki gurluşy näçe çylşyrymly bolsa, onda ýaşaýyş fenomeni – gudraty şonça-da güýçli bolýar, çuň bolýar. Häzirki zaman biologiýasy ýaşaýyş ewolýusiýasyny şol struktura çylşyrymlaşmagy görnüşinde göz öňüne getirýär. Ruhuň ewolýusiýasynyň-da ýöntemlikden çylşyrymlylyga tarap gidýändigini tassyklamak mümkin. Ruhuň bir ugry bolan çeper eser birgatlaklylykdan köp gatlaklylyga tarap ösüp gidýär. Bu ýerde esasy birlik bolup söz öňe çykýar. Hakyky poeziýa sungaty haçan döreýär? Meniňçe, ol sözüň adaty birgatlaklylygyndan ösüp geçip, söz özünden başga zatlary aňlatmaga ukyply bolanda, döräp ugraýar. Şygryň süňňi näçe köp bolsa, ýagny çylşyrymly bolsa, onuň ruhuň ahwalatlaryny özünde aňlatmak ukyby-da güýçli bolýar. Söz – janly zatdyr. Şonuň üçinem oňa islendik jandara mahsus bolan özerklilik, boýnyýogynlyk, özgäniň erkine boýun bolmazlyk häsiýetleri, mahlasy, hususyýet, şahslyk häsiýetlidir. Men tene, göwrä kembaha garamok, ýöne ruh teniň elindäki hyzmatkär, serişde däldir. Ruh – bitewülikdir. Ruh tene, ruh maddylyga garşylyklaýyn täsir edip, ony özgermäge mejbur edip bilýär. Garaz, ruhuň ýaşaýyş mümkinçilikleriniň, iň bolmanda, ten bilen des-deňdigini ykrar etmän bilmeris. Şygryýetde, söz sungatynda bolsa ruh sözde ýaşaýar. Ýöne söz bu ýerde ruhuň aňladylmak serişdesi däldir. Söz – ruhuň ýaşaýyş görnüşi, söz – ruhuň göwresidir. Ýaşamak üçin aýratyn şahs – ýaşaýyş birligi bolmak gerek, şahs bolmak üçin bolsa iki zadyň utgaşygy – içki hem daşky, maddy hem ruhy barlygyň utgaşygy zerur. Söze iş guraly, serişdesi hökmünde garamak hakyky sungat bilen bir ýere sygyşmaz. Sözden kemala gelen çeper eser ruhuň birligi bolup, ol serişde, gural däldir, ol – şahsyýetdir. Jandaryň özünden böleklenip köpelişi ýaly, şahyryň kalby goşgulary dogurýar, soňam şol ruh doglan goşgularda ýaşaýar. Emma ruhuň haýsydyr bir süňňi böleginiň şygyr görnüşinde şahyryň özünden bölünip aýrylmagy bilen, ol bölegiň köpelmek, ýaşamak fenomeninden mahrum bolýandygyny tassyklamak nädogry bolar. Gaýtam, tersine, hut şu ýerden onuň täzeçe manyly özboluşly ýaşaýşy başlanýar, çünki ol şahs ahyryn. Şygyr görnüşindäki ruh indi özge adamlaryň kalby bilen özara täsirlilikde ýaşap başlaýar. Ol okyjynyň ýa diňleýjiniň ruhuna, aňyna täsir edip, onda örän köpdürli hem täsin duýgularyň, pikirleriň, ahwallaryň hem täsirleriň dogulmagyna sebäp bolýar. Ine, sungat görnüşindäki ruhuň ýaşaýşy şeýleräk bolup dowam edýär. Adam dogurýar, soň ondan dogan perzentler öz gezeginde ikinji bir şahsyýetleri, soň dördünji, soň bäşinji… hatar doglup gidip otyr. Biologiki ýaşaýşyň üznüksizligi şu şekilde dowam edip gidip otyr. Ruhuň, hususanam, sungatdaky ruhuň ýaşaýşynyň çynlygy, ygtybarlylygy, jedelsizligi-de şu şekildedir. Şahyr şygry dogurýar, özi ruhy şahsyýet bolan şygyr hem tebigaty biraz başgaçarak bolan ruhy şahs – kalba ýanaşdygy, dürli ruhy duýgulary, ahwallary dogrup gidip otyr. Kalp bilen şygryň (ýa islendik bir başga sungat eseriniň – tapawudy ýok) ruhy şahsyýetler hökmündäki tebigaty başgalygynyň sebäbi – kalp teniň üstünde ýaşaýan, şygyr bolsa durky bilen söze öwrülen, söz usulynda ýaşaýan zatlardyr. Diýmek, bu ikisiniň bakylyga bolan gatnaşygy, bakylyga öwrülip bilmek mümkinçiligi dürli-dürlüdir. Ten – maddy dünýäniň bir bölegi bolmak bilen, maddylygyň ýaşaýyş hem ýok boluş usuly bolan wagtyň bendiligindedir, sungat eseri bolsa özüniň ontologik tebigaty boýunça maddylykdan arany ep-esli açan, diýmek, bakylyga golaý baran şahsyýetdir. Bakylyga öwrülmek – kalbyňy ruhuň ontologik barlygy bolan sungata, filosofiýa ýa ylma öwrüp, geçirip gutulmakdyr. Materialistler: «Wagt dünýäniň ýaşaýyş usulydyr» diýip gaýtalamagy gowy görýärler. Emma bu hatda diňe maddylyk babatda-da hakykatyň diňe ýarysydyr, ruhuň bakylygyndan binesip adamlar üçin ýakymly ýarysydyr. Wagt – bir ýaşaýyş däl, ölüşiň hem usulydyr. Wagt öldürýär. Wagt maddy dünýäden örküni üzüp bilmedik şahsyýetleri öldürýär. Emma bakylyk diýen filosofiki meseläniň çözgüdi, ilkibaşda göz öňüne getirişimiz ýaly, beýle çürt-kesik hem ýönekeý däldir. Maddy dünýäden örküňi üzmek şygyr ýazýan diýip kagyz garalamak bilen bir zat däldir. Diňe zehinli eserler wagtyň şum ajalynyň hötdesinden gelip bilýärler. Diýmek, filosofiki manyda aýdanyňda, zehiniň güýji – bakylykdaky ömrüň uzynlygyna barabarlykdyr. Zehin – bakylyk ölçegidir. Ýöne zehiniň güýjüni näme kesgitleýär, zehiniň asly nämeden hem nireden – ine, kyn sowal. Ýokarky filosofiki aňşyrmalardan ruhuň tebigy barlygyna hem ýaşaýşyna degişli şeýle netijeler gelip çykýar: ruh maddanyň suraty däldir: ruh maddanyň kölegesi-hä asyl däldir. Ruh maddylygyň içinde ösüp, kemala gelip, maddylygyň asylbaşky çöwreligine geçip giden mümkinçiligidir. Ruh maddy dünýäniň şor ýazgydy bolan wagtyň gäbi azan akylsyz aýlawyndan sypmagyň usulydyr. Ikinjiden, munuň üçin ruhuň maddy şahsdan – tenden bölünip aýrylyp, sap ruhy şahsyýete öwrülmegi zerurdyr. Islendik dogulmak – bölünip aýrylmakdyr. Bu hadysanyň harpygyny filosofiki pikiriň çäjine göterip aýdanymyzda, dogulmak – aýrylmakdyr. Bu tezis aýralyk filosofiýasynyň düýp manysyna düşünmek üçin örän möhümdir. Onuň çuňňur ekzistensial manysy-da bar. Ölüm – aýralyk, dogulmak-da aýralykdyr. Emma soňkusy birinjini – ölümi aradan aýyrmagyň ýeke-täk mümkinçiligidir. Içki manysy boýunça biologik şahsyýet bilen ruhy şahsyýetiň dogulyşy biri-birinden düýpli tapawutlanýan hadysalardyr. Olaryň birinjisi – ölüm, ikinjisi – bakylyk bilen gutarýar. Ruhy şahsyýeti amal edip bilmedik ten jansyz maddylyga dolanýar, ruh bolsa barlygyň iň ýokarky gatlagynda – dirilik gatlagynda galýar. Men munça filosofiki kelle döwmelere näme üçin ýüz urýaryn? Meniňçe, türkmen ruhunyň kämillik derejesi filosofiýanyň türkmen aňynyň özbaşdak bir dünýäsi bolmagyny talap edýär. Islendik milli ruh özbaşdak filosofiýasy bolmasa, doly däl bir hadysa bolup durýar. Başda aýdyşymyz ýaly, aň işiniň bir görnüşi hökmündäki filosofiýa ruhuň kämilliginiň anyk görkezijisidir. Galyberse-de, türkmen şygryýeti özüniň soňky kyrk ýyllyk ösüşinde, ruhuň ösüşinde şeýlebir derejelere ýetdi, onuň belentligini hem gazananlaryny filosofiki pikiriň aýdyňlygyna geçirmän, mynasyp açyp görkezmek mümkin däl. Türkmen şygryýeti ruhuň ontologik barlygyna mazaly aralaşdy, onuň diňe filosofiki ülňüler hem ölçegler bilen açyp boljak pelsepe goýazylygy hem şiresi, onuň içki tebigaty boýunça filosofiýanyň hadysasyna öwrülenligi jedelsizdir. Açmagyň usullaryny hem serişdelerini bolsa açylmaly zadyň tebigaty kesgitleýär ahyryn. G.Ezizowyň döredijiliginiň häzire çenli iň göze doly neşiri «Bereket-Bina» neşirýaty tarapyndan çap edilen iki tomluk boldy. Bu iki tomlugyň birinjisi şahyryň «Saýlanan eserlerinden» ybarat. Çyn şahyr bilen her täze duşuşyk – kalbyň üçin uly hadysa. Men bu kitaby gaýtalap-gaýtalap okadym, ol mende üýtgeşik täsirler galdyrdy. Göwnüme bolmasa, şol bir öňki eserleriň täzeçe täsiri, hatda täze kitabyň sahabynyň üýtgeşikliginden, kagyzynyň reňkinden hem ýuka-galyňlygyndan ýaly bolup göründi. Meniňçe, kitap diýlen zada ilki bilen seniň ten duýgularyň baha berýär. Kitaby islendik bir mukaddes zat ýaly mähirlilik hem gabanjaňlyk bilen kalbyň ýüzüne sylýarsyň, onuň agramyny seniň elleriň çekip görýär (çünki teniň, şol sanda eliňem öz mifologiýasy bar). Kitaby sahypalap, waraklap çykýarsyň. Seniň barmaklaryňa hem gözüňe kitabyň edýän täsiri şygyrlaryň mazmunynyň aňyna edýän täsirinden has oň barýar. Ine, awtoryň baryp 1984-nji ýylda – bary-ýogy ýigrimi dört ýaşly ýigitkä ýazan «It» atly goşgusy. Ajap goşgy, kämil goşgy. Kämilliginiň sebäbi – goşgynyň owazy bilen manysy ýag bile bal ýaly utgaşypdyr. Bu eser ýasama, adam eli bilen ýasalan güjük hakynda. Artyk-süýşük köpüjekleri ýeňsesindäki kese deşige atmak üçin ýasalan güjük adaty durmuşyň bir adaty zady. Bolsa-da şahyr şol kyssaýy adatylykdan ajaýyp edebi keşbi döredip bilipdir. Gurbannazar Ezizowyň öz döredijiliginiň filosofiki dilinde aýdanyňda, döretmek – adatylygy täsirlilige, lenji terlige öwürmekdir, endige dönen zatdan täsinligi ýasamakdyr. Bu şahyryň ýaşaýyş filosofiýasy bilenem baglanyşykly. Şygryň içki mazmunyny şahyr şol güjügiň esasy aýratynlygyndan – onuň jansyzlygyndan kemala getiripdir. Iýlende ertir, agşamlyk şamy, Boýnun burup, sessiz emenenokdy, Ýokdy janaweriň damarda gany, Aslynda, ol itiň damary ýokdy… Onuň bolsa özge itler mysaly Üýresi gelýärdi uzyndan-uzyn. Oň hyýaly – ähli itden hyýaly – «Itiň güni» diýseler-de örän kyn. Oýun, Ygmak. Söýmek. Undup bar zady, Adam nebsin saklap bir bedbagt itdi. Ol öz täleýinden şeýle närzady – Tas jansyz halyna ýöräp gidipdi. Şahyryň ussatlygy – bu itiň keşbini göz alnymyzda bitewülikde dikip goýýar. Bu it – jansyzlygyň keşbi, has dogrusy, janly jansyzlygyň keşbi. Çünki onuň göwresi bar, emma ol şahsyýet däl, sebäbi şahsyýet bolmak üçin öli göwre ýeterlik däl-de, daşky dünýä bilen janly arabaglanyşyk zerurdyr. Itiň jansyzlygyny şahyr onuň durmuşynyň aýry-aýry taraplaryny, jansyzlygyň aýry-aýry görkezijilerini – iýmezlik, ygmazlyk, pişige haýbat atmazlyk, söýmezlik, iň esasy-da üýrmezlik – nygtap-nygtap görkezýär. Şu hili owaz basymy, logiki nygtaýyş keşbiň mazmun barlygyny açýar. Diýmek, şeýdip sungat eserindäki iň esasy zat – mazmun hem formanyň asylbaşky bitewüligi, birligi, bölünmezligi emele gelýär. Hut şu ýerde, şu aýratynlykda men çyn poeziýa eseriniň «daşky» heň, owaz täsirliliginiň sebäbine düşünip galdym. Ýogsam bolmasa, eseri okaýarsyň, okaýarsyň, onuň jadysy seni maýyl edýär, emma sen entek munuň hakyky sebäbine göz ýetirip bileňok. Ol sebäp şol owaz jadysynyň gönüden-göni mazmundan gelip çykýanlygynda eken. Edil miwäniň gülden gelip çykyşy ýaly. Ýöne has dogrusyny aýtsaň, bu ýerde mazmun bile owaz ikisi – bir zatdyr. Kämil edebi şahsyýetde – sungat eserinde islendik beýleki maddy ýa ruhy birlik – şahsyýetlerdäki ýaly mazmun-a formadyr, forma-da mazmundyr. Bu – hakykat kämilligiň ölçegidir. Şahsyýetiň ontologik barlygynda «daşky-içki» diýilýän zat aslynda ýokdur. Hut şonuň üçinem men ýokarda «daşky» sözüni goşadyrnaga aldym. Umuman, hakykaty paýhasly aňlamak, hakykatyň öz dilinde gürlemek nukdaýnazaryndan bakanyňda, adamlaryň oýlap tapan ýazuw belgileriniň iň kämili goşadyrnak bolsa gerek, çünki ol hakykatyň has inçe many-mazmunyny, iň bolmanda, syzdyryp goýbermäge mümkinçilik berýär. Emma şunuň bilen eseriň mazmunyny açyp tükedýäris diýip aýdyp bolarmy?! Elbetde, ýok. Ilki bilen-ä, umuman, çyn sungatyň aňyrsyna ýetmek-ýetmezlik meselesindäki bir pelsepewi pikir – janly barlygyň islendik bir özge zady ýaly, sungatyň düýbüne ýetme, ony «düşündirme» ýok. Düşünilip, düýp-teýkaryna ýetilen mazmun gaýyplyga öwrülýär, «ölýär». Sebäbi islendik dünýäniň täsirliligi onuň janlylygynda, janlylygy bolsa onuň syrlylygyndadyr. Zatlaryň many-mazmun ýa estetiki gymmatyny olaryň soňuna ýetip bolmaýanlygy hasyl edýär. Türkmen aganyň «soňuna çykdy», «soňuna sogan ekerin» diýmesiniň nähili filosofik manysynyň barlygyna äňetdiňizmi?! dowamy bar... OSMAN ÖDE | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |