"Amerikany kim açypdyr ya-da Türkmennama giriş" atly başlap tamamlanman galan ylmy işinde awtory zehinli alym Ahmet Bekmyradow goşguda yansylanýan gipotezany orta atýar. Alymyñ biwagt ýogalmagy sebäpli ýazylman galan ylmy işde Karib deñziniñ basseýninde ýerleşen La-Pas arhepelagynda ýaşaýan indeý halkyýetiniñ diliniñ gadymy türki dillere gaty meñzeşdigini aýdýar. Makalada başga-da kän subutnamalar getirilýär. Diýjek bolýanym goşgy ýerine düşmändir. Asylam aýdyljak bolýan zada düşündim men. Awtora uly hormat goýýan, emma çeperçilik taýdanam eser gowşak. Allayar aganyñ derejesinden pes ýazylan.
Garadag, inim!!! Ilki bilen saýty okaýandygyň, soňra teswir ýazýandygyň üçin gaty minnetdar. Ýöne käbir teswirleňňi oýlanyşykly ýazsaň, has peýdaly bolar. Allaýar Çüriýewiň şu şygrynyň gowşakdygyny aýdýaň. Islendik şygryň gowşakdygyny aýtmak üçin anyk delil gerek. Nämesi gowşak?! Seniň gowşak diýmegiňde bu sowala "übtügem" jogap ýok. Islendik şygra gowşak diýmek aňsat. A.Çüriýewiň şygry ideýasy-has türkmençeläp aýtsaň, many-mazmuny gaty kämil sagdyn. Ideaýasy kämil eser şygryň içki rifma, kapiýa kämildigine zaram däl. Şu nukdaýnazardan A.Çüriýewiň bu şygry "kämil däl" diýip gygyrylsa-da, kämildigini açyk subut edýär. Amerikany kim açdy?! diýen sowala dünýäde ýaşaýan kiçi halklaryň birnäçesi biz ýaly "dawagär". OL zeýilli maglumat internetde gaty kän, özüňizem okap (rus, iňlis dillerinde) bilersiňiz. A.Bekmyradowyň "Amerikany türkmenler açdy" diýen (ady üýtgeşik bolmagy-da mümkin) makalasy gutarylmadyk iş däl.. Ol makalada awtor pikirlerini garjaşdyrypdyr. Ylmy prinsip däl-de, emosiýa duýga baglanylyp ýazylan makala. Gynansagam, ylym üçin bir pisselik ähmiýeti ýok. Iň bärkisi maýa indeýleriň sözleri diýip getirýän sözlerem rus edebiýatyndan alnan. Özi topyň nämedigini bilmän, dil bilen topy atýan "mergene" meňzedilýär şol zeýilli makalalary. Ýöne Ahmet Bekmyradow edebiýat öwreniş ylmynda halypa alymdygyny türkmen edebiýaty boýunça ýazan ylmy işlerinde subut etdi.
Türkmen-köp türki halklaryň düýbüni tutan halk hasaplanýar. Belki alym şonuň üçin şeýle netijä gelendir, ýagny Amerika baran türki taýpalar häzirki türkmenler bilen ýakyn diýip.
Şirhan Amerikany biz tarapdan Emir eke diýen bir özbek aşnamyz açypdyr diýip gürrüňem bar. Şo Emir eke, Emior eke diýip ýörüşlerine soň Amerika bolupdyr-da.
