11:18 Ugradyş / hekaýa | |
UGRADYŞ
Hekaýalar
Ogulmaral ejäniň külçe bişirip ýörşüne howsalasy artdy. Bir ýerde durup karary ýetmedi. Oglunyň ýanyndan aýrylmady. Oňa sargyt etdi. Agşamlaryna gezip ýörmeli däldigi, diňe okamalydygy, puldan kösençlik çekjek bolsa, dessine öýe hat ýazmalydygy barada oglunyň gulagyna guýdy. Onuň agşam gözüne uky gelmedi. Perzendiniň ýat ýerlerde hor-homsy bolman gurgun gezmegini, okuwa girmegini dileg etdi. Ogluny okuwa ýylgyrjaklap ugratmagy, göwnüni göterer ýaly söz aýtmagy ýüregine düwdi. Ýöne boldumy näme? Ertir oglunyň çemedanyny göterip ýola şaýlananyny görende, Ogulmaral ejäniň ýüregi agzyna geläýene döndi. Apalap ýetişdiren perzendi bilen hemişelik hoşlaşýan dek, özüne erk edip bilmedi. Gözýaş dyňzap geldi-de, paýrap gitdi. – Eje, goýsana! Goýsana, eje! Men geler duraryn ahyryn. – Gidiber, käbäm! Maňa üns berme. Hat ýazyp durgun! Yzyna garaý-garaý giden Rahmanyň keşbi Ogulmaral ejäniň göz öňünden aýrylmady. Ony ýatladygyça agysy tutdy. Oglunyň yzyndan ylgasy, ony yzyna gaýtarasy geldi. Ýüreginiň töründen: «Azar berme, goý, okasyn!» diýip çykan ses ony saklady. Agşam onuň iýip-içip mazasy bolmady. – Goý-a, keýwany – diýip, Hojaberdi aga aýalyna igendi. – Ýeke seniň ogluňdyr-ow okuwa gidýän. Oňa hiç döw çalmaz! Çaga däl ahyryn ol indi! Ogulmaral ejäniň her güni ýyla döndi. Ogluny görmek isledi. Göwnüne bolmasa, ogly şäherde horlanyp ýören ýaly duýuldy. «Wah, wah, käbäm» diýip, gynançly pyşyrdady. Onuň hiç zat bilen seri bolmady. Ol her gün oglundan hata garaşdy. Hat alyp, oglunyň sag-aman şähere barandygyna, ekzamenlerini tabşyryp ýörendigine begenip monça boldy. Bir aý geçip-geçmänkä Rahman dolandy. Özem Ogulmaral eje garaşman durka dolandy. Ol ogluny garsa bagryna basdy. Begenjine ýeke agyzam gepläp bilmedi: – Käbäm-käbäm... Ogulmaral eje oglunyň ýüz gözünden sypady. Perzendiniň dolanmagyna begendi. Ogluny gaýgy edip ähli çeken horluklaryny unutdy. Dünýäsi giňäp, şatlyk gözýaş bolup çykdy. Ýöne onuň okuwa girip bilmändigini eşidip, gyýyldy. Iki duýgy ony alasgopaslyga saldy. Rahman goşun gullugyna gitdi. Iki ýylyň geçmegi Ogulmaral eje üçin örän kyn boldy. Ol her gününi barmak basyp sanap geçirdi. Oglam her hatynda «dembile» çenli näçe günüň galandygyny ýazyp, ejesiniň ýüregini bükgüldä saldy. Onuň üstesine-de Rahman oba çaltrak barasynyň, ejesini göresiniň, onuň bişiren naharlaryndan doýa iýesiniň gelýändigini gaýta-gaýta tekrarlady. Oglunyň beýle küýsegine ene nädip biparh garasyn?! Rahmanyň gelen güni Ogulmaral ejäniň süňňi ýeňledi. Şol ýylgyrdy ýördi. Näme edip-näme goýanyny bilmedi. – Äl, munuň bolaýşyny! – diýip, Hojaberdi aga kineli dillendi. – Ýuwaşrak ýöre. Birden büdräýme. Ogulmaral eje gözüni oglundan aýrasy gelmedi. «Tüweleme, ers-mers bolaýypdyr. Oglan hereketleri galyp, birneme agraslanypdyr. Sesem öňkülerine görä ýognalan ýaly...» Aradan birki gün geçdi. Ogulmaral ejäniň ýüregi birneme rahatlyk tapdy. Oturyp-turşy ýeňledi. Oglunyň habary weli, ony bimaza etdi. «Indiki aýraçylyg-a gerek däldi» diýip içini gepletdi. Ýöne ogluna garşy çykmady. – Oka, käbäm! Biz garşy däl. Ýöne, meniň üçin-ä, indi hiç ýerik gitmeseň, şol gowy. Ýene aýralyk. Özünden daşlaşyp barýan ogluna seretdigiçe Ogulmaral ejäniň agysy tutdy. Han-ha, Ogulmaral ejäniň yhlasy özünden daşlaşyp barýar. Gör-ä durmuşyň akabyny! Ol öň ejesinden daşlaşmazdy. Indi küýi başga zatda. Ol çaltrak awtostansiýa ýetmek üçin howlugyp barýar. Belki, ol yzyndan ejesiniň seredip durandyngyny hem unudandyr? Ogulmaral eje kem-kem daşlaşyp barýan oglunyň yzyndan uzak seredip bilmedi. «Hyk» etdi-de, ýuwdundy. Sessiz aglady. – Goý-a keýwany, näme, ogluňy soňky ýoluna ugradýaňmy? – diýip, Hojaberdi aga aýalyna göwünlik bermäge çalyşdy. – Öwrenişere wagt boldy indi. Ony birinji gezek meýdana ugradaňok ahyryn. Onsoňam ol indi çaga däl! Iki daşyň arasam bolsa, gününi görer. Dogrudanam, öwrenişere wagt bolupdy. Ýöne ene ýüreginiň aýralyga şol öwrenişip bilmän ýörşi. Perzendi göz öňünden uzaklaşsa, oňa nämedir bir zat bolaýjak ýaly görünýär. Ogulmaral eje Rahmandan uly iki ogluny – Döwrany, Merdany ilki goşun gullugyna ugratdy. Olar şähere gidip, ýokary bilim alyp geldiler. Ogulmaral eje olary hem her sapar ugratmaly bolanda gozgalaň tapardy. Enelik duýgusy ony tanapa baglap, oglunyň yzyndan çekerdi. Ejap edip saklanardy. Howsala içde dömüp, göze bat bererdi. Ogulmaral ejäniň çaga ýetişdirip, görýäni – aýraçylyk. Ol näçe dowam etse-de, ene muňa öwrenişip bilmejek eken... Rahman okuwa girdi. Mahal-mahal oba dolandy. Soňky kursda öýlendi. Ol her gezek oba gelende Ogulmaral ejäniň begenjiniň çägi bolmady. Her gezek gitjek bolanda gowurmadan dolduryp, sumkasyna saldy, egin-eşiklerini birlaý gözden geçirdi. Şolbir aýdýan sözlerini gaýtalady: – Şäher ýeridir, bilip bolmaz, gije geziji bolma. Okuwyňy köpräk oka. Puluňy rejeli sow. Gutarsa, çekinme-de: «Guk!» diý. Şir poştalýondan iberäýeris. Rahman okuwyny gutardy. Şäherde işe galdy. Onuň aladasy artyp, oba gelmesi selçeňleşdi. Ol bu gün zähmet rugsadyňa çykyp, oba geldi. Ogulmaral eje guş bolup uçaýjaga döndi. Olary nirede oturdyp, nähili hyzmat etjegini bilmän alakjady. Şatlygyna agtyklaryny bagryna basdy. Gözüni ýaşardyp, goňşularyna oglunyň maşgalasy bilen gelendigini buşlap çykdy. – Oglum geldi, goňşy jan, oglum geldi! Özem maşgalasy bilen – diýip, Ogulmaral eje agtyklaryny ogşady. – Wah, men sizden aýlanaýyn, käbelerim! – Ol goňşulary bilýän hem bolsa, howul-hara agtyklary barada gürrüň bermäge başlady. – Ulujamyň ady Pena. Adyny özüm dakdym. Gelnim: «Ejesi, agtygyňyza