17:49 Ýagşydyr | |
ÝAGŞYDYR
Goşgular
Salam berip barsaň döwletli öýe, Duz dadyp, dyzyňy epseň, ýagşydyr. Söz – kerem-gudratdyr, ruhlara söýe, Süýji-süýji söhbet etseň, ýagşydyr. Häsiýeti deý pikirem deň däl hemmäň, Bir maksat: “Bagt” diýip, atýarys hallan. Azgyny göreňde gözüňi ýumman, Dogry ýola salyp gitseň, ýagşydyr. Ýylgyrsaň ajapdyr, gaşyňy çytman, Bilenňi öwretgin egniňi gysman, Ýokaryk çykýanyň synyndan çekmän, Goldaw berip, öňe itseň, ýagşydyr. Şükür et, ynamy üzme ertäňden, Umyt yşy öçmäwersin peltäňden. Oý-pikire çümüp özüň örtänden, Bir işiň başyny tutsaň, ýagşydyr. Asgyn geler göýdük pikirden-köýden, Bu dünýäni çyn-hakykat däl öýden. Akly haýran eden täsin täleýden, Kä utulyp, käte utsaň, ýagşydyr. Gerek, artyk, ähli zady saz goýup, Gyşy kalba sorup, ile ýaz goýup. Uly-kiçi ýüreklerde yz goýup, Imanyň arkalap gitseň, ýagşydyr. Azymberdi Kakaýew | |
|
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Bolupdy döwür / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Ballaryň islär / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Belaýy yşk ki, her dem maňa jepaýydyr... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Allaýar Çüri / Goşgular - 17.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||