Garaşslylygyň ilkinji ýyllarynda (1996-1998-nji ýyllar bolsa gerek) Görogly etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy Annagylyç Maýlybaýewiç 1 aýlyk Amerika okuw saparyna gitdi. Şonda ol gitmezden öňürti Görogly etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň dilçi mugallymy Saparaly Atjanow (ýatan ýeri ýagty bolsun, gaty sowatly, alym ýaly adamdy, şahyrlygam edýärdi) onuň bilen duşuşyp "Amerikany türkmenler açdy diýlen gürrüň bar, olaryň ýerli halkynyň dili biziň dilimize ýakyn, şu barada mümkinçilik tapsaň gyzyklanyp gör" diýip haýyş edýär. Annagylyç Amerikada Kolumbilýa unwersitetiniň mugallymy duşuşýar we bu barada gürrüň açýar. Şonda ol mugallym "siziň ol aýdýanyňyz dogry bolmagy mümkin, meniň özüm hem aslym indeýlerden, ýöne biziň taýpamyzyň dili gyrgyzlaryňky bilen meňzeş gelýär. bizde, ýerli indeýlerde dürli dillerde gepleşýän taýpalar gaty kän. dogrusy özümizem ählisine düşünip baramyzok. Munuň üçin ol taýpalaryň arasynda bolup, olaryň dili, ýaşaýyş-medeniýeti, däpleri bilen ýakyndan tanyş bolmaly. Şonda türkmen diline ýakyn taýpalara hem duşmagyňyz mümkin. başga aýdyp biljek zadym ýok" diýipdir. Annagylyç mugallym häzir hem Görogly etrabynyň 37-nji mekdebinde işläp ýör. Ol Kolumbiýaly professoryň aýdanlaryny Saparaly mugallyma ýetireninde, Saparaly mugallym, "muny gaty düýpden öwrenmeseň, anyk delillere salgylanmasaň kesgitli zat aýdyp boljak däl" diýipdir.
Gürrüñ A.Bekmyradow ýa başga bir alym hakda däl-de, orta atylan şeýle ýerliksiz we esassyz pikiriñ üstünde barýar. Şoñ üçin islendik pikiri özi barka aýdyp, dünýäden gidenden soñ aýtmaly däl diýen prinsipiñ özem ýañsylanýan pikir bilen deñ derejede ýerliksizmikä diýýärin.
Nirde okadymkam, elbetde internetde okandyryn Amerika yklymynyň ýerli halkynyň, ýagny indeýler diýýänlerimiziň dili Türki diller maşgalsyna degişli diýýärler, türkmen däldir. Türki. Şeýle hem 2000 ýakyn haty meňzeş sözler gabat gelýärmiş.
Meñzeş sözler hemme dilde bardyr. Meselem, ata (отец) sözi bilen bir many añladýan peder sözi bize pars dilinden geçen (fader), iñlis dilinde "father" görnüşinde gelýär. Pars dilinden geçen "byradar" (gardaş) sözi hem "brother" (bratаn, brat) görnüşinde gabat gelip dur. Sanasañ sogaby bar... Bir tanşym birnäçe ýyl mundan öñ ýapon dilini öwrenýändigini we ýapon dilinde türki, şol sanda türkmen dilinde bir many añladýan meñzeş sözleriñ gaty köp gabat gelýändigini haýran galmak bilen aýdypdy. Ýeri indi aýdyñ bakaly: Ýaponlaram türkmenmi ýa türkmi? :) Ýene bir tanşym sami, akkad, assiriýa ýaly öli dilleri öwrenýärdi we ol hem biziñ häzirki ulanyşdaky sözlerimiz bilen birmeñzeş manyda gelýän sözleriñ kändigini aýdypdy. Hemmäñ köki Adam ata baryp direjek bolsa, diliñem bir adamyñ diline baryp dirär-dä... Siz nämäniñ gürrüñini edýärsiñiz. Iki goñşy obanyñ dili biri-birinden tapawut edýär. Özem bir dil, hatda bir şiwe. Diñe dilmi? Ýaşaýan ýeriñe görä, adamyñ hüý-häsiýeti, ýüz keşbi we ş.m. beýleki şahsy aýratynlyklary şekillenmeýärmi? Dagda ýaşaýan bilen çöl ýerde ýaşaýanyñ, sowuk ýurtda ýaşaýan bilen maýyl ýerde ýaşaýanyñ tapawudyna näme diýjek... Bolmalysy-da şeýle. Düşünmegiñiz üçin hemmäñize düşnükli mysala ýüzleneliñ:
