01:13 Ýagyş we Deñiz | |
ÝAGYŞ WE DEÑIZ
Goşgular
![]() Bilemok Hazarmy, Gulzummy, Azow. Parhy näme Egeými ýa Akdeñiz. Belki-de ol Köpetdagyñ goýnunda Million ýyl öñ gurap, çöl bolup giden Dünýäñ kartasynda ady ýok deñiz. Bilemok Wagty-da belli däl onuñ Geçmişdemi, Ýa şu günmi, Ertemi. Taryhdan owalmy Taryhdan soñmy. Bilemok Dogrusy ruhy ahwalmy. Ýa düýşdemi, Huşda bolan hyýalmy... Ýigdiñ däli köñli Ýuwaş umman deý Yklymlañ ummasyz aralygynda Bir asuda gije tolkunlarynyñ Owazyna diñşirgenip öz-özi, Ýassanyp ýatyrka kenarlaryny Gökden nem dammaga hyýal edenmiş Ençe aýlap görünmedik bulutlar Sepelänmiş deñze monjuk deý ýagyş... Bu ajap görnüşe gowgaly dünýäñ Tutuksy ýüzleri bir para-pagyş bolup, deñziñ şatlygyna şatlanan Ýagyş bolsa öñküdenem batlanan Umman ýüzün tutup gögüñ nuruna Ýalap-ýuwdup tükederli dälmişin... Asmandan nur bolup inen monjuklar Gyjygyny tutdurýan deý hamala Ummanyñ ýüzüni, gözüni sypap, Gerişlerni damja bilen owkalap Soñam gujagyna siñip gidýärdi. Deñze añsat däldi näzli ýagyşyñ Bular ýaly senedine bäs etmek Ýagşa bolsa barha lezzet berýärdi Şory öz süññüne ötüşip giden Däli deñzi ymsyndyryp özüne Çyrpyndyryp, çarp urduryp küýsetmek... Dañ atdy. Tebigat gara şalyny Serpeninde Ýeriñ arka garnyna Ýagyşyñ iñ soñky damjasyna çen Sokga soran deñze huzur getirdi. ...Deñiz kenarynda iki ýaş juwan Agşamky ýagyşyñ hezilin görüp, Indem dañ sowguna buýmajak bolup, Bir-birine gysmyljyrap ýatyrdy... © Has TÜRKMEN. | |
|
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |