15:27 Üçünjiniñ kysmaty | |
ÜÇÜNJINIŇ KYSMATY
Filosofiýa
Dünýä gije we gündizden, sowukdan hem yssydan, ýaşaýyş ýagşylykdan hem ýamanlykdan, haýyrdan hem şerden ybarat. Ýaşaýyş – haýyr bilen şeriň göreşi! Dünýäni her hili klassifikasiýa bölýän alymlar adamzadyň erkek hem aýallyk başlangyçdan başlanyşy ýaly, haýwanat dünýäsiniň-de, ösümlik dünýäsiniň-de aýallyk-erkeklik başlangyçlardan gözbaş alýandygyny tassyklaýarlar. Eýýäm Ptolomeý zamanlarynda diňe minerallar dünýäsi däl, hatda Gün ulgamyndaky planetalaryň hem aýallyk-erkeklik başlangyçlardan başlanýandygyny, bir planetanyň aýal, beýleki planetanyň erkekdigini kesgitläpdirler. Planetalaryň jynsy aýratynlyklary barada Ptolomeý şeýle ýazýar: «Ýyldyzlar aýal we erkek ýyldyzlara bölünýärler. Aýallar jynsyna hasyllylyk hem çyglylyk mahsusdyr, şolar agdyklyk edýän planetalar aýal planetalardyr, beýleki planetalar bolsa erkek planetalardyr. Zöhre hem Aý planetasy aýal planeta, sebäbi olarda çyglylyk köp, tersine, Saturn, Ýupiter, Mars – erkek planetalar». Dindarlar hem dünýäni ikä bölýär. Pany dünýä, baky dünýä. Biziň ýaşap ýören real dünýämiz pany dünýä, ruhumyzyň uçup gitmeli dünýäsi bolsa Bakyýet. Ýaşaýyş Adam atadan başlanýar. Adam atanyň iki ogly bolan Kabyl bilen Abyl eýýäm dünýäniň bölünmegine sebäp bolýar. Kabyl Abyly öldürýär! Dünýä jenaýatdan başlanýar! «Bölmek» ýaşaýşyň birinji toslap tapan zady. «Bölmek» ýaşaýşyň başyna betbagtlyk baryny getirýär. Baýlar hem garyplar, bolşewikler hem menşewikler, kommunistler hem kommunist däller... Gadymy edebiýat hem, dana adamlar hem dünýäniň göreşdigini, dünýäde haýyr bilen şeriň, adalat bilen jahalatyň, ýamanlyk bilen ýagşylygyň garpyşýandygyny biziň aňymyza kemsiz guýupdyr. Dogrudanam, dünýäde diňe haýyr bilen şeriň göreşi barýarmy?! Adam ajygýar! Deňziň düýbündäki balyk adamyň ajygandygyndan bihabar. Onuň özi hem aç. Adam deňze çeňňek atýar. Balyk düşmeýär. Çeňňege gurçuk ötürip atýar. Çeňňege balyk düşýär. Adam balykdan doýýar. Bu ýerde şer nirede, haýyr nirede? Bu ýerde şer hem ýok, haýyr hem, diňe tebigatyň kanunalaýyklygy bar. Birek-biregi iýmeli!.. Eger dünýäde haýyr bilen şeriň göreşi gidýän bolanynda, dünýä akyl ýetirip bolardy! Eger «güýçli ejizi iýmeli» diýlen kanun baş kanun bolanynda dünýä akyl ýetirse bolardy! Adam ajykdy! Ol Allanyň bendesi! Ol iýesi gelen zadyny iýmeli! Balyk onuň rysky! Emma iki arada gurçuk näme? Sowet zamanynyň partiýaly edebiýatynyň gahrymanlaryny ýadymyza salalyň: Položitel gahrymanlar – ýagşyzadadan ýagşy, perişdeden päk! Otrisatel gahrymanlar – iblisden nejis, melgundan mojuk! Emma durmuşda beýle adamlar ýok. Ol adamlary eserlerimizde özümiz döretdik, olar eserlerimizde hem ölüp giderler, eserlerimiz bilen bile... Durmuş eser bilen düşündirerden çylşyrymly. Ak adamyň garasy bar, gara adamyň agy... Horezmiň beýik şasy Tekeş şa hakynda rowaýat görnüş bir gürrüň eşidipdim, eser etmek pikiri bilen hem «keselläpdim», ýöne «kesel» göwnejaý degen däldir-dä, häli-häzire çenli-hä ýazamok... Horezm şasy Tekeşe ýaş mahallary Hydyr ata duşupdyr. Hydyr oňa ak pata berip: – Dile üç sany dilegiňi – diýipdir. Tekeş şa: – Allatagala başyma täç, aýagyma tagt berdi, mundan gaýry, mundan artyk näme diläp bolar?.. Atam, sen maňa şu döwletimi göterip gezer ýaly baldyr ber, ikinjiden, men – şa, men ilatymyň rysk-döwletine-de esewan