at dakmagy size goýduk. Halan adyňyzy dakyň. Size ýaran, bize-de ýarar» diýdi. Menem: «Onda agtygymyň ady Pena bolsun. Ata-enesini hemişe penalasyn ýörsün. Ynha, meniň dakjak adym» diýdim. Sena janymyň adyny bolsa atasy dakdy. «Uly iliň diliniň senasy bolsun agtygym» diýdi. Şatlykly günüň hümmeti ýok. Ol, tüweleý ýaly, sähel salymlyk bolýar, geçýär. Bir aý, göräýmäge, az wagtam däl ýaly. Ýöne bu Ogulmaral eje üçin örän basym geçdi. Ogly: «Eje jan, biz ertir gaýtmakçy» diýip dur. Ogulmaral eje näme diýsin? Rahmanjanam indi çaga däl. Iki çaganyň atasy. Ejesini gowy görýär. «Eje jan, eje jan!» diýip, kökenek gerip dur. Rast, ata-eneden aýry ýaşap işleýän bolsa, şeýtmek gerekdir. Özi gowy bilýändir. Wah, käbämiň özem-ä aýraçylykdan horlanýar. Bolýa-la, Ogulmaral, güni nirede gowy geçse, şol ýerde bolsun! – diýip, Ogulmaral eje öz-özüne teselli berdi: «Garrap ýörşümmikä, Allajanlarym?! Olaryň gitmeli habary meni ysgyn-mydardan aýyrdy oturyberdi. Başlary sag bolsun hernä...» Ogulmaral eje bu sapar serpaýyny uludan tutdy. Gelniniň başyna gök gyňaç atdy. Agtyklaryna birlaý eşik geýdirdi. Her gezekki bişirýän bir tamdyr külçesini irgözinden ýapyp, saçaga dolap goýdy. Ogulmaral eje bu gezek hem öz-özüne söz berdi: «Olary gözýaşsyz, gülüp ugradaýyn. Ile gülki bolup, gözýaş döküp durmaýyn. Göwünlerini göterer ýaly söz aýdaýyn. «Aglap galdy» diýip, soň meni gaýgy edip ýörmesinler...» Ol her sapar ogluny ugradanda gaýtalanýan sözlerini aýtmakdan saklandy. Gelniniň ýüzüne ýylgyryp seredip: «Agzybirje ýaşaň! Rahmanyň jylawyndan çekip dur. Bozuk ýola düşjek bolsa, maňa: «Guk!» diý. Özümjik ýola salyp gaýdaryn. Men oňa ökdedirin» diýdi. Ol agtyklaryny wagty bilen gujagyndan goýbermedi. Olary ogşady. Mymyjak saçlaryndan sypady. «Tiz-tiz gelip duruň, käbelerim. Bolýamy? – diýip, ol agtyklaryna naýynjar bakdy. – «Enemiň ýanyna gitjek» diýiň. «Enemizi göresimiz geldi» diýiň». – Sag boluň, onda! Özüňizem baryň. – Sag-aman baryň... Ynha, Ogulmaral ejäniň ençeme gezek gözýaşyny, begenjini gören ýol. Öň mundan Ogulmaral eje diňe bir ogluny ugradardy. Indi beýle däl, Bir wagtda ol dört jigerbendini ugradýar. Olar ýoly dolduryp awtostansiýa tarap barýarlar. Bu Ogulmaral ejä öňkülerindenem agyr düşdi. Wah, ol entek agtyklaryndan hem ganyp bilmändi ahyryn. Ýol bilen barýan agtyklaryna, ogluna, gelnine seretdigiçe Ogulmaral ejäniň howsalasy artdy. Ýuwdundy. Penajyk posalajyk elini kakasynyň elinden sypdyrdy-da yzyna öwrüldi. Elini galgadyp duran enesine bakyp, agy gatyşykly gygyrdy: – Ene-e!.. Sessiz gözýaş edip duran Ogulmaral eje saklanyp bilmedi, möňňürip goýberdi. Her sapar aýaly aglanda gyjalat berýän Hojaberdi aga-da, näme üçindir, sesini çykarmady... 1982 ý. OSMAN ÖDE. | |
|
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |