13:18 Üç müñ ýyllyk çanak kime degişli? |
ÜÇ MÜÑ ÝYLLYK ÇANAK KIME DEGIŞLI?
Ysraýylly arheologlar Ierusalimiñ günorta eteginde geçiren gazuw-agtaryş işleriniñ dowamynda tapylan çanak böleginiñ ýüzündäki ýazgynyñ ibrany dilinde häzirki güne çenli tapylan iñ gadymy tekstdigini öñe sürdüler. Toýun çanagyñ bölegi Ysraýylyñ patyşasy bolmazdan öñ Dawudyñ palestinaly döw Golýady ýeñen ýeri bolan Elah deresine uzaýan Hirbet Keiýafa galasynyñ harabalyklarynda tapyldy.
Geçirilen karbon testleriniñ netijesinde ýüzüne bäş setirlik ýazgy ýazylan çanak bölejiginiñ üç müñ ýyllykdygy anyklandy. Hünärmenler teksti doly çözüp bilmeseler-de, arasynda "kazy", "patyşa" we "gul" ýaly sözleri okamagy başardylar.
Tekst we sebitde ýerleşen uly galanyñ galyndylary mundan üç müñ ýyl owal bu ýerlerde ýewreý patyşalygynyñ bolandygyna güwä geçýär diýip hasap etdiler. Şol sanda arheoglaryñ beýleki bir bölegi sebitdäki gazuw-agtaryş işlerine ýolbaşçylyk edýän Ýosef Garfinkeliñ aýdyşy ýaly ýazgynyñ ibrany dilindedigini kesgitli aýtmak üçin heniz irdigini öñe sürdüler.
Ibrany uniwersitetiniñ Köne we Täze Äht arheologiýasy boýunça hünärmen Aren Maier tapylan çanak böleginiñ ysraýyllylara-da, palestinalylara-da degişli däl bolaýmagynyñ mümkindigini, munuñ olardanam öñ bu ýerlerde ýaşap geçen we soñra undulan başga bir kowma degişli bolup biljekdigini-de aýtdy.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Taryhy makalalar
|
Категория: Taryhy makalalar |
Просмотров: 475 |
Добавил: Нawеran
| Рейтинг: 4.5/2 |
Awtoryň başga makalalary
Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary