10:40 Tüweleýsiz tozan / hekaýa | |
TÜWELEÝSIZ TOZAN
Hekaýalar
Başga şäherde okap ýören ogly haýyş etdi. “Häli-şindi gatnap ýören kireýçileň birinden, şuwn öýlän elinjek ugrada:ly-la, hä?!” diýse-de, o kesirkelle, gyssanmaçdygyny aýdyp, ýene-de şo: “tilfona oklaý-da-ou, je-e!” diýenini hetjikledi durdy. Onsoň ýaltansa-da, puluny haly gapjygyna salyp, obaň esasy söwda merkezine sömpüldäp gaýtdy. Sebäp diýseň, eltelefona pul salynýan terminal şo taýda bardy. Bardy. Öňem birki ýola muň ýaly demir gapyrjak bilen iş salşyp görensoň, kän bulaşman, derrewjik işini bitirdi. 2000 manat. Gapyrjagyň şo giden pul-a ýuwdup, oň öwezine-de somlan iki barmak kagyzjygynam sogrup aldy-da, gapjygyna dykyp, yzyna gaýtdy. *** Öýüne ýetýänçä, geçeni iküç köçe welin, aňyrdakyň jany çykyp gelýä – her elli ädimden bir jaň edip, halys bizar-peteňini çykardy. *** “Geçirmediňm-aý, je-e?!”... “Geçirdim, gy:! Ine ýaňjajyk geçirip gelşim-dä, şü!”. “Onna nä geçenog-ou, je-e?!”. “Men näbileýin gyz, o ýer ýuwutmyş orus tabydynyň şonça puly ýuwdansoňam, ony heniz bolup saňa göndermän ýatanny?! Belki, o depesiniň demri başyna ýumrulmyş, şonça köp puly birden ýuwdanna üssünlikden ýaňa başy aýlanyp, indem özüne näçesini alyp galmalydygyny hasaplap çykaryp bilmän, kädi bulamak bolup ýatannyr...”. “Äý-ý waýý-eý, je-e! Seňem diýip ýatan zatlaňňy-laý! Wäpşe ismeşnoýlaý-ou...Duk-duk-duk”... *** Ýene-de 40-50 ädim geçýä. Ýene-de jaň. *** “Je-e?!”. “Näme gyz? Ýykaýdyň-la!”. “Geçme-dä-ou!”. “Waý, geçmese men nämedeýin gyz, hä?! Nä ýaňky sokan pullamlyň yzyndan girip, syrtyndan iteläýinmi? Sabyr et ahyr, az-owlak! Geçer-dä häzir. Dagam, o gapyrjak benne birden onça puly o seň okap ýören jelegaýyňa gönderjek bolsa, azaby ýetikdir-ä gy:! Ýa nä, pelança müň manadam, edil birki manat oklaňdaky ýaly, iberen dessiňe patylap düşä:r öýdýäňmi, hä?!”. “Äý-ý waýý-eý, je-e! Seň bilen düşünişjek bolsaň war-a, edil ýöne war-a, türkmen gurbakgalary bilen iňlisçe warryklaşan ýaly bir zada öwrüläýýär-ou! Wäpşe ismeşnoýlaý-ou...Duk-duk-duk”... *** “Toba! Bu ýaşy uzamyşym-a o okap ýören ýerinne “ismeşnoý” diýibem täze bir sözi hetjiklemäge ennik edipdir öýdýän. Abraý bersin-dä, özi!” diýip, içini hümledip barýan ejesi, ýene-de ýaňky ýaly aralyk geçýär. Ýene-de sessizde goýlan telefon, gapjygy ýyrtaýjak bolýar. Dyň-ň, dyň-ň, dyň-ň... *** “Toba, halys seräýdiň-dä, gy:! Näme beýle ýüregiňi eliňe alýaň? “Alýo” diýýän men saňa, gulagymdan igledip öllürýäň häzir sen meni!”. “Wäpşe geçenok, je-e!”. “Geçer-dä häzir, diýýän saňa! Nä ýa, toba-toba, tüf-tüf-tüf, agzymdan al kakawersin welin, şeýle ölümlikmi şonyň, hä?”