05:30 Durmuş ýagşylykdan doly | |
DURMUŞ ÝAGŞYLYKDAN DOLY
Edebi makalalar
Ynsan durmuşynda ýatdan çykarylýan zatlar, gör, näçekä?! Megerem, onuň hetdi-hasaby hem ýokdur. Emma şeýle bir ýagdaýlar bolýar, dynnym ýalyjagam bolsa, edilen ýagşylyk ýatdan çykmaýar. Bu babatda durmuşdan susup alara mysal kän. Emma men bu hakynda söhbet etmezden öňürti, özümi biynjalyk edýän başga bir zat hakynda gürrüň açmakçy. Adam durmuşda ýaşap ýördügiçe, ähli zada öwrenişýär ekeni. Bu, bir tarapdan, gowy bolup hem biler. Emma taýagyň iki ujunyň bolşy ýaly, bu meseläniň «uçly» tarapynyňam bardygyny ýatlamaly. Ine, her gün säherde öýden çykyp gaýdanymyzda, ezizlerimiziň «Sag bol, sag-aman gel!» diýip, ellerini galgadyp durmagy, awtobusa münenimizde, özümizden kiçileriň ör turup, ýer bermegi, saba-säherde göwnüňi dokundyrýan guşlaryň saýramagy, şäheriň asuda köçelerinde, seýilgählerinde çagalaryň şadyýan gülki sesleriniň eşidilmegi... Ähli zat biziň göwnümize bolaýmaly zatlar ýaly bolup dur. Bu zatlara şeýle bir öwrenişipdiris welin, hat-da olar biziň üçin adaty bir zat ýaly. Emma bu zatlaryň aňyrsynda nämedir bir syryň, gizlinligiň ýatan bolmagy ahmal ahyry. Hawa, bu — durmuş-da. Arada dostlarymyň biri şeýle gürrüň berdi: «Bir gün agşam işden çykyp, öýe bardym. Gelsem, ähli zatlar görer ýaly däl: ne gap-çanaklar ýuwulypdyr, ne düşekler galdyrylypdyr, ne-de öý tertiplenipdir. Bar ýer buýr-bulaşyk ekeni. Üstesine, agşam nahary hem taýýarlanmandyr. Mal-garalar bolsa agylda mäleşip-molaşyp durlar. Bu ýagdaýy görüp, meniň girre gaharym geldi. Öýüň içinde sermenip başladym. Görsem, aýalym diwanda kitap okap oturan ekeni. Men: — Bu gün saňa ne döw çaldy? — diýip, aýalyma gaharlandym. Ol bolsa äwmezlige salyp, maňa şeýle jogap berdi: — Hiç, ýöne. Her gün agşam maňa «Uzynly gün öýde oturyp, edýän zadyňam ýok» diýýärdiň. Meniň uzynly gün öýde näme edýändigimi bileriň ýaly, men bu gün hiç zat etmedim — diýip, jogap berdi. Hawa, bu gürrüňden nusga alara zat kän. Pikir edip görseňiz, ýagşylygam yzygiderli gaýtalanyberse, soňabaka biz oňa adaty «göz» bilen bakmagy endige öwürýäris. Bu diňe öý, maşgala babatda däl, biziň töweregimizi gurşap alýan adamlar, baglar, tebigat babatda-da şeýle. Her bir adaty, ýönekeý zada-da gadyr-hormat goýmagy başarmaly. Bu — biziň diňe bir özümize däl, daş-töweregimize edip biljek ýagşylygymyzdyr. Ajaýyp şahyrymyz Gurbannazar Ezizowda şeýle setirler bar: Özüňi bagtly saý bir ajap pursat, Sen begenip bilseň adaty zada. Biz bu durmuşda köp-köp ýagşylyklaryň ýarany bolduk. Käte parhsyzlygymyz zerarly olaryň käbirine ähmiýet bermedik bolmagymyz hem mümkin. Uzak bir ýola barýarkak, ýantorbamyzy göterşen ýetginjek, bizi öýümize elten ýüzi nurana sürüji, gam-gussa batanymyzda göwünlik beren dost-ýarlarymyz we ýene-ýeneler... heý, unudylmaly adamlarmy?! Käte ünssüzlik, biperwaýlyk netijesinde, unudylan şeýle pursatlar, ýatdan çykarylan mähriban ynsanlar ir-u-giç öňümizden çykar. Olar hiç haçan unudylmaly ynsanlar däldir. Durmuşda ähli zada öwrenişsegem, beýle ýagdaýlara biperwaý garamaga, ünssüz bolmaga endik etmäliň! Bir-birege hemişe ýagşylyk we hormat etmäge howlugalyň! Çünki ýagşylyk ýatdan çykmaýar. Goçmyrat ORAZBERDIÝEW, žurnalist. "serhetabat-döwletabat" | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||