* * *
Bir ene-atadan birnäçe erkek doganyñ dogluşyny göz öñüne getiriñ. Muny özüñiziñ mysalynda göz öñüne-de getirip bilersiñiz. "Iki aýakly iki günde". Wagty gelende her kim öýlener, öýli-işikli, çagaly-çugaly bolar. Isleseñ-islemeseñ öý-ojagyñy aýyrmaly, onsoñ gazanjyñy aýrylamaly. Şeýdip adam şaha ýaýradyp, ösüp-örnäp gidýär. Doganam bolsañ, bir bolmaly ýeriñ bolýar, aýry bolmaly ýeriñ bolýar. Meselem, toýda-tomguda birleşip, bir saçagyñ başynda duz-tagam iýip bolar, emma gije-gündiz üç wagtyna ömrüñiziñ ahyryna çenli senem, doganlaryñam bir ýere üýşüp bilmez. Her kimiñ yrsgalynyñ çeken aýry ýeri-ýurdy, käri, aýry ykbaly, aýry durmuş ýoly bolýar. Jüýje pytran ýaly heriñ bir ýana duw-dagyn bolup gidýäñ. Guşlaryñ gyzyletenelikden saýlanansoñ bir höwürtgede ýaşamagy mümkinmi? Şol sanda her maşgalañ özüne ýetik oñuşmazlygy-da, "sen ony etdiñ, men muny etdim" diýýän minnetli düşünişmezlikleri-de bar. Heriñem hüý-häsiýeti, özüni alyp barşy, geýnişi, oturşy-turşy aýrydyr. Birkybap edip biläýmersiñ asyl. Beýtmegiñ manysy-da ýok. Durmuş köpdürliligi bilen owadan.
* * *
Durmuşyñ şeýle kanunalaýyklygyna görä-de, çagalaryñ bilen bile örmek üçin öý salynýarsyñ, ýa bolmasa mellegiñ daşyna haýat aýlaýarsyñ. Hemmämiz bir maşgaladan öndük diýip, doganlarymyz, olaryñ aýallary, çagalary, agtyk-çowluklary, beýleki dogan-garyndaşlarymyz bilen kazarma ýaly umumy jaýda ýaşamzog-a. Ýa bolmasa, näme üçin melleklerimiziñ daşyna haýat aýlaýarys? Mal-gara ýa ogry-jümri girmezlik üçin. Başga? Mellekdeş goñşyñ bilen araçägiñi kesgitlemek üçin. Ine, şu ýerdenem milletleriñ, ýurtlaryñ, döwletleriñ nähili dörändigine akyl ýetirip bolýar. Marksyñ, Engelsiñ kitaplarynda, Platonyñ "Döwlet" eserinde bular barada giñişleýin we çuññur düşünjeler berilýär. Ýadyñyza düşýän bolsa, togsanynjy ýyllar käbir ýazyjy-şahyrlarymyz, žurnalistler SSSR döwleti döräp ara sim çekilendigi we Eýranda, Owganystanda türkmen doganlarymyz galmaly bolandygy sebäpli, hamana döwlet serhet zerurlygyny gabahat bir zat ýaly suratlandyrdylar, gargyndylar, zeýrendiler, şumjardylar. Bolubulenlerini boldular. Hatda meşhur şahyrymyz G.Ezizowyñ:
- Agaç agaja bakar, Arasyndan suw akar, Akar üçin parhy ýok, Ikisinem deñ ýakar -
- bendine hem şo manyda düşündiriş berjek bolýanlar tapyldy. Iki dogan ýanaşyk melleginiñ daşyna sim aýlaýarka, döwletler nämüçin daşyna serhet çekmeli däl? :) Ine, biziñkileriñ bisowat we gülkünç nadaralyklary...