20:09 Wagt maşyny | |
WAGT MAŞYNY
Geň-taňsy wakalar
• Hakykata öwrülen fantaziýalar ýada "wagt maşyny" hakda arzuw Her birimiz "wagt maşyny" hakdaky fantastiki eserleri okap ýada kinofilmlere tomaşa edip, geçmişe ýa-da geljege syýahat etmegi arzuw eden bolsak gerek. Özüm barada aýtsam-a şeýle, "wagt maşynyna" münüp geçmişe, taryha syýahat etmek arzuwym bar. Eger sizde-de şeýle arzuw bar bolsa, biziň şol arzuwmyzyň hasyl bolaýmagam mümkin. "Nädip hasyl bolsun, ol zatlar fantastika ahyryn?!" diýýäňizmi? Howlukmaň, häzir men size öz döwründe fantastik ýazyjy, fantastiki eser diýip atlandyrylan ýazyjylaryň eserlerinden birnäçesini mysal getirip bermekçi. Onsoň wagta syýahat hakynda-da özüňiz pikirlenip görüň. • Žýul Wern (1828-1905ý) Meşhur ýazyjy bir eserinde: "Maşynlar adamy iýip gutarýança, adamlar maşynlary ýasar" diýen sözleri bar. J.Wern özüniň "Ýeriň merkezine syýahat", "Ýerden Aýa çenli", "Syrly ada", "20000 metr suw astynda" ýaly eserlerinde wagt maşyny hakynda söz açýar. Ýazyjy adamlaryň işini ýeňilleşdirýän tehnologiýalary oýlap tapylmagynyň zerurdygyny bilýän eken. Ýöne bularyň bary şol döwürüň adamlary üçin "hyýaly gürrüňlerdi". Aradan ep-esli wagt geçip, has dogrusy XIX-asyryň ahyrlarynda, XX-asyryň başlarynda uçarlar, wideofonlar, yzýany bolsa kosmos gämileri we elektrik hereketlendirijiler oýlanyp tapyldy. Ylmy tehnikanyň bu açyşlaryny bolsa Jyul Wern öz eserlerinde bireýýam aýdyp geçipdi. • Gerbert Wills (1866-1946ý) Gerbert Willsiň: "Fantaziýa baý adam,beýlekilere seredende jemgyýete has peýdalydyr" diýen sözi bar. Onuň bu sözüniň hakykata golaýmy ýa dälmi anyk bilemok welin döredijiliginiň esasy bölümi fantastika bolan Gerbert Wills öz eserleriniň üsti bilen geljekdäki durmuş barada köp zatlar habar bereni hakykat. G.Willsiň eserlerinde bir topar häzirki zaman tehnikalaryna duşmak mümkin: telewideniýe, özi ýöreýän basgançaklar (eskalator), genetiki barlaglar, lazer ýaraglary we hatda atom bombasy. Bulardan başga-da Gerberdiň eserlerindäki gahrymanlar dürli hili apparatlaryň kömegi bilen özara aragatnaşyk saklap bilýärler. Ýada bir "gutyjygyň" kömegi bilen özlerine gerek maglumatlary ýygnaýarlar. Bularyň bary oýlanyp tapylan zatlar bolsada, şu döwürdäki mobil aragatnaşyklar, kompýuter we internet hakynda aýdylýan ýaly dälmi eýsem?! Ýazyjynyň: "Dünýäni halas etmek","Ukydakylar oýanan wagty", "Wagt maşyny", "Görünmeýän adam", "Dünýäleriň söweşi" ýaly eserleri ýokarda aýdyp geçen zatlarymyz hakynda. • Artur Klark (1917-2008ý) Artur Klarkyň 1968-nji ýylda ýazylan we şol döwürde uly gyzyklanma döreden "2001-nji ýylda, kosmosdaky başdan geçirmeler" kitabynda bir gahryman şeýle diýýär:"Elimdäki gural islendik wakany ýadynda saklaýar we islän wagtym gaýtadan görmäge mümkinçilik berýär.Munuň üçin onuň ýüzüne barmagymy degirmegim ýeterlik". Aradan ýyllar geçip, sensorly telefonlaryň dörediljegini Artur Klark edil öňden gören ýaly. Belki Stiw Jobbs onuň eserlerinden ylham alandyr?! Mundan başgada, A.Klark online oýunlar hakynda hem aýdyp geçýär. Onuň 1945-nji ýylda çap edilen "Şäher we ýyldyzlar" kitabyndaky gahrymanlar bolsa internetden peýdalanýarlar. "Ram bilen duşuşyk" eserinde bolsa duran ýeriňi görkezýän nawigatorlar hakynda söz açýar. • Reý Bredberi (1920-2012ý) "Maňa seret ýerden gelen, eger biz ýer ýüzünde naharlanýan jaýymyzy gurmadyk bolsak, siziň Müsür diýýän ýeriňizde hiç hili piramidalar bolmazdy". Bu sözler R.Bredberiniň "Marslylaryň hronikasy" kitabynda bar. Beýle diýmek bilen ýazyjy piramidalary başga planetalylar gurupdyr diýen pikirini öňe sürýän bolmagam mümkin. Ýazyjynyň 1950-nji ýylda çap edilen "Ýakymly ýagyş ýagar" eserinde "öýjagaz" hakynda aýdyp geçýär. Bu "öýjagaza" giren adam başga ýerdäki "öýjagazda" duran adam gürleşip bilýärdi. Bu "öýjagaz" häzirki günlerimizdäki web kameralary ýadyňa salýar. Mundan başgada R.Bredberiniň şol wagtky eserlerinde şu döwürden ulanýan sensor ekranlar, bankomatlar, aýdym saz pleerleri we hatda 3D formatly filmler hakynda hem aýdyp geçýär. • Aýzek Azimow (1920-1992ý) Bu günki günde alymlar tarapyndan döredilýän "akylly" robotlary hakynda Aýzek Azimow özüniň 1950-nji ýylda çap edilen "Men robot" romanynda aýdylyp geçilýär. Eserde robotlaryň hereketi, edil adam ýaly pikirlenmekleri,erbet häsiýetli robotlar we adam bilen "demir tenlileriň" arasyndaky dostluk örän ussatlyk bilen beýan edilýär."Men robot" romany ençeme wagtlap adamlaryň elinden düşürmän okan eserleriniň biridir. XXI-asyrda örän köp robotlar döredildi we döredilýär. Ýöne olaryň hemmesem ýazyjynyň aýdyşy ýaly: "Adammy ýa robotmy, kim bolsa-da diňe gowylyga hyzmat etsin". • Doganlar Strugatsklar (1925-1991ý), (1933-2012ý) 1962-nji ýylda ýazyjy doganlaryň "XXII-asyryň gündizi" atly kitaby çapdan çykýar. Eseriň sýužetine görä, alymlar "Kasparo-Karpowo" operasiýasyny amala aşyrýarlar we iki adamyň beýnisi bir adama goýulýar. Netijede matematik meseleleri şahmat arkaly çözýän maşyn-adam peýda bolýar. Haýran galdyrýan ýeri hem şol wagt meşhur küştçiler Anatoliý Karpow 11 ýaşynda, Garri Kasparow bolsa entek dogulmandy hem. Ýokarda ady agzalan ýazyjylar öz döwründe uly meşhurlyga eýediler. Olar öňden görüji boldylarmyka ýada "wagt maşyny" bilen geljege syýahat etdilermikä?! Bu aýdanlarymyz esasan günbatar edebiýatyna degişli. Günbatar edebiýatynda başgada şular ýaly ýazyjylar, eserler kän. Geliň indi bolsa gündogar edebiýatyna hem nazar salalyň. Ertekilerdäki uçýan halylar ýada uçýan atlar biziň şu günlerimizdäki uçarlarymyzdyr, dikuçarlarymyz hakyndaky arzuwlar dälmikä? Bagşylarymyzyň ürç edip aýdýan "Görogly" dessanyny bilmeýän ýok bolsa gerek. Görogly begiň aýaly Agaýunus peri dyrnagyna seredip, dünýäde bolyp duran işlerden habardar bolyp otyrandyr. Bu bolsa bellibir derejede biziň günlerimizdäki aragatnaşyk serişdeleriini ýada salýar... Görüşimiz ýaly, geçmişdäki ertekidir, fantaziýalar bu günki günde hakykat bolan bolsa, biziň "wagt maşynynda" syýahat etmek arzuwymyz hem hasyl bolmazmy eýsem?! © Şirhan ALLABERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||