. “Duk, duk, duk”... *** “Taşlady. Häý kesir damary guramyş!” diýip oýlanan hatyn, biraz ädimini gataldýar. Öýüne gelýänçä-de ogly ýene-de üç sapar-a jaň etdi. Islendik adamam ara maý salman yzygiderli dürtgeläp dursaň, nähili kanagatly, giňgöwrüm bolanda-da, galagopluk tapynýar. Bu-da öýe gire-girmäşe gapjygynyň syrmasyny jaýyrdadyp syrdy-da, iňkis bilen töleg hatjagazyny çykardy. Ýagta tutup, üstesine-de alkymyna ýakynladyp, ony dykgatly synlady. Hiýh! “Nomuryny ýalňyşypdyryn-a! Oňky dä ahyry...” diýip, görýän zadynyň mazmuny aňyna ýeten dessine-de ol içini çekeninem duýman galdy. Depesinden bir bedre sowuk suw eňterilene döndi. Ilki bilenem elewräp başlajak boldy. Birdenem gapjygyndaky telefony ýadyna düşdi. Ony garbap aldy-da, ala-başagaý bolup, düwmelerini basyşdyryp, töleg hatyndaky telefon belgisine jaň etmäge durdy. - Siziň aýlaýan belgiňiz öçürilendir ýa-da ol aragatnaşyk çäginden daşdadyr...-diýip, telefondan ýaňlanan mähirli gyz sesi, oň gulagyna ölüm jezasyny yglan edýän hökümiň okalyşy bolup eşidildi. -Waý-eý, inni nätsemkäm?!-diýip ol, göwnüni gaplan aljyraňňy lapykeçligini nädip daşyna çykarynynam duýman galdy. Şo pille-de... *** Dyň-ň, dyň-ň, dyň-ň... “Yzyna aýlaýamyka?” diýip ol, begenip gitdi-de, jaň gelýän belgä-de seretmän, telefony gulagyna tutdy. Heniz: “alýo” diýmäge ýetişmänkä, aňyrdan tanyş-nägile-öýkeli ses geldi: -Je-e?! -Merez saňa, zäher saňa... Duk-duk-duk... Umydynda aldanan hatyn, gaharyna bäs gelip bilmän jabjyndy-da, aragatnaşygy kesip goýberdi. Ýeri, beýdip, ýüzüniň ugruna ogluna awusyny pürküp goýberen-ä ýagşy-la welin, indi nätmeli?! “Jähennem-le. Başa gelenini sowsun” diýäge-de, eliňi salgap goýbereriň ýaly az-küş zadam-a dä, o ýollany... Wah-wah... Şü belaň körügem şü ýaňky ýeksurunda! Günde-günaşa: “Je-e, şunçany ugrad-aý, munçany iberip dur-aý...”. Merez edäý, zäher edäý! “Iber-iberinden” çen tutsaň-a, ol-a o ýanlarda, agtyk-çowluk-ýuwlug-a beýle-de dursun, geňlik-taňlygyna-da ap-arkaýyn ýeter ýaly, puldan kansyrwa ýapynyp ýatan bolmaly. Kakasy ikimiziňem bärde gijesi-günnizi diýmän üç smenlik zikge zäwudymyz haýdaýan bolmaly... Wah senjagazmy! Gyssap, gyssap, men pahyryň başyny-gözüni çaşyryp, ahyry almytyňy aldyň geräm dämi?! Inni pul deregine zäher bilen zakgun-a bir alarsyň! Mereziň märýeginem iki alarsyň! Belaň sapynam üç alarsyň! -Me saňa, noş bolsun,-diýdi-de ol, içinden hüňürdäp duran janagyryly oýlanmasyny daşyndan dowam etdi:-Honha, kakaň bu aýky gazanjyndan ep-esliň ýarysyny haýsam bolsa bir maşennige ýal etdirdiň-de göwerdiň...Öňem-ä ol, hamana men pahyr, günne bir dürli eşik geýnip, bazardan bazara pason atyp, pul sowrup ýören ýaly, “kän sowýaňyz ýalymy, ýa meň göwnümemi” diýen bolup ýaňzydansyrap, maňa igesini sürtýä. Inni dagy näder, men görgülini?! Wa-a-h, halalja zadymyzy öz elim bilenjik haýsydyr bir kezzaba ardurja ýal etdim-dä. Ol yzyny üzmän, hem içinden, hemem daşyndan jibrinjiräp durşuna, ýene-de nijeme öwran şol ýaňky pul iberen belgisine gaýtalap-gaýtalap aýlady. Jaň al nireden?! Şol bir mähirliden-mylaýym gyz sesi jogap berip dur. - Siziň aýlaýan belgiňiz öçürilendir ýa-da... “Şo bir diýenini ýanjap durmaga ýadanogam, ýaltananogam gyz! Häk, senem-ä wir ibaly zat däsiň-le, ýelni kesilen...” diýip, “jany ýanan Taňrysyna gargar-a” tutupduryp, hüňürdili pikirlenip durşuna, arasynda oglundan jaň gelýärem welin, onam alman, şarpa öçürýär. *** Ahyry bolmady. Aýlaýany “bizar bolubam bolsa almazmyka” diýen körje umydy puç boldy. Etjek alajyň ýok. “Egilen boýny gylyç çapmyýa” diýen bolýan ekenlermi, öňküler?! Hymh... Çapýamy, çapanokmy, häzir göräýer... Göwnüni bire baglap, aýlady. -Alýo! Senem-aý şumat jaň edýäň-aýt! Çaltrak-çaltrak aýt-da, goýsana bahymrak. Işli-how men şumat! Öňem: “oňarsaňyz iş wagty jaň etmejek boluň” diýip näçe aýtdym-a-hou, men!-diýip, aňyrdan närazy ses geldi. -Wiý, neme jan, men hakyýt özümem bilmänjik, işiňe päsgel berädimmi?-diýip, içi-bagry tütäp, byjyk-byjykdan dyňzap duranam bolsa, hatyn, sesinden çemçe-çemçe şirin-şeker ballar damdyryp, şelaýynsyrady:-Ýa soň jaň edäýsemmikäm, kakasy-y-yý-ý?! Är-aýal bolşup ýörenlerine ýyllaň sany ýigrimiden agan. Aňyrdaky kelam agyz geplemän, şübheli dymdy. Bir sekunt. Iki. Üç. Dört... -Näme etdiň?! -Wa-eý, şü senem war-a! Derrew! Sewäp bolsa-bolmasa şeý diýip ugrawerýäň-dä! Gaty görer dagam öýder öýtmüýäň...-diýip tejribeli hatyn, dem salymda şelaýynlyk algoritmini nadaralyk algoritmine öwürmäge ýetişdi. -Näme etdiň?! -Nämederin gyz?! Men görgüli näme etsin?! Men biçäre ot bolamda niräni ýakaýyn?! Şo siziň ugruňyzza, şu tünegi deňli-derejeli etjek bolup, içeriň ody bilen girip, küli bilen çykyp, saçym-a süwse, elimi kesewi, süňňümem üsti-başy ebla garantga edip ýörşüme, men pahyryň nämedir bir zat etmäge eli degýämi diýsenäň... Nadaralyk algoritmem islenilýän netijäni bermänsoň, pahyrdüwmä basyldy-da, misgini-zelillik algoritmi işledildi. -“Näme etdiň” diýýän-ou men saňa?!-diýende, aňyrdakyň özi babatda ulanylýan algoritmlerden gorag ulgamynyň haker hüjümine döz gelmän, burugsap başlamaga çemelenýändigi äheňinden bildirdi. -Nämedersiň gy:?! O seň o taýdaky ýeksurunyň: “tizräk 2000 manat ugrat” diýip, howlukdyryp, başymy-gözümi aýlady. Onnoň menem gitdim-de, o siziň: “termynal” diýýän ýerýuwdanyňyzdan ugratdym-da...-diýdi-de dogrujasyndan gelen hatyn, köpmanyly dymdy. -Howwa, onnoň,-diýip aňyrdaky, “Stanislawskiý” diýilýän bendäň özi bilenem, döredijiligi bilenem ýakyndan tanyş dä bolara çemeli, öýbikesiniň teatr pauzasyny ulanmagyna maý bermedi. -Onnoňy şo! Ýalňyşyp başga belgä geçiripdirin. Innem kim-de bolsa, o oljasy oňan kezzap, tilfony öçürýä... -Hümm-m-m,-edip, aňyrdaky süýkdürip hümmüldedi:-şeý diýsene...“Öçürýämi” ýa-da “öçüripdir”?! Diýjek bolýanym, oň bilen bir gezekwir gepleşdiňmi? -Jykk. Aňyrdakyň bir demde tüýs-takyk tütäp gideni, haşlap dem alşyndan bildirdi. -Näme “jykk”, näme “jykk”? Sorag berlendewir, dogruja jogap ber-ä-hou! Etjegiňi edeň soň, inniki “jyk-jykyň” näme diýsene... -Näme gyz, “etjegiňi edeňsoň” diýen bolup?! Näme, men görgüli, bilgeşländen şeýtdimmi gyz?! Hork-hork...-edip bärdäki, näme üçin beýdýändigine özem düşünmän, göwnüne degilmekdenmi ýa-da ýekesiremekdenmi, hiç hili algoritmsiz-beýlekisiz, keýpine, öz-özünden, tebigy şumjarmaga başlady. -Bolýa-hou,-diýip aňyrdaky, az-kem ýumşady:-Men-hou, inni şo puly nädip yzyna dolamaly?! Şoň alajyny tapjak bolýan. Ýeri bolupdyr-bolupdyr-da, atdanlykda ediläýen zat üçin bü taýda seni çigliňe çeýnejek bolup ýatan ýok-hou. *** Höwründen mylaýym söz eşiden dessine, hatyn şumjarmasyny goýdy. Kellesi durlandy. Sagdyn işläp başlady. -A gyz kakasy, bi o daýzamyň gyzynyň ýüwürjisem-ä şo ugurdan işleýä diýýädiler. Şonnan sorap görsek dagy, alajyny salgy bermezmi ýa?! -O nememi? -Howwa. Aňyrdakyň birneme ekezlenendigi sesinden bildirdi: -Äý şeýt-dewir, aňsatjak çykalga tapsan-aýt! Hany, jaňyny bil derrew. Men özüm gepleşip göreýin. -Bolýa,-diýdi-de, heniz işi bitmese-de bitene dönen öýbikesi, äri bilen aragatnaşygy kesip, öz teklibini amal etmäge bejit girişdi. *** Bü daýzasyna jaň etdi. Daýzasy gyzyna. Gyzy eltisine. Eltisi ärine. Äri: “bolýa, aýlaýsynlar” diýdi. Aýaly eltisine aýtdy. Olam ejesine. Ejesem ýegençisine ýetirdi habary. Garaz, takmynan 40-45 minutdan soň öýbikesi höwrüne til kakyp, şoň ýaly aýlawly, kyn aragatnaşyk ýollary külterlenip anyklanan belgini aýtdy. Soňam garaşmaga oturdy. *** Takmynan 15-20 minutdan soňam adamsy yzyna aýlady. Ol telefony göteren badyna-da, pert-pert buýruk bermäge başlady: -Gowja diňle meni! Ýene-de bar zady bulaşdyryp, şumatkyň ýaly, dek oturan ýerimizzen birtopar kellagyry tapyp beräme birden! Häzir geýinýäň-de şähere gaýdýaň. Etrabyň hukuk maslahathanasyna barýaň. Tapmasaň: “ýuridik konsultasiýa nirdekä” diýip sorasaň, salgy bererler. Onsoň o taýda, ýaňky daýzaň gyzynyň ýüwürjisi kabul eder. “Polisiýa zaýiwlenni ýazmaly bor. Eger-de ýuwurduň içinne bolsa taparlar” diýýä. Hä, onnoňam-hou, paswyrdyň bilen ýaňky pulgeçirdi kiwtansaňam ýatdan çykaraýmagyň. “Kopýasyny arzaňa goşmaly wor” diýýä. Ol ýoldaşyna: “bor, bor” diýip durşuna, onuň jaňyny goýaryna mähetdel, ýuwnup-ardynyp geýinmäge ugrady. Eşigini çalşyp, jeňe çykjak pälwanbike deýin, “ýarag-esbabyny” üpjünläp öýden çykjak bolanam şoldy welin, birdenkä, gapjygyndaky telefonyna jan girdi. Dyň-ň, dyň-ň, dyň... Ol aljyraňňy bolandanmy nämemi, jaň gelýän belgä seretmän telefony aldy: -Salowmakim,-diýip aňyrdan nätanyş ses geldi. -Aleýiksalam,-diýip öýbikesi geňirgendi. Biraz müýnürgeýändigi sesinden aňşyrdýan aňyrdaky gyssanmaç gepläp ugrady: -Bagyşlaň, gelneje. Ir bilen gijeki nobatçylykdan gelip ýatdym-da, telefony öçüripdirin. Gelneje, ýalňyşyp pul geçiräýipsiňiz öýdýän? Ýaňy sagady göreýin diýip, telefony açsam, birnäçe sapar yzly-yzyna jaň edilendigi hakda sms bary geldi welin, şo puly siz geçirensiňiz, indem alada galýansyňyz diýip çak etdim. Puly nirä oklaýyn, gelneje? Ýa şu nomuryňyza ataýynmy?!... “Sabyr Rahmandan äwmek şeýtandan” diýleni... | |
|
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||