etmeli, deýýus adamlary jezalandyrmaly hem. Bilmezlikde günäsiz kişini jezalandyrmaly bolmagym ahmal, sen maňa günälini-günäsizi saýgarar ýaly bir gudrat ber – diýýär. Hydyr ata oňa bir ýüzük berýär-de: – Üçünji dilegiň nämedir, aýdyber – diýýär. – Üçünji dilegim, men ýagşy ýoldan ýörejek borun, sen maňa ejizlän mahalym duş, men şonda üçünji dilegimi dilärin – diýipdir. Tekeş şa Süleýman pygamber ýaly adyl bolmagy ýüregine berk düwüp, ýurduny abadan edipdir. Emma ilçilikde jenaýat hem edilýär. Aýratyn hem köpçülik mes çagtynda. Şolara jeza berenlerinde adalatsyzlyk ediläýmesin diýip kaza-da ynanman Tekeş şa Süleýman pygamber ýaly özi kazylyk edipdir. «Ogluň bolsa ogra gülme, gyzyň bolsa – orramsa» diýleni... Bir meýlisde adam öldürilýär. «Ony Tekeş şanyň ogly öldürdi» diýip kim aýdyp biljek?! Tekeş soltan ýakymsyz habary eşidýänçä, şanyň ýakyn adamlary meseläni çözdüm edip «jenaýatkäri» taýynlap goýýarlar. Tekeş şa jenaýatkäre tarap ýüzüginiň gaşyny öwürse, jenaýatçynyň keşbi görner eken. Ýedi yklyma adyl şa diýip ady ýaýran Tekeş şa oglum diýip durjak däl, ýüzükde onuň keşbi göründigi, jellada tabşyryp, dünýäden ýok etjek! Şanyň aýaly ony bilip dur. Goý, bir bende: «Ony men öldürdim» diýip ýüz gezek aýdaýsyn, Tekeş oňa ynanmaz, ýüzügine ynanar! Ýüzügi nätmeli? Şanyň aýaly Melike eňýär garry weziriň ýanyna... Heleý halky mürt bolup gaty garrasa melguna öwrülýär. Melgun mürt bolup gaty garrasa, onuň ylmy garry weziriň ylmy bilen deňleşermiş. Melike Tekeş soltanyň iň garry, iň akylly weziriniň ýanyna barypdyr. Jenaýata garaljak gün gelip ýetýär. Şanyň ýakynlarynyň taýynlan «jenaýatkäri» orta çykyp «bolan wakalary» bir-bir gürrüň berip serhoşlygy zerarly şol ýigidi öldürendigini «boýnuna alýar». Tekeş şa ýüzügi oňa tarap öwürýär. Emma ýüzükde ýigidiň keşbi peýda bolmaýar. Ol oglundan sorag edýär. Ogly hem bolan wakany «bolşy» ýaly edip gürrüň berýär. Soň satyn alnan şaýatlar hem kepil geçýärler. Tekeş soltan ýüzügiň gaşyny jenaýatkäre tarap öwürýär, emma onuň keşbi ýüzügiň gaşynda peýda bolmaýar. Ýüzügiň gaşyny ogluna tarap öwürýär weli, oglunyň keşbi gaşda aýyl-saýylmyş. Tekeş şa: – Adam ýalan sözläp biler, adamyň pir çykany hem ýalan sözläp biler, emma Taňrynyň gudraty bolan bu ýüzük ýalan sözlemez! Han-ha jenaýatçy, han-ha, meniň bilimden dörän doňuz! Hut şonuň hem melgun keşbi ýüzükde görnüp dur!.. Aýaly saçlaryny ýaýyp, ýarym-ýaş bolup, ör-gökden gelip elewreýär: – Bolmanam, oguljygymyň keşbi ýüzügiň gaşynda görner-dä! Günäsi bolanynda görünmezdi ol... – Bu ýüzügiň gaşynda jenaýatkäriň, betpyglyň, nejis adamyň keşbi görünýär ahyry... – diýip, şa gazaplanýar. – Goýaweri, soltanym, goýaweri!.. Heý, Hydyr ata ýaly gudratly ýagşyzadanyň beren ýüzüginiň gaşynda hem pis adamyň ýüzi görnermi? Şu güne deňiç onyňda ýagşy adamlaryň keşbi görünýärdi... – diýip, aýaly özelenýär. Pursatdan peýdalanan garry wezir hem: – Hawa, keramatly ýüzükde deýýus kişiniň ýüzi görünmez, şahym, sen bulaşdyrjak bolduň... Tekeş şa allaniçiksi bolýar. Ol: «Şu mahala çenli jenaýatçynyň keşbi görünýärdi: diýip öz gepine tutýar, tutuş köşgüň ýalýagylary bolsa garry wezirdir Melikäniň. Soltan serimsal bolýar. Garry wezir: – Soltanym, nije ýyllar bäri men saňa ak ýürekden hyzmat edip gelýärin: ýeke sapar saňa ikilik etmek meniň hyýalyma-da gelen bolsa, takga janym çyksyn! Meniň ömür pälim düzüwdi, şindem düzüw, hany, ýüzügiň gaşyny maňa tarap hem öwür diýipdir. Tekeş şa garry wezire tarap ýüzügiň gaşyny öwürse, onuň hem keşbi aýyl-saýylmyş. – Gördüňmi, soltanym! Ýüzügiň gaşynda men hem göründim. Bar, meniň hem pälim düzüw dälmiş diýeli, ynha, seniň iň arzyly aýalyň, ogluňa ak süýdüni emdiren enesi otyr, hany, şoňa-da öwür! – diýip, wezir janygypdyr. Tekeş soltan ýüzügi aýalyna tarap öwürse, onuň hem keşbi görünýärmiş... Tekeş soltan aýalyna özüne ynanýan ýaly ynanýan eken. Görgüli ýöne kellesini tutaýypdyr. Ol aýaly, weziri ters päle münüp, özüne ikilik eder öýtmeýärmiş. Tekeş şanyň saňsar bolanyny aňan garry wezirdir beýleki wezir-wekiller: – Sen ýalňyşýaň-da, sen ýalňyşýaň, soltanymyz, ýüzük bigünäni görkezýär – diýip, ant yzyna ant içipdirler. Tekeş soltan, barybir göwnüne çiglik gidip, zyndanbany çagyrdyp, oňa ýedi sany eýmenç jeza berlen bendileri getirdýär. Ýakasy gaýyşly bendilere tarap yzly-yzyna ýüzügiň gaşyny öwürýär, emma hijisiniň suraty gaşda görünmeýärmiş... Şa köpçüligiň pikiri bilen ylalaşaýmaly bolýar! Şol günden başlap hem Tekeş soltanyň adyl soltanlygy gutaryp, Köneürgençdäki mawzoleýde ýatan Tekeş şanyň eýýamy başlanypdyr. Tekeş soltan adam-garasyz bediýan çöle çykyp, zar-zar aglap Hydyr ata ýalbarypmyş, emmaki oňa ýene duşuşmagy wada beren Hydyr ata duşmanmyş... Bir alymdan: «Haçan asmandan kyýamat iner?» diýip soranmyşlar. Alym: – Kyýamat asmandan inmez, geljekde alymlar şeýle akyldar kompýuterleri oýlap taparlar, ol kompýuterler adamdan müň esse akylly bolar. Ana, şol kompýuterleriň arasynda aldaw, hile, duşmançylyk başlansa, kyýamaty şolar gopdurar – diýipdir. Haýryň-şeriň, günäniň-sogabyň, akmaklygyň-akyllylygyň emblemasy ýok, göreniňden biläýer ýaly. Durmuşyň çylşyrymlaşyp gidip oturmasy hem şondan. Biziň «Görogly» eposymyz bar. Dünýäde şondan kämil folklor eseri ýok bolsun gerek. Ol biziň Gurhanymyz. Ýöne, ýöne... Görogly kerwen hem urup ýör, «Oglum ýok» diýip gidip birewiň ýeke ogluny ogurlap, zorluk hem edip ýör. Öwez jana gelinlik gerek diýip bir şanyň gyzyny hem atyň syrtyna basyp gaýdyberýär. «Köse-de bir gyz getirip berewer» diýipdi diýip öýünde duzuny iýen kişisiniň hem gyzyny atyň syrtyna basyp gaýdyberýär. Eýse, bular zorluk dälmi? Zorluk, emma set-müň horlugy gören halkymyz muňa «ar almak» diýip düşünýär. Dünýäniň çylşyrymly ýeri: iki at depişýär, arasynda eşek ölýär. Iki güýçli duşman dil birikdirýär, üçünji döwlet heläk bolýar. Griboýedow Türkiýede ilçi mahaly Türkmençaý şertnamasy baglaşylýar. Üç-dört sany uly döwlet arasynda şol şertnama baglaşylýar, netijede ondan bihabar türkmen üçin şol şertnama Türkmençaý şertnamasy boldy... Birinji jahan urşuny ýadyňyza salyň: Germaniýa, Russiýa, Angliýa, Awstro-Wengriýa ýaly uly imperiýalarda harby kuwwat güýçlenip-güýçlenip görülmez derejä ýetdi. Jahan urşy başlandy. Näme diýip başlandy? Bir şazada Ferdinand üçinmi? Ýok. Şol döwletlerde işçiler klaslary klas hökmünde ýetişip, proletariat döredi. Şol uly döwletler bite gahar edip, ýorganlaryny otladylar, ýöne ýorgan bilen olaryň özleri hem uly heläkçilige uçradylar... Men muňa ýüzlerçe mysal getirip biljek, emma düşnükli zady nygtap oturmagyň hajaty ýok. Dünýäde haýyr bilen şer garpyşýan hem bolsa, pida bolýan üçünji. Öz gara güni bilen ýaşap ýören! | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||